23:10
Tebil / goşgular
■ TEBIL

Sensiz başga zatlar biderek käte,
Başly-barat  duýgulara jogap ýok.
Düşünemok başly-barat dünýäde,
Başa telpek, aýaklara jorap ýok.

Seni saňa ýetirmezler, käteler,
Nusgasy sowulan erik güllände.
Eýsem, bu gün aýralygyň gädigi,
Bizi ýene aýra salyp bilmändir.

Söýen günlem, meniňkidir, ezizim,
O günleri paýlaşmaryn, dünýede.
Seni küýsäp, aglap ýörün henizem,
Kalbym içre diwanadyr, düňledir.

■ SEN UKA GIDEŇDE...

Sen uka gideňde, älemiň üýni,
Ümsümligiň saýasynda bukuldy.
Sen uka gideňde baglaň hasraty,
Gyraw bolup, symgylt sähra döküldi.

Sen uka gideňde,
Yşgyň ýelleri,
Öwrüldi ullakan, giň sallançaga.
Sen uka gideňde  zemin ýelleri
Şahada garaşdy, kän sallanjyrap...

Sen uka gideňde, syrlar azaldy,
Derýa reňk gözleriň hanalarynda.
Seň uka giderňe garaşýan eken,
Meniň gussalarym täzelendiler.

Sen uka gideňde,
Süýji sözleriň dodakda “özlerin ýitiriberdi.”
Sen uka gideňde, ýylgyryşlaryň
Ýaňagyňa  “çöküp oturyberdi”.

Sen uka gideňde...
Dymdy ýüregim,
Asudalyk hopukdyrdy bir pursat.
Sen uka gideňde,
Ýalňyz diregim,
Bakylyga garşy ýöneldi gursak...

■ BU GIJELER

       Bu gijeler ýarsyz galdy,
       Çyragsyz, dogasyz galdy,
       Neçün ýar meni ynjytdy?
       Onuñ köñli arsyz galdy.

        Sökdüm nagyşly çölüni
        Ataşa ýakyp, tenini,
        Sähraň sahraýy gelini ,
        Dünýede kararsyz galdy.

       Garaş  diýdim, seslerime.
       Aýyň erän     kesmegine,
       Suwly ýabuñ  kenarynda,
       Gijäniñ    kereşmesine.

        Bu gijeler ýarsyz galdy,
        Çyragsyz, kararsyz galdy.
        Neçün ýar meni ynjytdy?
        Oň köňli aramsyz galdy...

■ SÖÝGI BILEN

Söygi bilen girip bolýar behişde,
Topraga, ahwala, yşk derýasyna.
Söýgi bilen girip bolýan zatlary,
Aýdaýyn, söýgülim, sen sorasana.

Belki,onuň  bilen girip bolýandyr,
Aşyklaryň  gursagyna bakylyk.
Onuň bilen girseň, kitap gatyna,
Söýgiň bolsa, alarsyň  sen çakylyk.

Söygi bilen siňip bolýar ýaşlyga,
Ol asyrdan-asyrlara sygýandyr.
Söygi bir gün sümüp girse, daşlara,
Ýene bir gün daş astyndan çogýandyr.

Söygi bilen wagtyň  gözünde galyp,
Ýyllaň  depesinde täç boluň,ýeňiň!
Söýgi bilen bir-biregiň ýüregne,
Kalbyna, sesine, gözlerne siňiň.

■ SAZLAŞYK

Gel, otur gaşymda, mähriban dostum,
Akarlara seň  adyňy dakdym, men.
Göwnüm gül dakyp ýör  baýyrlarmyza,
Seni ýatlap, şo-ol düzlüge çykdym men.

Sen meni öpmediň, kalbymy öpdüň,
Sen meni tapmadyň, ruhumy tapdyň.
Şon üçinem durmuşyň öz içinden,
Maňa  şo-ol ýaşlygym bolduň-da bakdyň.

Şo-ol ýaşlygym, owadanja ýaşlygym,
Meni syrly yşkynda kän enteden.
Sataşaryn öýtmändirin söýgüme,
Söýgi  däldir öýdüpdirin entegem.

■ MEN BAHARYŇ TARY

Önürtdi ýazlaryň jadyly yagşy,
Söýgi owuz süýdi kimin bişipdir.
Sülgün jüyjeleri ýaly her ýana,
Çigildemler pytyrapdyr, süýşüpdir.

Gelin kömelegi, öwreniş maňa,
Men baharyň tary, adym hem bahar.
Ho-ol depäniň gujagynda gyşlaýan,
Gar gülün oýardym, sypalap, ogşap.

Ümür nikabyny serper yzyna,
Guşlar ýat ülkeden dolanyp geler.
Barybir sahrany söýen gyzyňa,
Seniň  aydymlaryň owazy siňer.

Çemin  tapsa,keýik  jyklar bir kertden,
Ony öwrenişdirmek gara görgüdir.
Goşgularym  bahar  gelse, durnalaň,
Gaýdyp geljek ýollaryna çelgidir.

■ GÖZLEG

Men yşkdan gunçalan owadan meýdan,
Ýaňyltmaja meňzeş giden ömür-sal.
Bu sowuk ýyllarda hyýalny öýdan,
Yönekeý  ykbal, owadan ykbal.

Men bir gök üstünde oturan turaç,
Şaglawuklaň  emri bilen dem alýan.
Şygyr aýnasyna daş dek pytyrap,
Soň  özümi, öz-özümi gözleýän.

■ GÖZELLIGIŇ YŞKYNDA                                          

Açyň  ýürekdäki täsin syrlary,
Size bagt paýlar söýgiň  adyndan.
Tapyp, iň  mahriban, süýji sözleri,
Gözellik hakynda sözläň, adamlar!

Gözellige aşyk göwnüm bar meniň,
Göwnüm diňe onuň guran köşgünde.
Gözlerimde söýüp bilýän güýjüm bar,
Şoň üçin men gözelligiň yşgynda.

Ýyldyzly gijeleň  nurun ýassanyp,
Gyşlaryň  ýyldyzly garyn ýassanyp,
Gözelligiň  ykbaly bar ömürde,
Tasin ahwallara sary gyssanyp.

Bossanlar jorasy güller nikapmy?
Meň aşygym nazarymy okapmy?
Gözi nemli şatlyk alar çeşmimden,
Ýüregimden şatlyk alar tukatly.

Gözellikden dem alyp dur ýaşaýyş,
Bilýärin men, gözellikden ýadalmaz.
Şoň  üçin men gözelligiň  yşgynda,
Gözellik hakynda sözlaň  adamlar.

■ GÜLLER DÜNÝÄSI

Yöräp barýan, nazar salýan edaly,
Seyilgahiň  gülli, gunçaly agzy.
Gül-gunçalar bir-birine näz edýär,
Has süýjeýär guşlaň, säherki labzy.

Bir günüň  içinde howa üýtgeýär,
Bir günde aylanýar, asmanyň  başy.
Asman seyilgähe meňzeýär häzir,
Bu ýagdaýlar  baharlaryň  gözbaşy.

Ylgap barýar daňyň  säher şemaly,
Eteginden gül dökülýär  zemine.
Bu güller deňziniň  ýokdur kenary,
Çüwdürimler  meňzeş, güýçli zehine.

Bu owadan guşlar Arşdan geldimi?
Gör-ä  juda nazik gülleň  baldagy.
Unudýaň sen,galamdygyň, güldügiň,
Elleriňde  saklap, ýazýan zadyňy.

Ylham çogýar,
Asman zemine gonýar.
Zemin başyn goýýar, Arşy-aglaýa.
Gül bolup göterlip, arzuw-hyýalym,
Ýukajyk öýme deý, gökde galgaýar.

Gül ýagdyr  tebigat asmandan ýere,
Bahar geleninde gyzyl çog bolup,
Güller Arşyň  aşyklara sowgady,
Gül geler asmandan gysga çag bolup.

■ GÖRSENE

Görsene,
Ýyldyzlar öçüp gidipdir.
Aý agyllap, alyslardan jyklaýar.
Penjiraň  öňüne seçip gidipdir,
Keşde ýaly ýyldyz hünji akja gar.

Daň agarýar,
İki aşyk kalbynda,
İki yürek urgusynda bir saz bar.
Eşitmedim, yşk hakda şeýle jümläni:
“Yşk uransoň, munda özün dürsän bar”.

Ukusyz gijeler geçip gidipdir,
Gujagynda söýülip hem söýdirip.
Daňyň  ýyldyzlary öçüp gidipdir,
Aýam “çyralarny” barýar, “söndürip”.

Her kişiniň öz gitmeli yoly bar,
Her adamyň öz taby, öz päli bar.
Wepaly, ygrarly, geçegçi pursat,
Bilmersiň çyn dünýäň ne hyýaly bar.

■ TEBIGAT

Baglar başyn egip,arasyn açar,
Selçeňleşer gülleň gülgün başlary.
Şemal geň-taň hallar bolup öwüser,
Darap, çözüp bulutlaryň  saçlaryn.

Güýzüň  atyr ysly merdiwanyndan,
Ýaprak gaçyp, raks oýnar-da,pyrlanar.
Güýzüň  asmanynda, ýel-dumanynda,
Setir düzüp, geçip gider durnalar.

Sary keteni deý, zolakly pelde,
Tüweleýler görkezer öz boýlaryn.
Agaçlar bar sahawatyn eçilip,
Ýapraklar  ýaplaryň  “ýalar” gaýmagyn.

Asyl-asyl bolup, gögün  yüzüni,
Apbasy deý  bezär ala bulutlar.
Yaşlap yaşyl donly gögüň  gözüni,
Bakylyga siňip barýar, umytlar.

Tebigatym meniň  asyl düşegim,
Seniň  birje pyntygyň  men, dänäň  men.
Perzendi men garabagyr enemiň,
Eziz obam, seniň naçar läläň men.

■ SARGYT

Uzyn-uzyn ak ýodalar
Menden gider, maňa geler.
Ak kagyzdan gämi edip,
Meniň  ýüregim epleme.

Her agşamyň  yşygynda,
Kebelekläp gaçan gary,
Sen şu günleň  işiginde
Goý  ömürlik  ýadygarlik.

Her göwünde bir tar bardyr,
Eglenip siňe seretseň.
...İndi  ýazda ösen ýeller,
Diňe men taýa öwüssün.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: