16:44
Çagakak ak gardan adam ýasardyk...

ÇAGAKAK AK GARDAN ADAM ÝASARDYK

Çagakak ak gardan adam ýasardyk,
Gar ýagsa,
şatlygmyz sygmazdy çäge.
Ýeri, indi käte göwün sowadyp,
Adamdan gar ýasap ýörmämiz näme?!

Çagakak toprakdan adam ýasardyk,
Ele alaga-da palçykdyr toýun.
Bir seretsek...
Durmuş adamlardan
toprak ýasap ýör...
Bu ne ýowuz ahwal!
Niçik geň oýun?!

Kakamyrat REJEBOW.

 

Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: