16:32
Meniň Diýarym

MENIÑ DIÝARYM

Bu säheriň serginligin diýsene,
Bu mekanyň gözelligin, heý, göre!
Gyssanamok...
Giň dünýäni unudyp,
Ýöräp barýan peýwagtyna-peýwere.

Hä diýmän, Gün dogar umyda meňzäp,
Nur paýlar günuzyn adam ähline.
Soňam ýaşybilmän,
garylar gider
Bu adamlaň yssy-yssy mährine.

Messan-messan basyp, Aý dogar onsoň,
Tar-tar seçelär-de kümüş şöhlesin.
Gidebilmez gözelleriň görkünden,
Mesgen tutar aşyklaryň söhbedin.

Ýazlar geler... Müň bir jilwe-näz bile,
Bu mekana halys höwrüger gider.
Öz yşkyna özi bäs gelebilmän,
Ahyr otly tomsa öwrüler gider.

Ine, şeýle Diýar meniň Diýarym,
Bu ne umman — göwün oňa çümerli.
Muňa gelen aňsat gidip bilmeýär,
Gidäýse-de goýup gidýär ýüregni...

Kakamyrat REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 3
0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýokluk dünýäsiniñ içindäki bar goşgular, ajap goşgular...
Şahyr - şahyr bolanda, hernäçe ramkanyñ içinde bolsa-da, öz owadan sözlerini aýdyp bilýän ekeni.. Galamyñ kütelmesin, Kakamyrat!

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Agageldi, hany öz täze goşgularyñdanam yokmy smile

0
3 Lebaply   [Mowzuga geç]
Bulardan soň, men-ä utanýanam

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: