00:02
Zyýarat -3/ romanyñ dowamy
5.

– Eý, köşek, hany, oýan! – diýip, agasy näçe özelense-de, Gurbanguly ýerinden galyp bilmedi. Mekdebe gitmek barada gürrüň-ä beýlede dursun, onuň häzir goluny galdyrmaga-da ragbaty ýokdy. Asyl, onuň mekdebe barmanyna on güne golaý wagt boluberipdem.
Ol düýnem öýden mekdebe diýip çykypdy. Mekdep nire, baryp käliň içindäki yzgary çekilişen ýabyň raýşynda irkilip galanyny, oýanansoň hem endam-janynyň soka salnan ýaly bolandygyny duýupdy. Ol zordan özüni öýe atypdy. Endamyndaky agyry bedenini sorkuldadyp, ýüregi lark-lark urmany çykardy. Ýöne ol derdini daşyna çykarmady.
Agasy işden gelip sygyr sagdy Süýtli bedräni eýwandaky simden asyp, gaýnap duran çaýy demledi.
– Gel, köşek, çaý içeli!
Gurbangulynyň çaý içere haly ýokdy.
– Men azajyk ýataýyn, soňurrak turup içerin çaýymy...
Amanguly inisiniň bolşuna känbir ünsem berip durmady. Naharyny ýeke iýip, basyrylgy çaýy-da içmän, usurgap ýatyp galdy. Özi şeýle ýadaw bolansoň, inisi hem ýadap ýatandyr öýtdi.
Ol agşamky demlän çaýynyň içilmän buza dönüp, naharyň hem duzunyň dadylman durandygyny görüp geň galdy. Gelip inisiniň maňlaýyny elläp gördi.
– Baý-buw, sen ýanar oduň içinde-le, köşejigim... Ol aljyrady.
– Näme boldy saňa? Ýa tomsuň güni üşäp ýörmüň? Anginaň galdymyka?
– Ölüp barýan! – Gurbanguly gara köýük bolan dodaklaryny tibirdedip zordan gürledi. – Suwsaýan!
Amanguly ýaňyja bişen süýtli gazanyň daşyndan bir sapar aýlandy-da, ýene-de Gurbangulynyň ýanyna geldi.
– Süýt içermiň?!
Gurbanguly dodaklaryny ýalady. Agasy onuň diliniň reňkini halamady. Göwnüne bolmasa, oglanyň gözleriniň agy-da mawuja çalnana çalym edýärdi. Ol süýt getirenine-de kanagat etmän, demli çaýdan hem bir käse alyp geldi.
– Al, iç, köşek! Hiç zat bolmaz, hiç zat bolmaz?..
– Ýüregim bulanýar. – Gurbanguly birki owurt süýt içenden soň eliniň tersi bilen käsäni itiberip dillendi. – Boldum.
Amangulynyň haýýaty göçen ýaly boldy. Ol eliniň aýasyny aljyraňňylyk bilen ýene-de inisiniň maňlaýyna goýdy. Oglanyň maňlaýynyň gyzgyny onuň aýasyndan ötüp, süňňüne ornady.
– Eý, Hudaý! – diýip, Amanguly inisi elinden gidip barýan ýaly bolup endirewük seslendi. – Näme alaç etsemkäm?!
Şol iki arada ol inisiniň ýanan dodaklaryny ýalap: «Bibi!» diýip iňleýändigini eşitdi.
– Köşek, aý, köşek, näme bolýar saňa? Niräň agyrýar?
Gurbanguly gözlerini açdy. Onuň bulanyk göreçleri agasyna hasratly garady.
– Suwsaýan! Ýanyp barýan!
Amanguly çaýly käsäni onuň agzyna tutdy, emma inisi çaýdan datmadam.
– Ýanyp barýan, Bibi!
Amanguly ters aýlanyp durşuna, entirekläp daş çykdy-da, uly ýola bakan ýüwürdi.
– Köşegim, gaýrat et, men häzir doktory çagyryp geleýin...
...Oglan gözüni açanda, ýene düýşdür öýtdi. Bir topar adam onuň daşyny gabsalap durdy.
– Gözün-ä açdy – diýip, kimdir biri begençli seslendi.
– Hudaý öz penasynda saklawersin, bäri bakdygy bolawersin...
– Men nirede? – diýip, hassa ýeriň astyndan çykýan ýaly ses bilen güňlenç sorady...
– Keselhanada. Dört gün boldy, oglum, seniň ajal bilen dalaşyp ýatanyňa. Hudaý seni gaýtaryp berdi, gözüň aýdyň!
Nobatçy zenanyň sesinde gam bilen begenjiň garyndysy bardy.
– Bir zatjagaz iýip içmezmikä? Bäş gün bäri agzyna zat alman ýatyşy...
Gurbanguly bu sesi tanady. Ol agasydy.
– Bibi ýokmy? – diýip, ol agasyna tutunyp sorady.
Nobatçy zenan hassany köşeşdirdi.
– Köşek jan, häzir gijäniň bir wagty. Ertire bir çykaly. Geregiň Bibi bolsun! Raýonyň ähli Bibisini gaşyňa getireris. – Ol zenan ýüzüni gussa bilen eňşedip, ýanyndakylara tutundy. – Şol usurgap ýatyşyna-da «Bibi, Bibi jan!» diýdi ýatdy, neresse. Ol niräň Bibisi? Ol nähili Bibi?
– Ejesi bolmasa, şol pahyry Bibi diýip ýatlaýandyr-da, bolmasa!..
– Wah, näbileýin-dä..
– Bibi! – diýip, oglan ýene-de hykylap başlady...
Amanguly ýene-de başyny alaçsyzlyk bilen ýaýkap oňaýdy.
– Gyzgyny ýene-de galyp başlady, sanjym edeliň!..
Wraçlar Gurbangulynyň derdini sarylama hemem öýken sowuklamasynyň iň agyr görnüşi diýip biragyzdan bellediler. Oglan kynlyk bilen bäri bakýardy. Bu dertleriniň biri bir adamyň halyny almaga ýeterlikdi. Gurbanguly welin ikisinem çeke-çeke süňk bilen derä dönüpdi. Bir aý diýlende ol zordan daş-iç çykyp başlady. Halsyzlygy zerarly doly däl orta mekdebem gutardyş ekzamenlerine gatnaşyp bilmän tamamlady. Mugallymlar nähilidir bir çäre tapyp, ony dokuzynjy klasa geçiripdirler. Gurbanguly ýekeje zada gynandy. Matematika mugallymy oňa zordan üçlük goýupdyr.
Dokuzynjy klasa ekzamen tabşyrman geçendigi baradaky habar hem Gurbangulyny begendirip baranokdy. Onuň ähli derdi Bibidi.
Amanguly gün-günden bir zada has anyk göz ýetirýärdi. Inisi gün-günden telbelenip, Mejnun kimin çöle çykyp barýan ýalydy. Özem essine geliberenokdy.
Wraçlar bolsa: «Tohumyňyzda-tijiňizde aklyndan azaşan barmy?» diýip soraýardylar. Aklyndan azaşma esasan hem tohum yzarlaýan kesel bolara çemeli. Sebäbi Amangulydan gaýta-gaýta soralýany şoldy. Emma Amangulynyň: «Biziň aňrymyzda aklyndan azaşany bardy» diýip eşiden ýeri ýokdy.
«Kesel agyr. Sarylama bilen öýken sowuklamasy bile gelende gany harap edýär. Bu bolsa beýnini zaýalaýar. Sowuklama bilen gan zaýalanma ahyrsoňunda beýnä-de ýetýär. Beýni merkez. Şonuň üçin oglanyň şol ýagdaýa baryp ýetmegine-de taýýar bolmaly biz» diýip, ony bejerýän goja wraçlaryň biri Amangula ýowuz duýduryş berip goýdy.
Gijelerine hasam elden-aýakdan çykyp, ol ýöne «Bibi!» diýip zarynlap ýatyrdy. Soňky döwürlerde bolsa: «Bibi!» diýip, palatadan çykyp gidibermesem bolýardy. Şonda ony bejerýän goja: «Ine, gördüňmi, men aýtdym-a, meniň diýenim başlandy!» diýýän terzde Amangula gussaly garaýardy. Şonuň üçin Amanguly inisiniň ýanyndan ýekeje minutam aýrylyp bilenokdy. Ýöne aralykda inisini palatadaşlaryna berk tabşyryp, oba baryp, mal-haldan, içeri-daşarydan baş çekip gaýdýardy.
Ol uly iliň molla diýip ýykylyp ýören, sylagly adamsyna täleý garatdy. Molla bolan ýagdaýy aýtdy.
– Gorkmaň, ýaş oglandyr. Çaga-da, ýürek berýär-de, soň o dünýäm, bu dünýäm şol diýip ynanýar oturyberýär. Ünsüni sowuň, kem-kemden daýanaram, gül ýalam bolar...
Ýaşuly sowuklyk dogasyny ýazyp, bir çüýşe suwa üf-çüf edip berdi.
– Şu suwdan çaýjagaz demläp beriň. Eger haýry degmese, onuň özüni bir alyp geliň. Men bir gürleşip göreýin. Juda ýagdaýyňyz bolmasa habar edin, özüm baryp höre-köşe edip gaýdaryn.
Şol suwdan demlenen çaýy içenden soňmy ýa-da agyr derdiň öňi alyndymy, oglan «Bibi!» diýip zarynlamasyny goýdy. Soň kem-kemden özüne gelip başlady. Bäş-üç günden soňam keselhanadan çykdy.

6.

Kanikul başlanypdy. Gurbanguly öýdedi. Ýeke özi başyny ýassyga goýup, gyzykly kitaba güýmenip ýatyrdy. Işik ýuwaşja açyldy.
– Gurbanguly!
Oglan tisginip gitdi. Onuň kalbynyň düýbünde küle dönüp barýan közler birden lowlap ýanyp başlady. Indi birnäçe wagtdan bäri rahat urýan ýüregi ýene-de larkyldap başlady.
– Bibi! – Ol atylyp ýerinden turdy.
Hawa, işikden giren Bibidi. Ol älem-jahanyň soltany ýaly bolup, elindäki tabagy tutup, iç işikde durdy.
Gurbanguly özüniň öňküje derdiniň gozgap gidenini duýdy. Onuň ýüreginiň başy ýanyp başlady.
– Bibi! – Oglanyň gözlerinden gyzgyn ýaş eňterilip gaýtdy. – Bibi!
Bibi saklanyp bilmedi. Olam aglady. Ýöne ol, näme-de bolsa, bolup durşuňdan ejap etdi. Sakyna-sakyna:
– Goý, aglama. Sen indi gutuldyň-a. Şol biziň üçin uly döwlet, şol biziň üçin dünýe malyna deň – diýip pyşyrdady. – Gel, otur, gatyklyja unaş getirdim! Sowatmadajyk iý...
Gurbanguly Bibiniň öňüni saklap durşuna naýynjar pyşyrdady.
– Bibi, seni gaty göresim geldi. – Soňra ol ýene-de silkinip-silkinip aglady.
Bibi elindäki naharly tabagy orta goýdy-da, Gurbangula ýapyşdy.
– Goý, aýyp bolar. Il-gün näme diýer, ýigit halyňa beýdip dursaň?! Onsuzam oba arasynda sen barada her hili gürrüň bar. Hany, goý. Meniňem seni biriçe göresim gelýär. Elimde bolsa ýanyňdan birje minidem aýryljak däl. Hany, bolýamy?!
Gurbanguly Bibiniň eliniň degen ýerinden ynjynyň aýrylyp barýandygyny, bu çepiksije elleriň ýüreginiň üstüni, ataşdan ýaňa çyrpynyp duran kükregini sypalaryny isledi. Emma ol häzir gelşiklem däldi. Şony duýansoň, Gurbanguly gepleşmek-hä däl, Bibiniň ýüzüne-de garap bilenokdy.
Bibi bolsa Gurbangulynyň sähel köşeşerine mähetel, orta saçak ýazdy. Gap-gaç salynýan şkafjygy açyp, çemçe aldy. Soň bolsa sömaýak duran Gurbangulynyň ýanyna gelip, onuň egninden gujaklady.
– Ýöri, naharyny iý...
Gurbangulynyň ýüzüne onuň demi çawup gitdi. Oglanyň kalbyndaky otly derýalar ýene-de çyrpynyp başlady. Ol şol derýalaryň ýalynly harasadyna döz gelip bilmän yzylap başlady.
– Bibi!
– Jana! – Bibi hem ýaşly gözlerini balkyldadyp, onuň ýüzüne garady. Soňra gyz dözümsizlik bilen zarlady. – Didäm, arka dagym, başyňa döneýin, saňa näme bolýar ahyryn? Näme bolýar saňa, hany, gel, otur, aýt maňa?! Ýüreginde näme bolsa aýt, diňläýin!
Gurbanguly onuň gaşyny alyp oturdy. Emma hiç zat aýdyp bilmedi. Ol indi Bibini görenokdy. Ol nirä garasa bu Bibiden müň esse owadan Bibi lowurdap, ýaşly didelerini balkyldadyp, oňa garap durdy.
– Al ahyryn, naharyňy bir iýsen-e! – Mundan artyk oturman, gyz çykyp gitdi.
Gurbanguly öz Bibisine bolan telwasyna beslenip, gözleriniň ýaşynyň unaşly tabaga damýandygynam duýmady.

* * *

Aý-gün geçip durdy. Gurbangula özüni dürsemek üçin bir ýyl gerek boldy. Saglygy indi gowudy. Iň ahyrky klasda bolany üçin Gurbanguly jan edip okaýardy. Okuwlar oňa beýle bir kyn düşenokdy. Ýöne Bibiniň onuň kalbyndaky derdi welin, öňküden güýjemese, kemär ýaly däldi. Ýöne ol bu dert bilenem öwrenişerçe bolupdy.
Bibi kolhozyň, sygyr fermasynda sagymçy bolup işläni üçin, Gurbanguly ony iküç aýsyz görübem bilenokdy. Kolhoz işi, onda-da sagym işi, özüniň hysyrdysy bilen Bibi iç-daşda görnübem bilenokdy.
Ol heniz daňyň düýbi çyzylmanka sagyma gidýärdi. Gijäni gözedürtme edibem öýe dolanýardy. Gurbanguly bolsa ir turdum diýende sagat sekiz bolýardy. Bibi agşam işden geläýjek wagtlaram sapagyna taýýarlanýardy. Onsoň hem ol Bibini daşdan görüp galjak eken diýmeseň, topar tutup sagymdan gelýän aýal-gyzlaryň arasynda onuň bilen ne gürleşip boljakdy, ne-de syrlaşyp.
Ýüregi, gözleri Bibiniň ýolunda bolsa-da, diňe umydy bilen oňmaly bolýardy. Ol Bibiniň ýoluny ençeme gün garawullabam gördi. Emma bary biderekdi.
Oba gyzlarynyň bir häsiýeti bar. Olar giç agşam, ir ertir öýden ýeke çykmaýarlar. Olar irden sagyma gidenlerinde-de, sagymdan gaýdanlarynda-da topar bolup gaýdýarlar. Saý-sebäp bilen biri yza galabsa-da, oňa topar bolup garaşýarlar.
Bir sapar Gurbanguly Bibiniň geçýän ýolunyň ugrundaky uly erik agajynyň astynda hem oturyp gördi. Şol sapar Bibi Gurbangulynyň şol ýerde oturanyny ýa-ha duýan bolmaly, ýa-da ony gören bolmaly. Ol topar tutup gelýän gyzlardan az-kem saýlanyp, şol garry erige tarap böwür berip ugrady.
Gurbanguly Bibiniň gelýänini görüp, oturan ýerinden galdy. Emma ala-ýaz bolşup barýan gyzlar birden hürre durdular.
– A gyz, Bibi, bu gün seni haýsy jyn kakdy, gyz! Agsak tokly ýaly yzymyzdan ýetmän geçdiň-le, gyz!..
Gyzlaryň hersi bir zat diýdi.
– Waý, şol erigiň düýbünde bir gara bar. A gyz, geleweriň!
– Waý, Hudaý jan, özüň goraweri!
Bibi ýoluny gönüledi.
– Ýok-la, gyz, hiç zadam ýok o taýd-a... – Bibi gyzlaryň yzyndan ýetip barşyna aýtdy.
Şondan soň Gurbangulynyň Bibini görerin diýen tamasy tala daňlan ýaly boldy.
– Bibi, Bibi! – diýip, zarlap ýörmeden başga näme etmelidigine Gurbangulynyň akly çatanokdy. Onuň ýüregi bolsa çat açyp barýardy. Onuň iýgi-içgi, öý bilen seri ýokdy. Bir hyýaly bolsa, «huw» diýip ümdüzüne çykyp gidiber diýýärdi. Bir hyýaly bolsa Bibi işden gelen gabady olaryň öýüne bar-da: «Bibi, men sensiz ýaşap bilemok» diýip aýdyp gaýt diýýärdi. Emma ol bu ýollaryň ikisini-de etmäge gaýratynyň çatmajagyny bilýärdi.
Bir günem ol unup-çydap bilmän, öz ýagdaýyny partadaşy Çörlä aýtdy.
– Senden özge syrdaşym ýok, Çörli. Men özümi asyp öldüräýmesem başga alajym ýok. Men Bibisiz ýaşap bilemok. Sen maňa näme etmelidigini aýt.
Çörli akmak oglan däldi. Ol Gurbangula düşündi. Sebäbi onuň özem klasdaş gyzy bilen halaşýardy. Onuň bilen Aşgabada okuwa bileje gitmegi dilleşip ýördi.
– Haý, senem-äý, gyz üçinem özüňi asarlarmy? Näme, sen beýder ýaly tentekmi? Hat ýaz. Öz söýgiňi bildir. «Jogap ber» diý...
Çörliniň ekabyrlygyna onuň gözi gitdi.
«Meniň bu lellimligimi haýsy gyz halar diýsen-e?! Bibi-hä baýaky...»
Gurbangulynyň böwrüne din salanyny duýan Çörli has hem ekezlendi.
– Dost jan, gyz üçin dagy şirin janyňy köýdüripmi?.. Sen bir zada düşün. Erkek erkek bolsa-da, ony ilki bilen gyz saýlaýandyr. Gyzyň özi saýlamasa, özüňi müň gezek asyber, seniň asylyp ölen günüň ol başga biri bilen toý tutar. Emma seni özi saýlap tutdumy, ýere girseňem özüň bilen bile girer. Seniňki hezil-how, «Bibi jan» diýip aýdym bar-a. Şoňa zowladyber. Hata-da şony göçür-de iber...
Çörli özüne elýeterli mysala ýapyşdy.
– Hany, akga diýeýin Güli menden aýryp bilseler. Özi günüme goýanok. Onsoňam-how, gyz bilen duza gytlyk ýokdur... «Sen bolmasaň, senem jan» diý.
Gurbanguly Çörliniň sözüni ahyryna çenli diňlese-de, şol gepden ýekeje uz ýerinem belläp bilmedi. Ýöne bu gürrüň hem onuň üçin biderek bolmady.
«Hat ýazyp, eline bermeli» diýip, ol çörliniň ýanyndan turansoň, oýlandy.

7.
Hatyň taýýar bolanyna bir aýdan gowrak wagt bolupdy. Hat ýazylanda gülläp oturan nar agaçlarynyň miwesini indi bazara çykaryp ýördüler. Ýöne şol hat iberilmese-de, Gurbangulynyň jübüsinde dirilik dogasy ýazylan nama ýaly bolup gezip ýördi. Ony ýazylan adamsyna bermek-hä däl, Gurbanguly ona elinem degrip bilenokdy. Hatyň mazmunyny welin ýatdan sakynman aýdyp biljekdi.
«Salam haty, görme gaty. Görseň gaty, ýazma haty. Kim, budirki, onda bolan Bibi jana öz söýgülisi Gurbangulynyň tarapyndan ýüz-müňlerçe salam bolsun!..
Salamdan soň sözüm budirki, eý, Bibi jan, söýgülim, men munda mes-gurgun gezip ýörün. Seniň hem janyň sag bolmagyny özümizden uly bolan Allatagaladan (şu sözüň üsti çyzylypdy, onuň deregine, başga söz alnypdy), tebigatdan dileg edip ýörün...
Eý, söýgülim, Bibi jan, men seni söýýän. Men sensiz ýaşamak islämok. Gijeler düýşümde, gündizler huşumda seni görýärin. Eger kyn görmeseň, öz söýýänligiň barada maňa iki barmak hat ýaz, Çünki, sen meniň şirin janym. Şirin jany başga ýerde bolanda, adam ýaşap bilmez. Menem sensiz ýaşap bilmerin.
Hoş, sag bol, saglykda görşeli. Hat ýazan öz söýgüliň Gurbanguly. Hatyň jogabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Hem seni öpýärin.
197... ýyl, 15-nji awgust.
Aç gujagňy, bas bagryňa,
Sowuk alýar-la, Bibi jan!..»

Dogrusy, bu hat Gurbangulynyň ýazjak haty däldi. Çörli oňa dostluk goluny uzadyp, bir agasynyň soldatlykdan öýe ýazan hatyny getirip beripdi. Ikinjisi bolsa Güle ýazan ilkiiji hatydy.
– Men birinji hatymy on bir sapar göçürdim – diýip, Çörli öwnüpdi. Soň gülüpdi.
– Nämä gülýäň?
– Aý, hiç-läý, haty göçürenimde galan-gaçan kagyzlary hajathanamyzda goýaýypdyryn-laý. Onsoň öýe myhman geldi. Olar hem hajat üçin baranlarynda haýsy kagyzy alsalar: «Salam, söýgülim, Güli!» bolup durmuşyn. Şol myhmanlaryň arasynda Gülüň kakasam bardy. Ol hem okap, öýmüzden öýkeläp gidipdir-läý. Şonda dädemiň maňa ýaman gahary geldi. «Dogman geçen, hat ýazyp, näme, diliňden kireý isleýänmi? Indi hat ýazsaň, boýnuňy sograryn» diýdi. Menem gaýdyp Güle hat ýazmadym.
Gurbanguly haty ýekeje sapar göçürdi. Soňundaky goşgy setirlerini özi ýazdy. Ýöne onam salgy beren Çörlidi.
Ol hatyň mazmunyny her günde telim sapar gaýtalaýardy. Göwnüne bolmasa, onuň ýekeje kemem ýok ýalydy. Onuň çaklaýşyça, hat eline düşse, Bibi ony gözüne ýaş aýlap okamalydy. Ylaýta-da: «Sen meniň şirin janym. Şirin jany başga ýerde bolan adam ýaşap bilmez. Menem sensiz ýaşap bilmerin...» diýen setirleri okanda gözüniň düwme-düwme ýaşy hatyň üstüne jöwenek ýagan ýaly bolup düşmelidi. Ýöne: «Aç gujagňy, bas bagryňa...» diýen ýerine ýetende, onuň ýaňaklary gyrmyza boýalyp, uýalyp töweregine garamalydy.
Çörli oňa başga bir maslahatam berdi.
– Hatyň içine: «Eziz ýarym Gurbanguly, men seni....... Öz Bibiň...» diýip ýazylan kagyzy sal. Şeýtseň gyza-da ýeňil bolar. Sygyr sagyp, görgi görüp ýören gyz kagyzy, galamy nireden tapsyn. Öýe gelip kagyz-galama ýapyşsa-da ejesi, dädesi derrew duýar. Emma şeýdip ýazylan haty alsa, ol söýýän diýen sözi tikin tikip oturan iňňesi bilenem deşim-deşim edip ýazar.
Gurbangulynyň öz sözlerini haýran galyp diňleýşini gören Çörli has hem ekabyrlanýardy. Täzeden täze pikirleri orta atýardy.
– Ýöne beýtseň başga bir erbet ýerem bardyr. Ine, olam adam-da. Diýeli, sygyr sagyp durka ony göle depdi. Ýa-da bedresini sygyr aýagy bilen kakyp, süýdüni dökdi. Ýa aýdaly, başga bir zada gahary gelip dur. Mysal gytmy? Ýaryşda boýdaşyndan bir litr süýdi kem sagypdyr. Ine, şoňa gaty gahary gelip durka-da seniň hatyňy alyp okady. Näme ýazar öýdýäň? Ähli gaharyny senden çykaryp, söýemok» diýip ýazar. Wessalam. Ýa-da beýle kiçijik kagyzy ýyrtym-ýyrtym eder. Uly kagyzy welin il görer diýip, ejap edip ýyrtyp bilmez.
Gurbanguly Çörliniň şeýle köp zat bilşine haýranlar galýardy. Ýöne haty welin elin gowşurmaga bogny ysmady. Hat onuň jübüsinde tüýdülip gitdi.
Bibi bilen arasy bolsa gün-günden daşlaşýardy. Taňrynyň güni darydan köpdi, darydan köp günleriň ýekejesem ony dünýäniň özüne barabar ezizine gowşuryp bilenokdy. Indem onuň ýaryna gowuşjagy nägümanady.
– Bibi jan! – diýip, Gurbanguly okuwdan gelip, baglaryň arasyndan sygry üçin ot ýygyp ýörkä pyşyrdady. Oglan indi öýüň iç-daş işlerine kömekleşip başlapdy. Munuň özi onuň ykbalynda uly täzelikdi. Onuň orak, ýüp alyp baga ota gidýänini eşiden Amangulynyň begenjiniň çägi ýokdy. «Berekella, köşek!» diýip, ony her gün agşam, dile düşmez çagany öwen ýaly öwýärdi...
– Näme? – diýip, Bibi näz bilen ýylgyrdy. – Aýdaweri, men beýdip, gazarylyp duraýynmy?
Gurbanguly baryp onuň elinden şapba tutdy.
– Waý, goýber, biri görse näme diýer?..
– Goý, görsünler! Diýseler: «Bibi bilen Gurbanguly söýüşýar!» diýerler. Goý, diýsinler! Men seni sönýän, söýýän, Bibi jan!
Bibiniň ýaňaklary nara döndi.
– Söýüşenimizde-de, günortanyň bu çagynda sen meniň elimden tutup durmaly däl-ä.
Gurbanguly hasam ekabyrlandy.
– Bu gün-ä eliňden tutýan, şoňa gorkup dursuň. Ertir gelnim bolup törümde otursaň näme diýerkäň?
Bibiniň ýaňagyndan şapak ördi.
– Beý diýmesen-e!..
– Näme üçin?
– Utandyrýaň-a!
Gurbanguly Bibini azajyk özüne çekdi-de gujaklady. Soňam bu oglanyň beýle batyrlygyna aljyran gyzyň ýaňagyndan ogşady...
Bu lezzet heniz ýaňagyndan şemaldan hem-de zülpüniň taryndan başga zat posa almadyk Bibinem bedene ürken ýaly etse edendir welin, ota güýmenip oturan Gurbangulynam bagta çümdüripdi. Oglan şeýle ýagdaý hakykatda bolaýanda-da beýle lezzete, beýle bagtyýarlyga gaplanyp ýa bilerdi, ýa-da bilmezdi.
Gurbanguly bu lezzetiň howaýylygy barada, onuň kirbenkesiniň gara şaýa deňdigi barada oýlanjagam bolanokdy.
«Meniň umydym! Umytly guş Käbä ýetmiş. Belki, Hudaý meniňem myratymy beräýedi-dä!» diýip, ol Hudaýa sygynmaga başlapdy. Ýöne indi ruhdan welin düşüp baranokdy. Oňa sabyr, kanagat gelen ýalydy.
Hyýaly posa, Bibä hyýalynda-da bolsa, ýakynlyk onuň aýagyny ýeňledipdi. Ol öýe gelip, getiren otuny mallara berişdirdi. Içerini, daşaryny süpürişdirdi, suwlady. Skwažinadan goşa bedreläp suw äkeldi. Agasynyň ataryp giden gazanynyň aşagyna ot ýakdy.
Bu işleri özi etse-de, göwnüne olary Bibi edýän ýalydy. Ol indi içerä, daşara Bibiniň gözi bilen garap başlady. Kem-käs ýerleri Bibiniň gözi bilen timarlaýardy.
«Bu gün bolmasa-da, ertir şu öýe gelersiň, Bibi jan! Şu öý seniňki. Menem seniňki...»
Amanguly işden gelenden soň öz gözlerine ynamajak boldy. Ol özüni bileli bäri beýle lezzeti bilenokdy. Şonuň üçinem tämiz içerini, syryp-süpürilen, gül ýaly edilen daşarylary görüp, aýal garyndaşlarynyň biri öýe gelip, iki sany ýigide dözmezçilik edip, syryp-süpürendir öýtdi. Munuň Gurbangulynyň işidigini bilenden soň hem begenjinden guş bolup uçdy.
– Ýöne özüňe agram salma! Sen dünýede sag-aman gezip ýörseň bolany. Özüm kör boluplar ederin, köşek – diýdi.
Gurbangulynyň özem agasynyň minnetdarlygyndan monça boldy.
– Sygrymyzam sagjakdym welin, ürker öýtüdüm.
Amanguly gorkdy.
– Çaga bolma. Saňa sygyr sagdyryp, başyma telpek geýip nädip oba çykaýyn?
– Sen sagýaňa.
– Meniňki başga gep. Seniň öňüňde agaň bar. Agaň bolmasady, onda başga gürrüň...
Olar oturyp bileje nahar iýdiler. Gürrüň bugdaý oragy barada gitdi.
– Nesip bolsa, inim, şu bir agronomçylyk okuwyna gir. Agronom bolup bir gel. Şu bar-a, orak orup ýörkäk bärden bir barsan-a, atpekat ýaly bolup. Aýal-u-erkek, barynyň gözi gitsin-le. Meniňem bir arzuwym hasyl bolup, boýuňa guwanyp, «Şol meniň köşegim-dä» diýip bir buýsansadym. Şonda şu çeken azaplarymyň bary el bilen aýrylan ýaly bolar. Ýaňy bar-a, ýadap lütümiz çykyp durduk. Birdenem agronom ýalpyldap bardy welin, arkamyza ýel çalan ýaly bolaýdy. Hemme kişiniň gözi şonda. Onsoň menem dileg etdim: «Hudaý jan, meniňem köşejigim agronom bolup, şeýdip gelsedi» diýip...
Çaý-nahardan soň Amanguly süzük gözlerini asmana dikip azajyk hiňlendi. Soň çilim otlandy. Çilim çekip bolýança sesini çykarmady. Birdenem dil ýardy.
– Köşek, bir maslahat bar! – Ol ardynjyrady. – Sen Bibini nähili görýäň?
Gurbangulynyň ýüregi gürs-gürs urup başlady. Ol sesini çykarmady. Ýöne:
– Hä, näme? – diýip oňaýdy.
– Erbet göreňok, hä?! Ol hem sen diýip ölüp barýar! Görgüli seni çagalykdan gowy görýär. Üstüňde kökenek. Indi, özüň bilýäň, öýe-de hossar gerek...
Gurbangulynyň ýüregi gursagyna sygmajak bolýardy. Onuň gökdäki dilegi ýerde gowşup, agasy onuň ýüreginiň dilinde gürläp durdy.
– Sen indi horlanyp ýörme. Eger razy bolsaň şony öýe getireli. Toý tutaly. Onsoň, isleseň oka, isleseň işle.?.
Gurbanguly öz täleýi beýle aňsatlyk bilen açylar öýtmeýärdi. Eýsem, ol agasyna näme diýsin?! «Ýok. Maňa Bibi gerek däl» diýsinmi? Ol diňe: «Agam, azajyk gyssanma, men bir okuwymy gutaraýyn» diýjek boldy. Emma ýene-de ejap etdi. Orta mekdebem gutarar ýörerin diýdi. Çünki, ol özüniň Bibisiz oňup bilmejekdigini duýýardy.
Bu üýtgeşik habardan soň, tutuş gijeläp onuň gözüne uky gelmedi. «Sag bol, agam, ömrüň uzak bolsun! Gör, aga nähili bolýan eken. Sen meniň ýüregimi duýduň. Meniň Bibisiz oňup bilmejegimi duýduň, iller sen maňa hem ene, hem ata bolduň diýýärdiler-le. Aga şeýle bolar ekeni. Menem aga bolan bolsam, belki, şeýle bolardy. Sen meniň diňe bir agam däl, sen meniň hudaýym! Sen meniň arkamyň dagy»
Onuň göz öňünde Bibiniň didary süýnüp gitdi!
– Bibi jan, mähribanym!
– Näme?
– Gözüň aýdyň, mähribanym, gözüň aýdyň! Ikimiziň biri-birimize gowuşjak pursatymyz ýakyn geldi.
Ol bolan gürrüňi Bibä gürrüň berdi. Gyz çekinjeňlik bilen ýylgyrdy.
– Dagy, ölüp-öçüp barsaň agaň diýer-dä! Beýle howlukmaly däl-ä.
– Maňa sensiz durmuşam, ömürem ýok, Bibi jan! Indi ähli azabymyz geçdi. Nesip bolsa, ýakyn günlerde seni kejebeläp törüme geçirerin. Sen öýümiň däl, köňlümiň aýy, Bibi! Tä ölýänçäm seni ynjytmaryn...
Bibi uýaldy. Ýöne bu sözleriň onuňam gulagyna hoş ýakýandygyny Gurbanguly duýup durdy. Onuň syrlaşasy, iç döküşesi gelýärdi.
– Onsoň, nesip bolsa, öýmüze akja bäbek geler. Ol hem maňa, hem saňa meňzär. Ogul bolsa adyna dädemiň adyny dakarys. «Kakajan» diýeris. Dur, sen kejebä müneniňde ekzamene geýýän ýaşyl köýnegiň bar-a, şony geýgin! Şol saňa gaty gowy gelişýär...
– Waý-eý, bul oglany, sen şol köýnegi geýmesem kejebämi yzyna gaýtaraýjakmy?
Gurbanguly hezil edip güldi.

8.
Gurbanguly orta mekdebi zybrym bäşlik bilen tamamlady. Toý meselesem indi çynyrgap barýardy. Odun getirildi. Toýda soýuljak mallar agyla gabaldy. Un, ýag, mata-marlyk alyndy.
Öýlenjek oglan-da. Gurbanguly ile görünmek-hä beýlede dursun, öýe gelip maslahat edýän adamlara-da görnesi gelenokdy. Utanýardy. Öýe iki adam gelse, içki aýa girip, başynagaý bolup kitap okaýardy. Amangulam oňa beýle bir hasabat berip, ony etdik, muny etjek diýip duranokdy. Ýöne öten agşam ol uçaýjak bolup geldi.
– Köşegim, gözüm aýdyň, Bibiler razy bolupdyrlar! Sähedi on bäşinji iýul. Toýa taýýarlanyber!
Gurbanguly agasynyň ýanynda suwjaryp oturmasa-da, ol gidensoň bolmajysy boldy.
– Ur-ra! – diýip, otagy ýaňlandyryp gygyrdy. – Bibi jan meniňki! Bibi jan meniňki!..
Iýulyň on bäşi gelmän geçdi. Gurbanguly şu döwürde attestatyny aldy. Okuwa gerek boljak dokumentlerini taýýarlady. Magazinlere aýlanyp, öýleniş toýuna geýmek üçin täzeje eşik aldy. Olary taýýarlap goýdy.
Bibi bilen duşuşyk pursaty üst-başyny hor görkezesi gelmedi. «Öýlenýän oglan şol-maý?» diýip, göwnüýetmezçilik etmesinler diýdi. Öýlenýän oglanyň synçysynyň köp bolýanyna ol düşünýärdi.
Üstüne sepinmek üçin pereň müşküni satyn aldy. Saçyny gysgajykdan peşenelije bejertdi. Agasy işe gidip, daşy çolaran wagty täze eşiklerini geýip, aýnanyň öňünde sagatlap oturýardy.
Göwnüne Bibi arkasyndan gelip gujaklaýjak ýaly bolup durdy.
– Indi az galdy! – diýip, gijeleri garaşyp geçirdi. Daň atanda: – Ýene pylança gün galdy! – diýip, begençli syçrap galdy.
Agşam Amanguly çaý başynda ýene bir maslahaty orta atdy.
– Köşek, toýa çenli Aşgabada gidip, dokumentleriňi tabşyryp gelseň nädýär?
Gurbanguly göwnemejek boldy.
– Toý ediljek bolnup durka!..
– Onuň toýa näme zeleli bar? Ilki gitdejik, nirä, haýsy okuwa diýseň, dokumentleriňi tabşyr. Kekras, toýuň üstüne-de gelýän. Toýy sowubam ekzamen tabşyrmaga gidersiň. Bolmaýarmy?
Gurbanguly agasynyň gaňryşyna gidip durmady. Aslynda ol agasynyň sözüne ýok diýen adam däldi. Ol-a okuw eken, häzir toýy geljek ýyla geçireli diýende-de, ol agasyna «bolmaz» diýip biljek däldi. Şonuň üçinem agasynyň beren ýedi ýüz manadyny jübüsine urup, gerekli dokumentleri alyp Aşgabada ugrady.
Onuň bir sorany:
– Haýsy ugurdan gireýin? – boldy.
Amanguly gepi çigişdirip oturmady. Inisiniň göwnüni gördi. «Aý, okuwa ilkinji sapar gidýän oglandyr. Men-ä pylan okuw diýsem, olam halaman dursa, meniň gepimi ýykmanam zar-zelil bolup halamadyk okuwyny okasa, soň agam etdi diýip ýörmesin diýdi.
– Inim, göwnüň haýsy okuwy küýsese şoňa git.
Gep gutardy. Gurbanguly Aşgabada aşdy. Aşgabat nähili gözel, gowy bolsa-da, onuň göwni obadady. Oba basymrak ýetesi gelýärdi.
Oba hojalyk instituty ony göwünsiz garşylady. Dokument tabşyrmaga nobat juda uludy. Onsoňam agronomçylyga girýänler öz kolhozyndan nähilidir bir sprawka getirmeli diýýärdiler. Soňam, dokument alýan aýal hem gelene azgyrylyp durdy.
Gurbanguly gyssandy. Ol hem-ä aňsat görüp, hemem haýsydyr bir sprawka soralanok diýip, uniwersitetiň dil-edebiýat fakultetine dokumentlerini tabşyrdy. Mazaly, ekzamenlerem birinji awgustdan başlanýardy. Toýdan soň hem ol Bibi bilen on bäş gün bolup biljekdi. Eger agasy göwnese, Bibini ekzamen berýän wagty Aşgabada alyp gelibem biljekdi.
Ol, mazaly, edil toýuň üstüne geldi. Oba uly dabara bilen toýa taýýarlanýardy. Geňeş gijesi goňşy obalardanam adam bary gelipdi. Alty gazan nahar atarylyp, daş-töwerege keçe, beýleki düşekler düşeldi. Döwre gurap oturan adamlara çaý-nahar çekilýärdi. Toýdan diýip adamlara elýaglyk paýlanýardy.
Toý güni gelnalyjyny nähili getirmeli? Kim bagşyny aýtdyrmaly? Nahary kim bişirmeli, kim çaý gaýnatmaly? Kim gelen myhmanlary garşy al maly? Kim ýaşululara hyzmat etmeli? – bary ilik-düwme maslahatlaşyldy.
Gurbanguly öň türkmen toýy şeýle düzgünli, tertipli, taýýarlykly geçýändir diýip gümanam etmezdi. Emma onuň öz toýy onuň gözüni açdy. Adamlara, toýa gelen märekä minnetdar boldy. «Nesip bolsa, menem olaryň toýunda iki esse edip gaýtararyn...» diýip oýlandy.
Birhili pynhan uýaljaňlyk henizem ony adamlaryň arasyna barmaga, olaryň gep-gürrüňini diňläbermäge ýol berenokdy. Eger adamlaryň arasyna barsa, ol hasam haýran galaýmaly gürrüňleriň bolýandygyna göz ýetirjekdi. Türkmeniň ähli edebiniň, ähli tertibiniň toý bilen ýasda has aýdyň görünýändigini görüp biljekdi. Emma ol daş çykyp, adamlara goşulyşyp bilmedi.
«Men häzir otagymdan çykyp bilmän otyryn. Öýlenemsoň näderkäm?!» diýip, ol öz üstünden hem gülýärdi. Ýöne bary lezzetlidi, bary ýakymlydy. Adamlar diňe şonuň üçin toý tutýardylar. Şonuň aladasy bilen üýşüpdiler...
Adamlar arkalydy. Oňa känbir zadam diýip duranokdylar. Aýallar oňa çaý-nahar, gatlakly, pişme getirip gidýärdiler.
– Gözüň aýdyň, diýdäm, toýuňyz gutly bolsun! – diýip, hoşamaýlyk bilen ony gutlaýardylar.
Toý güni irden Gurbanguly oba çykdy. Töwerek şeýle gözeldi. Ol bu gözellige, özüniň kalbyndaky begenje bäs gelip bilmän ýylgyrdy. Kalbynda möwç alyp çyrpynýan bagtyň badyna bäs gelip bilmän ýylgyrdy. Toý, toýdan soňky duşuşyk, niçe ýyllap zaryny çeken eziziniň didaryna gowuşjagy üçin ýylgyrdy.
Häzir älem-jahan özüniňkidi.

9.

Ahyry toý dabarasam başlandy. Adamlar irden Gurbangulylaryň işiginde irew-de-birewdi. Atarylgy gazanlaryň astynda, güpleriň aşagynda ýanýan ot, olardan göterilýän bug bu işige şagalaň ýokundysyny çaýýardy.
Syrylyp, süpürilen at gaýtarym meýdan gözüňe ýakymly görünýärdi. Adamlar bu gün söze juda sahylanypdy. Keçgulak bişirýän aýallar ullakan gazanyň töwereginde hozanak bolşup ýörüşlerine:
– Hudaý jan, saňa döneýin! Iliň işiginde-de toý bolsun, ýöne şu ýetimlerem ýalkanawersin. Indi berin ýamanlyk ýüzüni görmesinler. Ikijigi güzap görme kemini goýmady...
Aýallar gypynç etmän gaty-gaty gürleşýärdiler. Gurbanguly olaryň gözüňe ýaş aýlabermeli sözlerini eşidip otyrdy. Olar bolsa biri-birine: «Şeý diýeweri! Agzyňdan Hudaý eşitsin! Hudaý jan, biziň gapylarymyzda-da toý bolsun!» diýşip, biri-birlerini tassyklaşýardylar.
Bu gürrüňler, şahandazlyklar Gurbanguly üçin dirilik suwy ýaly şirindi. Olar onuň ömründe eşiden sözi bolmany üçin şeýle ezizdi.
Ol täzeje eşiklerini geýdi. Çünki, gelinler-gyzlar gelnalyja gitmäge taýýarlanýardylar. Bibiler bilen ara ýakyndy. Ýöne adamlar däbi saklaýardylar. Ol-a taýak salym ýer ekeni, iki ädim bolaýanda-da, işikde owadandan owadan parçalar dakylan maşynlar diňe bir obanyň däl, raýonyň içinden aýlanyp, täze gelniň töre düşenini uly ile buşlap gaýdýardylar.
Gyzlar bolsa gözelden gözel aýdym aýdýardylar...

Garrygalanyň oýuny,
Dagda bakylýar goýuny.
Geliň-ä, gyzlar, gutlalyň
Bibi janyň toýuny,
Gurbanguly janyň toýuny...

Gurbanguly gelnalyjy heniz ugramasa-da, heniz hiç kim küştdepdi aýtmasa-da, şol aýdymy eşitdi. Bu şirin aýdym, owazy ýürek-bagryňy eredip barýan aýdym hökman aýdylaýmalydy. Çünki, bu gün Bibiniň toýudy, Gurbangulynyň toýudy...
Bu gün dünýädäki ynsan maşgalasynyň ýene-de biri artýardy. Bu gün ýene-de bir türkmen ojagy köpelýärdi. «Köpel, türkmen, ös, örňe, çörden, çöpden köp bol!»
Gurbanguly agzyndan çykyp barýan bu sözleriň goşgudygyny ýa däldigini seljerjek boldy. Öz ýanyndan: «Begenjime şahyr bolup gidibermäýin!» diýip oýlandy.
Gelnalyjy guşluga galman ugrady. Gelin-gyzlaryň işikdäki hälki gülki-şatlygy indi goňşy öýde başlanypdy.
– Gelnalyjy gyzy alyp çykdy! – diýip, daşarda begençli ses eşidildi. Maşynlaryň raýon merkezine tarap ýola düşenini hemmeler eşidip durdy.
Ine, şo-ol, Gurbangulynyň diýýän sözlerini indi aýdyp başladylar:

Garrygalanyň oýuny,
Çölde bakylýar goýuny,
Gelin, la-la-la-laa-la,
Al-la-la-la-la-la-ny...

«Bibi jan, mähribanym, toýun gutly bolsun!» Gurbangulynyň begenji ýüregine syganokdy. «Hudaý jan bize uzak ömür sürmegi miýesser etsin!»
Gurbanguly daş çykdy. Adamlar gelnalyjynyň gelerine garaşyp, parahat gürleşip otyrdylar. Ýaşlar bolsa gelnalyjynyň gelip duraýjak ýerini gabatlap topar tutup dur.
Gurbanguly olaryň arasyna barmaga ejap etdi. Birdenem gözi şol ýaşlaryň arasynda duran Çörlä düşdi.
– Gelnalyjy gelýär-e-eý!..
Çörli ylgap Gurbangulynyň ýanyna geldi. Gelnalyjy ýakynlaşýardy. Çörli Gurbangulynyň böwrüne hütledip goýberdi.
– Eý, tentek, men şonda saňa näme diýdim?! Görseň, aýdanym gelip durandyr...
– Sen näme diýipdiň?!.
– Eýýäm ýadyňdan çykardyňmy? Men Bibä hat ýazmaly diýmedimmi?! Görýäň-ä, sen-ä oňa «söýgülim» diýip hat ýazýaň. Onam agaň aýal edip törüne geçirýär...
– Näme, agaň?!.
– Bu tentegi, dagy näme, özüň öýlenýänsiň öýdýäňmi?.. – Çörli işikde saklanan gelnalyja bakan okdurylyp gitdi.
Kimdir biri Gurbangulynyň sag gözüne şeýle agyr zat bilen juda gazaply uran ýaly boldy. Ol ters pyrlandy. Asman-zemin çöwrülip, Gurbangulynyň depesinden ahyrzaman inen ýaly boldy.
– A-ah, Bii-bi!...

* * *

Agyr awtobus jygyldap durdy. Gurbanguly damarlary bilen larsyldap agyrýan, edil janyny alyp barýan sag gözüni aýasy bilen tutdy. Bu ýowuz ýatlama, şol ýowuz agyryny ýene-de örüzdi.
– Şun-a oňardyň! – diýip, ministr onuň arkasyna kakdy. – Ýol juda uzak. Adamlar bir düşüp, aýaklaryny ýazsynlar. Aralarynda çilim çekýänleri bardyr.
Garaňky mazaly gatlyşypdy. Maşyn daglaryň arasyna ýagşy aralaşypdy. Indi barmaly ýerem uzakda däldi. Adamlar barmaly ýere tizräk baranlaryny gowy görýärdiler. Gurbanguly welin Garrygala diýilse, edil ýaga depjek ýaly bolup durdy. Häzir bolsa gözleriniň sorkuldysy ýüregine düşüp, awtobusdan düşüp, özüni çagylly ýere goýberip, bar-bar bagyryberesi gelýärdi.
– Äý, agam, agam! Ýalňyz iniň, garyp iniň ýürek beren gyzyna öýlenmäniňde, dünýäde gyz gytmy saňa?! Meni öň Hudaýyň urany azmy, seniňki näme?! Sen meni şeýle bela duçar etmek üçin bakyp-bejerdiňmi, şonuň üçin daşymda hozanak bolduňmy, jan agam?!.
Ol tä Garrygala çenli yzylaý-yzylaý gitdi. Çünki, bu ýol onuň mundan ýigrimi ýyl öň yzylaý-yzylaý gaýdan ýoludy.

10.

Garrygala myhmanlary güler ýüz bilen garşy aldy. Gurbangulynyň maşynyna münen adamlary Parhaý jülgesindäki myhmanhanada ýerleşdirdiler...
«Bu ýerler, asyl, şäher bolup giden oguşýan» diýip, Gurbanguly namaz okamak üçin daş çykanda çyradan ýaňa nura boýalyp ýatan binaçylyga garap oýlandy.
«Parhaý» diýseler, ýöne adyny eşidip oňaýýardyk. Asyl, gelip görme, suwundan içme-de bar eken-ow...»
Ol namazdan soň öz edähedine görä, külli adamzada, musurman bendelere iki dünýe abatlygyny diledi. Öwlüýäleri, ärleri, pirleri çagyrdy. Özüni ýençgiledi.
– Eý, Hudaý jan, menem öz sadyk bendäň bolsamam, çig süýt emen adamdyryn. Dilim gursun, dilim. Ýazygym bar bolsa bagyşlaweri. Agam, Bibi jan, günämi öteweriň. Meniň bilen deň bolmaweriň...
– Gurbanguly! – diýip, kimdir biri gygyrdy. – Awtobusy açaweri...
Ol ses berdi. Awtobusyň öň işigini açdy.
– Nahar-çaý edindiňmi?
– Kemim galmady. Aladaňyz üçin sag boluň...
Ministr awtobusyň ýokarsyndaky germewde goýlan goşuny aldy.
– Neme, Gurban, ikimiz üçin bir otag alaýdym. Hümürdeşer, bileje ýatarys. Garşy bolup durmarsyn-la?!
Gurbanguly göwünsizräk gürledi.
– Sag boluň welin, men maşyny garawullaýsam gowy boljak.
Gurbanguly gaçalak-sypalak etjek boldy.
Jaýyň işiginde kündük bilen elini ýuwup duran ýaşuly kündügini göterip, olaryň ýanyna geldi.
– Sen, ogul, ertir ýolagçysyň. Içeri girdejik, jaýlyja dynç al. Barjak, ýetjek ýeriňiz bäri-bärde däldir. Şonuň üçinem, maşyndan arkaýynja bol-da, diýileni edäý...
Gurbangula sypara ýer galmady. Ol ministriň yzyna düşmeli boldy. Ol iň çetki otagy alan eken. Ol otagdan awtobusam ine-gana görnüp durdy. Ullakan ýalawly çyra maşynlaryň dik depesinden ýagty saçyp durdy. Onsoň diňe bir maşyn däl, onuň içindäki oturgyçlaram mesaňady.
Ministr adamkärçilikli adam bolup çykdy.
– Görýän welin, Gurban, sen çekinjeň adama meňzeýäň. Häli nahar iýşiňi çem-çümräk gördüm. Gel, hany, bileje çörek iýeli...
Ol stoluň üstüni iýer-içer ýaly zatdan doldurdy.
– Ýola ugramaly bolsam aýalym biynjalyk boluberýär. «Barjak ýerim adamlaryň arasy-how, açlyk ýok ol ýerde...» diýsemem gulak asanok. «Çöregiň adama zyýany degmez, özüň iýmeseň ajygana berersiň, sogap bolar...» diýýär.
Ol beýle bir garry bolmasa-da, lowurdap duran jowur ak saçynyň tarlaryny ýüzüne döküp, saryýaga daglanyp, tamdyrlanyp bişirilen towugy bölüşdirýärdi. Soňam iň uly bölekleri Gurbangulynyň öňüne süýşürdi.
– Hany, al, bakaly. Ýürekse edineli...
Gurbanguly sypaýyçylyk bilen boýun gaçyrdy. Ýöne stoluň üstündäki nygmatlar näçe dokam bolsaň, boýun gaçyrtjak däldi.
– Ýaňy iýdim-ow, men, ýata garna özüňi beýle gyssamaly däl... Nygmat iliňkem bolsa, garyn özümki..
Ministr ýylgyrdy.
– Dogrymy aýtsam, halys aýalymyň eline öwrenişipdirin. Bir-ä keseki öýde ukymy alyp bilemok, birem iliň öýünde naharymy alyp bilemok.
Gurbanguly ýylgyrdy.
– Nämä ýylgyrdyň?
Gurbanguly degişermen boldy.
– Öň iki sany adam bar eken. Şolary goňşulary çörege çagyranmyşyn. Ol zaluwatlaram gaty gysyk diýýär. Barsalaram, gözüňe söweýin, ýagly çekdirme, dürli-dümen nygmat diýýär. «Alyň-da-alyň» boluşýarlar welin, hälki iki gysyk iýip bilenok diýýär.
– Näme iýeňok? – diýip, gelenleriň ýaşuluragy ýoldaşyndan soranmyşyn.
– Wah, ýap-ýaňy goňşularymyzdan gowuja iýip gaýdypdym – diýip, ahmyrly başyny ýaýkapdyr. Beýlekisi bolsa aglaýjak-aglaýjak bolup:
– Olar ýaly bolsa seniňki gowy-la, men öýden doýup gaýtdym – diýip, başyny gussa bilen ýaýkapdyr...
Ministr hezil edip güldi. Soň eliniň ýagyny süpürişdirip, ýene mürähet etdi.
– Hany, nesip edenden iýeli bakaly. Soň derdinişeris, ertire çenli başga bir aljak galamyz ýok. – Ol ýaýdanyp Gurbangulynyň ýüzüne garady. – Neme, Gurban, bir maslahat bar. – Ol az-kem sakyndy-da, niýetini aýtdy. – Nesip çekip Magtymguly işanyň iline geldik. Garrygala diýlen ýerem bir jennet diýen ýaly-da. Gel, şu ýerlerde saglyk üçin bir bäş gram konýak içeli! Ýol ýadawlygymyzy aýrar, hemem işdä açar...
Gurbanguly näme diýjegini bilmedi.
– Maslahat-da!
– Hany, onda alaly! – diýip, ministr içgi guýlan bulgury göterdi. Soň bulgury Gurbanguly bilen çakyşdyrdy-da, içip goýberdi. Gurbangulynyň welin beýtmäge gaýraty çatmady. Ol bulgury gapdalda goýdy.
– Hä, içmediň-le...
– Ýok, men şuny etmäýin, gardaş...
– Bor, bor, ýagdaýyňa gara.
Gurbangulynyň işdäsi nahara agzy degenden açyldy. Täzeje bişen tamdyr çöregem, elinje gutabam, gowrulan towugam, işdä açar ýaly gök-sögem onuň janyna melhem bolup ýaraýardy. Ol indi ençeme ýyldyr, beýle tagamly elin nahary iýibem görenokdy. Soň ol demini alyp duran çaýdan derçiräp içdi.
– Meniň özümem şu töwerekden! – diýip, ministr gepi aýlap başlady. – Aslymyz Hojagalaly. Gurbangeldi agsak diýip eşidýäňmi? Men şonuň körpe ogly. Biz on bir dogan. Şu ýaşymda görmedik günüm galan däldir. On ýyl şopur boldum. Ýedi ýyllap awtoparkyň direktory boldum. Baý, ýanalandyryn-a, dogry sözüm üçin. Ýöne ahyrsoňunda adalat diýen zat bar eken. Baryny ýeňdim. Öň meni ýananlar, «haramzada», «başbozar» diýip ýamanlap, aýagymdan arza ýazyp ýörenler indi «Gurbangeldiýew perişde!» diýip gazetlere-de ýazýar. Ediňem-etmäňem diýemok. Men öz işimi bilýän. Ruslaryň bir nakyly bar. «Bozuk gaýynene hiç haçan gelnine bitmez». Şeýle adamlara günüň galmasyn.
– Adyň nämedir? – diýip, Gurbanguly oňa duýdansyz sowal berdi.
– Hojaberdi.
Gurbanguly pikire batdy. Hojaberdi oýa batansoňam öz derdini çeýnäp başlady.

11.

Hojaberdi Gurbangulynyň gürrüňlerini şeýle uly täsir bilen diňleýärdi.
...Onsoň okuwymy gutardym. Okan döwrümde gaty gowy okadym. Döwlet ekzameni gidip durka: «Şu ýigit ýa uniwersitetde işe galsyn, ýa-da aspiranturada goýuň...» diýip, dört professor uniwersitetiň rektorynyň ýanyna bardy. Ol mahalam ähli zat öňünden çözülýärdi-dä...
– Aljagymyzy eýýäm alyp galdyk, ýöne aspirantura synanyşaly – diýipdir.
Şeýdibem meni aspirantura goýdular. Umumy ýaşaýyş jaýymy boşatdym. Bir uly tor doly kitabymdan başga zadym ýok. Bir çemodan eşigem onuň üstüne. Şol goş-golamym bilen köçede galdym. Nirä gideýin? Tanyş ýok, biliş ýok. Studentler kanikulda.
Goşlarymy jaýyň nobatçysynyň otagynda goýup, şähere jaý gözlegine çykdym. Baran ýerim «wah, ýok-da» bolup, lapym keç halda gelýän. Ýarmarkanyň deňine ýetdim-de, alaçsyzlykdan boýnumy sallap otyryn.
Gözüm gapdaldaky demir sallançakda oýa batyp oturan orta ýaşlaryndaky juda owadan aýala düşdi. Göwnüme bolmasa, şu aýal maňa hossar çykaýjak ýaly duýgy döredi. Men beýle bir batyram däl-le ýagdaý talap edendir-dä, göni gaşyna bardym.
– Salawmaleýkim!
Ol aýal tisginip gitdi.
– Näme diýdiň?!
– Salawmaleýkim!
– Waý, şeýlemi? – diýip, ol aýal ýylgyrdy. Bu ýylgyrmasyny görüp dünýäm ýaz ýaly boldy.
– Näme, birine meňzetdiňizmi? – diýip, ol aýal ýylgyryp sorady.
Men näme diýjegimi bilmedim. Öz ýagdaýymy aýtdym.
– Kireýine jaý berýän adam bilýän dälsiňiz? Men köçede galdym. Barara gapym ýok...
Ol aýalyň owadan ýüzi birneme gamaşdy.
– Kim aýtdy mende kwartira bar diýip?
Men ilki bir sakyndym. Soňam näme bolsa bolsun diýip, agzyma gelen sözi aýdyp goýberdim.
– Siz ýaly gowy adamda hökman jaý bolaýmaly. Jaýyňyz bolmanda-da siz kösenen bendä bir alaç edersiňiz. Sebäbi siziň ýüzüňizde üýtgeşik rehim bar!..
Ol aýal çynlakaý sypata girdi.
– Häzir men biriniň gelerine garaşýan. Şol gels-ä erte öýlän şu ýere gel. Gelmese-de özüm «ýöri» diýerin...
Men garaşdym. Bagtyma, onuň diýýäni gelmedi. Ol aýal gaharly hüňürdäp, meni yzyna salyp alyp gaýtdy.
Ol aýalyň adyny agzap durmaýyn. Ol aýal häzirem bar. Özem gaty uly adamyň aýaly. Adamsy ol komandirowkadan gelse, bu komandirowka gidýän eken. Giden howly ellerinde. Ol aýalyň iş-pişe bilen işi ýok. Ol işlemände-de, gazanany ýedi arkalaryna arkaýyn ýetjek. Özüniňem ýüzüne garasaň, eräp gitjek, adam...
Olary ýörite berkidilen dükanlary azyk, beýleki harytlar bilen üpjün edýän eken. Ýörite aşpez bolsa naharlaryny bişirip gidýän eken.
Ol aýal öňler student gyzlardan öýdeniçer saklapdyr. Olaryň naharyny, iýjek-içjegini öz üstüne alaýan eken. Käte sowalgajyk berýän eken.
– Gyzyň derdi köp. Gyzdan irdim. El bilen erkek gerek, özüň ýaly. Ine-de, otagyň. – Ol maňa uly jaýyň gapdalyndan pesräk edilip gurlan ykjamja, içbe-iç otagy görkezdi. – Haçan geldiň, haçan gitdiň diýmerin. Ýöne yzyňa tirkäp adam getirme. Urkaç-a ýigrenenim. Urkaçy gelmesin şu howla.
Otag ýaşamazça däldi. Pollyja, potoloklyja. Iki jaýynda-da diwan bar. Içki jaýyň töründe agaç krowat goýlupdyr. Daşky jaýda kiçeňräk tumboçkanyň üstünde telewizor dur.
Owadan palas gözüňi gyýaýyn diýýärdi. Täzeje holodilnik bolsa hyr-hyrlap işläp dur. Bu otag meniň göwnüme ýarady. Bular ýaly zady nirede görüpdirin! Eger şu otagy enem-atam peşgeş beren bolsa, onda tä ömrüň ahyryna çenli hezil edip ýaşap ýörmeli.
– Näçe tölemeli bolarkam? – Men ýüregimde saklap ýören bu gorkuly sowalymy daşyma nähili çykaranymam bilmändirin. Ol aýal güldi.
– Puldan bizar-eý. Pulumy almasaň, pul diýmerin. Gowuja bol-da, diýleni et-de ýaşaber.
«Asyl, bu dokuzy düzüw öýde näme etmelikäm? Ýa bularyň öýdeniçerisi bolup gezibermelimikäm?»
Meni was-wasy eýerläp mündi.
– Men şu howluda näme etmeli? – diýip, gelşiksizrägem bolsa galagoplygymy daşyma çykardym.
– Ýaşarsyň. – Ol aýal şeýle ýylgyrdy. – Başga näme edip bilýäň? Olaram görkezersiň. – Ol gözüni gelşiklije gypdy. – Men näme diýsem edersiň. Menden başga seniň towugyňa «tok» diýjek adam bolmaz.
Men ýene-de böwrümi diňledim. «Men indi obamdan-ilimden bizar bolup, uniwersiteti gyzyl diplom bilen gutaryp, öýde işlemän oturan bir baý aýalyň tur, otur, kersen getiri bolmaly boldummykam?».
– Bäh – diýip, ministr diňläp oturyşyna haýran galyp seslendi. – Her ýerde han aýal bar-ow. – Ol gyzykmak bilen gobsundy. – Onuň äri dagysy ýokmuka, beýdip, hansyrap ýörüp?
Gurbanguly «entek howlukma» diýen manyda aýasyny gerdi.
Ol aýal meniň haýalçyramamy halamady.
– Artybyň alyp baran işem ýokdur-la. Hany, suw görmän tamman çykaryberme. Eýýäm burnuňy çömmeldýäň...
Onda-da men ynjalyp bilemokdym. Sähel maý tapsam gidesim gelip durdum.
– Obşežitde goşlarym bar. Men şolary bir alyp geleýin...
Göwnüm ikä bölünip başlady. Bir göwnümä: «Bahanaň bar, goş-golamymy aljak» diý-de? wagtyň barka göter ökjäni. Bu ýer gorhana meňzeýär. Dek gezip ýören başyňy depirjek äre berme...» diýýärdi. Ýene bir göwnüm: « Ýaşaber! Şu ýaşyň, şu boýuň-syratyň bilen bir aýalyň ýumşuna ýaramasaň, sendenem ýigit bolarmy?» diýýärdi.
Ol aýal meniň alagury oýlarymyň nämäni nyşana alýandygyny aňdy öýdýän.
– Dur, häzir – diýdi-de, koridorda duran telefona ýapyşdy. Meni şagga der basdy. «Bir belanyň üstünden bardym-ow» diýip oýlandym. Ol aýal welin arkaýyn. Öz adyny, atasynyň adyny aýtdy-da, «Maşyn iberiň!» diýip, trubkany goýdy.
Ötse bäş minut ötendir-dä, haý diýmän lowurdap duran täzeje «Wolga» işikde saklandy.
– Ýöri, bile barar gaýdybereris.
Men näçe kyn görsem-de, garşylygymy daşyma çykaryp bilmedim.
Garyp ýigidiň nirede gören zady. Içimden hem begenýän, hemem «Munuň ahyry nirä baryp ýeterkä?» diýip gaýgy edýän.
Goşlary getirdik. Ol aýal pasportymy elimden alyp, şol şofýora berip goýberdi.
– Biziň jaýymyza ýazsynlar...
Eý, Hudaý jan-eý, men nirelere düşüp ýörün?! Ýa öz aýajygym bilen nagtja gurlan duzaga düşüp ýörün, ýa-da Hudaý meni ýalkady...
Bu aýal meni tananok, bilenok. Şonda-da öýüne getirip, jaýyna ýazyp ýör.
Men ol otagyň çyrasyny ýakmaga-da ragbat tapmadym. Diwanyň üstüne çökenimem şol, irkilenimi duýman galypdyryn. Birhaýukdan meni kimdir biri sypalaşdyrýar. Tisginip turdum. Görsem şol aýal.
– Ýöri, užin edineli.
Onuň «užin» diýmesi nämekä? Men onuň yzyna düşüp, jaýlaryna girdim. Eý-ho-oý, bu bir otag däl-de, muzeý-le. Türkmen halylarynyň, dürli parçalaryň, şaý-sepleriň muzeýi!..
– Baryber, kuhnýa.
Men aşhana girdim. Dogrusy, ol otagy häzir suratlandyrybam biljek däl. Ol şalaryň köşgüniň bir parçasydy. Otagyň gyralary köşgi-eýwanlaryň içi ýaly haşamlanyp, haşamlar hem zerlenilipdir. Tyllaýy jäheklerden aşak ponbarht ýaly, ýa-da puluň kagyzyndan hem owadan matamy, ýa başga bir materialmy çekilipdir.
«Stenka» diýilýän owadan şkaflarda bolsa näzikden ýakymly çüýşe gaplar buldurjyraşyp dur. Beýleki şkafda dürli-dümen çüýşeler içindäki suwuklygyň reňkine görä öwşün atyp dur.
Giň, ýaýbaň stoluň üsti nazy-nygmatdan doly.
– Toty eje, spasibo! – diýip, ol aýal hysyrdanyp ýören zenana kagyza dolangy bir zady berdi-de: – Sen gaýdyber! – diýdi.
Toty eje diýýänleri meniň ýüzüme bir täsin seretdi-de, «näme diýýäň?» diýen terzde hojaýyn aýalyň ýüzüne garady.
– Gap-gaçlary ertir ýuwarsyň, gaýdyber...
– Bolýar, bolýar...
– Ol aýal meniň öňüme tarelka süýşürdi. Onuň üstüne öz eli bilen gowurma, balyk, gök önümler goýuşdyrdy.
– Men ilkinji sapar bolany üçin hyzmat edýän. Erkek, onda-da seniň ýaly ýigitler žentelmen bolmaly. Aýallara hyzmat etmeli. Ol şkafdan bir çüýşe arak aldy.
– Seniň täze kwartiraňy ýuwmasak bolmaz...
Ol wagt meniňem az-owlak içäýmäm bardy. Şonuň üçin sesimi çykarmadym. Onuň guýan aragyny içip goýberdim.
Dogrusy, şol arak janyma noş bolup, gözüm ýerine gelen ýaly bolaýdym. Derim giňäp, süňňüme şagga der geldi, işdäm açyldy.
Ol aýal ýene-de guýdy. Bu sapar özüne azrak, maňa köpräk guýdy.
– Hany, bir zat diý.
Meniň keýpim kökelip, ruhum göterilipdi. Häzir bir gowy söz aýdyp, bu aýala özümiň kimdigimi bildiresim geldi. Ýöne, içigara, hiç joşup bilmedim.
– Siziň saglygyňyza! – diýdim. Siz meniň bagtyma Hydyr ata bolup ýetişdiňiz – diýdim. – Siziň ýaly, garyby ýalkaýan mähriban adamlar köp boslun diýdim. Maňa eden ýagşylygyňyzy Hudaý size müň edip gaýtarsyn! – diýdim-de, çakyşdyryp içip goýberdim.
Çaýy özüm demledim. Ol bir kyn zadam dälä-le. Çaýdan soň ol meni zal diýilýän jaýlaryna çagyrdy. Ol wagtlar barmyşyn diýseler-de, göz önüne getirip bolmajak reňkli telewizorda haýsydyr bir kino gidip durdy.
Birsalymdan soň ol aýalyň özem geldi. Eý, Hudaý, ol şeýle bir täsin halat geýipdir welin, eşikli diýseň eşikli däl, ýalanaç diýsenem ýalanaç däl.
Meniň bolsa meýdana-da, öýe-de geýýän şol bir horoşaja eşigim. Ol gelip gapdalymdaky aýmança bolup duran äpet kresloda, tä egnine çenli çümüp oturdy.
– Telewizorda başga gowy zat ýokmy?
Men sesimi çykarmasam-da, beýliki programma geçirmek üçin gobsundym.
– Oturyber, nämä biynjalyk bolýaň, arkaýyn otur! – diýip, ol eliniň tersi bilen gapdaldaky eliň aýasy ýalyjak tagtanyň ýüzüne ýelmenen düwmäni basdy welin, telewizoryň ekrany ýylp edip başga programmany tutup dur.
– Kofe içermiň?
Men näme diýjegimi bilmedim. Ol aýalyň özi turup, birsalymdan kiçijik mejimäniň üstünde goýup iki çaşka kofe hem-de kiçijik rýumkalara guýlan konýagy alyp geldi.
Men näme diýjegimi bilmedim. Howsaladan, utançdan ýere girip barýan ýaly duýgy meni günüme goýmaýardy. Dogrymy aýtsam, utanyp, tas gül ýaly halynyň üstüne kofämi eňteripdim. Ýene Hudaý sowaýdy.
Konýagam, kofänem içdim. Telewizorda bolsa bir ýigit bilen bir gyz pynhan iş bilen biri-biriniň içine giräýjek bolýardy. Seretmäge utandym. Onda-da aýal maşgalanyň ýanynda. Baryp telewizory öçüräýesim geldi.
Ol aýal hem meniň ýagdaýyma düşündi öýdýän. Hälki tagtajygyň bir düwmesine basdy welin, ekrandakylar sumat bolaýdylar. Ol turup çyrany ýakdy.
– Adyň näme?
– Gurbanguly!
– Gurban eken-dä – Ol gözüni-gaşyny çytdy. – Indi, Gurban, aýt, meniň artykmaç otagymyň bardygyny saňa kim aýtdy?
– Men gorsanjyradym.
– Hiç nim aýdanok!
– Ýok, erkek bol! Çekinme, kimiň aýdanyny aýt, sen aýtdy diýsem atamyň siýdigi bolmaýyn. Şol kimem bolsa men şonun bajysyny s... Sen pikir etme, Anýa hakyny giderýänlerdendir öýdüp. Ýok, sen men barada näme eşidenem bolsaň çyndyr. Ýöne men hakymy giderýänlerden däldirin. Men niräme gowşagam bolsam, şoňa bekdirin. Özüňem bilip goý, «boka batdyňmy, boýun bilendir...» Maňa sypjyklyk edip, sypajaňlyk edip, ýüzüne ak ýaglyk degen ýokdur. Şu öýde, şu howluda näme görseň, näme eşitseň, demiň içinde bolsun!..
Ol çilim otlandy.
– Düşnüklimi?
– Düşnükli!
– Düşnükli bolsa, jogap ber ýaňky soraga!
Gurbanguly bu aýalyň aýdanlaryna ynandy. Bu aýalyň hakyny gidermejekdigine-de, onuň her ýoldan gelip bilýän şermende bolup çykjakdygyna-da ynandy. Şonuň üçin-de, öz ýagdaýyny birin-birin aýtdy. Şu gün nirelere barandygyna çenli gürrüň berdi.
Anýa oňa ýa ynandy, ýa-da ynanmady. Ony bir Allanyň özi bilýär.
Ol Gurbangula has dözümli darady.
– Hany, indi özüň barada gürrüň ber!
Gurbanguly ministriň ýüzüne garady. Ol bu täsin gürrüňe gyzygyp oturan bolara çemeli. Käwagt «he, beh» diýip, çaý içip otyrdy. Dogry, Gurbanguly ol aýalyň özüni dalaýşyny gürrüň bermedi. Diňe şondan son bolan ýagdaýy aýtdy.
– Hany, özüň barada gürrüň ber! – diýdi.
Menem näme diýeýin?!
– Özüm-ä Garrygaladan – diýdim. – Hiç kimim ýok – diýdim.
– Näme, detdomskimi? – diýip, Anýa bu sözleriň astynda bir syr bar ýaly görüp çintgäp-çintgäp soraýardy.
– Ýok, bir garyndaşymyň öýünde (dogrusy, indi köp wagt bäri agamy ýok hasap edýärdim. Onuň adyny dilime-de alasym gelenokdy) boldum. Olam meni okuwa ibermejek boldy.
– Näme üçin?
– Ol dagda çopandy. Ýanyma çoluk bolarsyň diýdi. «Okuwa giden azýar. Maňa azgyn garyndaş gerek däl» diýdi. Soňam bir gözi bitaýrak gyzy bardy. Agamyň öz gözem bitaý. Şol gyzynam maňa berermen bolup başdady. Menem mekdebi gutardym-da, gaçyp Aşgabada gaýtdym.
Anýa ynanmaýan bolara çemeli.
– Garrygalada garyndaşyň ýok-da onda. Men milisiýa sorag bilen ýüz tutsam, seniň garyndaşyň ýok diýip jogap bererlermi?
– Hawa-la. Dogrusyny aýtsam, men gaty gorkdum. Ilki ýalan sözlanimde bu aýala: «Ýok, munuň garyndaşy-ha däl, süýtdeş agasam bar» diýjeg-ä bolmaz diýip ýalan sözledim. Emma bu aýalyň elinden her ýolun geljekdigi ýadyma düşensoň gorkdum. Ýöne ol aýal gürrüňi beýlesine öwräýdi.
– Tanyşsyz girdiňmi okuwa?
– Wah, mana geregem şolar ýady sowal-da. Hiç hili şaýat gerek däl.
– Hawa!
– Onsoň?
– Onsoň, küýüm-küçäm okuw boldy. «Gowy okady taňryýalkasyn» diýibem meni aspirantura goýdular. Düýn prorektoryň ýanyna barsam, sentýabra çenli garaş diýýär. Komendantam: «Ýaşaýan otagyny boşat, jaýlary remont etdirjek» diýdi. Nätjegimi bilmänem kwartira gözlegine çykdym. Hudaýam mana dözmän, size duşuran bolmaly-da...
– Oba gitmediňmi?
– Ýok.
– Näme üçin?
– Agam «Şol gyzyny pylan etdigim geläýse bolýar. Gözüni akdyryp öýererin» diýip gyzyny saklap otyrmyşyn. Alasym gelenok...
Anýa owadan ýylgyrdy.
– Söýgüliň barmy?
– Ýok.
Ol ýene-de ýylgyrdy.
– Şunuň ýalyjak owadan oglany sypdyryp, näme gyzlaryň gözi gapykmyka?!
– Menem ýylgyrdym.
– Özüňiz kim bolmaly? Ýöne men gürläp otyryn...
Anýa gülküsini ýylgyryşa, soňam çynlakaý görnüşe geçirýänçä barmaklarynda lowurdap duran ýüzüklerini sypalaşdyrdy. Soň ol meniň gözlerimiň garajygyna garady.
– Aý, menem mendiriň-dä. Ýuwaş-ýuwaş tanar ýörersiň-dä.
Soňra ol sesini çykarmady. Meni uky basmarlap başlady. Men turup, ýatmaga öz jaýyma gidibermäge-de çekindim. Oturmak ondanam hupbatly göründi.
– Men-ä ýerime baraýjak, onda. Men göwünsiz, ýuwaşja aýtdym. Ýumşuňyz bolsa-da çekinmän aýdyberiň...
Ol aýal dyrnaklaryna çalan syrçasyny goparyp oturyşyna gabagynam galdyrman sözledi.
– Bor-la, dökülip ýatan ýumşumam ýok-la. Ýatyber. Ýöne işigi gurma.
Men hiç zada üns bermän daş çykdym. Howlynyň içi gül ýaly arassady. Howa şu gün aýratyn petiş bolan ýalydy. Howly welin häzir jennetdi. Ol otagyň penjireleri açyk bolansoň, içerem edil çynaryň asty ýaly salkyndy.
Men otagyma girip, orta düşek ýazdym. Üstüme zat almanam ýassyga başymy goýdum...
Категория: Romanlar | Просмотров: 43 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: