22:16
Men seniñ ýanyña barýan
MEN SENIŇ ÝANYŇA BARÝAN

Garaşsaňam barýan, garaşmasaňam,
Barybir men seniň ýanyňa barýan.
Soraşsaňam barýan, soraşmasaň hem,
Barybir men seniň  ýanyňa barýan.

Ýadyňda bolsa-da, çyksa-da ýatdan,
Ýa ýüregňe düşsem, göresim gelip.
Tanyşdan däl, sora, sen meni  ýatdan,
Goý jogap bersinler, seni del görüp.

Barybir men seniň  ýanyňa barýan,
Kötelleri  geçip, içitler bilen.
Bagtlylary  görüp, söýgüsin  gorap,
Seredip, seredip içikmersiň  sen.

Men barybir seniň ýanyňa barýan,
Garaşsaňam barýan, garaşmasaň hem.
Söýgüň  üçin, bagtyň üçin elenip,
Özgelere meňzap, göreşmeseň hem.

Men ýanyňa barýan, gujagňa dolup,
Aýtjak zatlarymy aýdyp gaýtmana.
Gideňde aýralyk damagňa dolup,
Gözyaş bilen ajy sözler aýtmana.

Men barybir seniň  ýanyňa barýan,
Barýançam gollarmy açyp giderin,
Guçuşyp şemallar, alaňlar bilen,
Ýeterin ýanyňa ussady girýan,
Meniň öz-özüne gaçyp gidenim.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 16 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: