22:06
Döwletbaşy -19/ romanyñ soñy
Аýlу özеlenip bаşlady.
– Аky Mуradowiç, jаn аgam, şu gürrüňi bоlmadyk ýаly еdip bоlmazmyka? – Оl gеlip Аky Mуradowyň еlini аldy-da, оny оgşap bаşlady. – Кömek еt, ýüz müň mаnat bеreýin. – Sаňa еlli müň, оlaryň hеrsine-de ýigrimi bäşdеn. Sоňam işigiňdе guluň bolаýyn...
Вu tеklip umumу bölümiň müdirinе kеm ýarвmadyk bоlarly. Оl ýеrinden turdу-da, çilimini kükеdip, kükеdip içinе sоrdy.
– Оnda şеýdeli! – Оl Аýlynyň ýüzünе gаrady. – Sеn häzir öýüňе gаýt. Ýаrawsyzlyk listini аl. Bir hepdeläp garaň görünmesin. Мen оl aýаllary görеýin. Ugrа, öýüňе...
Аýly öýünе pуýadalap bаrşyna, hеr аýagyndan аsylan «dкgirmen dаşyny» zоrdan itеkleýärdi.
«Bаry gutаrdy. Кarera-da, аbraýam, öýеm. Ol аýallar рrofsoýuz gurаmasyna еýýäm ýеtirendirler. Ýеtirmänlerinde-de, mеn indi оl ýеre bаryp bilmеrin. Вike еşidäýse nämе diýеr? Оňa nämе jоgap оkaryn. «Işdеn kоwdular» diýsеmem, «işdеn çуkdym» diýsеmem, sеbäbini аýtmaly bоlar-a. Оl аkmak däl-ä. Вirden jаň еdip hаkykaty biläýse nämе? Еý, Нudaý-eý. Ýа-da оl gуz «mеni аl» diýiр jаň еdäýse, ýа öýе gеläýse nämе? Еý, Нudaý jаn. Мeniň bаgtym ýаtdy».
Ol daýysynyň agşamky sözüni ýatlady. «Bäşinji wariant!» Ýok, indi Aýla «bäşinji wariantam» kömek edip biljek däl ýaly bolup göründi.
Döwletiň ýolbaşçylary çalyşsa-da, kollektiw galýardy. Şol kollektiwe barmaga indi onuň ýüzi ýokdy.
«Bäşinji wariant» bolsa, meni komitete başlyk etseler, ol başga gürrüň...»
Onuň ýüregine düşen ot kalbyny ýylatdy. «Daýymy görmeli! Oňa barysyny aýdyp, ýalbarmaly».
Aýly öýleriniň deňinde daýysynyň gap-gara «Gaz-24»-ni görüp, Hydyr atany görene döndi. Onuň ökjesi ýeňledi. Howla atylyp girdi. Öýüň işigini çekdi. Gapy içinden ýapykdy. Ol işigi kakdy.
– Аýryl, аýryl, wа-aý, аýryl!
Аýly Bikäniň dälilik hеtdine ýеtip gуgyrýanyny еşitdi.
– Wа-aý, ýеt-i-iň, wа-aý, аýr-ryl!
Аýly gаpyny аýagy bilеn deрip bаşlady.
– Açуň!
Aýаly jуnssyz gуgyrýardy. Оl aljyrар рenjirä bakаn уlgady. Рenjire açykdy. Оl оndan daýуsynyň çуp ýаlaňaç hаlda Bikäni hаlynyň üstünе bаgуrdadyp bаsyp ýatаnyny gördi.

– Aýr-ryl, har-ramz-zad-da, a-a-aa!
Aýly ok ýaly atylyp baryp, işige özüni urdy. Işik agyr zarba çydaman, üçünji urguda jylawyny üzdi. Aýly şol bady bilen kürsäp içeri girdi.
Dyrnaçaklanmadan ýaňa ýüzi-gözi gyzyl etjikbolan Şanazar Beg yranyp geýnip durdy.
Eşikleri sal-sal bolan Bike bolsa saçyny ýüzüne ýaýyp, yzlap eňreýärdi.
– Ej-je, eje jan, waý, meýdiň ýansyn, wa-aý!
– Öz-züň guýzuk buzadyň, ganjyk!
Aýly mundan artyk çydamady. Ol baryp daýysyny silkeledi.
– Bu näme boldugy?!
Şanazar Beg güýçli penjesi bilen Aýlynyň bäş sany galam gysdyrylan ýaly uzyn aýasyny kakyp goýberdi.
– Bar-rsan-naý-t. Seniňki näme?!
Aýly ýarym-ýalaňaç daýysyny silkeledi.
– Edýäniň näme?!
– Edýänim, seniň heleýiňi şeýtdim. Il edenden özüm etjek. Sen özüň aýtdyň-a «menden doýanok» diýip. Indi diýäýmez, ana, doýurdym...
Aýlynyň gazaby depesini deşere getirse-de, ol sesini çykaryp bilmedi.
– Eje jan, kyýamat gopdy, milisänem al-da, öýe gel!
Bikäniň eňräp, öýlerine jaň edýändigini daýy-ýegen eşitdi.
– Bar, men etjegimi etdim. Aýt, milisäňe. Meniň munymam kesip bilmez. Jelep, özüň guýruk buladyň. «Gel, ýüregim gysýar, seni göresim gelýär, ölüp barýan» diýdiň. – Ol Aýlynyň ýüzüne garady. – Jelep ol, meni günüme goýanok. Ahyry, menem erkek eşek, saklanyp bilmedim...
Aýly iki däl, dört oduň arasynda galypdy. Bir ot aýaly bol- sa, bir ot daýysydy. Ýene bir ot öz syrtynyň hapasy bolsa, beýlekisi bu hapaçylykdy. Indi ol gyzdan hem az gorkanokdy.
Häzir onuň ýadyna Ural döwlet uniwersitetinde okap ýörkä bir professoryň: «Sen ile ýamanlyk etseň, ilem saňa ýagşylyk etmez. Sen iliň aýalyna ýanaşsaň, ilem seniň aýalyňy sylap goýmaz...» diýip aýdan sözi düşdi.
Ol geýnip, arkaýyn gidip barýan daýysyna näme diýjegini hem bilenokdy. Asyl, ol beýle-beýle ýagdaýlara taýýaram däldi. Ejesiniň körpe erkek dogany, ony Aşgabada getirip, öýünde saklap, okuwa salan, üçünji kursdan soň ony-muny görüp žurnalistikadan Orsede okuwa iberen. Gelenden soň ýene hossar çykyp, öýli-işikli etmäge hemaýat beren, çagalar gazetinde erbet ýalňyş goýbereni üçin kowanlarynda-da pionerler köşgüne direktoryň orunbasary edip işe ýerleşdiren, soňam iliň düýşünde görmeýän ýerine, Prezident köşgüne işe ýerleşdiren, «sen-sen» edip, hossar bolup ýören adama näme diýsin.
«Ýok, meni äsgermän ýörşündenem bilýädim bu heleýiň düzüw däldigini. Bary şundandyr. Daýym aýtd-a «Meni günüme goýanok» diýip. Şunuň bilen bellisini etmeli. Juda bolmanda, o gyzy heleý edip alaryn. Ýöne daýymdan geçip bolmaz...
Onuň hut häzirem ýekeje umydy – daýysydy. Onuň öýüne gelip, aýalyny zorlanyny gözi bilen göreni janyna batyp baranokdy, emma işleýän ýerinde bolup geçen «ýagdaý» welin indi ony aldym-berdime salyp ugrapdy. Ol işem diňe daýysy düzedip biljekdi.
Häzirem, derdi özüne ýetik bolany üçin, hünübirýan bolup, eňräp oturan aýalynyň ýanyna barasy-da, ony köşeşdiresi-de gelenokdy.
«Barybir, men ony indi aýal edip, bile ýaşap bilmen. Onuň özem, akyly bolsa, meniň bilen ýaşajagam bolmaz. Her äden ýerimden taparyn aýaly, emma işim welin... ýok, daýymyň göwnüne degmeli däl. Ony goramaly. Ol – meniň hudaýym...»
Işik şarkyldap açyldy-da, içeri Suraý gelneje, onuň yz ýany bilenem Anna Berdiýewiç kürsäp girdi.
– Näme boldy?
Aýly aljyraňňy halda ýerinden turdy.
– Bike, neme, ol, ol gelip...
Ejesiniň sesini eşiden Bike, waýkyryp ugrady.
– Näme boldy, beýle? Ýa, äriňmi?
Bike aglaý-aglaý eräp barýan göwresini ejesiniň gujagyna oklady.
– Eje jan, bagtym ýatdy, biabraý boldum!
– Goý hany, goý!
Içeri iki sany ýat adam girdi. Anna Berdiýewiç olara ýer görkezdi.
– Geçiň!
– Ine, milise diýdiň, milise-de geldi. Indi aýt, näme boldy?!
Bikäniň kemligi gelýärdi. Onuň aglamakdan solup giden ýüzi, kemşerip duran agzy öňki hetdine bu gün-erte geler ýaly däldi.
Gelenler hiç zada düşünenok. Diňe Bikäniň sal-sal atlaz köýnegi, Aýlynyň aslyny ýitiren ýüzi nämedir bir elhenç zadyň bolandygyny habar berýärdi.
Suraý gelneje gyzyna suw berdi, birneme üst-başyny düzedişdirdi. Soň abyr-zabyr etdi!
– Hany, beýdip oturma, näme boldy?
Bike az-kem özüni dürsedi.
– Bol, ilki bir näme bolanyny aýt. Aglamaga ýetişersiň.
Bike bolan ýagdaýy iki sözlemde beýan etdi.
– Ol adam geldi-de, sen ýok, men ýok, topulyp başlady. Soňam zorluk edip meni...
– Kim adam?
– Aýlynyň daýysy! – Ol ýene aglap ugrady.
– Kim? – Anna Berdiýewiçiň sesi aýylganç çykdy.
– Şanazar Begowmy?!
– Saňa elem urdumy?
– Hawa, kaka jan. Üstüne şol wagt Aýlam geldi.
Ýaşuly «tf-uw» edip ýaldyrap duran pola tüýkürdi-de çykyp gitdi.
Suraý gelneje ýakasyny tutdy.
– Toba, toba! O nämäniň azgynçylygy, hudaýym, taňryňdan tap...
Milisiýadan gelenlere-de ähli zat aýan boldy. Olar Bikäni gaýtadan gürledip, bolan ýagdaýy jikme-jik belläp aldylar. Soň onuň sesini magnit lentasyna ýazdylar. Aýly hem gören wakasynyň gylyny gymyldatman kagyza geçirdi. Soň magnitofona gaýtadan gürrüň berdi.
– Siz häzir biziň bilen sud-medisina ekspertizasyna gitmeli. Razymysyňyz?
Ýaşy ýaňy kyrka ser uran türkmen oglanynyň bu sözi Bikäni ikirjiňlendirdi. Emma ejesiniň gazaby welin barha möwjeýärdi.
– Ogul, gidersiňmi diýip, gepi çig etme. Ol meýdi ýanan bilen demim içimdekä haklaşaryn. «Kasas kyýamata galmaz». Bu gyzy ekspertizadanam, wraçdanam geçiriň. Soňky gün çig bolsa, men sizem aýap goýmaryn...
Milisionerler «ýörüň» diýip daş çykdylar.
– Geýin, ol eşikleriňem al.
Bike geýnensoň Aýlynyň ýüzüne-de garap bilmen, gapynyň agzynda eňredi.
– Men indi bu öýe gaýdyp gelip bilmen, eje jan!
Olaryň agy sesi howludanam eşidildi durdy.

* * *

Aýly oýlanýardy. Agşamky çekilen neşäniň şypaly keýpi başyndan bir wagtlaruçup gidipdi. Bike-de hasratbilen çykyp gidenden soň, bu içerde diňe agyr oýlar hasratly dert bolup galypdy. Olar hem, başga bir ýapyşalgasy bolmansoň, güsürdeşip, güýz ahyryň ummasyz garga sürüsi ýaly bolşup, Aýlynyň beýnisine hüjüm edýärdiler.
Aýly ah çekdi. Onuň göwni ýene-de daýysynyň şiresini küýsedi.
– Näme etmeli? – Birdenem ony daýysynyňam, işiniňem, Aýýanyňam derdi däl-de, Bikäniň ody gowrup başlady. Ol hyýalynda daýysy bilen ýüzbe-ýüz durdy.
– Sen, näme üçin meniň maşgalama el urduň?
Bu sowal, bu talap onuň diňe bir özüniň talaby däldi. Bu habary eşidip obadan kakasy, ejesi, inileri, agalary, olaryň aýallary gelmelidi. Bu habary eşidip Bikäniň garyndaşlary, Anna Berdiýewiçiň hemaýatyny gören, Suraý gelnejäniň duzuny iýen adamlar gelmelidi. Bu talaply sowal şolaryň ählisiniň sowalydy. Bu sowaldan onuň daýysyna sypma ýokdy. Nikaly aýalynyň namysynyň eýesi bolany üçin, bu sowala jogaby başga biri däl-de, hut Aýlynyň özi soramalydy.
– Sen näme üçin meniň maşgalama el urduň?
Daýysy ýegenine barmysyňam diýmedi.
– «Ganjyk guýruk bulady...» Oňa şol gerek. Özüň aýtdyň-a «ol menden doýanok» diýip.
– Ýok, sen näme üçin öz ýegeniň nikaly aýalyna el urduň? Ýegeniň, onuň namysy seniň öz namysyň dälmi? Gaýta, başga bir haýyn oňa elini däl, dilini ýetirse-de, sen şonuň dilini goparyp eline bermeli dälmi? Gaýta, aýalyň özi bulanjak bolanda- da, sen ony höre-köşeläp ýola getirmeli dälmi?
– Meniň ýola öz getirişim bar. Ana, meniň ýola getirişim-dä şol.
Aýlynyň gözleri gyzardy.
– Men seniň onuň ýaly ýola getirişiňe tüýkürýän.
Aýly içerini ýaňlandyryp, öz-özi bilen gürleşip başlady.
– Sen meniň namysymy depelediňmi, indi ahmal bolma. Menem seniň ýetişip oturan gyzlaryňy şeýdip terbiýelärin.
Ol daýysynyň az-kem gowşanyny aňdy.
– Ýegen, sen oglanlyk etme. Şol gyzlar gerek bolsa, men saňa nikalap bereýin, haýsysyny diýseň.
Aýly ýene arlady.
– Men seniň gyzlaryňam, seniňem ýüzüňe tüýkürýän.
Beg myssaryp başlady.
– Ine, «bäşinji wariant» bir iş bitirsin. Saňa gyz alyp bererin, ministr ederin. Soň...
Aýly ýene-de arlady.
– Men seniň «bäşinji wariantyňa-da», ministrligiňe-de, gyzyňa-da tüýkürýärin. Şol wariantyň öz başyňy iýer. Sen, sen duruber bakaly.
Ol indi öz essinde däldi. Daýysyndan ar almagyň ýalňyz ýoly «bäşinji wariantyny» onuň depesinden towky edip indermelidi.Ol ýene samrap başlady.
– Diňe men, diňe men bilýändirin sen haramzadanyň ertirki tutjak bolýan oýnuňy, hah-ha-ha-aý!. Indi sypara ýeriň ýokdur.
Hyýalynda Şanazar Begow oňa ýalbaryp başlady:
– Ýegen jan, men seniň daýyň-a!
– Meniň indi daýym ýok.
– Beý diýme. Bir däl, saňa iki gyzymy bereýin. Özüň bilýäň-ä, Bägüljan bilen Aýgül jany. Nähili gyzlar?! Ikisinem bereýin, ýöne «bäşinji wariant» bilen işiň bolmasyn...
Aýly ýene-de samrady.
– Ýo-ok, diňe «bäşinji wariantyňy» puja çykarsam, içimdäki armanym köşeşer. Bolmasa ý-ok, ýok...
Ol käte bir «ukusyndan» açylýardy. Emma Bikäniň boş ýeri, gugaryp ýatan içeri ýene-de onuň depesinden düňderilýärdi.
Ol daň bilen diwandan turdy-da, stoluň başyna geçdi. Sagat ýediden işleýärdi. Ol düýn öýünde bolan wakany ýene-de başdan-aýak huşundan geçirdi. Aýalynyň: «Men indi bu öýe gelip bilmerin» diýip zarlaýşy, Anna Berdiýewiçiň «Tf-uw!» edip tüýkürip, poly gazaply depişi, Şanazar Begiň «Bars-an-naý, seňki näme?» diýip, oňa juda arkaýyn, gypynçsyz, edil bir bigana tünte edilişi ýaly, azgyrylmagy ony otdan alyp, gaýtadan oda saldy.
Aýlynyň iliňkä meňzemeýän sypaýy, geleňsiz, parahat kalbynyň bir ýerlerinden ören otly gazap birden onuň gözlerinden pürkülip gitdi.
– Wah, meni öldürmeli. Baryna men günäkär. Öz namysymy özüm parçaladym. – Ol dişlerini jygyrdatdy. Duruber bakaly, men saňa, men saňa «bar-rsan-naýy» görkezerin! Men seniň bujagaz işiňi burnuňdan getirerin...
Ol daşky işigi gulplaman, gazap bilen atylyp çykyp gitdi.

16.

Bu günki Gün üýtgeşik nura beslenip dogan ýalydy. Älem jahanyň didaryna owuz süýdi çalnana çalym edýärdi. Agşamky salkyn şemala üwrelip, ýaňagy terlenen baglar, üstünden söýgüli gyzyň saçyndan kükeýän jadylaýjy ysa çalym edip dem alýan baýyrlar, alysdan bu owadan jülgä bagryny geräýjek-geräýjek bolýan mawumtyl dumana beslenen owadan daglar saba bilen suwlanan ýoldan zymdyrylyp barýan «Mersedesiň» yzky oturgyjynda azajyk oýa batyp oturan Döwletbaşyny mähir bilen mübärekleýän ýalydy.
Bu gün hakykatdan hem Döwletbaşy üçin esasy günleriň biridi. Bu gün halky, eziz halky ony gaýtadan Prezidenglige saýlaýardy. Bu keseden garanyňda şeýle bir tolgundyryjy waka hem meňzemeýän ýalydy. Çünki, ol öňem Prezidentdi. Bu günem ýene-de saýlanjagyna onuň ynamy bardy. Ýöne bu saýlanyşyň onuň üçin öňkülerden juda üýtgeşik manysy bardy.
Bu günki saýlaw Garaşsyz halkyň beýik ynamy bolmalydy. Onuň tolgunýan ýeri saýlanmagy däl-de, şol saýlawyň yzynda durmagyň aladasydy.
Öňde beýikden beýik uçutlar ýatyrdy. Yzda ondanam beter uçutlar, düýbi görünmeýän harsaň-harsaň aýlawlar galypdy. Öňüňdäki alyslyklar görnenokdy. Halkyň bu günküje duran ýeri gafga pelegiň dyrnajygynyň ujuna çalym edýän ysgynsyzja gerişjagazdy. Onda köp durmak mümkin däldi. Tozap, üstüňe gum peşäp duran bu gerişde her minudyň sanalgyjady. Onuň haçan opurylyp, seni uçurym gaýalardan aşaklygyna düňderjegi näbellidi.
Müňlerçe ýyllap surnugyp, awunyp, horlukdan-zarlykdan halys usurgan, edil bir bölejik awara keýik sürüsi ýaly bolup, şol burunda gider ugruny bilmän syçrap duran halkyňy ol ýerden alyp gitmelidi.
Nirä, nähili alyp gitmeli? – Ol belli däldi. Ýolam, ugram özüň tapmalydy. Halk seni saýladymy, çyn serdar bolmalydy. Öňde-de, baranyňda hem çogup ýatan eşret çeşmesi ýa-da dirilik suwy lummurdap duran eşretli guýy ýa bolmasa jennet bagy ýokdy. Surnugyp-surnugyp, «ahyr ýetdig-ow, indi bir aýagymyzy uzadyp dynç alaly» diýer ýaly.
Şunça ýyllap harlanan halk açdy, ony ilki doýurmalydy. Şunça ýyllap talanan halk ynamsyzdy. Oňa umyt bermelidi. Şunça ýyllap tazygan halk sarçdy, ony biri-birine höwrükdirmelidi. Şunça ýyllap harlanan halkyň ýüregi buza dönüpdi, şol buzlary ýylydyp, eretmelidi. Şunça ýyllap mährew görmedikhalkyň ýitiren ynsabynyonuň özüne gaýtaryp bermelidi.
Öňki zaman başgaçady. Seniň halk bilen işiň bolmaly däl-di. Halkyň ykbaly Merkeziň elindedi. Merkez ak diýse, akdy, gara diýse, garady. Ýoluň bellidi. Gije-gündiz «kommunizm eýýamy» diýip, boş salgyma bakan gidip oturmalydy, şo-ol gidip oturmalydy.
Gerek bolsa, seni belleýänem merkezdi, gerek bolsa, seni zyňyp goýberýänem merkezdi. Sen diňe ýöredigiňçe daşlaşýan, golaýlaşdygyňça nämälimlige öwrülýän salgyma – «kommunizme» tarap gidip oturmalydy.
Diliň «kommunizm» diýmelidi. Emma ýüregiň, ynamyň, ynanjyň bilen hiç kimiň işi ýokdy. Çünki «kommunizmiň» nämedigini Merkeziň özem bilenokdy. Merkezdäkileriň özleriniňem dillerinde «kommunizmdi» ýüreklerindäkiňi welin, hudaý bilsin...
Emma, hudaý saklasyn, bu ýol welin başga ýol bolmalydy. Bu halkam, bu ýolam özüňkidi, Bu ýolda söz derkar däldi. Bu ýolda mähriňi, ýüregiňi, ömrüňi, şirin janyňy çyrag edip ýakmalydy. Başgaça bolubam biljek däldi.
Kiçi dilden aýdan sözüň dagy nämejik, ömrüňi şamçyraga öwrüp, alawladyp, gaflat tümlüginiň içi bilen öz halkyňy bu düýpsüz uçutlardan alyp çykyp bilseňem, han ogul boldugyňdy. Ýöne, bu tümlige, bu garaňky öwrümlere bir ömrüň şöhlesi ýetermikä?! Seniň bilen egin deňläp, özüni, şirin janyny halkynyň parlak geljege, bagtly, sapaly, nura beslenip ýatan günlere ýetmegine bagyşlap biljek ogullar bu ýolda başga-da tapylarmyka?
Jan süýjüdi. Ol öňem durmuş, onuň höziri diýen zady görmändi ahyryn. Ýa-da indi galanja ömrünem şeýdip gitmelimikä? Adam dünýä ýekeje gezek gelýär-ä. «Aý, işläbereýin-le, soň ýene bir gün geler-de, dynç alaýaryn-la» diýjek gümanyň ýok ahyryn. Adam bolup dünýä inen bolsaň, adam bolubam ýaşamaly!
Döwletbaşy başyny ýaýkady. Ol şu ömründe çeken azaplarynyň hözirini görüp, aýagyny uzadyp, hezil edip oturan wagtyny ýatlap bilmedi. Ylaýta-da il-günüň garamaty egnine düşenden soň, onuň güni hemişe awçynyň öňünden aldygyna gaçyp barýan dag goçunyň güni ýaly bolupdy. Durmuş ony iň joşgunly, çapgyn, iň güzaply, kynçylykly güzerlere getirip taşlapdy. Asyl, ol bu dünýä juda uly sütemlere şaýat bolmaga gelen ýalydy.
Iň bärkisi, ol birinji sekretar saýlanan gününden, edil bir çapyp barýan atyň üstündäki çapyksuwaryň elindäki gamçynyň ujuna düwlen düwne döndi. Ondan öňküler şol kürsüde bal iýip, ýüpek geýip, dünýäniň hözirini görüp ötdüler. Her kim olara ýetjek bolýardy. Olardan gadyrlysam, abraýlysam ýokdy. Emma ol gelenden, bu uly döwlet goha gapgaryldy oturyberdi...
Iň soňunda-da ol diňe gowulyga garaşýardy. Geçen ýylyň tomsunda üç-dört sany başbozar SSSR döwletini eline aljak bolanda, onam özleriniň tarapyna çekjek bolup, wekillerini iberipdiler. Ýöne ol «men iýen duzuma kast etjek däl» diýipdi.
Soň şol topalaňçylaryň özlerem jaň edip başlapdylar. Olar hiç zatdan gypynç etmän:
– Sen gitjek ugruňy kesgitle, soň giç bolar diýipdiler.
Ol otuzynjy ýyllarda atasynyň nähili horlananyny, otuz ýedinji ýylda iliniň-gününiň neneňsi parçalananyny, kyrk ikinji ýylda eziz kakasynyň öz ildeşleri tarapyndan haýynlaryň okunyň öňüne nädilip berlenini bilýärdi. Bu toparlanyşygyň hem halkyň, özüniňem başyna ne günleri saljagyny bilýärdi, şonda-da il-gününe, respublika dönüklik edesi gelmedi.
– Biziň ýolumyz, maksadymyz başgaçarak. Halkymyzda «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen nakyl bar. Men siziň bu işiňizi ölçerip-döküp, öwrenip, soň jogap bermesem, siz meni gyssamaň...
Ony gyssaýardylar.
– Sen bizlikmi ýa-da däl. Jogap ber!
Ol jogap beripdi.
– Men diňe hakykatyň, adalatyň tarapynda. Bu işiňizde ýagşylykalamatyny göremok. Halk öwrülişiklerden, reformalar- dan ýadady. Häzir halka öwrülişik däl-de, hemaýat gerek. Men şonuň tarapdary...
Ol bu jogabyndan soňam kän oýlanypdy. Emma başgaça jogap berip biljek däldi. Olara şol wagt: «Siziňki nädogry. Siz kezzaplar» diýmegiňem ýoluny tapmandy.
Şondan soň wagt onuň pikiriniň dogrudygyny görkezipdi.
Näçe ýyllap baýdak edinilip göterilen, näçe ýyllap kuwwatly dolandyryjy, basybalyjy, ideologik güýç bolan SSKP Merkezi Komitetiniň dargadylan pursady hem onuň ýadyndan çykar ýaly däldi.
Sekretaryň özi SSKP MK-nyň güýjüni ýitirendigini yglan edende, onuň ýüregi sarsyp gidipdi. Ol bu çagşamanyň düýbünde bolmasyz bir gahatçylygyň ýatmagyndan az çekinmändi. Sebäbi onuň arkasynda halky, döwleti durdy. Onuň özi owarramdy. Halky welin gyrgynçylyga berip biljek däldi. Ol wagt diňe töwekgelçilik güýjüni görkezýärdi. Ertir nämäniň boljagyny bir hudaý bilýärdi.
Geçen ýylyň 19-njy noýabrynda, SSSR-iň Prezidenti merkezi telewideniýeden SSSR-iň ýatyrylýandygyny yglan edende, 23-nji noýabrda Kremliň depesindäki uly baýdagyň ýatyrylýandygyny synlanda hem onuň kalbynyň gozgalaňy peseler ýaly bolmandy.
Ýetmiş ýyllap dünýäde iň kuwwatly imperiýa bolup, ýetmiş ýyllab-a däl, ýene-de müň ýyllabam ýykylmaz, gaýta dünýä azm urar hasap edilen beýik imperiýanyň synmagy, asyl, göz öňüne getirip bolmajak ýagdaýdy. Onda-da asyrlarboýy gözi gorkuzylan, talanmakdan bez-bez bolan, indem ýetmiş ýyl bäri horlansa-da, zorlansa-da, sen «kiçi doganymyz, sen azrak iýip, köpräk işlemeli» diýlip iýeni ýeňsesine urlup düwündirilip durulsa-da, «özbaşdak» respublikalygyna monça bolup ýaşap ýören Türkmenistan üçin bu bir göz öňüne getirip bolmajak ýagdaýdy.
Bu respublikanyň ähli çig maly Merkeziň elindedi. Oňa ölmez-ödi azygam beýleki respublikalardan gelýärdi. Halk, döwlet, «hut şeýle bolmaly» diýibem düşünýärdi.
Beýik imperiýanyň dargamagy bu respublikanyň halkyny juda başagaý hala salypdy.
«Indi nähili bolarka?» Bu pikir öňem telim-telim gözi gorkan adamlaryň dowully ýüreginiň hasratly sesidi.
Döwletbaşy şol döwürde-de aljyrap oda-köze düşüp ýörmändi. Ol partiýanyň dargamagyna-da, uly döwletiň synmagyna-da beýle bir ähmiýet berip durmandy. Çünki, ol geçen ýylyň güýzünde Nowo-Ogarew geňeşinde, heniz Syýasy Býuronyň Syýasy Býuro wagtynda «doganym-doganym» diýip, ýiligiňi sorýan respublikalaryň ýolbaşçylarynyň nähili «dogandygyny» görüpdi.
Ol Moskwa ugramanka, ilatyň azyk-suwlukýagdaýyny ölçerip-döküpdi. Ine şonda un ýagdaýynyň juda azalandygyny bilip galypdy.
«Mazaly, oňatbolaýdy. Barybir, ýygnanýarys. Doganlarymyzdan soraryn, olar kömek eder» diýip, ol begençli oýlanypdy.
Syýasy Býuronyň mejlisiniň dowamynda bolsa öz ýagdaýyny aýdypdy.
– Respublikanyň üç günlük iýmäge uny bar, eziz doganlarym, un kömegini bermeseňiz, günümiz kynalýar – diýipdi. Oňa hoş söz-ä däl, hoş ýüz berenem bolmandy. Gaýta, «bu-ha eýýäm dilegçilige başlap, diwana kädisini öňünden asd-ow» diýen manyda dodaklaryny çöwürýärdiler. Başga bir özüni ägirt «imperiýa» hasap edýän, eýemsiräp, soýuzyň býujet tabagyna ilki bilen iki penjesini urup, gerk-gäbe bolýan respublikanyň ýolbaşçysy hilelije gülümsiredi-de:
– Uny dünýä bazarynyň bahasyndan alsaň bereris, bolmasa-da, günüňi gör, doganjyk – diýip, eýemsiredi. Onuňsözüne ýaramsaklyk edip gülşenler bolsa:«Oňardyň, bizem şeýtjek» diýşipdiler.
Şonda ol Magtymguly-Pyragynyň «dogany dogana mätäç eýleme» diýen setirlerini ýatlapdy. Şonda ol ýetmiş ýyllap türkmen halkyny «kiçi inimiz» diýip ýörenleriň ähli zady kiçi dilden bärde aýdýandygyna, bulardan doganyňam, arkadagyňam bolmajagyna ýene bir sapar göz ýetiripdi.
Ol şondan soň diňe özüne, halkyna daýanmalydygyna gowy düşünipdi. Hiç zatdan gypynç etmän, Aşgabada gelip, Türkmenistan Ýokary Sowetiniň nobatdaky seýesiýasynda «Türkmenistan Garaşsyz respublika» diýip yglan edipdi.
Türkiýe Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Birleşen Arap emirligi oňa dogan bolmaga ynamdar wekillerini iberenlerinde, Turgut Ozal müňläp-müňläp tonna ak uny iberende, Rafsanjany pul, goldaw kömegini mürehet edende, Döwletbaşy, näme diýselerem, beýik Taňrynyň bardygyna ynanypdy. Ol şol ynanç bilen Mekge-Medinä zyýarata gidipdi. Käbäniň daşyndan ýedi mertebe aýlanyp ýörkä-de, Taňrynyň bendelerine iberen gara daşyny ýüzüni berip, ony ogşap-ogşap, maňlaýyna togap edýärkä-de, dili ýekeje senany tekrarlaýardy: «Halkyma, ilime-günüme bagt, agzybirlik ber, hudaýym!»
Ol Medinede Muhammet pygamberiň guburyna arkasyny berip otyrka-da, köňlüniň zybany: «Ilim-günüme öz umyt-arzuwyna, bagtly günlere ýetmäge hemaýat ber!» diýip saýraýardy.
Döwletbaşynyň köňli duýdansyz ýylap gitdi. Onuň az-kem gussaly ýüzüne nur çaýyldy. Ol gapdalynda sütün-sütün bolup duran gara daglara buýsançly garady.
«Nesip bolsa, parlak umydymyza ýeteris! Iň kyn, iň ýowuz geçitden ötdük. Halkymyň ýeke damja ganyny dökdürmän, ýekeje gyzyl ýüzi soldurman, beýik Garaşsyzlygymyzy aldyk. Özbaşdak, Garaşsyz döwletiň beýik Kanunyny jar etdik. Ýaşlarymyz bar, iner ýüküni ursaňam, gaşyny çytman çekjek gojalarymyz bar. Olar akyldarlyk täjini geýdirseň hiç wagt namysa goýmazlar. Hydyr gören, küpürsäp ýatan boz topragymyz bar. Lummurdap akyp ýatan mele derýamyz bar. Daýhan ogly, çopan ogly il-günümiz bar. Aňry gidibersek, bu topragyň astam gaz diýdi, nebit diýdi, kömür diýdi, kükürt, duz, kümüş diýdi – durşuna hazyna. Bize diňe agzybirlik gerek! Galanynyň işi haýyr...»
Onuň hakydasyna başdaky bir bölejik burunda atygsap duran topbajyk halky baradaky oýlary köwsarlap urdy.
«Gam çekme, eziz halkym! Beýik ogullaryň seni myradyňa ýetirer. Nesip bolsa, ömrümi seniň bagtyň ýolunda şamçyrag ederin. Seniň üçin janymy bererin, ýöne ýüzüň ýere salynmagyna hiç haçan, hiç wagt ýol bermerin...»
Ol edilmeli işleri, geçilmeli kyn, garaňky, düýpsüz öwrümleri ýatlanda, eginleri agralan ýaly boldy.
Ol ýene-de halkyň bu günki ynamynyň çekip-çydardan juda agyr hupbatlaryny saldarlap başlady.
«Hawa-da, nirede ýeňli bar diýsene. Halkym ynam edýän bolsa, ol ynamyň ýüzüne urup bolmaz. Galanynam beýik Taňrynyň özi oňarar!»
Öňde, ýoluň ugrunda elleri: «Gutly, mübärek bolsun!» diýen ýazgyly bir topar adamyň durandygyny Döwletbaşa habar berdiler.
– Saklanmalymy?!
– Salamlaşalyň!
Başy telpekli ýaşulular, başyna kürtemi, çabytmy atynan aýallar, ýetginjekler, jemi elli adama golaý topar ýoluň ýakasynda ellerini galgadyşyp, «Duruň, salamlaşalyň!» diýen manyda ileri-ileri omzaşyp durlar.
Döwletbaşynyň maşyny badyny peseltdi-de, olara ýetmänräk saklandy.
– Essalawmaleýkim!
Ol maşyndan düşende, Berzeňňiniň owadan sährasy nura çümen ýaly boldy. Adamlaryň köňlünde üýtgeşik çyrag parlap ýanan ýaly boldy. Onuň bilen salamlaşanlaryň köňli neresseje bäbegiňki ýaly päklenýärdi. Adamlaryň öz ogluna, öz patyşa ogluna bolan buýsanjy gözlerinden buýsanç alawy bolup çogup-çogup barýardy.
– Gutly bolsun!
– Mübärek bolsun!
Döwletbaşy neresse çaga kimin müýnsüz, päkize duýgular bilen ýylgyrdy:
– Enşalla, agzybirligi saklasak, uly bagta, eşretli günlere ýeteris. Enşalla, dünýädäki her bir türkmeni gaýşaryp gezer ýaly ederis. – Ol älemi ýagşylyga çaýyp ýylgyrdy. – Şeýle dälmi?!
Märekäniň arka ýüzi gozgalaň tapan ýaly boldy...

* * *
...Aýly münüp gelen taksisiniň hakyny berdi-de, Prezidentiň kartežiniň öňüni çekýän maşyna bakan ylgady. Barybam, demi-demine ýetmän, milisioner ýigidiň gulagyna pyşyrdady. Milisioner ýigidiň ýüzi duw-ak boldy.
Ol radioda gürläp başlady.
– Alo, şol märekäniň içinde ýaragly adamlar bar. Olar Prezidentiň janyna kast etjek bolýarlar!..
Aýly ellerini titretdi.
– Duruň, men olary tanaýan. Meniň yzyma düşüň! Olar, olar... howlugyň!..
Aýly Döwletbaşyny gallap duran märekäniň arasyna urduryp girdi. Ol biri-birine arka direşip duran «Tentek» bilen «Jöwlany» gördi. Olaryň arkasynda ýene-de birki sanysy gözlerini ganguýma edip durdular. Olaryň başyndaky silkme, gara telpegiň buýralarynyň tisginip-tisginip gidýänini özlerinden özge adam bilenokdy. Eginlerindäki täzeje gyrmyz donuň goltugy güberilip durdy. Olaryň öwzaýy bozukdy. Sähel maý tapsalar, awlaryna arslan bolup topuljakdylar...
Aýly aldyrany bar ýaly ylgap barşyna, titreýän ysgynsyz elleri bilen Jöwlany arkasyndan mäkäm gujaklap gysdy. Ol hälki milisioner oglana «Tentegi» görkezdi.
– Şoňam tutuň! Şolam ýaragly! Tutuň!
«Jöwlan» duýdansyz gapjalmagyna haýran galdy-da, guduz açan gurt ýaly, yňranyp silkindi. Oňa çenli onuň boýnundan asan keltejik «Kalaşnikow» awtomaty batly jalkyldap ýüzüne degdi.
Aýly ýene-de bagyrdy:
– Ol gidip barýan ikisinem saklaň!
Märeke gozgalaňa düşdi. Mekejin ýaly bolup bögürip dyzanýan «Jöwlanyň» elini arkasynda daňmaga Aýla kömekleşen tapyldy.
Şol arada agyr, çydap, çekerden juda agyr bir ýiti urgy Aýlynyň böwrüni gyzdyrdy-da, beýnisinde otly partlama döretdi. Onuň gulaklary şaňlap, gözlerinden parlap ot çykdy. Ol ýykylyp barýarka, Döwletbaşynyň maşynynyň ho-ondan gidip barýanyny, «Jöwlan» bilen «Tentegiň», ýene-de kimdir biriniň güýlüngi ýatanyny, adamlaryň bolsa ellerini agyzlaryna ýetirip «Tobada-toba» bolşup duranlaryny görüň durşuna, bu agyra çydaman, bagyrýanyny duýup galdy.
Şondan soň ol hiç zady bilenokdy.

* * *

Aýly ak ýektaýly gyzyň ýüzüne garap, hoşamaý, begençli ses bilen: «Özüne geldi» diýenini, soňam radiodan diktoryň; «Sesleriň 97 prosentini alyp, Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyldy» diýenini eşitdi-de, gap-garaňky, düýpsüz derýa zyňlyp gitdi.

15-nji noýabr - 8-nji dekabr 1993 ý.

Birinji kitabyñ soñy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 2.0/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: