22:35
Zyýarat / roman
1.

– Allow äkber! Allow äkber! Allow äkber!
Ertir namazynyň belent owazy dymyk içeriniň ruhuna çaýylyp, soňam açyk penjireden böwsülip, daşary yňdarylyp gitdi. Gurbanguly ýüzüni kybla tutup, gözlerini ýumup durşuna, köňlüni böwsüp süňňüniň tarlaryna degip gaýdan üýtgeşik owaza şeýle bir ähmiýet hem bermeýän ýalydy. Ýöne ol häzir, hut, şu pursatda şeýle täsin owaza gark bolup, üýtgeşik duýgulary başdan geçirýärdi...
Häzir onuň dili namazyň doga sözlerini pynhanlyk bilen gaýtalaýardy. Emma ýumuk gözleriniň öňün-de bolsa üýtgeşik älem lowurdap, ak nura çümüp açylyp başlaýardy.
Ol könlüniň gözi bilen ak mapraç, gözlerinden mähir bulaklary gaýnap duran eziz keşbi gujaklap, köňlüniň dili bilen «Eje jan!» diýip, pynhandan-pynhan pyşyrdaýardy. Şeýdibem öz bu didara zarlykdan zerzaw bolan duýgularyna ony melhem edip ýapýardy. Soňra sakgalyndan ýaňy ak girip ugran nurana kirş onuň dideleriniň roýuna dolýardy. «Däde, däde jan!»...
Soň, bir wagt, ol heniz dünýä inmänkä doglup. ejesi aýtmyşlaýyn, jennetiň guşuna öwrülip, bu dünýäden göçüp giden doganjyklaryny, beýleki dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny, olaryň tanyş-u-nätanyş didaryny duýgularynyň düdesiniň güzerinden geçirýärdi.Ýok, ol diňe olary däl, pygamberleriň, älem öwlüýäleriň özüne ýagşylyk eden, ýamanlyk edenleriň hem ählisiniň didaryny görüp galýardy.
«Hudaýa şükür, şularyň öňünde jinnek ýalyjagam Günäm ýokdur!» diýen pynhan buýsanç onuň az-kem sowaşan ganyna ýylyja akym guýýardy. Birdenem onuň tutuş bedeni titräp, «Günä etmekden Hudaýyň özi saklasyn!» diýip, gorkunç owaz gursagyna dolýardy. Indi ediläýmegi mümkin günä üçin gorkynyň yzasy ony şirin duýgularyň süýji girdabyndan alyp Çykdy. Ol ýene-de özüniň ýaşas ýörenine, heniz ol didarlaryň arasyna goşulmandygyna, hut häzirem özüniň horaşaja otagynda namazlygyň üstünde duranyny duýup galýardy.
Ol ertir namazynyň özüne peşgeş berýän şu süýjüligini dünýä malyna çalşyp biljek däldi. Bu pursat onuň üçin namaz okamak däldi. Ol didar bilen didaryň, geçmiş bilen şu günüň, ölüm bilen Diriligiň duşuşygydy. Ol beýle pursaty ýitirmezlik üçin janyny bermäge taýýardy.
Häzir onuň kalbyny başga oýlar gaplap alypdy. Çünki, ýap-ýaňy ejesiniň didarynda nähilidir bir Ynjalyksyzlyk alamatyny duýan ýaly bolupdy. Onuň küýi-köçesi şondady. «Ýa men bir bendäniň göwnüne degäýdimmikäm?» Bu ynjyly oý onuň ýüreginiň başyny daglap gitdi.
Düýnki iş-aladalary, aýdan-goýan gepleri, görüp eşidenleri ýyldyrym çaltlygynda hakydasyndan geçdi. Täzeje awtobusy bilen Aşgabat – Tejen aralygyna gidip geldi diýmese, onuň düýn bir artykmaç eden-goýany ýokdy. Ýolagçylaryň ählijesine bilet satdy. Ynjydyp, käýindiren adamsy bolmady.
– Ýene ýüz elli prosentmi?! – diýip, kassir gyzyň dolanyp gelenden soň düşen pullary tabşyrandaky kineli ýylgyryşyn-a ol hasaba-da alanokdy. Çünki, ol gyzyň ýylgyryşynda: «Wah, nebsini bilmez, ýüz on prosentini tabşyryp, galanyny öz jübiňe uraňda-da bolýar-a. Näme, ýeke özüň sütün borun öýdýäňmi?» diýen kinaýa bardy. Ýöne Gurbanguly üçin ol gyzyň hem, beýlekileriň hem şeýle kinaýasy gara şaýa deňdi. Ol indi telim ýyl bäri beýle-beýle kakdyrmalara, kinaýalara öwrenişerçe bolupdy. Şonuň üçin olara jogabam berjek bolup duranokdy.
Birden onuň ýüregi jigläp gitdi. Duşakdan geçilende, duralgada eli çagaly aýalyň närazy, tamakin keşbi, awtobusa owsunyşy göz önünde täzeden janlandy. Ol zenanyň köýneginden ýapyşyp duranja gyzjagaz çaga begenji bilen: «Saklan, ejem münjek diýýär!» diýen manyda elini bulan bolaýmasyn?!
Altmyş-ýetmiş ädim geçenden soň awtobusy saklany, yzdan biriniň «Gidiberiň, ol başga awtobusa garaşýar» diýeni indi onuň ýadyna düşdi.
«Hudaýa şükür!» Onuň bütin süňni erkinlige çykan bürgüdiňki ýaly ýeňläp gitdi.
«Hudaýa şükür, ýene bir gün-ä günä gazanman geçirdim»...
Işik kakyldy. Gurbanguly indi namazyny aýaklap barýardy. Ol namazlygyň üstünde iki dyzyna daýanyp oturdy. Allatagaladan kerem isläp, onuň adyna mynajat aýdyp başlady. O dünýäde kerem edilip, ýalkanmaly, günäsi ötülmeli ynsanlaryň adyny sanap başlady.
– Eý, beýik eýäm, adyňa döneýin, gurbanyň gideýin, Muhammet pygamber, üç ýüz altmyş öwlüýä, seniň bakylygyňa garylyp giden Adam atanyň, How enäniň, üç ýüz altmyş müň öwlüýäniň, ýetmiş arkamyň, öten-geçen ähli bendäniň, şolaryň içinde käbäm enemiň, kyblam atamyň, doganlarymyň, tanyş-bilişlerimiň, tanyş dälleriň, Şyblan janyň, Molladurdy äriň, Garry mollanyň, Magtymguly inşanyň o dünýäsini abat et, jaýyny jennet et...
Işik ýene-de kakyldy, sonam jygyldap açyldy.
Gurbanguly giren adamy tanady. Jygalybegiň biwagt çagy aldyrany bar ýaly bolup girmesine birhili bolup gitdi. Düne düzüw bolsa, bu adamyň öýüňe gelip hal-ahwal sorama-ha däl, ýaşkiçi halyna beren salamyňam gyýagrak alýanlardandygyna ol beletdi.
Jygalybeg Gurbangulynyň namazlygyň üstünde arkaýyn oturyşyny görüp, göçgünli gygyrdy.
– Wäh, munuň bolup oturyşyny! Tur-ow, bu wagt seniň ýadyňa namaz düşýär, tur! Pažar turdy, pažar! Taşla namazyňy, saňa diýilýär...
Gurbanguly özünden ep-esli kiçi ýigidiň azymyna, depesinden garap gyssap durşuna känbir gulak asybam barmasa-da, daňyň ümüş-tamşynda öýüne gelen adamy mähetdel edip durmagy uslyp bilmedi. Ol namazlygyny düýrüp, ýygnap dula söýedi. Ýerinden turup, Jygalybeg bilen ine-gana görüşdi.
– Gurgunmysyň, geleweri?!.
Jygalybeg kerweni ötüp-geçip barýan ýaly gürledi.
– Pažar diýdim-ä, pažar, geçere wagt ýok...
Gurbanguly onuň mus-musyndan hiç zada düşünmedi.
– Näme ýumuş (onuň habar diýmäge nämüçindir dili barmady) bolsa aýdyberiň!
Jygalybegiň deminden içginiň köýük ysy onuň ýüzüne urup gitdi. Ol gepledigiçe şol myrtar ys içerä ýaýrap başlady.
– Eýrana gitmeli. Ýany şef jaň etdi.
Gurbanguly geň galdy.
– O nämäniň Eýrany? Kim gitmeli? Näme üçin?..
Jygalybeg içindäki köýük, myrtar ysyň baryny birden daşyna çykaraýjak bolýan ýaly «öw-wuf» etdi-de, başyny eledi.
– Sen Eýrana gitmeli däl. Sen awtobusyňda Eýrana gidýänleri äkitmeli.
Gurbanguly henizem çaşynyň gözüne sereden ýaly bolup durdy.
– Eýrana! Eýrana näme üçin gidilýärkä?
Jygalybeg gözlerini gyrpyldadyp, «Seniň ýaly gepe düşmez mahluk ýokdur» diýýän ýaly, başyny öňküden hem beter eledi.
– Jan dogan, Eýrana näme üçin gidiler?! Magtymgulynyň mazary-na. Düşündiňmi? – Ol indi başgarak hörpden tutup başlady. – Indi ulili azara goýup, topar tutuşyp mazar görmäge gitjekler. Bir topar işsiz, sluşaý. Özler-ä bezdelnik, bizem günümize goýanoklar.
Gurbangulynyň köňül dünýäsi ýagtylyp gitdi.
Adamlar Magtymguly işanyň guburyna zyýarata gidýän bolsa, diýmek, şindi ynsaply bende tükenmändir...
Jygalybege häzir pelsepe derkar däldi. Ol gä- züni-gaşyny çytdy.
– Mazaryň mazardan näme tapawudy bar? Mazar görjek bolsaň Türkmenistanda-da gyt däl-le... O ýatanam özümiz ýalydyr-da. – Ol ýaňky sözüni jemlejegem bolmady-da, başga sözleri suňşurdy. – Ýeke ýaşaýarmyň?
Gurbangulynyň ýüzüne zagpyran sepilen ýaly boldy. Jygalybegi soňky sözi onuň gulagyna-da ilmedi.
– Goýaweri, Magtymgulyny özümize bir deňeme.
– O näme üçin?
– Ol pygamber ahyryn... – Ol şol gorkuly äheňi bilenem pyşyrdady. – Maňa näme diýseň diý, ýöne oňa dil ýetirme!..
Jygalybeg ýene-de ýüzüni çytdy.
– Senem bir keçjäň bir-äý. How, ölenine eýýäm ýüz elli ýyl bolan adamyň mazaryna çokundyň näme, çokunmadyň näme?! Onuň Magtymgula heý, jinnek ýaly peýdasy barmy? Ýa kitabyny çykaran bolýarlar, adyny köçä dakan bolýarlar, şolaryň şoňa peýdasy barmy?
Gurbangulynyň ýüzi lap-lap gyzdy. Onuň säher bilen beriljek şeýle keçje sowala nagt jogaby ýokdy, bolubam biljek däldi, çünki, türkmen bolup beýle sowal berler öýdüp ýatsa-tursa oýuna-da getirenokdy. Ýöne bu sowaly jogapsyz hem galdyrasy gelmedi. Onuň sesi öňküdenem ýumşak çykdy.
– Bize peýdasy bar. Heýem onuň peýdasy bolmazmy? Magtymguly ýaly pygamberiň gubruna zyýarat edip, etegiňdäki daşyňy döküp, ýüregiňdäki kiriňi ýuwup bolýan bolsa, oňa ýetesem bir zat bolarmy?!
Jygalybeg onuň sözüniň yzyny aýtdyrmady.
Bolýar-how, bes edäý akyl satmaňy. Maşynyňy taýýarlap, sagat üçde Ýokary Sowetiň işigine bar – Ol ýaýdandy. – Ýeke özüň ýaşaýarmyň?
– Hawa.
Onuň ýüzi açylan ýaly boldy.
– Sen agşam Garrygalada bolarsyň. Erte agşama çenli jaýyň açaryny bersene. Sluşyý. – Ol elini öňe gerdi-de, başam barmagyny gaňyrdy. – Şunuň ýaly biri bar welin, hiç äkitmäge ýer ýok.
Gurbangulynyň ýüzüne kölege indi.
– How, senden awtoparkyň zamdirektory soraýar-ow! Bolmasa başga birini iberýän Eýrana. Onsuzam öňden taýýarlanyp ýören adamy goýup, seni iberdýän, namazly-täretli diýip... Bu çolaja jaýda ýeke özüň hezil edip ýörmeli däl-ä.
Gurbangulynyň öz aladasy özüne ýetikdi.
– Dur-la, men özümi bir dürsäýin. – Ol boýurgandy. – Eýrana menem geçirerlermi? Zyýarata menem baryp bilermikäm?
Jygalybeg işikden dazlap çykdy.
– Ýok, sen Turana gitmeli!.– Gurbanguly onuň öýden daşlaşyp barýan sesini zordan eşidil galdy. – Açaryňy goýup gidersi-iň...
Gurbangulynyň ýüregi urmasyny goýana döndi. Ol haly harap halda aşak oturdy.
«Eý, Allam, Magtymgulynyň gubry! Zyýarat! Garrygala! Bular meniň düýşüm-ä däldir-dä?!»
Ol özbaşyna samrap başlady.
– Eý, Hudaý-eý! Adama munça begenji nädip berip bilýäň? Şulary eşidip, ýüregiň ýarylman durşuna haýran...
Bu habar ony bogunma-bogun sökdi. Sökmezçe-de däldi. Garrygala onuň göbek ganynyň daman ýeri. Çagalygynyň, ýigitliginiň güýz durnalary ýaly, çakmagyň ody ýaly ýylp edip öten ýeri. Ol ýerde onuň ýürek baýlygy bolup ganyna siňen, indem şu güne çenli, tä ölýänçä, ölenden soňam tä topraga siňýänçä galjak ýatlamalary ýatyr. Ýap-ýaňy, namaz okap oturan wagty aňynda ýyldyrymyň bady ýalyjak ýyldyrap görnüp giden didarlaryň ählisi şol ýerde ýatyr. Agasy Amanguly, Bibi...
Onuň gözleriniň öňüne perde indi. Bibiniň ýüpek ýaly ýumşak, saryýag ýaly zyba keşbi ruhunyň, tümlüginden parlap çykdy.
– Bibi! – Ol didary gözünden akýan damjalar bilen bile dargap barýan gyzy görüp tisginip gitdi. – Senem dünýäniň bir ýerinde barmyň, mähri... – Ol bokurdagynda düwün bolan ajyny kynlyk bilei ýuwutdy. – Men bolsam, seni hiç kime dözmän, ýelden ýelpäp, günden gorap ýörün, Bibi...
Gurbanguly ýaňkyja begenjiň zarbyna kalbynyň çuňlugyndan böreňläp çykýan hasraty indi ýuwdup bilmedi-de, silkinip-silkinip eňredi.
– Bi-bi, Bibi, Bi-ibi! Ow-wf! Eje jan...
Eňreme onuň hasratynyň gaýmagyny syraňkyrlapdy. Ol galany bilen öwrenişiklidi.
– Ýok, men Garrygala gidip bilmen. Indi on bäş-ýigrimi ýyl bäri aýagym çekenok. Indem başarman...
Ol agasy Amangulyny göz öňüne getirjek boldy. Bolmady. Bibi welin şo-ol önki Bibidi. Şol ejizligi, şol sowuklygy, şol mähribanlygy.
«Indi ýigrimi ýyl bäri özgäniň aýaly bolup ýaşap ýören (dogrusy, aýal diýmäge onuň ynsaby çatjak däldi) gyz barada özelenip, onuň zaryny çeken bolup ýörmegin haýa sygmajak zatdygyna düşün, eý, adam ogly! Ol indi özge. Ol indi özgäniňki!»
Mundan aňry onuň bu pikire ulaşasy gelmedi. Bu oýlardan, bu ýakyp-ýandyryjy pikirlerden ýaňa onuň duýgularynyň ädi ýanypdy. Onuň üçin emsiz, melhemsiz derde aýlanypdy.
«Magtymguly babamyň hak öýüne zyýarata hem gidip bolmazmy?» diýip, ol özüniň jylaw salynmadyk duýgularyny ürküzip goýberdi.
Magtymguly-Pyragy onuň hudaýydy. Ol başga hudaýa sygnybam biljek däldi. Özüni bilip, agy-garany saýgaryp başlanyndan soň, Magtymgulynyň goşgusy diýip kükrek geripdi. Şol pygamberiň kanunlary bilen ýaşapdy. Emma onuň şol goşgulara bolan ynanjy bilen ädiniň ýanyp, şol yhlasy üçin ýüzüniň gamçylanan ýerlerem az bolmandy. Ol oňa gynananokdy.
Magtymgulynyň, Garry mollanyň ruhunyň maňlaýy daşa degip, ynanjy basgylananda goldap bilmedik ýerlerem köpdi.
«Heý, ogly namartlaryň haram penjesine düşende goldamadykdan hem bir hudaý bolarmy? Şeýdip, ugrunda zar-zelil bolup ýören müdiri hary-zar bolanda ýetişmeýändenem bir pir bolarmy? Zarlap, gözde ýaşyny jeýhun edip, sygnyp gelende ýalkamadykdan hem bir öwlüýä bolarmy?!»
Onuň asy bolan ýerleri az bolmandy. Magtymgulyny unutjak bolan ýerleri az bolmandy. Emma bir gije ýatyrka Gurbangulynyň kalbynyň işigini iki pyýada açypdy.
– Eý, dede, hapa bolmaň. Seni gasygy gam bilen doly, pysak dünýäniň golundan alyp bolmady. Seniň kalbyňda oturan hudaýy, başga ýerden gözleme. «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir». «Daş bilen urany aş bilen uran» çyn ynsandyr. Bu dünýäde, asyl o dünýäde-de özge ölçeg ýokdur...»
Gurbanguly ýandy, tutaşdy. Derdine bäs bilmän eňredi.
– Men Pyragy diýip hary-zar boldum. Çyn diýip abraýdan jyda boldum. Käbe diýip tutundym. Bary puç boldy. Işim, ykbalym, abraýym köýdi,
Goja kişiniň kümüş ýaly lowurdap duran ak sakgalynyň ujy titredi.
– Oglum, jan oglum, hapa bolman. Agzyňyzy şeýtanyň aly bilen çaýkamaň. Bu dünýäde hemme zat ölçeglidir. Edeniňi edip bolýan dünýe däldir bul. Kast edeni pes edýän, küpürligiň üçin ömürbaky jepa goýýan dünýedir bu. Meniň sözümi unamasaň, kyblam atamy diňläň...
Gurbanguly onuň ýanynda perişde ýaly bolup oturan kişiniň hem halynyň perişanlygyny aňyp galdy. Elini kükregine goýdy.

– Käbe ýykmakdan mün mertebe,
Bir könül ýykmak ýamandyr, eý, dede! – Aksakgal baba başga zat diýmedi.

Gurbanguly özüniň zeýrenip durmasynyň gabahatlygyna giç düşündi. Ol töre düşek atyp, myhmanlara oturyň diýjek bolup gobsunanda, olaryň eýýäm gaýyp bolandygyny aňdy.
Ol tisginip oýandy. Ýüreginiň agyrysynyň, köňlüniň kinesiniň, ynsabynyň ynjysynyň el bilen syrylan ýaly bolandygyny aňdy. Süňňi çaganyňky ýaly ýeňledi.
Ol şol günden soň Magtymgula täzeçe sygnyp ugrapdy. Özem bu sygynma müridiň pirine sygynmasy däldi. Ol kyrk ýyllap çarhy-pelegiň ýollarynda haky gözlän derwüşiň Hudaýa aşyk bolşy ýalydy. Ýok, Magtymguly onuň del, ol Magtymgulynyň ummanyna özüni beripdi. Şondan soň, Magtymgula, onuň şygryýet älemini boýladygyça bu älemiň kyn günüň-de ýetişip, dertlän mahalyň em edip gidýän lukman ýa-da namartlaryň elinden aljak hossar däl-de, seniň özüň bilen gamly günüň gam çekip, dertli günüň derdine batyp, begenen günüň begenip, ölen günüň ölüp bilýän, soň o dünýäde kepilçiň bolýan keremli ärdigine göz ýetirdi. Pyragydan eden öýke-kinesinden uýaldy.
Ol Pyragynyň hem edil Hudaý ýaly, her kimiň ganynda, öz päl-niýetinde ýüzüp ýörendigine ynandy.
Ine, indem, gel-gel Gurbangula şol pygamberiň gubruna gitmeli diýýärler. Ol beýle bagty ýatsa-tursa oýuna getiribem biljek däldi ahyryn.
Gurbanguly daş çykdy. Işigi gündogara garap duran jaýyň gapysyny açdy.
– Saçly eje!
Içerden hykgyldy eşidildi.
– Saçly eje, gurgun otyrmysyňyz?
Ol jogaba-da garaşman, içki otaga girdi. Agzy açylyp, tekizlenen diwana ýazylan ýüpek düşekçäniň üstünde çäşerip ýatan ak ýüzli, dolmuş aýal başyny çala galdyrdy.
– Gurbanguly, wah, ýüzügara! Aý, naýynsap, şumy seniň sylagyň?! – Ol aýal pökgerip duran owadan ak eli bilen maňlaýyny tutdy. – Men gijesi bilen ulturap, ýatmanlar çykdym. Çakyzam ýene gozgady. Ýüzügara, halyň neneň diýmediň. – Ol eňrän ýaly ses etdi. – Ýetim owlak sakladym, agzym-burnum ýag etdi ýetim oglan sakladym, agzym-burnum gan etdi...
Gurbanguly aljyrady.
– Saçly eje, goýuň, goýuň. Men... Men namaz okap...
Ol aýalyň eňremesi hasam möwjedi.
– Haly harabyň agzyna suw damdyrman, namaz okap gönenermikä, Allam! Ýetime-ýesire rakyp bolmadygy, indi namaz okadyp ýalkajakmykaň, kadyr Allam...
Gurbanguly bu aýalyň soňky sözüni diňlemedi aşhana girip, çaý goýdy. Soň Saçly ejäniň oturaýjak ýerine ýumşajyk düşek atdy. Onuň gapdaljygyna saçak ýazdy. Düýn bazardan alan tamdyr çöregi bilen beýleki getiren zatlaryndan: peýnir, bal, mürepbe goýdy. Bu aýalyň çaý içýänje çäýnegini gidip çaýkap geldi.
– Saçly eje, gara çaý içjekmi ýa-da gögünden ataýynmy?!
Saçly eje haly harap bolup ýatyşyna:
– Eý, Hudaýym-eý, iliňe-günüňe näçeler ýagşylylyk etdim, emma başym ýassyga ýetende bir owurt suwy diläp almaly boldum. Meni beýdip, namarda zar edeniňden, öz ýaryňça ýoga zar edeniňden, al meni, jaň Allam, ow-wf!..
Gurbanguly çaý demledi. Soň kolbasa bölegini endiganja kesdi. Tarelkajyklarda kişmiş, kişde göze ýakymlyja konfetler goýuşdyrdy.
– Saçly eje, beýdip ýatmaň. Çaý demledim, turuň, birki käse çaý içiň...
Turar tamakinçiligi bilen Gurbanguly serlip ýatan aýala bakan garady. Çaýy gaýtardy. Soňam ýumşak labyz bilen gürledi.
– Saçly eje!..
– Hä-ä! Waý, ýüregimi aldyň, halys etdiň meni, näme gerek saňa? Öňki kösenip ýatanym azmy? Seniň azaryň näme... – diýip, ol aýal «ölini söýseň sähnelär» diýlenini edip, öňküdenem beter iňläp başlady. – Wah, Allam, ow-wuf...
Gurbanguly elindäki sagadyna garady-da, özüni gyssady.
– Saçly eje! – Ol bu sapar bu aýalyň habaryny alyp, hä bererine garaşmady. Oňa wagtam ýokdy. Ol irden awtoparka baryp, ýol listini almalydy. Il dargamanka gerek-ýarak bolaýjak şaýlary soramalydy. – Men Eýrana gitmeli. Magtymgulynyň gubruna zyýarata gidýän adamlary alyp gitmeli. Şony aýdaýyn diýdim...
Ýüpek ýorganyň astyndan ýolbarsyň yňranyşy ýaly zaryn ses çykdy.
– Haçan?
– Şu gün sagat üçde gidýän.
– Haçan gelmeli?
– Heniz anyg-a bilemok. Şolara bagly-da. Şolara görä bolmaly bolarda. Olary taşlap, awtobusyň alyp gaýdyp bolmaz-a
Saçly eje ynjyly hyklady.
– Maňa kim seretmeli, onsoň? Men dir-ä, dirini taşlap, ölen adamyň gabryna zyýarata gitseň zyýaratyň kabul bolarmyka? Öli ýolbarsdan diri syçan ýagşy dälmi? Men indi ölüçe-de bolmadym, Göki molla. Sen meniň ýyly ýerimi sowadyp, nirä getirdiň, Göki molla? Öýüňde ölüp, duluňda süýnme-dä, Göki molla. Meni getirip, kimiň eline berdiň sen...
Gurbanguly bu aýalyň sözleriniň astyndaky igençdir kinäniň tiken bolup ýüreginiň başyna batýandyny duýdy. Ol: «Ýok, olam öli däl. Gaýta dirileriň zyýaraty» diýip düşündirjegem bolmady. Gaýta:
«Men çyn «käbäni» ýykyp, hyýaly bir «käbäni» dikeltjek bolýan bolaýmaýyn! Bu görgüli aýal öwlüýa ýaly ahyryn. Öwlüýäni goýup, beýleki öwlüýa gitsem ýalkanarynmy?» diýip oýlandy.
Ol ýap-ýaňy başyndan geçiren süýjüje oýlarynyň kän hözirini undup bilmedi. Ikigöwünliligi bilenem düşege bulaşyp ýatan aýala ýüzlendi.
– Tur, Saçly eje, beýdip ýatmaň-da, çaýyňyzy içiň. Men işe bir baraýyn. Galan zatlaryň bir alajy tapylar. Mümkinçilik bolsa galaýaryn. Halys goýmasalar bolsa, aýak diräp durmaryn. Seniň gerek-ýarak zatlarňy, iýjek-içjek zatlaryny bazardan satyn alyp, naharyny taýýarlap giderin...
Ol aýal diňe şondan soň ýylan turşuny edip, süýnüp-sarkyp galyp ugrady. Ol saçaga göwünsiz garady.
– Mesge iki sanyjak ýumurtga çakaýmaly ekeniň-dä. Derman içmeden aşgazanym halys tüýdüm-tüýdüm bold-a meniň...
– Bor!
Saçly eje saryýaga gowrulýan ýumurtganyň ysyny alyp ýeňlän ýaly boldy. Ýöne şonda-da nadyl bolmasyny goýmady.
– Wah, «Başyň ýassyga ýetende, ogul-gyzyň ýatça bolmaz» diýen bende, sen Hudaýmydyň, pygambermdiň? Ow-wf, jan Allam, meni hary-zar etdiň-dä...

2.
Jygalybeg Gurbangulynyň sözüni diňläp, serpmeden gaýdan ýaly boldy.
– Sen-eý, ýaş-şuly, interes-näý. «Enem hassa ýatyr» diýip gaty giň ýeriň gürrüňini edýäň. Meniň kakam haýalam ýatyr. Men «ýok» diýemog-a. Tersçilligiňi goý. Dawaý, dawaý, diýleni et-de ugra.
Gurbanguly ýylgyrdy.
– Men ýagdaýymy aýdýan, inim. Men öýümde bir bendäniň perişan halda ýatanyny aýdýan. Eger başymy-aýagymy alyp menem gitsem, ol bendä seretjek adamyň ýokdugyky aýdýan.
Jygalybeg başga bir şofýor bilen gepleşip durşuna, aralykda gep atdy.
– Jaýyň açarjygyňam goýup git. Hassaňa-da özüm serederin. Sen açaryňy goý...
Gurbanguly ýol listini alyp, adamlaryň beýle doňbagyrlygyna, biweçligine janyny ýaka-ýaka çykyp gitdi. Bazardan gerek zatlaryny alyp, ýüklenip Saçly ejäniň otagyna girdi. Goşlaryny goýup, gaýnap duran gazanyň oduny peseldip, içeri girdi.
Saçly eje başyny ýassyga goýup, böwrüni diňläp ýatyrdy. Ol Gurbangulynyň içeri girenini görüp, iň bärkisi, başyňam galdyrmady. Gurbanguly onda-da ýagdaýyny aýtdy.
Saçly eje, men-ä seniň öňüňde ýalançy boldum, teý galyp bilmedim. Gitmeli diýip durlar. Rugsat bermeseň boljak däl maňa.
Saçly eje diwanyň üstünde perişan bolup ýatyşyna, närazy halda mydyrdady.
– Hawa, sen gitmeseň başga adam gapyşandyr. «Sen bolmasaň näme, awtobus sürýän barmy? Kimiň diliniň näme diýýänini, kimiň ýüreginiň näme diýýänini bilmez ýaly, Saçly kördür. Gidiň, gidiň, gaç- gynyňyz Saçly bolsun. – Bu horluklarmy, bu horluklaryň baryny şol öýünde ölmedik Göki molladan görýärin men «Dostumyň aýaly sen, özümden artyk adama elin tabşyryn, seni hor etmez» diýip, meniň janjagazymy oda goýdy. Han-a, özüňdenem artyklaryň edişi indi. Wah, Hudaýym, ogluma, gyzyma meni taşlap giderdiň, ýat nädip taşlap gitmesin! Ak süýt berenimden ýalkanmadym, ýatdan-a baýaky. Gidiň, gidiň. Men ölerin, ýeriňiz giňär...
Ol başyna odeal çekip, horkuldap aglamaga başlady.
Gurbanguly başda bu aýala gatyrganmaga meýil edip duran hem bolsa, soň onuň aglap oturmasyna ýüregi para-para bolup başlady. Häzir işikden Göki aga gelip: «Men sana ynanyp gitdim, senem ony horlap otyrmysyň?» diýäýjek ýaly boldy durdy. Göki aga göçüp gitmänkä ýekeje sargyt etdi. «Oglum – diýdi. – Men saňa ýagşylyk etdim diýib-ä biljek däl, ýöne sen bir halal süýt emen oglan. Maňa etjek ähli sylag-hormatyňy şu keselbent zenana et. Ol meniň söwer dostumyň yzynda galan ýarawsyz işigaýdan. Şunuň horlandygy, meniň horlandygym» diýipdi. Şeýdibem içersinem, jaýynam Gurbangula bir köpüksiz goýup gidipdi. Gurbanguly, ol-a Göki mollaň sargydy, ol bolmanynda-da bu zenany horladyp biljek däldi. Onuň diline aldygy däl, ýöne bu aýalyň adam çekmejek iňirdilerini, igençlerini ol «ägä» diýmän çeke-çeke gelýärdi. Ýene-de çekmäge taýýardy. Häzirem ol Saçly ejäni razy etmek üçin Köpetdagdan arkasy bilen daş çekmäge taýýardy.
– Saçly eje, gurbanyň bolaýyn, hapa bolmak. Men ölüme gidemog-a. Ertir gelýän...
Saçly eje hykylady.
– Men erte agşama çenli daş iýeýinmi? Menem ýaşamal-a. Görýäň dälmi, meniň nä haldadygymy? Görse kapyryň rehimi injek maňa.
Gurbanguly elewredi. Göwnüne bolmasa, bu aýal az-kem gowşaşan ýaly boldy.
– Sen iýmek-içmegi gaýgy etme. Täzeje etden süýjüje gaýnatma atardym. Bişip dur. Alma, nar, kişmiş-kişde, tamdyr çöregini, gaýmak getirdim. Goňşulara-da tabşyrdym. Olar hem agşam-ertir çaýyňy, suwuňy berer durarlar. Ine-de, pul, gerek zadyňy sargaber şolara...
Saçly eje başyny galdyrdy.
– Näçe manat? diýip, tamakinçilik bilen soranyny duýman galdy.
– Elli manat!
Saçly eje az-kem ýumşady. Ýerinden turup, Gurban gulynyň getiren zatlaryny ýekän-ýekän barlaşdyryp çykdy. Onuň aldamaýandygyna göz ýetirendir-dä, baryp diwanyň üstüne süýndi.
– Gidiber!
Gurbanguly bir guş bolup uçmady. Şol begenji bilen awtobusynyň içini-daşyny gül ýaly etdi. Aýdylan ýere wagtyndan hem öňräk bardy. Adamlar garaşyp durdular. Ol ýerde-de boş oturmady. Täzeje awtobusyň arassa salonyny ýene bir gaýta syryp, süpürdi. Kreslolaryň üstüki, aşaklaryny gaýta-gaýta süpürişdirdi. Soňra aýnalary, işikleri arassalady.
Awtobusyň gül ýaly salonyna adamlar temiz, diňe türkmen halysy ýazylan içerä giren ýaly duýgy bilen girýärdiler. Käbiri işige gelip, köwşüne garap-garap töre geçýärdi.
– Beý, gör-ä, daşary ýurt, daşary ýurt diýen bolýas, edeýin diýse biziňkilerem bu zatlýary oňarjag-a – diýip, bir ýaşuly begenjini gizläp bilmän aýdyp, töre geçdi.
Gurbanguly işine gümra bolup ýörşüne kim bar, kim ýoguna ünsem bermedi. Ol kimdir biri egnini ýumşajyk kakanda, eýýäm ugramalydyr öýdüp, yzyna gaňryldy.
– Gurgunmysyň?
Onuň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
– Meni tanadyňmy?
Gurbanguly syr bildirmedi. Içinden bolsa; «Heý, senem undup bolarmy?» diýip oýlandy. Daşyndan welin sypaýyçylyk etdi. Salamlaşdy. «Tanaýan» diýdi. Ol adam Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Sopyýewdi.
Salona garan badyna Gurbangulynyň eginleri hasam gysyldy. Salonyň ikinji hatarynda onuň öňki aýaly Patma gözüne gara äýnek dakynyp, Gara Garaýewe gysmyljyrap otyrdy.
– Men häli oglanlara gürrüň berýän – diýip, Sopyýew it ýylgyryşyny etdi. – Diňleýäňizmi?
– Aýdyberiň.
– Öň bir ýurtda ady belli patyşa bolupdyr. Adamlar bulanyp başlaýarlar. «Aý, köp ýyl patyşa boldy. Iidi ýurdy dolap bilenok. Patyşalygy oňaranok» diýip. Soň ony patyşalykdan aýyrýarlar. Olam gahar edip, ýurduň çetindäki öz dogduk obasyna gidiberýär.
Ýurt öňküdenem dargaýar. Goýlan patyşa oňanok. Goýup, aýryp, bizar bolýarlar. Ahyry garry wezir şo-ol öňki patyşany ýatlaýar.
Adamlar, şol patyşa akylly adamdy. Nähak göwnüne degdik. Häzir hem bolsa bir pille, baralyň, töwella edeliň. Ol geçirimlidir. Biziň bilen deň bolup durmaz. Ýene patyşamyz bolmaga razy bolar – diýip maslahat berýär. Soňra olar şol adamyň yzyndan töwella barýarlar. «Öt günämizi, ýurt tozdy. Halkyň rysgal çeşmesiniň gözi gömüldi. Barysynyň sakasy sen ekeniň. Ýene bize patyşa bolup ber» diýýärler.
Ol ýaşuly aýdan:
– Wah, iniler, men patyşa bolan bolup, otuz ýylymy bihuda ötüren ekenim. Meniň bagtym täç bilen kürsüde däl-de, toprakda eken. Ýörüň, men size öz ekinimi görkezeýin – diýip, ýaňky baranlary öz ekinine aýlapdyr.
Ekini görüp, hälki baranlar haýran galypdyr. Öňki patyşanyň aýdanyndan hem beter eken. Onuň ýere sanjany bolsady ekilen ýaly, başyna görüp gögeripdir. Käşiri, turpy, bugdaýy bu etraplarda görlen zat dälmişin.
Ýanky adam:
– Töwellaňyza, ýatlap geleniňize taňryýalkasyn, ýöne men bu ekinimi taşlap gidip biljek däl – diýenmişin.
Gurbanguly gözlerini bir nokada dikip, öňki başlygynyň nämäni nyşana alýandygyny seljerip otyr. Şonuň üçinem ol Sopyýewiň sözüni soňlatmady. Ýylgyryp:
– Näme, alym bolanyňyzdan şofýor bolanyňyz gowy bolupdyr diýjek bolýaňyzmy? – diýip öňürtiledi.
Sopyýew ýag çalnan ýaly ýaldyrap duran ýylmanak ýüzüni salona öwürdi.
– Weý, dagy näme? Bize alymam gerek welin, gowy şofýorlar oňdan hem köp gerek. Ine, gör, içi meniň akademiýadaky kabinetimden giň, arassa. – Ol çynlakaý sypata girdi. – Näçe hak berýärler?
– Bäş ýüz, alty ýüz...
– Beh, oglan, biziň professorlarymyz alyp bilenog-a onça puly.
Gurbangulynyň häzir sözleşesi gelenokdy. Maşynyň alynky ýaýbaň aýnasy misli onuň hakydasy ýaly bolup, ähli geçmişini, kalbynyň derdini görkezip durdy.
Ol şol geçmişinden, bedibagt täleýinden gaçyb-a şu ýere gelipdi. Bu günem, edil ýyldyza ýörän ýaly bolupdy.
«Han-a, Patma, ine-de, Gara Garaýew. Daşarda-da hökümet delegasiýasynyň baştutany Muhammedoraz Çaryýew dur. Olam gidýän bolsa, men bu maşyny ýeke ädimem sürüp bilmen...»
Gurbanguly awtobusdan düşdi. Bir gyrarakda kimdir biri bilen söhbet edip duran ministriň ýanyna bardy.
– Gurbangeldi aga, bagyşlaň, siziň bilen birki agyz gürrüňim bardy...
Ministr onuň yzyna düşüp awtobusyň beýleki gapdalyna öwrüldi.
– Agam, meni bagyşlaň, meni şu sapardan galdyryň, juda haýyş edýän.
Awtomobil we şosse ýollar ministri bolup Hojaberdi Gurbangeldiýew täzeräk geçipdi. Şonuň üçin ol Gurbangulyny känbir tanabam baranokdy. Şeýle-de bolsa, ol awtobusyň şofýory bilen ýaňkalaşyp durmady.
– Aýdýanyň näme? Onuň ýaly haýyşyň bolsa birneme irräk duýdursaň bolmadymy?! – Ol Gurbangulynyň ýüzüne dikanlap garady. – Näme, ýaraňokmy? Ýa başga bir bolmaz iş barmy?!.
– Ýaraýan-la.
– Onda näme? – diýip, ministr Gurbangulynyň mus-musuny aýtmaga goýman sorady.
– Ýol agyr. Onsoňam... – Ol namysly ýuwdundy. – Salonda ýenki aýalym, meni işden kowan başlyklam otyr. Olary görüp dursam, menem bir çig süýt emen adam-da, pikire gidip, bu halky bir bolmaz ýşiň üstünden eltäýmekden gorkýan.
Ministr Gurbangulynyň elinden çekip, böküp diýen ýaly salona girdi. Awtobusyň içinde ýekeje aýal otyrdy. Onuňam gap-gara äýnegini güjeňläp, gapdalyndaky adama gysmyljyrap, agzyny şipbildedip oturyşyny ol halamady. Özem, olar edil bir şofýora göz edýän ýaly bolup, şekiliň aýna düşýän ýerin- de otyrdylar. Şofýoryň gezi isleseň-islemeseň hem ilki bilen şolara düşjekdi.
Ol maşyndan düşdi-de, işikde ýaýdanyp duran Gurbangulynyň ýanyna geldi. Soň ýere garap:
– Şolmy? – diýip sorady.
– Hawa.
– Gapdalyndaky Gara Garaýewi tanaýarmyň?
– Hawal-a, belanyň körügi şol-da. Öýümi üstüme ýykmaga hemaýat edenleriň biri-dä – diýip, Gurbanguly hasratly sözledi. – Özem jan ýaly garyndaşym.
Ministr hökümet delegasiýasynyň ýolbaşçysyny salona goýberdi. Soň Gurbangulynyň egnine elini goýdy.
– Adyň näme?
– Gurbanguly.
Ministr ýene-de sowala tutdy.
– Biziň sistemamyzda näçe ýyl bäri işleýäň?
– Bäş.
– Jaý berdilermi?
– Ýok.
Ol birden kürtdürdi.
– Sag-aman geleli. Özüm seni taparyn. – Ol ýene-de kürtdürip durdy. – Neme, inim, Gurbanguly, mert bol. Sen olardan däl, goý, olar senden utansyn. Näme, olaryň öňünde seniň ýazygyň barmy? Gözlerine basyp git...
Ministr etlek, ak ýüzüni gamaşdyrdy.
– Sen Magtymguly babamyzyň gubruna zyýarata barýaň-a. Şonuň bendini ýatla:
Item açlygyny gurda bildirmez,
Elbetde, duşmana syýasat ýagşy –

düşündiňmi? Ugraly.
Категория: Romanlar | Просмотров: 55 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: