21:47
Magtymguly -5/ romanyñ dowamy
■ «Ajap dessanymdan goýmady nyşan...»

Magtymgulynyň salnan zyndany şäheriň demirgazyk böleginde – günäkärler gynalýan hem olara jeza berilýän (Azap meýdany ady bilen belli bolan) meýdançanyň günbatar ýakasynda ýerleşýärdi.
Bu gara daşdan salnan gümmez şekilli çuň ýerzemini ýadyňa salýardy. Onuň gulaga ýakymsyz zenzele bilen açylyp-ýapylýan demir gapysy zyndany has-da eýmenç görkezýärdi. Gümmeziň her ýerräginde goýlan taýak sokaýmaly deşikleri hasap etmeseň, zyndanyň içine ýagty düşýän ýeri ýokdy. Zyndanyň öňünde gylyç, galkan hem naýza bilen ýaraglanan sakçy gazarylyp durdy.
Garaňky gatlyşyberende, başy gara çadyraly, eli düwünçekli bir gartaşan aýal sakçynyň ýanyna geldi.
– Ajygansyňam, Nowruz, men çagalary naharlajak bolup, gijä galaýdym – diýip, aýal elindäki düwünçegi çözdi-de, ärine bir eplem labaş bilen, bir bölek peýnir uzatdy.
– Şuny iý-de oňaý, Nowruz! Men başga nahar edip bilmedim. Etimiz ýok, nohudymyzam gutardy.
Nowruzyň nahar bilen seri ýokdy. Ol pikire çümüp, ýüzüni sallap durdy.
– Saňa näme boldy? – diýip, aýaly geňirgenip sorady.
– Şu zyndanda kimiň bendi bolup oturanyndan habaryň ýok – diýip, Nowruz bir nokada seredip gürledi. – Munda bir ýazyksyz şahyr öz takdyryna bije atyp otyr.
– Şol araky aýdanyňmy?
– Ol biçärä haýpym gelýär! Oňa gün görkezenoklar. Her gün gelip azar ýamanyny berýärler.
– Hany, ol keramatlymyş, her neneň pugta zyndyna salsalaram, çykyp ötägidýämiş diýýäler-le!
– Käşgä şeýle bolaýsady!–diýip, Nowruz uludan dem aldy.
– Onda men gideýin – diýip, aýal çadyrasyna dolandy. – Al, çöregiňi iý! Şahyryňam üstünde hudaý bardyr!
Aýal gitdi. Ol garaňkynyň içinde gözden ýitensoň hem Nowruz çörege ýapyşman, bir nokada seredip durdy.
Bu wagtlar Magtymguly yzgarly ýere ýazylan köne palasyň üstünde pikire çümüp otyrdy. Gijelerine ýürek gysdyryjy tukatlyk! Gündizine ondanam erbetdi. Bendiler «Azap meýdanyndan» çykýan dady-perýatlaryň, gynalýan adamlaryň iňňildileriniň yzy üzülmeýärdi. Ol garaňky zyndanda oturyp, dünýä hakynda, adamlar tarapyndan edilýän asylly hem gabahat işler hakynda, hemme ýerde höküm sürýän ejize ganymlyklar hakynda oýlanýardy. Adamkärçiligini ýitiren wagşy adamlar ýurda häkimlik edýärler. Ýyrtyjy haýwanlaryň özünden ejiz haýwanlary tutup iýşi ýaly, bu zalymlar hem garawsuz biçäreleri gynaýarlar, talaýarlar. Şu nukdaýy-nazardan seredeniňde bu häkimleriň ýyrtyjy haýwanlardan tapawudy ýok.
Gije ýarymdan agdy. Şahyryň ukusy tutmaýardy. Ol öz takdyry hakynda, öz iliniň gara güni hakynda goşgy düzýärdi.

Mertler namart boldy, namart mert boldy,
Gurtlar peşe boldy, peşe gurt boldy,
Ýurtlar weýran boldy, zyndan ýurt boldy,
Şum pelek leşgerin saldy, neýläýin!

Aşyklardan ötdi yşkyň höwesi,
Tartyldy, ýazyldy dowzah perdesi,
Dagdan aşyp gyzylbaşyň ordasy,
Gözel ilim weýran kyldy, neýläýin!

Bu wagt sakçy Nowruz naýzasyna söýenip durşuna Magtymguly hakynda pikir edýärdi. Ol şahyry azat etmek üçin, başa barmajak zatlary hyýalyna getirýärdi. Şu wagtlar Jebraýyl perişde gelägede, şahyry gümmeziň kiçijik deşiginden çykaryp, alyp ötägitse!
Birden sakçy aýak sesini eşitdi we dört sany adamyň gelýändigini gördi.
– Kim gelýär?
– Näme, tanaňokmy? – diýip, gelýänleriň biri jogap berdi.
Nowruz onuň Gulamaly handygyny tanady.
– Gulluk, aga!
– Aç! – diýip, Gulamaly han buýruk berdi.
Zyndanyň demir gapysy uly zenzele turzup açyldy. Gulamaly han, Mürze Mahmyt Hajy we iki sany serbaz zyndana girdiler. Mürze Mahmyt Hajynyň elinde Magtymgulynyň şygyr diwany bardy.
Gulamaly han ulumsylyk bilen şahyra syn etdi.
– Ýeri, şahyr, mazalyja pikirlendiňmi? Meniň hökümdarym seniň ahyrky jogabyňy eşitmek üçin meni iberdi.
Magtymguly oturan ýerinden başyny hem galdyrmady.
– Men ahyrky jogabymy seniň hökümdaryňa aýdypdym.
– Paýhaslanyp jogap ber, şahyr! – diýip, Gulamaly han Magtymgula haýbat atdy. – Hökümdarymyň islegine ters gelýän jogap beräýseň, saňa jeza bermäge-de ygtyýar alanlygymy duýdurýaryn.
– Bolmanda-da, sizden şondan gowy zada garaşamok.
– Meniň hökümdarym seniň şygyrlaryňy okadyp, manysyn aňlady. Sen hökümdarymyň gaharyny getirýän şygyrlar düzüpsiň.
– Men siziň hökümdaryňyz üçin goşgy goşamok. Göwnüne ýaramasa okamasyn!
– Sen öz şygyrlaryňda Eýran memleketine garşy wagyz edýän ekeniň – diýip, Gulamaly han dişlerini gyjady. Onsoň Mürze Mahmyt Haja ýüzlenip: – Şol şygry okaň, Mürze! – diýdi.
Mürze Mahmyt Hajy Magtymgulynyň şygyr diwanynda bellenip goýlan bir ýerini açdy-da, çalgyrt dil bilen okamaga durdy:

Zor biýr mertleriň söweşe,
Döwletiň öňünden daşa,
Gylyç urup gyzylbaşa,
Dolar sen Gürgene, gökleň.
Hruç eýläp tursa goňur,
Permana geler Nişapur...

– Boldy! – diýip, Gulamaly han Mürze Mahmyt Hajyny saklady. Gulamaly hanyň gomparyp buýruk beren bolup durmagy Mürze Mahmyt Haja ýaramady. Ol ýigrenç bilen ýüzüni turşatdy-da, diwany ýapdy.
– Bu näme boldugy, şahyr? – diýip, Gulamaly han Magtymgula azm urdy. – Sen türkmenleri gyzylbaşlaryň üstüne küşgürip, Eýran serbazlaryna gylyç urmagy, Nişapury, Mazendarany amana getirmegi wagyz edýärmiň? Eýsem, bu seniň şygryň dälmi?
– Men öz pukara halkymyň erkinligini arzuw edip düzen goşgymdan ýüz döndermerin. Ol meniň goşgym!
– Munuň üçin meniň hökümdarym seniň deriňi dabanyňdan soýdurar, Şonda kim seniň dadyňa ýeter? Şol bäş öýli gökleňlermi? Bilýän bolsaň, olar meniň hökümdarymyň rehimdarlygy bileň ýaşap ýörendir. Eger hökümdarym gazap etse, bir demde seniň halkyňyň külüni göge sowrup biler.
Magtymgulynyň gözleri gazap bilen ýandy.
– Siz ýazzy maňlaýymda durup, halkymy äsgermezlik edip durkaňyz, men onuň mertebesini goraman durup bilmerin!

Ylham etdi möwlam maňa,
Nazar düşdi senden ýaňa,
Ýok bolar kast eden saňa,
Gaýdyp dol Gürgene, gökleň!

Gulamaly han aýdara söz tapman, ýumruklaryny düwüp, iki-baka gezmeledi. Soňra birneme özüni dürsedi-de:
– Ýöne meniň hökümdarym rehimdar adam! – diýip, önkä görä mylaýymrak gürledi. – Sen oňa ak ýürek bilen hyzmat etmäge wada berseň, ol seniň günäňi öter.
Magtymguly bir nokada seredip durşuna şeýle diýdi:
– Öz güzerany bilen gümra bolup ýören sada göwünli pukara halkym gije-gündiz gözümiň öňünden gidenok. Meniň halkymyň üstüne edýän çapawullyklaryňyzam gözümiň öňünden gidenok. Siz pukara ilaty talaýarsyňyz, neresse çagalary ýetim goýýarsyňyz, erkeklerini gul, aýallaryny gyrnak edip, alyp gaýdýarsynyz. Siz meniň halkymyň ganym duşmany ahyry! Öz halkynyň agysyny aglaýan her bir ynsan onuň duşmanyna hyzmat etmez!
– Şeýlemi?! – diýip, Gulamaly han kükredi. – Sen dur bakaly, men seni dyza çöküp, aman dilemäge mejbur ederin.
– Meniň kellämi kesseňizem başym egilmez, aýaklarymy döwseňizem dyzym epilmez!
Gulamaly han Mürze Mahmyt Hajynyň elindäki şygyr diwanyny silkip aldy.
– Ot getir! – diýip, ol bir serbaza buýruk berdi.
Serbaz zyndanda ýakylan pelteli çyrany getirdi. Gulamaly han gödeňsi penjesi bilen Magtymgulynyň goşgy diwanynyň sahypalaryny ýyrtyp, şahyryň gözüniň öňünde ýakmaga durdy.
Bu aýylganç suraty görende, Magtymgulynyň ýüregine tyg sanjylana döndi. Ol ençeme ýyl azap edip ýazan söýgüli eserleriniň oda ýanyp kül bolşuna seredip bilmän, gözlerini ýumdy, Onuň göwnüne kagyz ýanman, onuň eli, aýagy, bütin diriligi ýanýan ýalydy.
– Dillen! – diýip, Gulamaly han jynssyz gygyrdy. – Azatlyk gerekmi ýa-da ölüm?
Magtymguly bir nokada seredip durdy. Gulamaly han elindäki diwany çyra tutup duran serbazyň öňüne zyňyp goýberdi.
– Ýak! Hemmesini ýak!
Serbaz diwanyň sahypalaryny goparyşdyryp ýakmaga durdy. Sakçy Nowruz özüni saklap bilmän, gapynyň öňünden aýryldy-da, aňrysyny bakdy. Gulamaly hanyň bu gödekligi Mürze Mahmyt Haja-da ýaramady, ol ýigrenç bilen Gulamaly hana seredip durdy.
– Meniň goşgularymy oda salanyňyz bilen ol ýanmaz! – diýip, Magtymguly dillendi. – Ol ganat baglan tarlan guş ýaly perwaz urup, eýýäm älem-jahana ýaýrady. Indi ol ýaşar! Ol çopanlaryň tüýdüginde, sazandalaryň dutarynda, bagşylaryň dilinde ýaňlanar!
– Emma sen ony görmersiň! – diýip, Gulamaly han onuň sözüni kesdi. – Indi saňa, tekepbir ýigit, dar agajy garaşýar.
Gulamaly han serbazlara göz ümledi-de, zyndandan çykdy. Nowruz zyndanyň gapysyny ýapyp durka, Gulamaly hanyň: «Hökümdar şahyry dardan asmaga perman berýär» diýip, gürrüň edip barýanyny eşitdi. Nowruzyň ini dyglap gitdi. «Eý, alla! Bu nähili elhençlik!» diýip, ol öz ýanyndan oýlandy. Eger ol sakçy bolman, Muhammethasan han ýaly hökümdar bolan bolsa, şahyry hut eliniň aýasyna mündürip gezdirerdi. Ol ýöne bir adam däl, dünýäniň şamçyragy-la! Heý, onam söndürip bolarmy?!
Nowruz gapynyň deşiginden zyndanyň içine seretdi. Bu wagt Magtymguly ýanan sahypalaryň külüni goşawujyna ýygnap, öz takdyryndan zeýrenip otyrdy.
– Azap edip ýazan eserlerim! – diýip, ol goşawujyndaky gara küle seretdi. – Sizde, gör, nähili ajaýyp hem asylly arzuwlar bardy. Bu gadyr bilmez biweçler alyp weýran etdiler.
Magtymgulynyň hasrat çekip oturyşyny görüp, Nowruzyň gözüne ýaş aýlandy. Ol gapydan aýryldy-da, ýene pikire gitdi. «Elbetde, belanyň körügi Gulamaly handa. Wah, şony ýer ýuwdaýsady!»
Gulamaly hana gezek gelende, Nowruzyň içi tütäp durdy. Onuň Gulamaly hany ýigrenýänliginiň sebäbi bardy. Gulamaly han Astrabada gelenden soň, oňa hyzmatkärler gerek boldy. Uly maşgalany ekläp bilmän mätäçlik çekýän Nowruz hem uly ogluny Gulamaly hana hyzmatkär edip berdi. Gulamaly hanyň öýünde oňa bolarlyk iş hem tapyldy. Gulamaly hanyň bir adaty bardy. Ol her gezek nahar iýenden soň, nar suwuny içmegi gowy görýärdi. Gulamaly han bu wezipäni Nowruzyň ogluna tabşyrdy. Nowruzyň ogly nar sykyp, nar suwuny taýýarlap berýärdi. Onsoň, näme ýumuş buýursalar şony edip ýördi. Munuň üçin Gulamaly han oňa hak tölemeýärdi. Ýöne öz agzyndan galan artyndylary berip, onuň garnyny doýurýardy. Nowruz muňa-da kaýyldy. Mätäçlik çekýän oglan öz garnyny doýursa-da bir peýda ahyry! Käte Gulamaly hanlarda nahar köpräk bişen güni onuň öýe-de ony-muny getirýän wagtlary bolaýýar. Bir gün ol çala gemrilen süňkleri alyp gelýär, ýene bir gün agyzdan galan palawy ýaglygyna düwüp getirýär. Ýöne welin, iň soňunda ony betbagtlyga sezewar edenem şol boldy. Günleriň bir güni Gulamaly hanyň aşpezi goýun soýupdyr. Nowruzyň ogly hem oňa kömekleşipdir. Şonda aşpeziň oňa rehimi gelip, bir bölek bagyr bilen öýken beripdir. Oglan öýlerine gaýdyp barýarka, birden Gulamaly han gabat geläýmezmi! Ol bigünä çagany ogurlykda aýyplap, onuň sag goluny goşaryndan çapdyrypdyr. Şu waka ýadyna düşende, Nowruzyň ýüregi jigläp gitdi.
Daň golaýlapdy. Daň ataýsa, ýazyksyz şahyryň başyna nä günler geler?! Eger ony dardan asaýsalar, bu nähak gan üçin Nowruz hem hudaýyň öňünde ýazykly bolar. Sebäbi bigünä şahyryň salnan zyndanyny saklap duran Nowruz ahyry!
Nowruzyň şahyry halas edesi gelýärdi. Ýöne, ony nädip halas etmeli? Nowruz ýaýdandy-ýaýdandy-da, ahyry göwnüni bire baglap, zyndanyň gapysyny açdy.
– Hormatly şahyr! Meniň maslahatyma gulak as! Sen hökümdara hyzmat etmäge boýun bolaý! Ýogsam seni dardan asjaklar!
– Ajala sapalak atyp jan saklap bolmaz, ýaşuly. Kysmatda näme bolsa göräýeris. Ynsan ganyny içmäge öwrenen zalymlaryň dar agajyndan gorkup, duşmanyň öňünde dyza çökmeris. Namart dirilikden mert ölüm ýagşydyr!
Nowruz lapykeçlik bilen gaýra çekildi-de, gapyny ýapdy.

■ «Ýagşy dost dostun unutmaz...»

Gün öýle wagtlarydy. Astrabadyň demirgazyk tarapyndaky Şahymerdan mähellesinde ýerleşýän Agaýy Bahram kerwensaraýyna dört sany türkmen gelip düşdi. Olaryň biri Küti pälwandy. Ol kerwensaraýyň hojaýynyny tapdy-da, özleri ýerleşer ýaly otar we atlaryny daňar ýaly teble görkezmegini haýyş etdi. Kerwensaraýyň hojaýyny egnine serdary çäkmen geýen agaç etli uzynak adamdy. Ol myhmanlara hem olaryň atlaryna syn etdi. Atlar ýüksüzdi, horjunlar gowuz görünýärdi. Myhmanlaryň özleri hem geýnüwli däldi. Kerwensaraýyň hojaýyny: bu myhmanlaryn mertebesini pesräk gören bolara çemeli.
– Mustafa! – diýip, saraý hyzmatçylaryndan birini çagyrdy.
Boýny howut ýaly daýaw adam agsaklap geldi-de, hojaýyna baş egdi.
– Alynky jaýlardan myhmanlara bir otag ber! Atlaryny mal howla äkidip ýerleşdir!
Kerwensaraýyň içi adamlaryň we haýwanlaryň galmagalyndan ýaňa üýn alşar ýaly däldi. Myhmanlar atlardan iki sanysyny mal howluda daňdylar.
– Bu atlary näme daňaňzok? – diýip, Mustafa Küti pälwandan sorady.
– Olar bir ýere baryp gelmeli.
Küti pälwanyň ýoldaşlaryndan iki sanysy ugramaga taýynlandy. Olaryň biri Abdyllaly çapykdy. Ol özüni tanatmazlyk üçin ullakan ýaglyk bilen eňegini sarapdyr, telpegini çümre geýipdir. Onuň ýanyndaky ýaş ýigit Gully ýetimdi.
Küti pälwan olara bir zat ümledi. Şondan soň Abdyllaly çapykdyr Gully ýetim atlanyp kerwensaraýdan çykdylar.
Mustafa myhmanlary derwezeden uzakda bolmadyk jaýlaryň birine getirdi. Otagyň içine palas düşelgidi, tördäki diwaryň öňüne könelen boz keçe ýazylgydy. Keçäniň üstünde içine pagta dykylan üç-dört sany kirli ýassyk ýatyrdy.
– Nireden gelip, nirä barýaňyz? – diýip, Mustafa sypaýyçylyk bilen sorady.
– Biz türkmen, Etrekden gelýäs – diýip, Küti pälwan jogap berdi. – Biz söwda-satyg işi bilen gezip ýören adam.
– Satygçydyrys diýýäňiz welin, satlyk harydyňyzam-a ýok.
Mustafanyň çintgäp soramagy Küti pälwanyň göwnüne ýaramady.
– Biziň satjak zadymyz ýok. Ýöne Etrege äkider ýaly amatly haryt duşsa, alyp gidibermekçi.
– Siziň beýle azajyk atly bolup, gorkman gelşiňize haýran! Zamana erbet ahyry! Nirä barsaň alamançylar, garakçylar!
– Aý, hudaý bardyr!
Indi Mustafanyň bu ýerde işi ýokdy. Emma ol otagdan çykyp gitmän, ýaýdanyp otyrdy. Iň ýamany hem, ol Küti pälwana iňňän içgin seredýärdi. Haýsy-da bolsa bir zady Küti pälwanyň ýüzünden gözläp tapjak bolýan ýaly, ondan gözüni aýyrmaýardy. Bu syry Küti pälwandyr onuň ýoldaşy Çalyş batyr-da aňdy. Abdyllaly astrabatlylaryň almyta gezek gelende gaty bihaýadyklaryny ýolda gürrüň edip beripdi. Şu gürrüň Çalyş batyryn ýadyna düşdi.
– Bu kişä bir zatjyk emlesene, gitsin-le! – diýip, ol Küti pälwana çawuş çakdy.
Küti pälwan donunyň kisesinden bir gyran çykardy.
– Al, bradar, hyzmatyň üçin.
Mustafa puly nebsöwürlik bilen aldy.
– Ömrüňiz uzak bolsun, agalar! Toýuňyzda gaýtsyn!
Mustafa göz hakyny alandan soň hem gitmedi. Ol birsyhly Küti pälwana seredýärdi we bir zat aýtjak bolup aýdyp bilmeýän ýaly, yzly-yzyna ýuwdunýardy.
– Aga, men ýalňyşmaýan bolsam, seni tanaýan ýaly... – diýip, ol birden Küti pälwana ýüzlendi. – Meniň diýjek adamyň bolsaň, seniň adyň Küti pälwan bolmaly.
Küti pälwan Mustafa seretdi. Şonda ol hem Mustafany bir ýerde gören adamsyna meňzetdi,
– Sen Küti pälwansyň! – diýip, şu aralykda Mustafa dowam etdi. – On-on iki ýyl mundan ozal ikimiz bir toýda göreşipdik. Menem bir wagtlar uly pälwandym, aga! Bir ýerde toý bolsa meni çagyrardylar. Baýrak alman gaýtmazdym. Köp baýrak alandyryn. On-on iki ýyl mundan ozal Uzyndere diýen kentde Aga Mämmet Kerbelaýy diýen bir uly baý toý etdi. Eger sen Küti pälwan bolsaň, indi seniňem ýadyňa düşendir. – Küti pälwan tisginip gitdi. Garşysyndaky agsak Mustafanyň kimdigi birden ýadyna düşdi.
– Şonda men gaty ýykyldym – diýip, Mustafa gaýgy bilen ýatlady. – Seňseläp esli wagt özümi bilmän ýatypdyryn. Meni göterip äkidipdirler. Soň özüme gelip seretsem, sag aýagym injikden döwlen eken. Ony sepläp bejerer ýaly ökde tebip hem tapylmady, aýagym egri bitdi. Şondan bäri agsaklap ýörşüm, aga.
Küti pälwan özüni tanadyp biljek däldi. Sebäbi, Küti pälwan soňky ýyllarda diňe bir güýçli pälwan hökmünde tanalman, edermen ýigit hökmünde-de tanalýardy. Muhammethasan hanyň adamlary onuň Astrabatdadygyny biläýse, elbetde, oňa hezil bermezler. Ýalan sözlemegi bolsa Küti pälwan hemme zatdan erbet görýärdi.
– Küti pälwan diýip menem eşidipdim – diýip, her näme-de bolsa ol ýalan sözledi. – Ýöne men göreş tutamok. Meni ýöne oňa meňzeş göräýensiň.
– Haý, diýseňem-ä – diýip, Mustafa ynamsyz ýylgyrdy.
Onýança derwezäniň ýanynda kimdir biri «Mustafa!» diýip gygyrdy. Mustafa gyssanmaç ýerinden turdy-da:
– Men siziň bilen agşam gürleşerin – diýip, çykyp gitdi.
– Ýeser ýerde gaý tutd-ow! – diýip, Küti pälwan gaýga galdy. – Men boýun alsam-da, almasam-da, ol meni tanady.
– Ol bizi satar öýdýämiň?
– Kim bilýär? Bizi tutdurany üçin azdan-köpden bir zat emlärler öýtse, satsa-da sataýar.
Çalyş batyr köp pikirlenmegi başarmaýardy. Ol uzak ýaýdanyp durman, öz kararyny mälim etdi.
– Indi bizde iki ýol bar. Ýa-ha köpräk pul berip, ony özümiz satyn almaly, ýa-da garanky düşer welin, bokurdagyna münäýmeli.
– Ol nähili?
– Ol baýaky Bujnurt hanyňyň sakçysyny kakyşymyz ýaly kakaýmaly. Onsoň, ony kim öldürenini kim biljek.

* * *
Abdyllaly bilen Gully ýetim garaňky gatlyşansoň gaýdyp geldiler. Bu wagt Küti pälwan bilen Çalyş batyr özlerine berlen otagyň gapysyna çykyp, saraýda edilýän işlere syn edýärdi. Abdyllaly bilen Gully ýetim gelenden soň, olar otaga girdiler.
– Hemmesi ýerbe-ýer – diýip, Abdyllaly habar berdi. Biziň atlylarymyz gaýraky dagda zawuň içinde ýerleşipdir. Edil üstünden baraýmasaň, olary görjek gumanyň ýok. Daşlaryna garawul goýupdyrlar. Birden awçy-sawçy tötänden üstlerine baraýsa-da, biziňkiler howpdan dynýançalar, ony bendi edip goýmagy karar edipdirler.
– Ýolda horlanman gelipdirlermi?
– Buzlypolat serdar baştutanlyk etse, nökerlerini horlar öýtmegin! Olar biziň yzymyz bilen garaba-gara gelipdir. Şeýdenleri gowy-da! Ýogsam alamançylar ýa-da garakçylar üstümize döküläýse nätjek? Ýöne, birden duşman ysyrganyp biläýmez ýaly, ertir olar başga zawa geçerlermikän öýdýän.
– Bilip bolmaz, serdar aga bilen gyssagly habarlaşmaly bolaýsak, olary nädip taparys?
– Olaryň nirä barjagyny men bilýän – diýip, Abdyllaly ony arkaýyn etdi.– Ýöne kim bilýär, pelek işidir, birden maňa bir zat bolaýsa, Gully ýetimiň yzyna düşüň! Ol sizi daga elter. Onsoňam, biziň adamlarymyz pürsýan geýiminde odun ýygan bolup, ýaby bakan bolup ikiden-ýekeden dagyň eteginde gezjekdir. Aňyrky jülgelerde Galkan gökleňiň atlylary garaşyp durjak.
Küti pälwan oňaýsyzlyk bilen ardynjyrady.
– Bu aýdanlaryň ýagşy-la welin, bu ýerde bir adam meni tanady. Şol biziň işimizi bulaşdyraýmasa!
– Kim ol? – diýip, Abdyllaly çapyk howsala düşdi. – Astrabatda seni tanyýan kim barka?
Küti pälwan gürrüňe başlamanka birden gapy açyldy-da, Mustafanyň daýaw göwresi peýda boldy.
– Men häli agşam gelerin diýip gidipdim. Ine-de geldim. Az salym siziň bilen gümür-ýamyr edeýin diýip geläýdim.
– Gowy edipsiň – diýip, Küti pälwan sypaýyçylyk etdi.
– Sen Küti pälwandygyňy boýun almadyň-ow! – diýip, Mustafa ýene gündizki gürrüňine gaýdyp geldi. – Her zat diýseňem, sen şolsuň! Men Küti pälwan bilen göreş tutamda, onuň goşarynda ullakan peşehorda yzynyň bardygyny görüpdim. Şol peşehorda yzy seniň goşaryňda-da bar.
Küti pälwan goşaryndaky peşehorda yzyna gözüniň gytagyny aýlap goýberdi.
– Gördüňmi? – diýip, Mustafa güldi. – Ind-ä boýun alarsyň-da! Mustafa agsagy aldaýmak aňsat däldir, aga!
Küti pälwana syn edip oturan Çalyş batyr onuň aljyranlygyny gördi-de, ondan öň söze goşuldy.
– Ol Küti pälwan bolanda-bolmanda näme parhy bar? Aýagyň döwlenini ondan germe, bradar! Hudaýdan gör!
– Ol Küti pälwandygyny boýun alaýmaly ahyry! Häli boýun alan bolsa, bu gürrüňler bolmazdy. Ol boýun alman sypaýjak boldy. Men sypdyraýman! Ýaman synçydyryn. Men kimin nähili adamdygyny gözüne seredemden tanyýan. Ine, siz söwda-satyg işi bilen geldik diýýäňiz. Siziň bu zatlar bilen işiňiziň ýokdugy görnüp dur ahyry.
– Ony näbilýäň?
– Görnüp duran zady bilmek gerekmi? Men köp wagt bäri şu kerwensaraýda hyzmat edýän. Söwda-satyg bilen gelýän adamlar gele-gelmäne bu ýerdäki harytlaryň nyrhyny, nireden näme alyp, näme satyp boljagyny soraşýalar. Uzakly gün şondan başga gürrüň edenoklar. Syn edýän welin, bu zatlar siziň azaryňyza-da däl.
Mustafanyň soňky sözi oturanlary howsala saldy. «Tilki ýaly ysyrganyp, bir zat aňypdyr-ow» diýen pikir kellelerine geldi. Şonda Abdyllaly çapyk gözüniň gytagyny Küti pälwanyň kisesine baka öwürdi-de, gözüni gypyp goýberdi.
– Me, şuny al-da, işiň bilen boluber! – diýip, Küti pälwan Mustafa pul uzatdy. – Biz dynç alaýsakmykak diýýäs.
– Taňryýalkasyn, agalar! Siz sahy adamlar ekeniňiz.
– Ýatasyňyz gelse ýatyň! Ýöne muny meni kowmak üçin aýdan bolsaňyz-a, oňyňyz ýalňyşdyr, agalar! Men size zyýan etjek adam däl.
Mustafa ýerinden turjak ýaly edip gobsundy. Emma turman, ýene az salym dymyp oturdy-da şeýle diýdi:
– Siz şu saraýa geleniňizde, men siziň türkmendigiňizi görüp begendim. Küti pälwany görenimde-hä edil hossarymy gören ýaly boldum. Ýöne meniň eden tamam çykmady. Adam ýalňyz bolsa, hemme kişi ondan gaçýan eken. Bu ýerde meni äsgermezlik edýäler maňa gyrnakdan bolan gul diýýäler. Meniň kakam pürsýan, ejem türkmen gyzydy. Eşidişime görä ol Etrek sebitinden getirilen gyrnak bolmaly. Meni «gyrnakdan bolan» diýip äsgermezlik etselerem meniň ejem erbet halkyň gyzy däl! Türkmenlerde edermen ýigitler-de, güýçli pälwanlar-da, äleme belli şahyrlar-da bar. Men bu ýerde içimi dökere adam tapamokdym. Şol sebäpdenem, sizi hossar edinip, siziň ýanyňyza geldim. Siz maňa ynam etmeseňizem men size içimi dökdüm. Indi sag boluň! Halamasaňyz gelmenem.
Mustafa agraslyk bilen ýerinden turdy.
– Dur entek – diýip, Küti pälwan ýene kisesinden pul çykardy.
– Al, gerek bolar!
Mustafa esli wagt pula seredip durdy-da:
– Beren puluňyz üçin taňryýalkasyn! Ýöne maňa açyk ýüz beren bolsaňyz, hasam gowy bolardy! – diýdi.
Ertesi daňdanlar Küti pälwan bilen Gully ýetim atlara seretmek üçin daşaryk çykanlarynda, gapynyň agzynda Mustafanyň ýygrylyp ýatanlygyny gördüler. Ol yzgar ýerde köne çuhasyny düşenip, uklap ýatyrdy. Ol daň çigregi sebäpli guzy ýaly bükütdirip, aýaklaryny ýygrypdyr-da, gödensiz ellerini goltugyna sokupdyr.
Ýetimlikde ösüp ulalan Gully ýetimiň oňa haýpy geldi. Onuň ýatagyndan kowlan güjük ýaly bolup ýatyşyna Küti pälwanyň hem rehimi geldi. Olar az salym Mustafa seredip durdylar-da, teblehana gitdiler. Baryp görseler, atlaryň ýatagy arassalangy, öňlerine bede dökülgidi.
Küti pälwandyr Gully ýetim gaýdyp gelenlerinde Mustafa ýerinde ýokdy. Otagyň içinde hümürdi eşidilýärdi. Çalyş batyr bilen Abdyllaly çapyk özara gürleşýärdiler. Küti pälwan otaga girdi-de, gören zatlaryny ýoldaşlaryna gürrüň berdi.
– Men agşam aýtdym ahyry – diýip, Abdyllaly gürledi. – Mustafa bize zyýan etjek adam däl. Ol biçäre kemsidilen adam! Ol indi orta ýaşa gadam basypdyr, emma entegem öýlenmändir. Unuň öýlenmänliginiň sebäbi nämedir öýdýäňiz. Oňa gyz berenoklar.
– Aý, ol düzgün-ä bizde-de şeýle-le diýip, Küti pälwan jogap berdi. – Ýöne gyrnaklaram oňat ogul-a dogrup bilýär. Tüýsden dogan ýigitleriň gyrnakdan doganlarça ýoklaram gyt däl. «Hajysy bar, belki, guluna degmez» diýip, Magtymguly hak aýdýar.
– Gala giderismi? – diýip, Çalyş batyr ümsümligi bozdy.
– Synanyp göreliň-le! – diýip, Abdyllaly jogap berdi.
Şu halatda Mustafa gapyny açdy. Onuň bir goltugynda düýrlengi labaş, beýleki goltugynda çemeliräk golça bardy.
– Ertiriňiz haýyrly bolsun, agalar! – diýip, ol elindäki zatlary Küti pälwana uzatdy.
– Labaş bilen gatyk getirdim. Alyň, gapbak-gurbak ediniň!
Myhmanlar ajygypdyr. Küti pälwan garşylyk görkezmän, labaşdyr gatygy aldy. Soňra jübüsinden pul çykaryp, Mustafa uzatdy,
– Taňryýalkasyn, aga! – diýip, Mustafa puly aldy. – Siz häzirlikçe, şuny iýip oňuň! Indiki ajygýançaňyz men gaýdyp gelerin.
Sen bir ýere gitjekmi?
– Hanyň galasyna gitmeli. Buharadan uly bezirgen geldi. Baý täjirler. Olar her gelenlerinde, söwdalary şowly bolar ýaly, Muhammethasan hana sowgat eltip berýäler. Olar ýene sowgat getiripdirler. Olara mal sürüşmäge gitjek.
– Bu ýerde her kim bolsa-da, gala goýberýälermi? – diýip, Küti pälwan sorady.
– Hanyň ýanyna barjak diýseň, eliňem sowgatlyja bolsa, goýbermejek gümanlary barmy? Näme gala girmek hyýalyňyz barmydy?
– Hawa, işimiz bardy.
– Şeýle bir zady bardyr-la! Siziň söwda etmäge gelmäniňiz görnüp dur ahyryn.
Hiç kimden ses çykmady. Mustafa agsak myhmanlaryň ýüzüne ýeke-ýeke seretdi:
– Siz Magtymguly şahyry dilemäge gelen-ä dälsiňiz-dä?
Mustafanyň soragy oturanlary geň galdyrdy.
– Magtymgulyň bu ýerdedigini sen nireden bilýäň?
– Iller gürrüň edýäler, bizem eşidýäs. Magtymguly şahyryň bu ýere getirilendiginem eşitdik.
Küti pälwan Mustafa golaý süýşdi.
– Diläýsek, han ony bize berermikä?
– Eşidýän gürrüňlerimiz çyn bolsa, ony bermeseler gerek – diýip, Mustafa az salym dymyp oturandan soň pyşyrdady. – Aýdyşlaryna görä, han ony köşkde alyp galjak bolanmyş. Magtymguly razy bolmandyr. Hökümdaram ony zyndana saldyranmyş.
«Zyndana» sözüni eşidende, myhmanlaryň ýüzi üýtgedi. Özüni tanatmajak bolup oturan Abdyllaly hem özüni saklap bilmedi.
– Onuň haýsy zyndandadygyny bilmediňmi?
– Onam eşitdik, aga. Iller gürrüň edýär, bizem eşidýäs. Oňa sakçylyk edýänleriň kimdiginem eşitdik. Siz öten agşam Mustafa agsagy ýigrendiňiz. Ine, gördüňizmi, Mustafanyň hem derkar ýeri boljak eken!
– Hany aýtsana, bradar – diýip, Abdyllaly sorady. – Ony haýsy zyndana saldylar?
– Aýdaryn – diýip, Mustafa içýakgyç äwmezlik bilen gürledi. – Elbetde, bular ýaly zady ýaňrap ýörmek gowy däl. Ýöne, size gerek bolsa, aýtmasyz zatlaram aýdaryn.
Gürrüňi uzaltmakdan Mustafanyň maksadynyň nämedigine Küti pälwan düşündi. Ol kisesinden pul çykaryp, Mustafa uzatdy.
– Al, bradar! Biz edilen ýagşylygy bilmeýän adam däldiris.
Mustafa puly gysymyna gysdy-da, myhmanlara golaý süýşdi:
– Şahyry Azap meýdanyň günbatarsyndaky zyndana salypmyşlar. Zyndanda onuň ýekeje özümiş. Oňa bir ýaş ýigit bilen bir goja gezekleşip sakçylyk edýämiş. Ýaş ýigidiň adyny bilemok, gojanyň adyna Nowruz diýýäler.
Mustafa ýerinden turdy.
– Hany, bradar, azajyk aýak çek – diýip, Küti pälwan ony saklady. – Sen bize gala girmäge kömek edip bilmezmiň?
– Magtymguly üçin ölmelem bolsa men gaçan däl! – diýip, Mustafa jogap berdi. – Ýöne gala giräýmek aňsa-a däldir.
Mustafa barmaklaryny ýeke-ýeke ýumup, günleri hasaplady.
– Bu gün çarşenbe, ertir penşenbe, birigün anna. Anna güni adamlary galadaky metjide goýberýärler. Şol gün Muhammethasan hanyň özi-de namaz okamaga barar. Ugruny tapsaňyz, sizem gala girip bilersiňiz.
Mustafa sözüni soňlamanka, ony çagyrdylar. Ol gapa baryp yzyna gaňryldy.
– Siz arkaýyn bolaýyň, agalar! Size özüm kömek ederin.
Mustafa gidenden soň, Abdyllaly çapyk:
– Işimiz şowly bolaýjak ýaly! Zyndanyň sakçysy Nowruzy men tanyýan! – diýdi.

■ «Aýdyň ol ýarymga meniň zyndan içre bolganym...»

Daň golaýladygyça, Nowruzyň howsalasy artýardy. Jellatlar gelerler-de, Magtymgulyny dar agajynyň astyna alyp giderler. Onsoň, kanunyň adyna perdelenip edilýän ganhorlygyň dabaraly dessury berjaý ediler: dep kakylar, jemagat ýygnanar, Muhammethasan han yşarat eden badyna, jellatlar ganly syrtmagy şahyryň günäsiz boýnundan ildirerler. Eý, hudaý-eý! Şunuň ýaly zalymlygyň höküm sürýänini gözüň bilen görüp durkaň, oňa neneň edip seredip durup bilýäň? Şahyrçylyk äleminiň şamçyragy sönjek bolup dur! Ol bir sönensoň, ony täzeden ýakyp bolmaz ahyry!
Adamlar özlerine zyýan etjegini bilse, sogap iş etmäge-de gorkýarlar. «Men bolsam-a, Magtymgulyny depäme täç edinerdim» diýip, Nowruz birnäçe wagt mundan ozal Etrek sebitinde çapawullyk edil ýörkä, agzyny dolduryp aýdypdy. Indi oňa nepi degjek pursaty geldi welin, sözünde durup bilmän, kürtdürip dur.
Nowruz köp pikirlenenden soň, birden bir hyýal kellesine geldi-de, zyndanyň gapysyny açdy.
– Hormatly şahyr! Sen dogry gelýän ajala batyrlyk etme! Men boşadaýyn welin, sen gaç!
Muhammethasan hanyň diýenini etmäni üçin özüne agyr jeza berläýmeginiň mümkinligini Magtymguly bilýärdi. Bu beladan gutulmak üçin şundan amatly wagt bolmajagyny-da güman edýärdi. Şeýle-de bolsa ol zyndandan çykmady.
– Ýok, ýaşuly! Men gaçsam, sizi dardan asarlar.
– Men öz maňlaýymdakyny görerin, şahyr. Men bir pyrryldak etmegi ýüregime düwdüm. Sen meniň elimi-aýagymy daň, agzyma ýaglyk dyk-da gaç!
– Siz rehimdar adam ekeniňiz! – diýip, Magtymguly oturan ýerinden gürledi. – Dünýädäki hemme adamlar siziň ýaly belent göwünli bolan bolsa mazlumlaryň gözýaşy derýa bolup akmazdy. Ýöne men öz janymy halas etmek üçin ýazyksyz bendäni howp astynda goýup gidip bilmen. Sag boluň, ýaşuly!
Nowruz azsalym ýaýdanyp durdy-da lapykeçlik bilen daşaryk çykdy. Ol naýzasyny zyndanyň diwaryna söýedi-de, gapa ýaplanyp oturyberdi. Onuň bolşy iň soňkuja puluny harçlan gallaç adamyň hemme zatdan näumyt bolup oturyşyna meňzeýärdi. Birden Azap meýdan tarapdan aýak sesi eşidildi. Ol öwrenen endigi boýunça zöwwe ýerinden turdy-da, naýzasyna ýapyşdy.
– Gelýän kim?
Aňyrdan gelýän pyýada hamala özüne diýilmeýän ýaly, göni gelýärdi. Muny görüp, Nowruz howsala düşdi.
– Dur, terpenme! Terpenäýseň garnyňdan çişlärin!
– Men zyýanly adam däl! – diýip, nätanyş ýuwaşja gürledi. – Näme, meni tanamadyňmy?
– Tanamok! Golaýa gelme!
– Gorkmasana! Bolmasa men golumy galdyraýaýyn – diýip, nätanyş adam gollaryny göterdi. Sesimdenem tanamadyňmy?
– Abdyllaly!
– Ýuwaş! – diýip, Abdyllaly onuň sözüni kesdi. Gykylyk etme! Eger duýduraýsaň, özüne zelel edersiň.
– Janyňa haýpyň gelenokmy, akmak?! – diýip, Nowruz pyşyrdady. – Birden tutulaýsaň nätjek?
– Ýuwaş! – diýip, Abdyllaly gollaryny goýberdi. – Senlik işim bar.
– Menlik işiň bolmaz! Eglenme-de şu ýerden güm bol! Ele düşäýseň, deriňi dabanyňdan soýarlar.
Abdyllaly töweregine garanjaklady-da, Nowruza has ýakyn bardy. Indi onuň döşi Nowruzyň naýzasyna direlip durdy.
– Meni ele düşüräýseň özüň heläk bolarsyň! Näme, sen hökümdara az hyýanat etdiňmi? Azerbaýjanlylardan pul alyp, azerbaýjanly gyrnaklary gaçyryp goýberen sen dälmidiň? Şonda saňa men kömek etmedimmi?
Nowruzyň kejebesi daralyp başlady. Şu wejeralygyň üsti açylaýsa, onuň derisine saman dykyljagyna şek ýokdy.
– Gulamaly hanyň ýyldyrym atly aty ogurlananda ogrulara kömek eden sen dälmidiň? – diýip, Abdyllaly dowam etdi. – Bilip goý, meni tutduraýsaň, eden haýynlyklaryň hemmesini aýdaryn.
– Güm bol diýýän saňa! Garnyňdan çişlärin.
Nowruzyň Abdyllaly bilen gürleşesi gelmeýänligi görnüp durdy. Meseläni oňatlyk bilen çözüp bolmajagyna Abdyllalynyň gözi ýetdi. Ol gaýra çekiljek ýaly etdi-de, birden Nowruzyň naýzasyndan ýapyşdy. Şol halatda zyndanyň arka tarapyndan iki sany adam Nowruza baka okduryldylar. Nowruzy güpürdedip basdylar-da, agzyna ýaglyk dykdylar. Bu gelenler Çalyş batyr bilen Gully ýetimdi.
Abdyllaly pyçagyny çykardy-da, Nowruzyň gursagyna diredi.
– Men saňa oňatlyk bilen gürleşeli diýip, şunça ýalbarsamam etmediň. Pyçagy kükreginden sanjaýaryn-a!
Nowruz gözlerini petredip ýatyrdy we birsyhly Gully ýetime seredýärdi.
– Ýeri, boýun egýäňmi? – diýip, Abdyllaly pyşyrdap sorady.
Nowruz «hawa» diýen yşarat etdi. Nowruzyň agzyndaky ýaglygy aýyrdylar.
– Size näme gerek? – diýip, Nowruz hopugyp sorady.
– Saňa bir ýumuş bar. Şol ýumşy bitirseň ine, şuny görýämiň? – diýip, Abdyllaly goltugyndaky kümüş pully haltajygy çykardy. – Şundan geregiňi edinersiň.
– Näme ýumşuňyz bar?
– Şu zyndanda bir türkmen şahyry saklanýar. Şony boşatmaly.
Uly aladadan halas bolan adamyň erkinlik bilen dem alşy ýaly, Nowruz hem uludan dem aldy.
– Asyl şonuň üçin gelipmidiňiz? Şahyry ölümden gutaryň!
Nowruza ýerinden turmaga rugsat berdiler.
Nowruz Gully ýetime seretdi.
– Men seni tanamadym. Sen ýeserje ýigit ekeniň!
Nowruz zyndanyň gapysyny açdy, Içerik girdiler. Pelteli çyranyň ölügsi yşygy Magtymgulynyň ýüzüne zordan ýagty salýardy.
– Magtymguly!
– Çalyş batyr!
Köne dostlar görüşdiler, Abdyllaly hem baryp Magtymguly bilen görüşdi. Gully ýetim özüni saklap bilmedi:
– Agam! Aga jan! – diýip, ol ýüzüni Magtymgulynyň egnine ýaplady.
– Berekella, Gully! – diýip, Magtymguly ýaş ýigide göwünlik berdi. – Sen ezber ýigit bolup ýetişipsiň.
Şu wagt gala sakçylaryndan biri «habardar!» diýip gygyrdy, onuň yzyndan başga bir sakçynyň «habardar!» diýip jogap beren sesi eşidildi.
– Agalar, tizräk boluň! – diýip, Nowruz olary howlukdyrdy.
– Gideli, şahyr! – diýip, Çalyş batyr pyşyrdady.
– Meniň ýerime bu bendäni dara çekdirmek isleýärmisiňiz? – diýip, Magtymguly Nowruza baka elini salgady. – Öz başymyzy halas etmek üçin, biriniň başyny girew goýup gitsek namartlyk bolar.
– Meni alada etmäň! – diýip, Nowruz Çalyş batyrdan öň jogap berdi. – Men öz başymy çararyn. Men bu beladan gutulmak üçin bir hile gurmagy ýüregime düwdüm. Eger şol niýetim başa baraýsa-ha, men halas bolaryň, bolmasa-da kysmatdakyny görerin.
Nowruz geýimlerini egnine ýygryp, arkasyny ýalaňaçlady.
– Arkama gamçy bilen iki gezek uruň! – diýip, ol haýyş etdi. – Gamçy arkamda yz galdyrar ýaly, gaty uruň!
Adamlar biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler.
– Uruň-da! Näme dursuňyz?
Çalyş batyr gamçyny aldy-da, Nowruzyň arkasyna iki gezek jaýdar ýelmedi.
– Wah, wah-eý! – diýip, biçäre Nowruz ýatan ýerinden towlandy. – Tasdanam oňurgamy ýazdyrypdyň. Indi elimi-aýagymy daňyň!
– Puly bir al ahyry! – diýip, Abdyllaly pully haltajygy uzatdy.
Nowruz başyny ýaýkady.
– Ýok, men pul üçin edemok. Şahyryň başynyň aman galmagy üçin etdim. Menden razy bol, hormatly şahyr! Ýagşylyk bilen ýatlagyn!
Magtymguly Nowruzyň ýanyna bardy-da, onuň elini gysdy.
– Tä ölinçäm sizi unutmaryn, ýaşuly! Hoş galyň! Nowruzyň elini-aýagyny daňdylar, agzyna ýaglyk dykdylar, zyndanyň gapysyny ýapdylar-da, galanyň derwezesine baka gitdiler.
Galanyň "Şemal" derwezesi ümsümlikdi. Derwezebanlardan biri hor çekip ýatyrdy. Beýlekisi naýzasyny gujaklap, arkasyny derwezä ýaplap irkilip otyrdy. Ýedigen ýyldyzy aşaklapdy.
Derwezäniň çep tarapyňdan iki adam galanyň düýbi bilen bukdaklap geldi. Olar pişik basyşyny edip geldiler-de, irkilip oturan derwezebany güpbasdy etdiler. Zähresi ýarylan derwezeban urundy, dyzady, gygyrjak boldy. Güýçli gollar onuň salymyny bermän, agzyna ýaglyk dykdylar, el-aýagyny daňdylar. Derwezebany güýlüp taşlan güýçli adamlar Küti pälwan bilen Mustafa agsakdy. Bularyň gürp-tarpyna ikinji derwezeban oýandy. Ol derwezäniň öňünde tutda-baslyk bardygyny gördi-de naýzasyny alyp topuldy. Eger Küti pälwan çalasynlyk bilen okdurylyp, onuň naýzasyndan ýapyşaýmadyk bolsa, ol Mustafa agsagyň garnyndan naýzany sançjakdy. Küti pälwan ony bat bilen özüne baka dartdy. Derwezeban öňebaka ideneklenip gitdi Şu pursatdan peýdalanyp, Küti pälwan onuň ýakasyndan ýapyşdy. Güýçli penjäniň girisine düşenligini aňan derwezeban bogazyna sygdygyndan gygyrdy. Mustafa ýumrugyny derwezebanyň depesinden inderdi. Şondan soň derwezebandan ses-üýn çykmady. Mustafa derwezebanyň guşagyndan asylgy açarlary aldy. Oňa çenli Magtymgulydyr ýoldaşlary geldi.
Gala sakçylarynyň arasynda galagopluk başlandy. Olar bir-birlerine duýduryş berip, gygyryşdylar. Az salymdan soň gala diwarlarynyň üsti hem düýbi bilen ylgap gelýän aýak sesleri eşidildi.
Derweze açyldy. Magtymguly dagy Abdyllalynyň yzyna düşüp, demirgazyk tarapa gitdiler.
Galadan sesýetim uzaklykda Buzlypolat serdar birnäçe atlysy bilen garaşyp durdy.

■ «Hile hem batyrlykdyr ýerinde...»

Sakçylarbaşy Şemal derwezesine gelip, bu ýerde bolan wakany bilenden soň, uly gykylyk turzup, gala sakçylaryny örüzdi. Derwezäniň töweregine ser salyp, gaçgaklary gözlediler, emma derek tapylmady. Bu waka Muhammethasan hana mälim ediläýmese, munuň üçin ol sakçylarbaşyny dara çekdirmegi mümkin. ýöne ona nädip habar etjek? Süýji ukuda ýatan gazaply hany ukudan oýarmaga kim het edip biljek?! Onuň üstesine-de, Muhammethasan han şum habar getiren adamy halamaýarmyş. Gulamaly hana aýdaýaýyn diýseň, onuň hem yzgytsyzlygy Muhammethasan hanyňkydan pes däl! Sakçylarbaşy oýlandy-pikirlendi-de, Rüstem begiň ýanyna gitmegi makul bildi.
Rüstem bege bu habary aýdanlarynda, ol gaty gynanan boldy. «Seresap bolmansyňyz» diýip, sakçylarbaşa käýedi. Ýöne ýüreginde peýda bolan bir duýgy onuň gaharyna birhili ýumşaklyk äheňini berýärdi.
Gulamaly hanyň seňrigine kakjak bolup ýören Rüstem begiň aýdany geldi.
Rüstem beg çalasynlyk bilen geýindi-de, sakçylarbaşyny yzyna tirkäp, Muhammethasan hanyň ýanyna bardy.
– Alla meniň hökümdaryma uzak ömür bersin! Biwagt azar berip süýji ukyňyzy bimaza edenim üçin ýazygymy ötüň! Siziň belent mertebäňize dönüklik edilipdir! Siziň süýji ukyňyzy bozan hem bolsam, bu habary gijä goýmaga het edip bilmedim. Sakçylarbaşy size arzyny aýtmak üçin huzuryňyzda garaşyp dur.
Sakçylarbaşy dyzanaklap geldi-de, Muhammethasan hanyň aýagyna ýykyldy.
– Bir çemçe ganymy öt, hökümdarym! Şu gün agşam näbelli adamlar zyndana hüjüm edip, Magtymguly şahyry äkidipdir.
Muhammethasan han syçrap ýerinden turdy.
– Emelsiz kezzap! – diýip, ol sakçylarbaşyny depip goýberdi. Soňra Rüstem bege ýüzlenip: – Gulamaly han nirede? – diýip gygyrdy.
– Derrew git-de, ony hökümdaryň huzuryna çagyr! – diýip, Rüstem beg sakçylarbaşa buýruk berdi. Sakçylarbaşy içini tutup, çykyp gitdi.
– Siz meniň aýdanlaryma nähak pitiwa etmeýärsiňiz, hökümdarym – diýip, Rüstem beg Muhammethasan hana gep berip başlady. – Bu zatlar Gulamaly hanyň içiniň düzüw däldiginden bolýan zat. Ozallar biziň galamyzda munuň ýaly masgaraçylyk bolan wagty ýokdur.
Muhammethasan han çalasynlyk bilen geýindi-de, tagtyna baka ugrady. Rüstem beg hem onuň yzy bilen gitdi. Ol Muhammethasan hanyň diňleýänine, diňlemeýänine-de ähmiýet bermän, ýolboýy oňa gep berip barýardy. Muhammethasan han tagtynda ornaşyp-ornaşmanka, Gulamaly han hasanaklap. geldi.
– Meniň hökümdaryma Alla uzak ömür bersin! – diýip, ol nämelerdir aýtmakçy boldy.
– Şahyr nirede? – diýip, Muhammethasan han azgyryldy.
Sakçylarbaşy gijeki bolan wakany ýolda Gulamaly hana mälim edipdi. Ol gorkusyna gepläp bilmän, sakawlap durdy.
Şol aralykda Nowruzy getirdiler. Muhammethasan han gazabyny Gulamaly handan sowdy-da:
– Şahyr nirede? – diýip, sakça azgyryldy.
– Ýüzüm garadyr, hökümdarym! – diýip, Nowruz ýüzüni ýere berip ýatyşyna jogap berdi. – Ömürboýy hyzmatyňy edip agaran çal başymy aýagyň astynda goýýaryn. Bu eden günäm üçin men dara çekilmäge mynasypdyryn, hökümdarym! Ýöne ölmänkäm günäniň düýp sebäplerini aýan etmäge rugsat ber!
– Gep nokatlap durma-da, aýt basymrak!
– Öten agşam men zyndana sakçylyk edýäkäm dört-bäş sany adamyň zyndana baka gelýänligini gördüm. Men: «Gelýän kim?» diýip gygyrdym. Bir görsem, biziň serkerdämiz Gulamaly han olaryň öňüne düşüp gelýän eken.
– Näme?! – diýip, Gulamaly han aňk bolup galdy.
– Sözüňi dowam et! – diýip, Muhammethasan han gygyrdy.
– Hawa, olaryň öňüne düşüp gelýän Gulamaly han eken. Olar geldiler-de, sen-men ýok, meniň elimi-aýagymy daňdylar. Onsoň, şahyry boşatdylar-da, alyp gidiberdiler.
– Ýalan sözleýärsiň, kezzap! – diýip, Gulamaly han topuldy.
– Daýan! – diýip, Muhammethasan han ony saklady.
Sakçynyň tapan delili Rüstem begiň ýüreginden turdy. Ol hoşallyk bilen Nowruza seredýärdi.
– Subut et! – diýip, Muhammethasan han sakçyny gyssady.
– Çal sakgalym bilen dyza çöküp Allaha ant içmekden başga subut edip biljek zadym ýok! Men olaryň diýenini etmejek bolamda, arkama gamçy bilen urdular. Ine, arkama seredäýiň!
Nowruz geýimini ýokaryk serpip, ýagyrnysyny ýalaňaçlady. Gamçy yzlary gyzyl zolak ýasap, mese-mälim bildirip durdy.
– Şol gelen türkmenleriň horjunynda bir agyr zat bardygy bildirýärdi – diýip, Nowruz dowam etdi. – Ol pul bolaýmasyn diýen müňkürlik göwnüme gelýä.
Gulamaly han ýene özüni saklap bilmedi.
– Kes sesiňi, gurrumsak!
– Gulamaly han! – diýip, Muhammethasan han oňa azgyryldy.
Gulamaly han Muhammethasan hana baş egdi-de, yza çekildi. Şu pursatdan peýdalanyp, Rüstem beg Muhammethasan hanyň ýanyna bardy.
– Men size köp gezek duýdurypdym, hökümdarym! Ine, onuň wejeralygy çykyp başlady.
Muhammethasan han gazap bilen Gulamaly hana seretdi.
– Ýeri, serdarsumak! Jogap ber! Şahyr nirede?
Gulamaly han duran ýerinde dyza çökdi:
– Maňa gazaplanmaň, hökümdarym! Hezreti Abbas haky üçin ynanyň, bu işden meniň habarym ýok.
– Şahyr nirede? – diýip, Muhammethasan han dişlerini gyjady.
– Ol galat aýdýar, hökümdarym! Meniň size bolan wepadarlygyma hyýanat etmek üçin hile gurupdyrlar.
– Şahyr nirede?
– Mende ýazyk ýok, hökümdarym! Ony gaçyrypdyrlar!..
– Gaçyrypdyrlar?! – diýip, Muhammethasan han gazap bilen ýerinden turdy. – Şahyr bilen iş salyşmagy maňa tabşyryň diýip, etjegiň şümüdi?
– Men seni zyndanda çüýrederin!
Muhammethasan han birden Rüstem bege ýüzlendi.
– Sen derrew ýygyn jemle-de, olaryň yzyndan kow! Her ýere gidenem bolsa, şahyry tutup getiriň!
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 16 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tañryguly Taganow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: