16:33
Türkmen söweşde janyny, toýda malyny gaýgyrmaz

TÜRKMEN SÖWEŞDE JANYNY, TOÝDA MALYNY GAÝGYRMAZ

Toýlar türkmen durmuşynyň salamaly, türkmen kalbynyň baharydyr. Türkmen dünýäsiniň köp aýratynlyklary toýlarda ýüze çykýandyr. Türkmen üçin günler üç topara bölünýär: adaty günler, ýas güni hem-de toý günleri. Şularyň içinde toý aýratyn bir durmuş pursatydyr. Türkmeniň toýy başga hiç bir halkyňka meňzemeýär, onda türkmen halkynyň ýaşaýşa ruhubelent gatnaşygy aýan bolýar. Türkmeniň örän köp hulk, ruhy özboluşlylygy toý bilen baglanyşyklydyr. Şolaryň iki sanysyny aýratyn belläp geçesim gelýär. Bularyň birinjisi, tutumlylykdyr. Türkmen toýuny uludan tutmagy halaýar. Ikinji bolsa, elaçyklykdyr. Toý tutýan türkmen elinde baryny orta goýmasa, göwnüne jaýlap bilmeýär. Men bu iki häsiýetiň ikisinde-de milletimiziň bir ruhy rüstemligini – sözüň oňyn manysyndaky göçgünliligi görýärin. Gadymy türkmen dessanlaryny öwran-öwran okap, bir täsin ahwalata göz ýetirýärsiň. Türkmen dessanynda durmuşyň esasy iki tarapy suratlandyrylýar. Bir-ä söweş meýdany, biri-de toý mähellesi. Soňky derejeli ownuklyklary, kömekçi we goşmaça pursatlary aýranyňda, dessanda hemişe şol ikisi – söweş hem-de toý esasy giňişlik, baş durmuş hakykaty bolup galýar.
Hut şu täsin ahwalatda-da türkmen kalbyna mahsus şol bir ruhy häsiýet aýan bolýar. Ol aslynda bir häsiýetdir, ýöne nirede – söweşdemi ýa-da toýda – ýüze çykýanlygyna laýyklykda bu häsiýet dürlüçe atlandyrylypdyr. Munuň umumy ady soňuny saýmazlyk bolup, söweş meýdanynda kakabaşlyk, toý meýdanynda bolsa göçgünlilik adyny alandyr. Türkmeni türkmen edýän gylyk – söweşde janyny, toýda bolsa malyny gaýgyrmazlykdyr. Adamyň mertligi, mertebesi hut şol ölçegler bilen ölçelipdir. Hormat hem sylag, abraý hem mertebe söweş güni janyndan, toý güni bolsa barça malyndan geçip bilýän adamlaryň paýyna düşüpdir.
Türkmen ýigidi meýdanda däli, märekede göçgünli gerekdir!
Türkmen toýuna tutumly taýýarlyk görüp, toýuny göçgünlilikde geçirip bilýän milletdir. Göçgünlilik durmuşyň adatylygyndan başga bir hereket depginine geçmekdir, şatlygyňy, şadyýanlygyňy ýürekden aňladyp bilmekdir. Munuň özi ruhy-göwün açyklygynyň bir görnüşi bolup, aýratyn ruhy gujur-başarnygy, başga bir edim-gylym aýratynlygy aňladýar. Türkmen toýuna gatnaşan gaýry milletli biri maňa bir gezek şeýle diýdi: – Siziň täsin halkyňyz bar, toý diýip, ömürboýy gazananyny bir günde ile paýlap otyr!
Men bu sözlerde öz kalbynda bolmadyk täsin ruhy gözellige gözigidijiligiň äheňlerini duýdum.
Türkmen dünýä juda göwnügiň, erkin laçynyň ýaşaýşa belent dag depesinden garaýşy ýaly, ýokardan aşak garan ýaly seredip bilýän ruhana millet. Türkmen bu dünýä «döküp-saçmaly dünýä» diýip, ruhy-pelsepewi kesgitleme beripdir. Bu ýaşaýyş özüniň dört sany esasy pursatynda hem döküp-saçmaly dünýädir. Iş edeniňde pikiriňi, gujuryňy we maňlaý deriňi döküp-saçmaly dünýädir.
Ýas gününde gaýgy-hasratyňy ýürekden döküp-saçmaly dünýädir bu.
Söweş meýdanynda batyrlygyňy we janyňy döküp-saçmaly dünýädir bu.
Toý gününde bolsa hanymanyňy, golda baryňy ile döküp-saçmaly dünýädir bu.
Dünýä şu hili gatnaşyga türkmen gatnaşygy diýilýär. Türkmen ýaşaýşy – ýaşaýşa lükgeligiň bilen berilmekdir. Janyňy, gussaňy hem şatlygyňy, malyňy aýamak türkmen düşünjesinde ýalandan ýaşamakdyr.

* * *

Dünýä ýaşaýşynyň iň owadan sypatlary türkmen toýunda açylýar.
Ýaşaýşyň aýratyn esasy dört pursatynyň biridigi sebäpli asyrlaryň dowamynda türkmen toýunyň özboluşly, edebi – toý dessurlary we olary berjaý etmegiň tertip-kadalary kemala gelipdir. Türkmen öz kalbynyň aýratynlyklary boýunça ilden çetleşmegi, aýrybaşgalaşmagy, bukulmagy halamaýan märekesöýen milletdir, şonuň üçinem, ol toýy uly il bolup toýlaýar. Ruhubelent, durmuşsöýer halkdygy sebäpli, durmuşyň köp halatlarynda toý toýlamaga sebäp we esas tapyp bilipdir. Şol sebäpli-de, bizde toýlaryň örän köpdür gömüşleri bardyr. Men bu ýerde olaryň diňe esasylary barada gürrüň etmekçi.
Çaga garaşýan, göwreli aýala toýly aýal diýilýär, çünki, çaganyň dünýä inmegi bilen bäbek toýy tutulýar. Munda azan okalyp, bäbege at goýlup, pişme, nogul-nabat seçilýär. Täze doglan çagany türkmen tutumly toý bilen garşy alýar. Munda uly many bar, munuň özi ýaşaýşyň gözelligini, adama berlen ömrüň bagtlylykdygyny ykrar etmekdir.
Çaganyň saçyny syryp, türkmen galpak toýuny toýlaýar. Bäbegiň galpagyny daýysyna syrdyrýarlar. Oňa halat-engam ýapýarlar. Çünki türkmende «Är – daýa» diýen ynanç bardyr.
Çaga ilkinji diş çykanda, diş toýuny toýlaýarlar. Munuň özi çaga dogumlylygy, rysgallylygy we garadangaýtmazlygy arzuw etmekdir.
Oglan çaga ekabyr çykansoň, sünnet toýy edilýär. Sünnetiň manysy çaganyň elini halallamak, erkek kimin mertligi arzuw etmekdir.
Türkmen toýlarynyň içinde iň ulusy durmuş toýudyr. Toý diýlende türkmen düşünjesinde, adatça, durmuş toýy göz öňüne gelýär. Bu tebigy ýagdaýdyr. Türkmen gymmatlyklarynyň içinde maşgala uly orun eýeleýär. Her bir durmuş toýy bolsa, täze maşgalanyň dörändigini buşlaýar. Maşgalanyň saklanmagy, ata-baba ölçeglere we dessurlara laýyklykda ýaşalmagy milletiň durnuklylygynyň we ebediliginiň girewi hökmünde görülýär.
Durmuş toýy bilen baglanyşykly türkmeniň özboluşly dessurlarynyň öz ähmiýetli düşünjeleriniň birgiden ulgamy kemala gelipdir. Durmuş toýuna, adatça, ogul öýermek diýilýär. Sebäbi toý tutulmagy arkaly gelin alnyp berlen oglana özbaşdak öý tutupdyrlar. Munuň özi müňlerçe ýyllar mundan ozal dörän oguz däbidir. Öýlenmekçi bolýan ýigit türkmen sährasynyň bir ýerine ýaý atypdyr, onuň düşen ýerinde gerdek gurlup, ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr. Öýlenmek – öý gurmak bilen baglanyşykly dörän düşünjedir. Toý gyz üçin durmuşa çykmakdyr. Sebäbi, ol türkmen jemgyýetiniň doly hukukly agzasy hökmünde durmuşa goşulyp gidýändir. Ondan öň bolsa oglanyň ata-enesiniň öýünde ýaşaýşy ýaly, gyz hem özbaşdak däl-de, ata-enesiniň maşgalasy, durmuşy bilen ýaşaýandyr.

* * *

Türkmeniň durmuş toýuna taýýarlyk dessury gudaçylykdan başlanýar. Gudaçylyk özboluşly dessurdyr. Ogul öýermek isleýän ata-ene ýakyn garyndaşlary bilen maslahatlaşyp, öz ýanlaryndan öz göwün diýjek gelinligini saýlap goýýarlar. Gelinlik saýlananda iki sany zatdan ugur alynýar. Bularyň birinjisi, guda bolunjak maşgalanyň asly, il içindäki at-abraýy, maddy ýagdaýy we olar bilen garyndaşlyk açmagyň mümkingadarlygydyr. Ikinji esasy zat bolsa, gelinligiň başarnygy, görk-görmegi we gylyk-häsiýetidir. Şu iki meselede ata-ene oňyn çözgüde gelenden soňky möhüm iş – ogluň pikirini bilmekdir. Oglan niýet edinilýän gelinlige öz makullygyny bildirenden soň, diňe şondan soň, gudaçylyk işi çynlakaý häsiýete geçip biler. Eger-de oglanyň öz halaşýan gyzy bar bolsa, ata-ene hem ýigidiň bu islegini makullasa, şondan soň gudaçylyga barylýar.
Keseki maşgala gudaçylyga barmagyň öz şertleri we dessurlary bardyr. Gudaçylyk, garyndaşlyk açmak inçe işdir. Munda gönümel hereketler, aç-açanlyk känbir oňlanylmaýar. Bu işiň başyny başlaýja, gudaçylyga ýardam berijä türkmençilikde osmakçy diýilýär. Osmakçy, köplenç, garry aýallardan bolýar, Osmakçy aýal-gyzlaryň köpçülik bolup barýan ýerlerinde peýda bolýar, geljekki gelinligi oňat öwrenip, zerur maglumatlary assyrynlyk bilen toplaýar. Onuň esasy wezipeleriniň biri-de degişli gyz, onuň durmuşa çykmak islegi, ata-enesiniň bu meseledäki pikirini öwrenmekdir. Ol osmakladyp, gepiň arasynda gyzyň, ata-enesiniň degişli meselä garaýşyny-da ýüze çykarmaga synanyşmalydyr.
Osmakçy öz işini bitirip, geljekki gudaçylyk işiniň başa barjagyna nähilidir bir umyt dörese, nobat – gezek sözaýdyja berilýär. Sözaýdyjy, adatça, hoşgüni gyzyň öýlerine barýar. Ol osmakçydan tapawutlylykda açyk hereket edýär. Gyzyň atasy öýüne baryp, Taňry myhmany bolup, gudaçylyk niýetini aýan edýär. Sözaýdyjy, köplenç, şahyrana we aýlawly gürleýär. Ol: «Sizde bir göwher gaşly ýüzük bar eken, şol ýüzügiňize pylanylar hyrydar» diýip, niýeti açyk mälim edýär. Ýanyna ak gant alyp gaýdan sözaýdyjy öz işiniň oňuna boljagyny umyt edýär. Gyz tarapynyň sözaýdyja kesgitli we gutarnykly jogap bermegi hökman däldir. Oňa, köplenç, ikuçly, gümürtik jogap beripdirler. Munuň özi gudaçylyk dessuryna indiki gatnaşyjylara – sawçylara ýol açypdyr.
Sawçylar giden bir topardyr. Bu toparda il içinde sylanylýan ýaşulyda, gepini-sözüni düşündirip biljek dilewar adamda, gyz tarapynyň zenanlary bilen gürleşmeli baýry aýalda, ýigidiň ýakyn hossary-da bolupdyr. Sawçylyk, köplenç, Gün ýaşyp, aýak ýygnanandan soň amala aşyrylýar. Çünki gudaçylykda esasy zat gyzyň we onuň maşgalasynyň at-abraýydyr. Şonuň üçinem, sawçylyk dessury assyryn, il gözünden ýaşyryn amala aşyrylmalydyr. Eger gudaçylyk başa barmasa, arada düwün, ýa ýakymsyz bir zat galmaz ýaly, gyzyň abraýyna-da, ýigit tarapyň adyna-da zeper ýetmez ýaly edilmelidir.
Gudaçylyga gelenleriň sözi alynmajak bolsa, myhmanlaryň öňüne çörekli saçak açylman goýlupdyr. Eger gyzyň ata-enesiniň garşylygy beýle kesgitli däl bolsa, bu meselede, garaz, bir umyt bar bolsa, onda saçak açylyp goýlupdyr. Sawçylyga baranlar saçakdaky öň döwlen çörekden datman, onuň içindäki bitin çöregiň gyrasyndan gädip, duz dadypdyrlar. Şondan soň olar öz matlabyny açyk aýdypdyrlar. Bu, köplenç, «Şu taraplarda biziň ýitigimiz bar, şony idäp geldik» diýen manyda aňladylypdyr. Gyz tarapy gelenleri göwnemakul görse, pikirlenmek, maslahatlaşmak üçin birnäçe gün puryja soraýarlar.
Sawçylaryň getiren çörekli, nabat-nogully, saçagy gyz tarapy anyk karara gelinçä, açylman goýulýar. Aýdylan möhlete çenli saçak ellenmän goýlan bolsa, sözüň gaýtaryldygy, eger indiki gelnende, saçak açylyp, çörekler orta goýulsa, sözüň alyndygy hasaplanýar. Sözüň alynmagynyň esasy şertleriniň biri gyzyň hut özüniň bu gudaçylyga razylyk bermegidir.
Şeýlelikde, gudaçylyk türkmen ýaşaýşynyň möhüm dessurydyr. Munuň manysy durmuş toýunyň örän wajyp hem çynlakaý bir zatdygyna syrygýar. Gyzyň hem, oglanyň hem geljekde ykbaly oýlanylyp, ölçäp-dökülip çözülýär. Gudaçylyk işi başa baransoň, galyň kesilip, toý sähedi bellenilýär. Gyz hem, oglan hem toýa taýýarlykly barmalydyr. Ylaýta-da, gyz özüniň toý şaýyny bek tutupdyr. Onuň ýanynda bukjasy bolmalydyr. Bukjada gyzyň egin-eşikleri, ata-enesiniň beren şaý-sepleri bolupdyr. Gyzyň bukjasyny taýýarlamak üçin toýuň öň ýanynda üme edilýär. Ümede gyzyň joralary, ýakyn zenan hossarlary gelinligiň dokuzyny düzüw etmäge kömekleşýärler.
Türkmen däbinde gyz toýy bolmandyr diýen ýalňyş pikir bar. Bu beýie däldir. Gyz toýuna türkmende «gyz ýygyn» diýilýär. Oňa, köplenç, aýal-gyzlar hem-de gyzyň ýakyn erkek hossarlary gatnaşypdyr. Häzirki wagtda bolsa gyz ýygyn oglanyň öýleniş toýundan känbir tapawutlanmaýar. Ol ýigidiň toýundan bir gün öň bolýar.
Türkmeniň toý edebinde durmuşa çykýan gyza ata-enesiniň sargytlary, ündewleri uly orun tutýar. Enesi gyzyna öý işlerini düzetmek, hojalygy alyp barmak, geljekki hossarlary we goňşy-golamlary bilen oňşukly gatnaşmak barada wesýetler etse, atasy gaýynlary sylamak, adamsyny hormatlamak barada ýagşy öwüt-ündewleri edýär.
Toý güni gelnalyjy gelip, gyzyň başyna kürte atyp, ony oglanyň öýüne alyp gidýär. Gyzyň atasy öýünden çykarylmagy birgiden dessurdyr. Şonda gyz alnyp çykylanda, gapy tutulýar, diňe gapy tutýanyň serpaýy berlenden soň, gelinligi daşary çykaryp bolýar. Şol ýerde gyzyň üstüne dürli seçgiler seçilýär.
Gelnalyjyny garşylamak toýuň iň şowhunly we bagtly pursatlarynyň biridir. Gelniň gelýänini ilki bilene buşluk haky berilýär. Gelnalyjy ýörite ýakylan üzärlikleriň arasyndan geçirilipdir. Täze gelen gelni garry aýallar maňlaýyna sylýarlar, oňa bagt arzuw edýärler.
Nika gyýmak üçin kazy, pyýadakazylar we eli gaýçyly aýallar ýygnanyp, öýde oglan bilen gyza nika gyýýarlar. Nika gyýlanda, olara ýörite taýýarlanylan süýjülik suwundan içirýärler.
Durmuş toýunda ýigidiň hem gyzyň edep kadalary türkmençilikde takyk işlenip düzülendir. Nika gijesiniň ertesi gelin öz gaýynlarynyň ýanyna salama barýar. Gelin kürtesini aýyrman, ilki gaýyn atasy bilen, soňra gaýyn enesi bilen tagzym edip salamlaşýar. Ol öz ýany bilen olara, beýleki hossarlaryna getiren sowgatlaryny ýanyndaky gyzyň kömegi bilen gowşurypdyr.
Ýigit toýa taýýarlykly barmak üçin, nika gijesi bilen baglanyşykly ähli dessurlardan habarly bolmalydyr. Toý güni özüni agras, edepli hem sypaýy alyp barmalydyr. Arak-şerap içmekden, beýleki närselerden saklanmalydyr. Türkmenlerde gyzyň ýanynda boýdaşy, ýigidiň ýanynda bolsa naýyby bolýar. Olar gyzyň we ýigidiň adyndan toý dessurlarynyň dogry we doly berjaý edilmegini gazanmaga çalyşýarlar.
Durmuş toýunyň öň ýanynda ýigidiň öýünde geňeş toýy, toýuň soňundan bolsa ýerge toýy bellenilýär. Munuň özi toýa taýýarlyk, soň bolsa toýy özboluşly jemlemekdir. Geňeş toýunda toý güni geçiriljek çäreleriň kimler tarapyndan ýerine ýetirilmelidigi anyklanýar, işler paýlanylýar.
Toý güni toýa gatnaşýan adamlaryň toý edebini berjaý etmegi zerurdyr. Toý edýänleriň ýakyn garyndaşlary, gyzyň boýdaşlary, ýigidiň dostlary aýak üstünde durup, hyzmat edip, toýy at-abraý bilen sowmaga çalyşmaly. Olar diňe ertesi gün arkaýyn dynç alyp bilýärler. Toýda hemmeler toýa gelen myhmanlara oňat hyzmat etmelidir. Toýda myhman garşylamagyň, hyzmat etmegiň edebi zerurdyr. Her bir kişiniň ünsden düşürilmezligi, toýda iýip-içip, toý şagalaňyna goşulmagyny gazanmak zerurdyr.
Şeýle-de, toýa myhman bolmagyň edebi-de zerurdyr. Toýa ýörite toý eşiklerini geýip barmaly. Üst-başyň tämiz, toý şagalaňyna laýyk bolmaly. Toýda özüňi mynasyp, akylly-başly alyp barmaly. Köpçülikde, şagalaňda kişiniň göwnüne degjek sözleri aýtmakdan, gelşiksiz, ýeňles hereketleri etmekden saklanmaly. Tötänlikde bolýan zatlar – gap-çanak döwüläýse, üst-başyňa nahar-beýleki döküläýse, goh-galmagal edip, toýdakylaryň keýpini bozmak juda edepsizlikdir.
Türkmençilikde çagyrylan toýuňa hökman barmak, çagyrylmadyk toýuňda görünmezlik esasy edep kadalaryndandyr. Toýda başyň aýlanmaly däl, göwnüň açylmaly. Şagalaňa goşulman, bir çete çekilip oturmak, käbir kemçilikleri agzap, toýa at dakmak, toýa göwnüýetmezçilik etmek, arak-şerap içip, dawa-jenjel turuzmak uly aýypdyr.
Türkmen toýlary bagşysyz, pälwansyz geçmeýär. Bulardan başga-da, kämahal at çapyşygy-da, küşt, ýüzük, düzzüm ýaly oýunlarda guralýar. Toýçy bolsaň, bulara işjeň gatnaşyp, toý edýänleriň şatlygyna goşulmak parzdyr. Eliňden gelse, toýa hyzmat etmek uly abraýdyr. Toýy eýesi başlaýar, il-gün bolsa sowýar. Şonuň üçinem, nahar-şam atarmaga, çaý gaýnatmaga, toýa gelen ýaşululara, alysdan gelen myhmanlara, bagşy-sazandalara hyzmat etmek – il ogly bolmakdyr. Türkmençilikde toýy abraý bilen sowmaga gatnaşmagy özüne kesp edinen adamlar aýratyn tanalýar we olara üýtgeşik sarpa goýulýar. Beýle kişilere iliň hyzmatyna ýaraýan adamlar diýilýär.
Iliň toýuna goşulmak – durmuşyň şatlygyny ykrar etmekdir. Toý – göwün baharydyr. Baharyň işine ýardam etmek, toýy toýa meňzetmäge ýardam etmek türkmenlikdendir.
Biziň adatymyzdan däp döräpdir, däbimizden dessur döräpdir.
Ogul öýermek, gyz çykarmak – adat.
Ogul öýerilende, gyz çykarylanda toý tutmak – däp.
Toý tutulanda birnäçe dessurlar berjaý edilýär. Mysal üçin, gelin gelende, rysgally bolsun diýip, bir eline un, bir eline ýag çalynýar.
Nika gyýlanda süýji durmuşda ýaşasyn diýip, süýjülik suwy paýlanýar.
Gelin ýanýoldaşynyň hyzmatynda bolsun diýip, oňa guşak çözdürmek, ädik çykartmak dessurlary ulanylýar.
Ata-babalarymyz ähli döwürlerde haýsy dine uýsa-da, doga okanda, başyna telpek, tahýa geýipdir.
Zenanlarymyz ýüzüni açyp gezmegi otparazlar döwründen bäri dessur edip gelipdir.
Ir zamanlardan bäri özünden ulyny sylamagyň nyşany hökmünde zenanlar ýaşynypdyrlar.
Ata-babalarymyzyň nika, tam, galpak, çile, sünnet, ýaş toýlarynda göreş tutdurmak, it, horaz, bedene uruşdyrmak, bagşy aýtdyrmak, halat ýapmak dessurlary bar.
Halkymyzyň däp-dessurlaryny ruhy isleglerine görä ösdürmek häsiýeti bar.

* * *

Halkymyzyň medeniýeti, sungaty, aýdym-sazy, edebiýaty, şekillendiriş sungaty, halk döredijilik eserleri – bular bahasyna ýetip bolmajak dünýä gymmatlyklaryna girýär. Sungat ýaly, adamyň ömrüni uzaldýan, derdine derman bolýan, şypa berýän başga bir gymmatlyk ýok. Sungat älem giňişliginde şöhle saçýan Gün mysalydyr. Hakyky sungat ynsana ruhy güýç berýän dermandyr.
Sallançakda aglap ýatan çagany biziň halkymyz hüwdiniň imrindiriji owazyna maýyl edip uka batyrýar.
Görogly beg ýaly ençeme halk dessanlarymyzyň gahrymanlary söweşe çykmazyndan ozal eline tamdyrasyny alyp, «bäş keleme söz» aýdyp, ýigitleri ýeňşe ruhlandyrypdyr.
Ajaýyp sungat eseri dertli adama sagaldyjy em bolup täsir edýär.
Biziň halkymyz çaga gyzamyk örse, ony dutaryň owazy bilen sagaldýar.
Hakyky sungat milletiň ruhuny galkyndyryjy misilsiz güýçdür.
Aýdym-saz halkymyzyň ruhy ganatydyr. Şol ganat bilen türkmen halky asyrlaryň çuňlugyndan häzirki günlere çenli gelip ýetdi. Şol ganat bilen türkmen halky ajaýyp günlere gujak açýar.
Aýdym-saz tutuş asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mukaddes umydynyň hökmürowan syrdaşy bolup geldi.
Türkmen halk mukamlaryna ata-babalarymyzyň ruhunyň bir ülşi siňendir. Her kim ony diňlese, düşünip diňlese, onuň ruhy galkynar.
Türkmen halkynyň Aşyk: Aýdyň piriň adyny ezizläp saklamagy ýöne ýerden däldir. Biziň halkymyz hemişe ynsabyň, halallygyň, asyllylygyň, kanagatlylygyň arzuwyny çekip, şoňa gulluk edip gelendir. Aşyk Aýdyň pir hem bu ynsanperwer ýoly juda inçelik bilen çyn zehinleriň köňül taryna sepläp bilipdir.
Aşyk Aýdyň tutuş Gündogar halklarynyň ruhy sütünleriniň biri, adamkärçiligiň, ynsanperwerligiň, kanagatlylygyň gönezligini aýdym-sazyň gudraty bilen ýüreklere ýetirmegiň beýik piri hasaplanýar.
Türkmen topragynda taryhyň irki zamanlaryndan başlap, öz ussatlygy bilen tutuş Gündogarda meşhurlyk gazanan bagşylaryň ençemesi ýaşap geçipdir.
VII asyrda ýaşap geçen bagşy Berbad Merweziniň at-owazasy sasanylar nesliniň patyşalyk eden döwürlerinde külli äleme dolupdyr. Berbadyň 360 mukamy, şeýle hem 30 sany saz toplumy bilen ýedi sany aýdym toplumyny döredendigini saz sungaty hakyndaky gadymy çeşmeler habar berýär. Berbad Merwde sazçylyk mekdebini döredipdir. Ol ajaýyp sazanda, bagşy hem kompozitor bolupdyr. Beýik ulama, akyldar Abu Nasr Faraby biziň saz sungatymyz hakda «Saz ylmyna giriş» atly kitap ýazypdyr. Ol kitaby Ystambulyň Köprüli kitaphanasyndan tapyp, «Miras» merkezimize terjime etdirdim.
Öz sözlerine saz düzüp, çalyp hem aýdyp bilýän adama türkmenler ozan diýipdir. Gorkut ata türkmenleriň meşhur ozany bolupdyr.
Halkymyz aýdym-sazyň ýaragyň bitirip bilmejek işini-de bitirip bilýändigine ynanýar. XIX asyrda Şükür bagşynyň öz agasyny zyndandan puluň-baýlygyň, ok-ýaragyň, gylyjyň güýji bilen däl-de, göwün beren sungatynyň güýji bilen halas edendigini halkymyz sazyň gudraty hökmünde arkaba-arka guwanç bilen ýatlap gelýär.
Asly awşar türkmenlerinden bolan Nedir şanyň türkmen sazyny, türkmen dutaryny gowy görendigini, ýanynda mydam üç-dört bagşy saklandygyny, käte olardan dutar alyp, saz çalandygyny Agöýli serdar gürrüň berer eken.
Aýdylyşyna görä, Aleksandr Makedonskiý Orta Aziýa eden ýörişleri döwründe, öz ýörişlerini dabaralandyrar ýaly saz tapmak üçin, saz baryny diňlänmiş diýýärler. Şonda bir üýtgeşik saz onuň gulagyna ýarap, göwnüne jüňk bolupdyr. Şol sazy-da ol özleriniň dabaraly ýörişinde çaldyrar eken. Ol saz «Nar agajy» diýen türkmen halk sazy bolmaly. Bu türkmen sazyna dünýäde muşdaklar kän. Görnükli rus kompozitory Glinka «Nar agajy» sazyny meşhur «Ruslan we Lýudmila» eserine bijebaş edip alypdyr.
Taryhda harby ýörişlerde ilkinji gezek harby saz orkestriniň ulanylmasy Türkmenistan bilen baglydyr. Harby orkestre ol döwürde «mehter» diýipdirler. Seljuklaryň harby güýçleri gaznalylar bilen boljak Nusaý söweşine mehteriň dabaraly sazlary bilen gadam urupdyrlar. Mehterde köp sanly «dowul» atlandyrylan uly deprekler, «kes» atly kiçi deprekler, demir gapak şekilli biri-birine urlup çalynýan «ziller», başga-da «bory», «surnaý» ýaly tüýdükler hem-de beýleki saz gurallary bolupdyr.
Türkmenleriň arasynda şadyýan, zok, gopuz, gargy tüýdük, dilli tüýdük, goşa dilli tüýdük, dutar (tamdyra), gyjak ýaly saz gurallary bolupdyr.
Gopuz şolaryň iň gadymylarynyň biridir. Gorkut ata eýýamynyň ruhy owazyny – gopuz owazy hasap edýärin. Gopuzda «Giýew» sazy ýerine ýetirilende, atasy öýüne gaýtarylyp getirilen gelniň yzyndan ogrynça giýewlemäge gelen ýigidiň hereketleri, gelniň daşary çykyşy birin-birin gadymy döwürdäki ýaly göz öňüňe gelýär. «Çopan we möjek» hakyndaky gopuz heňi hem örän dartgynly bolup, köne çarwaçylyk ýaşaýşyndan habar berýär.
Gargy tüýdük gargy gamyşdan ýasalýar. Gargy tüýdügiň döreýşini biziň halkymyz Isgender Zülkamaýn bilen baglanyşdyrýar. Rowaýata görä, Isgenderiň depesinde iki sany buýnuzy bolanmyş. Bu aýbymy açmasyn diýip, her gezek ol saçyny syryp beren adamy öldürýärmiş. Ýöne bir gezek saçyny syran görmegeý ýigidi öldürmäge dözmändir, ýöne bu syry hiç ýerde agzyndan gaçyrmazlygyny talap edipdir. Günler, aýlar geçip, ol ýigit içinde bu syry saklap, solup-saralyp barýarmyş. Onsoň ol çola ýere gidip, bu syry adam ýok ýerinde daşyna çykaryp, içini sowatmak isläpdir. Şu maksat bilen çöl ýerde bir gurruk guýynyň içine girip, «Isgenderiň şahy bar!» diýip gygyrypdyr.
Wagt geçipdir. Hälki guýynyň üstünden bir çopanyň ýoly düşüpdir. Görse, guýynyň içinde gargy gamyş gögerip otyr diýýä. Çopan gamşy kesip alyp, ondan tüýdük ýasapdyr. Çopan tüýdügini çalyp görse, ondan «Isgenderiň şahy bar!» diýen owaz çykyp, dumly-duşa ýaýrapmyş.
Gargy tüýdükde «Nowaýy», «Aýjemal», «Haýt ýykan», «Owadan gelin», «Öwezim» ýaly ençeme sazlar ýerine ýetirilýär. Gargy tüýdügiň gapdalyndan ýörite aýdym aýdýan adamlar hem bolupdyr.
Dilli tüýdük inçejik gamyşdan barmak boýy uzynlykda kesilip ýasalýar. Dört sany ses kertigi hem inçejik dili bolýar. Dilli tüýdükde türkmen halk heňleriniň köpüsini çalmak bolýar. Çaganyň aglaýşy, ejesiniň çagasyny hüwdüleýşi, çagasyna habar gatyşy, çagasynyň begenjiniň sesi... bularyň bary dilli tüýdüge dil bitirip bilýän tüýdükçiniň ussatlygynyň nyşany.
Goşa dilli tüýdük – iki dilli tüýdügi biri-birine sarap, goşalandyryp çalynýar.
Şadyýan – bir garyş uzynlykdaky agaçdan ýasalýan saz guraly. Onuň öň ýüzünde dört, yzynda hem bir ses kertigi bolýar, ujuna-da üfläniňde ses çykarmak üçin dilli tüýdük geýdirilýär.
Oguz hanyň ýedi görnüşli goşun düzüminiň biri «Şadyýan goşun» diýlip atlandyrylypdyr. Bu goşunyň esgerleri ýanynda şadyýan atly sesi batly saz guralyny göteripdirler. Olar duşmanyň güýjüniň nähiliräkdigini, nähili tertipde hereket etmelidigini şadyýanyň dürli hili owazy bilen goşunyň ähli düzümine habar ýetiripdirler.
Türkmeniň iň meşhur saz gurallarynyň biri dutardyr. Oňa tamdyra-da diýilýär. Ol tut agajyndan ýasalýar. Dutar ady «tut» we «tar» sözleriniň birikmeginden emele gelendir.
Adamlaryň hemmesi aýdym-sazy deň kabul etmeýär. Her bir saz guraly her adama dürlüçe täsir edýär. Mysal üçin, dep, tar, beýleki kirişli saz gurallary adamlary tansa çykaryberýär. Tansa çykmadyklar hem, kim eli bilen, kim aýagy bilen, sazyň äheňine goşup, hereket edip oturýar. Onda näme üçin tamdyra çalnanda, hiç kim tansa çykanok? Çynlakaý keşbe girip, oýlanyp başlaýar, pikire çümýär? Sebäbi tamdyrada çalynýan mukamlarda halkymyzyň başyndan geçiren agyr günleriniň zaryny, ynsan balasynyň müňde bir heserini, hasratyny, gam-gussasyny, begenjini, söýgüsini... eşidýäris.
Tamdyrada, gyjakda türkmen toýlarynyň bezegi bolupdyr. Türkmen aýdym-sazsyz, bagşysyz geçen toýy toý hasap etmändir. Dutar bilen gyjak türkmeniň bäşinji eýýamynyň ruhunyň owazydyr.
Türkmeniň dürli tire-taýpalaryna mahsus bolan «garsak», «kaşyk-çemçe» ýaly aýal-gyzlaryň tans oýunlarynyň hereketlerinde türkmen tansynyň gadymylygyny görýäris.
Aýal-gyzlaryň «hymmyl», «nanaý» oýunlary geçmişimiziň däp-dessurlary, toý dabaralary bilen baglanyşyklydyr.
Türkmen milli oýunlarynyň dürli görnüşlerinde tansyň belli bir ülüşleri saklanyp galypdyr.

* * *

Milli oýunlarymyz türkmen halkynyň geçmişde nähili ruhy ahwalatlary ýaran edinendiklerini ýüze çykarmaga ýardam edýär.
Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylardan çen tutsaň, aşyk oýny iň gadymylygy bilen tapawutlanýar. Aşygyň dünýä halklarynyň ählisiniň diýen ýaly iň gadymy oýunlarynyň biri bolandygyny nazarda tutsaň, onda türkmenleriň bütin dünýä halklarynyň ösüşi bilen deň gadam urandyklaryna ýene-de bir gezek ynanýarsyň.
«Akja süňk», «Dokuz gumalak», «Takylatdy», «Altyn gabak» ýaly oýunlaryň entek miladynyň başlarynda-da Türkmenistanyň häzirki çäklerinden daşarda – Merkezi Aziýada, Altaýda, Syrderýa, Itil (Wolga) derýalarynyň boýlarynda ýaşan ata-babalarymyzyň ürç edip oýnan oýunlary bolandyklaryna arheologik tapyndylar kepil geçýär. Oýunlar biziň halkymyzyň öçmejek taryhydyr, nesilleriniň şejere ýazgysydyr.
Çagalaryň arasynda iň gyzykly oýunlaryň biri «Aýterek-Günterek» diýen oýundyr. Iki tarap bolup oýnalýan bu oýun Oguz han atamyzyň döwri bilen baglydyr. Oguz hanyň Aý han, Gün han diýen ogullarynyň höwes bilen oýnan bu oýunlary şolaryň atlary bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir.
«Aýtabak-Güntabak» oýny hem öz gözbaşyny Oguz hanyň ogullarynyň oýnundan alyp gaýdýar.
Oguz han döwründen bäri dowam edip gelýän göreş, ýaglyga towusmak, altyn gabak, at çapyşygy, owlak gapdy, çowkan, goç almak ýaly gadymy milli oýunlarymyz türkmen toý-tomaşalarynyň bezegi bolupdyr. Olar adamlary parahatçylykly durmuşy söýmek ruhunda terbiýeläpdir.
Düzzüm, içýanagzy, aşyratdy, üçböküm, takylatdy, lukur, peçiz, bäşdaş ýaly oturyp oýnalýan oýunlar hem türkmenleriň medeniýetli dynç almagy başaran halkdygyna güwä geçýär. Bular ýaly oýunlar adamlarda iň gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge ýardam edipdir. Olary terkidünýälikden, gybatdan saklapdyr. Terkidünýälik, gybat etmek türkmeniň häsiýetinde asla bolmandyr. Biziň ýaşulularymyz, çemini tapsa, şu günler hem keçe-keçe oýnaýar.
«Keçe-keçe» oýnuna käbir ýerlerde «Ýüzük tapdy» hem diýýärler. Birnäçe adamyň arasynda gizlenen ýüzügiň kimdeligini biläýmekde iş bar. Şonuň üçin bu oýun örän gyzykly bolup, adamlarda parasatlylygy, synçylygy terbiýeleýär. «Keçe-keçe» oýny adamlaryň gylyk-häsiýetine belet bolmagy öwredýär.
Halkymyzyň arasynda adamlarda iň oňat gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge gönükdirilen şular ýaly oýunlaryň sany ýüze ýetýär.
Eziz watandaşlar!
Dünýä halklarynyň arasynda türkmen halky iň köp toýly-baýramly halk hasap edilýär. Toýlarymyzyň, baýramlarymyzyň köplügi türkmeniň ruhunyň belentliginden alamat. ,Bu türkmeniň adama uly hormat goýýandygyndan alamat. Her bir adam üçin türkmen ýigrimiden gowrak toý döredipdir. Toýlara mynasyp bolmak her bir adamyň mukaddes borjudyr.
Her bir türkmen Allatagalanyň eçilen ömrüni toý bilip ýaşamalydyr. Ömrüňi toý deýin geçirmelidir.
Ruhlaryňyz belent bolsun!
Toýlaryňyz toýlara ulaşsyn!
Toýdan bolsun!

Ruhnama II kitapdan.

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: