10:14 Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... | |
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny, Gör-le, geň-enaýy oýun-kadasyn. ...Çagajykkam maňa dünýe diýeniň Gujagydy ejem bile kakamyň. Örän çyndy maňa ähli zat hemem Gözlerime bar zat oýunjak ýaly. Kiçijek zatlar-a dünýädi maňa, Dünýä bolsa juda owunjak ýaly. Soň mekdebe gitdik... Göýäki bar zat Kitapdy, galamdy, depderdi maňa. Olar «A» harpyndan asmana çenli Basgançak boldy-da, gop berdi maňa. Soň bir günem müň bir reňke çümdi-de, Duýman durkam, başga dona bürendi — Indi dünýä maňa durşuna söýgi, Jady-jady gözler bolup göründi... Şükürim kän bu ömürde görenme, Ykbalyň bu ýolda duş edenine. Ýöne... bir garasam, şo-ol giňiş dünýä Öwrülip gidipdir öý-ojagyma, Ýerleşip gidipdir iş otagyma... Kakamyrat Rejebow. | |
|
Всего комментариев: 0 | |