16:40
Palaw atar, eje

PALAW ATAR, EJE

Mekdepde bir günde bäş bäşlik alyp
gelsem...
bilmän begenjimden näderim,
Eje, göwnüm üçin, meniň şanyma
Palaw bişiräýmäň bardy käte bir.

Palawyň tüwüsin daşjagazlardan
Yhlas bilen bir-bir saplap atardyň.
Eje, şu gün palaw atar,
ol meni,
Goý, şol bigam çagalygma atarsyn!

Palaw atar, eje, şo-ol öňkiň ýaly,
Gaýtala-da özboluşly baýramym.
Hemem ýüregimi aýaňa al-da,
Saplap ber ýollarda düşen daşlardan,
Tüwiň daşjagazyn özüm aýraryn.

Kakamyrat REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: