22:38
Hyýal
HYÝAL

Ümsümlige duçar bolan gijeleň,
Synlaýan syrlaryn paş edýän Aýy.
Geçen günlerdäki ýyly pursatlar,
Geljek günlerime badalga ýaly.

Çyg çeken diwarlaň sowuk tenine,
Arka berip arkalaşan çaglarym.
Gözlerňe i:lerden uzakda galdy,
Saýasynda gülüp oýnan baglarym.
                    
Gözlerni Zemine gyrpýan ýyldyzlaň,
Astynda duşuşýar aşyk göwünler.
Güneş bilen Aýyň pynhan söýgüsin,
Synlap geçip barýar ençe ömürler.

Alyslara ugran ýatlamalaryň,
Kerwenine ýükläp ähli hyýaly.
Geçen günlerdäki ýyly pursatlar,
Geljek günlerime badalga ýaly.

Isa HOJAMERDANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Isa Hojamerdanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: