10:17 Peýwagtyna seýran edip ýörşüme... | |
Nobatguly Rejebowyň äheňinde Peýwagtyna seýran edip ýörşüme, Ýolum düşdi bir dükanyň üstünden. Ser sämäp, gözlerim gamaşdy gitdi Onuň müň bir gülap, müň bir müşkünden. Her ys — bir ýatlama. Her ys — bir sungat, Köňlüňde bahary kükedip barýar. «Dior», «Channel»… hyýallaryň eýerläp, Pereň diýaryna äkidip barýar. Menem göwün üçin aldym birini, ...Sepmesemem bolar, sepsemem bolar. Ýöne, näme, esasy zat, adamdan Hergiz adam ysy gitmese bolar. Kakamyrat Rejebow. | |
|
Всего комментариев: 0 | |