09:21
Dag jülgesi
DAG JÜLGESI

Otlaryň  üstüne özüm tandirýän,
“Ümür bu jülgeden suw bolup akýar.”
Çuňlugyň ruhyna çümen gamigim,
Çagalyk düýşümden ýylgyryp bakýar.

Yürekde şatlygy çagalyk düýşüň,
Hol gaýrada garry töňňe ýanypdyr.
Arçalykdan iki ädim aňyrda,
Dag ýodasy surat bolup galypdyr.

Enteklerem syrdaş edip durnany,
Düýşde galan gykuwlarna sygmanym,
Dag jülgesi, haýpyň gelsin janyma,
Yaňlarynda “seslerimiň  ylgany”.

Bili bir gysymjyk owazy diňlän,
Gudratdanmy çeşmäň şildiremesi.
Ýa ol sen hakdaky sözi eşdipmi,
Nameden gülleriň sülmüremesi?

Ýa-da aýralygyň  sesin diňlapmi,
Nämedenkä  turaç saýrar mesgeniň.
Ertekidäki deý, çeşmäň  düýbünde,
Balygyň  agzynda “gaýnaýar” demiň.

Ýa-da döwüň jany barmy küýzede,
Köpürjik-köpürjik suwuň ýüregi?
...Sowallarma jogap tapyp gelýänçäm,
Dag jülgesi, her gün saňa gelerin.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 18 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: