10:15
Bir söz
Ýagşy sözde kerem gördüm,
Ilimi şat, zereň gördüm,
Ýere gonmuş Erem gördüm,
Mundadyr bossan diýerin.

Başa — täç, gözde göreçdir,
Göwnüm yşkynda göweçdir,
Bu niçik röwşen röwüşdir —
Päk niýet, pes päl diýerin.

Söýgi — Hudaga ybadat,
Ynam — gül ömre sagadat,
Bagt näme —
Zemin parahat,
Kireňsiz asman diýerin.

Baş hazyna — gyzgyn gursak,
Göwünden başlanýar gudrat!
Galsa birje söze pursat,
«Jan Türkmenistan!» diýerin.

Kakamyrat Rejebow.
Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 1.5/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: