10:11
Sen maňa dymma diýme!..
Sen maňa dymma diýme!
Sen maňa «Dymma!» diýme...
Ir düşündim jadysyna sözleriň,
Ir düşündim azabyna,
hasabyna,
gymmatyna...

Sözler...
Käbiri-hä çoýdy kalbymy,
Käbiri otlady — ýandym, lowladym.
Söz oguşýa jennetiň müň jilwesi,
Söz oguşýa müň bir jebri dowzahyň.

Gör-ha, näçe gezek görkezdi ykbal
Sözler içre uçut baryn, gorp baryn.
Diliňe ýarmaşyp, alnyňdan çykýan
Men sözlerden öler ýaly gorkýaryn.

Ýalňyşdym käteler sözümi oýlap
ýa-da aýdaýmagyň amatyn peýläp,
Geçirdim kän pursatlary duşumdan.
Geň ýeri, şol ýowuz ýitgilerime
Gelip ýene hoş sözlerde duşdum men.

Sözlere tabşyryp amanat jany,
Ölmez-ýitmez sözde täzeden dogdum.
Alaga-da, «Ýüregimi açardan
sözler ejiz» diýip, ýöntemligimi
Söze ýöňkemäge ysmady bognum.
Sen maňa dymma diýme!
Sen maňa «Dymma!» diýme!

Kakamyrat Rejebow
Категория: Goşgular | Просмотров: 22 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: