10:16
Daragt
Bir daragt bar — garşysynda öýmüziň,
Ýazda güle, tomus miwä basyrnar.
Zyýarat edýän deý mukaddes ýere,
Oň daşyndan aýlanyp dur pasyllar.

Güllerinden hözir tapar balary,
Guşlar höwürtgeläp, höwrüger gider.
Daragty her dürli ahwala salyp,
Möwsümler gelşi deý öwrüler gider.

Guşlar uçar, başga guşlar gelerler,
Ýapraklaram ene ýere düşeler.
Bu ahwaly synlan oýa batar-da,
Öz ýanyndan kän zatlara düşüner...

Şeýdip üýtgär durar görnüşler,
emma
Daragt şo-ol daragtdyr,
Durar mizemän.
Başynyň müňde bir gowgasy bilen,
Daşynyň müňde bir söwdasy bilen,
Bu äpet bag goja dünýä meňzeýär.

Ýeri, onda men nämekäm bu bagda,
Birje gülmi —
Miwe bolup bildimmi?!
Ýa miwäni çokup gitjek guşjagaz,
Ýa sähere owaz goşan bilbilmi?!

Balarymy...
Ýa ýönekeý ýaprakmy —
Güýz gelende ses-sedasyz tänmeli?..
Şu sowallar bilen ýaşap ýörün men,
Şu sowallar ünjä goýýar kän meni...

Kakamyrat Rejebow
Категория: Goşgular | Просмотров: 16 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: