23:07
Ussat we Margarita -7/ romanyñ dowamy

VII bap

ÝARAMAZ JAÝ

Eger ertesi güni ir bilen Stýopa Lihodeýewe: «Stýopa! Eger häziriň özünde turmasaň, seni atyp öldürerler!» diýseler, ol mejalsyz owaz bilen eşdiler-eşdilmez şeýle diýerdi: «Bolýar, atsaňyz atyň, näme etseňiz ediberiň, emma turmaryn».
Ýerinden turmag-a beýlede dursun, gözüni açmaga-da mejaly ýok ýalydy, çünki, eger ol gözüni açsa, şol demde ýyldyrym çakyp, başyny kesim-kesim edip, mynjyradyp taşlajak ýaly bolýardy. Onuň beýnisinde ullakan bir jaň dynman urup duran ýalydy, göz käseleriniň we gabaklarynyň arasyndan ýap-ýaşyl ýaldyrawuk gerdişli melewşe salgymlar ýüzüp geçýän ýalydy, munuň üstesine-de ýüregi bulanýardy, bu ýürekbulanma gelip-gelip beýnä çybyn ýaly ýelmeşip galan nähilidir bir patefonyň sesinden emele gelýän ýaly duýulýardy.
Stýopa agşam ýüz beren wakanyň birje bölegini ýatlamaga synanyp, gördi, emma diňe bir närse ýadyna düşdi, bolany: Hamala ol düýn agşam eli salfetkaly halda haýsydyr bir zenany ogşamaga ymtylyp, ertir günortan öýüňize myhmançylyga bararyn diýip wada edipdi. Zenan: «Ýok, ýok, men öýde bolmaryn!» ― diýip, ony ret edipdi. Stýopa bolsa, öz sözünde berk durup: «Men barybir bararyn!» ― diýýärdi. Stýopa zenanyň kimligini hem, häzir sagat näçe bolanyny hem, bu gün haýsy aýyň haýsy günüdigini hem asla bilip bilenokdy, iň ýamany: ol özüniň nirede ýatanyny hem bilmeýärdi. Ol hiç bolmanda, özüniň niredeligini anyklajak bolup, daş ýaly agyr çep gabagyny zordan-zara göterdi. Gözüne bir zat ýalt edip görnen ýaly boldy. Stýopa ahyry onuň diwar aýnasydygyny, özüniň bolsa öz ýatakhanasynda krowatda, ýagny birwagtlar zergär dul aýalynyňky bolan krowatda arkan ýatanyny bildi. Birden onuň beýnisinde şeýlebir gaty sanjy peýda boldy ki, ol gözüni ýumup yňrandy.
Düşündiriş: Warýete teatrynyň direktory Stýopa Lihodeýew Sadowaýa köçesinde «p» şekilinde gurlan alty gatly öýde merhum Berlioz bilen bir kwartirada durýardy ― bu gün ir bilen ol gözüni açyp, özüni şu ýerde gördi. Şuny aýtmak gerek ki, bu ― 50-nji kwartira hakynda köpden bäri, ýaman diýip bolmasa hem, juda alamat gepler eşidilýärdi. Mundan iki ýyl öň bu kwartira zergär de Fužereniň dul aýalyna degişlidi. Ellä giren, gaýratly, hormatly Anna Fransewna de Fujere hanym bu jaýdaky bäş otagdan üçüsini iki maşgala kireýine goýupdy: birinji kireýine ýaşaýanyň familiýasy Belomutdy, ikinjisiniň familiýasy ― belli däl. şeýdip, mundan iki ýyl öň bu öýde juda täsin wakalar ýüz berip başlady: bu ýerde ýaşaýan adamlar yzly-yzyna nam-nyşansyz gaýyp bolup başladylar. Dynç alyş günleriniň birinde bu öýe bir milisioner gelip, ikinji kireýine ýaşaýjyny (onuň familiýasy saklanmandyr) daşary çagyrýar-da, nähilidir bir kagyza gol goýmak üçin derrew milisiýa bölümine girip çylmagy oňa teklip edýär. Ol şahs Anna Fransewnanyň sadyk öý hyzmatkäri Anfisa: «Biri jaň edäýse, on minutdan dolanyp gelerin» diýip tabşyryp, ap-ak ellikli hoşmylakat milisioner bilen çykyp gidýär. Emma ol on minutdan-a däl, soň bütinleý dolanyp gelmeýär. Iň geň galmaly ýeri bolsa, onuň bilen bile milisioner hem ýitirim bolýar. Hudaýhon, anygyrak aýdanyňda, juda yrymçy Anfisa aljyrap duran Anna Fransewna öz çaklamasyny çürk-kesik aýtdy. ― Bu anyk jadygöýlügiň özi. Ol kireýine ýaşaýan şahsy hem, milisionerem kimiň ogurlap gidenini men ýagşy bilýärin, ýöne häzir, garaňky düşüp ugran wagty geplesem, häsiýeti ýaman bolýar. Mälim ki, jadygöýlik başlanmasyn, bir başlansa, onuň asla yzy üzülmeýär. Ikinji kireýine ýaşaýjy, ýadyňyzda bolsa, duşenbe güni gaýyp bolupdy, çarşenbe güni bolsa Belomut hem edil ýer ýuwdan ýaly, nam-nyşansyz ýitdi ― ýöne başgarak ýagdaýda. Ertirine, her günki endik boýunça, ony işe alyp gitmäge maşyny geldi, ony alyp gitdi-de, soň hiç kimi gaýtaryp getirmedi, maşynyň özem soň dolanmady.
Belomut hanymyň başyna düşen hasraty, bagtsyz hadysany ýazyp, beýan eder ýaly däl. Emma, hasrat hem, bu bagtsyz waka-da uzak dowam etmedi. Anna Fransewna Anfisa bilen howlukmaç bir iş sebäpli şäheriň daşyndaky daça baryp, gaýdyp gelen gününiň agşamy graždanka Belomut öýden gaýyp boldy. Bu entek hemmesi däl: är-aýal Belomutlaryň eýelän iki otagynyň gapylary möhürlengidi.
Iki gün eýdip-beýdip geçdi. Şu geçen wagt içinde hemişe ukusyzlykdan teşbiş çeken Anna Fransewna üçünji gün diýlende howlukmaç ýene daçasyna ugrady... Onuň şol gidişi gidiş bolup, soň dolanyp gelmändigini aýtmasak hem bolar!
Bütin öýde ýalňyz özi galan, aglaý-aglaý huk bolan Anfisa gije sagat ikilerde uka batdy. Şondan soňra oňa näme bolany bize mälim däl, ýöne başga kwartiralarda ýaşaýan adamlaryň aýtmagyna görä, 50-nji kwartirada uzyn gije nähilidir bir tark-turk sesler eşidilenmiş, tä daň atýança onuň çyralary öçmändir. Ertiri Anfisanyň-da gaýyp bolany mälim bolupdyr!
Gaýyp bolan adamlar we nälet siňen kwartira hakynda ençe wagta çenli her-hili bolar-bolmaz myş-myşlar ýaýrady, meselem, şol arryk hudaýhon Anfisa göýä özüniň tagtasypat göwsünde deri haltajykda Anna Fransewna degişli ýigrimi bäş däne uly-uly dür saklap, ýörenmiş. Göýä Anna Fransewnanyň köp gatnaýan şol daçasyndaky odunhanasynda hem şol dürler ýaly nähilidir bihasap jowahyr, şunuň ýaly, patyşa döwründen galan altyn teňňeleru... ýene şu kibi başga baýlyklar öz-özünden tapylanmyş. Emma görmedik närsämize kepil bolup bilmeris.
Her zat bolanda-da, bu öý bary-ýogy bir hepdäň içinde möhürlenip, boş galdy, soňra oňa merhum Berlioz öz aýaly bilen we şu Stýopa (ol hem aýaly bilen) göçüp gelipdiler. Tebigy ýagdaý, bu şum öýe göçüp gelenlerinden soň, olaryň hem başyna, şeýtan bilsin, her hili söwdalar düşüp başlady. Ýagny bir aýyň içinde iki aýal hem gaýyp boldy. Emma bular nam-nyşansyz ýitmändiler. Berliozyň aýalyny göýä Harkowda haýsydyr bir baletmeýster bilen bile görenmişler. Stýopanyň hatynyny bolsa göýä Božýedomkada görenmişler, näme üçin diýeniňde, myş-myşlara garanda, Warýetäniň direktory Stýopa özüniň bihasap tanyş-bilişleri arkaly iş edip, Sadowaýa köçesinde garaňy görmesem bolany diýen şert bilen aýalyna bir otag alypdyr.
Şeýlelikde, Stýopa yňrandy. Ol öý hyzmatkäri Grunýany çagyryp, ondan piramidon soramakçy boldy, emma bu işiň öte akmaklyk boljagyna, hudaýa şükür, akyly ýetdi... Çünki Grunýada hiç-hili pramidon ýokdy. Soňra Berliozy kömege çagyrjak bolup gördi, iki gezek zordan: «Mişa... Mişa...» diýip yňrandy, emma, özüňiz gowy bilýäňiz, hiç-hili jogap bolmady. Öý suw guýlan dek dym-dyrsdy.
Stýopa aýagynyň barmaklaryny gymyldadyp görüp, jorabyny çykarman ýatanlygyny bildi, ol jalbarynyň barlygyny ýa ýoklugyny anyklamak üçin titreýän elini ýanbaşyna eltdi, emma hiç zady anyklap bilmedi. Ahyry, ol özüniň ýalňyz we garawsyzdygyny, hiç kimiň özüne kömek etmejegini bilenden soň, näçe kynam bolsa, ýerinden turmaga äht etdi. Stýopa ýelmeşip galan gabaklaryny zordan açyp, diwardaky aýnada saçlary syh-syh bolan, hemme ýerini agyry basyp, ýüzi çişip, gözleri ýumlup galan, egninde kir köýnek, içki balak, boýnunda galstuk, aýagynda joraby bolan bir adamyň şekilini, ýagny özüniň keşbini gördi.
Ol özüni aýnada şeýle sypatda görüp durka, aýnada, onuň ýanynda egnine gara lybas, başyna gara beret geýen nätanyş bir adam hem durdy. Stýopa ýerinde oturdy we gan guýlan gözlerini güýjiniň baryça giňräk açyp, nätanyş adama dikanlady.
Ol nätanyş adam daşary ýurtlularyňka meňzeş ses bilen boguk we agras owazda ümsümligi bozdy:
― Salam, dünýäde iň ýakymly ynsan Stepan Bogdanowiç!
Stýopa bar güýjüni işe salyp, bir azajyk ümsülikden soň zordan:
― Näme isleýäňiz menden? ― diýip gep başlady, öz sesini özi tanap bilmän aňk-taňk boldy. «Näme» sözi inçe, «isleýäňiz» sözi-ýognas çykdy, «menden» sözi bolsa agzynda ýitip gitdi.
Nätanyş adam dostlarça ýylgyryp, gapagynda üç burç şekilli almazy bolan uly altyn sagadyny eline aldy, sagat on bir gezek jaň çaldy.
― Sagat on bir! ― diýdi ol. ― Rast bir sagatdan bäri oýanmagyňyza garaşyp durun, siz maňa öýde sagat onda garaşaryn diýipdiňiz. Ine, men geldim!
Stýopa eli bilen sermeläp, krowatyň ýanynda duran stuldan jalbaryny tapdy we:
― Bagyşlarsyňyz... ― diýip pyşyrdap, jalbaryny geýdi, soň boguk ses bilen sorady: ― Haýyş, edýän, familiýaňyzy aýtsaňyz!
Oňa geplemek kyndy. Her bir sözi aýdanda, kimdir biri beýnisine inne sünjüp, ony jähennem azabyna salan ýaly bolýardy.
― Be-e! Eýýäm familiýamy hem unutdyňyzmy? ― diýip, nätanyş adam ýylgyrdy.
― Bagyşlarsyň... ― diýip hümürdedi agyr ýagdaýyň täze alamatlary ýüze gelip başlanyny aňşyran Stýopa; onuň göwnüne aýagynyň astyndaky pol birden gaýyp bolup, şu tüýsde jähennem gowagyna bütinleý siňip gitjek ýaly bolup duýuldy.
― Ezizim, Stýopa, Stepan Bogdanowiç ― diýip, gep başlady duýgur myhman ýyrşaryp, ― hiç-hili piramidon peýda bermez size. Siz köne akylly kanuna amal kylyp, ýagny «ajyny ajy basýar» tüýsde iş görüň. Häzir sizi huşuňyza getirýän ýeke-täk em iki bulgur arak bilen ajy we gaýnag tagam.
Stýopa mekir adamdy, şonuň üçin agyr bitap bolmagyna seretmezden, be, ol ýagdaýyma şaýat bolupdyr, hemmesini boýun almak gerek diýip oýlandy.
― Gönimden gelsem ― diýdi ol zordan demi aýlanyp, ― agşam men azajyk...
― Boldy, boldy, hemmesi düşnükli! ― diýdi myhman we öz oturan kürsüsi bilen bile bir çete süýşdi.
Şonda Stýopa kiçijik stoljagazda bezelen mejimäni görüp, aňkasy aşdy: mejimede kesilen ak çörek, kiçi tabakda gara işbil, uly tabakda duzlanan kömelek, ýene merwerjikde bir zatlar bardy, mundan daşary, dul aýalyň garynlak grafinine arak guýulgydy. Hemmesinden hem beter grafiniň sowukdan derlänligi Stýopany gaty geň galdyrdy. Emma munuň sebäbi mälimdi: grafin buz doldurylan daş tabaga goýlupdy. Gepiň gysgasy, saçak diýseň tämiz edip düzelipdi.
Nätanyş adam Stýopanyň geň galma duýgusynyň öwç alyp, iň ýokary perdä çykmasyna pursat bermän, ökdelik bilen oňa ýarty bulgur arak guýdy.
― Özüň nä? ― diýip seslendi Stýopa.
― Baş üstüne! Stýopa sandyraýan eli bilen bulgury agzyna eltdi, myhman bolsa öz bulguryndaky aragy bir gultum edip ýuwdup goýberdi. Stýopa işbil gäwüşäp, zordan diýdi:
― Sen näme?.. tagamdan?...
― Minnetdar men, men hiç-haçan içenimden soň garbanmaýan ― diýdi nätanyş adam we bulgurlara ýene arak guýdy: Pitiniň gapagyny açdylar ― onda tamada salnan sosiska bardy. Ine, ahyry Stýopanyň göz öňüni tosan lagnaty ýaşyl reňk gaýyp bolup, dili kelama gelip başlady, iň möhümi, käbir zatlar onuň ýadyna düşdi. Hakykatdan, waka düýn agşam Shodnýada, sketç ýazýan Hustowyň daçasynda bolupdy. Stýopany ol ýere Hustowyň özi taksyda äkidipdi. Hatda şol taksyny «Metropolyň» öňünde nähili saklanlary hem ýadyna düşdi, olar bilen bile ýene haýsydyr bir aktýor hem barmydy janym, eli patefonly. Hawa, hawa, dogry, daçada bolupdy bu! Ýene ýadynda, patefon sesine goşup, itlerem üýrüpdi. Emma Stýopaň ogşajak bolan aýaly syrlygynda galdy... toba, kimkä ol... radioda işleýän bolmaly, belkem, oň ýaly däldir.
Uly görnüşde düýnki gün az-azdan aýdyňlaşyp başlady, emma häzir Stýopany köpräk bu günki gün, hususan, bu nätanyş adamyň nähili edip onuň ýatan otagyna girip geleni, ýene arak bilen tagamyň nireden gelenligi gyzyklandyrýardy. Ana, şu meseläni anyklap bolsa, ýaman bolmazdy-da!
Ýeri, onsoň, indi ýatlan bolsaňyz gerek familiýamy?
Emma Stýopa utançly ýylgyrdy we ellerini ýaýdy.
― Älhepus! Duýup durun, siz arakdan soň portweýin içipsiňiz! Heý beýdäýmek bormy?
― Haýyş edýän sizden, şu gep aramyzda galsa... ― diýdi hoşamat bilen Stýopa.
― O, elbetde, elbetde! Emma dogrusy, Hustow barada kepillik berip bilmerin.
― Be, siz Hustowy tanaýaňyzmy?
― Agşam siziň kabinetiňizde gözüm düşüpdi, şol nusga. Onuň deýýuslygyny, pitneçi, ikiýüzli ýaranjaňlygyny bilmek üçin bir gezek oňa göz gyýtagyňy aýlamak ýeterlik.
«Juda dogry gepledi!» ― diýip, göwnünden geçirdi Stýopa, Hustowa berlen beýle dogry, takyk we gysgaça kesgitlemä geň galyp.
Hawa, agşamky gün bölek-bölek bolup hakydasynda diklenip ugrapdy, emma şonda-da Warýete direktory entegem howsalalydy. Näme üçin diýeniňde, şol agşamky gün hakda onuň ýadynda ullakan bir gara deşik bardy. Ýagny, ine şu beret geýen nätanyş adamy, näme diýip oýlansaňyzam, Stýopa agşam öz kabinetinde asla görmändi.
Stýopanyň agyr ýagdaýa düşenini gören myhman ähmiýetli görnüşde:
― Jadygöýlik professory Boland ― diýip, özüni tanatdy we bolan wakalary bir başyndan hekaýa edip berdi.
Onuň gepine garanyňda, ol Moskwa daşary ýurtdan düýn gündiz gelip, şobada Stýopanyň ýanyna baryp, Warýete teatrynda gastrol bermegi teklip edipdir. Stýopa Moskwa oblastynyň tomaşa jaýlary boýunça komissiýasyna jaň edip, bu meseläni ylalaşypdyr, (Stýopanyň ýüzi agaryp, gözleri pyrpyrlap başlady) professor Woland bilen ýedi günlük tomaşa düzlen şertnama gol çeken (Stýopanyň agzy öweldi), tomaşanyň käbir çykyşlaryny ylalaşmak üçin Wolandy bu güne ir sagat ona öýüne çagyrypdyr... Ine, Woland onuň huzurynda! Ol gelip öý hyzmatkäri Grunýany görenini, hyzmatkäriň özüniň işe gatnap işleýändigini, edil häzir gelip duranlygyny, Berliozyň öýde ýokdugyny aýdyp, eger siz myhman, Stepan Bogdanowiçy görmekçi bolsaňyz, göni ýatakhanasyna giriberiň, sebäbi ol Stepan Bogdanowiçiň nähili ýagdaýda ýatanlygyny görüpdir-de, derhal Grunýany şu golaýdaky azyk dükanyndan arak hem iýmit, epdekden buz alyp gelmäge iberipdir, indi şeýle...
― Onda hasaplaşaly ― diýip gozgandy keýpi bozlan Stýopa gapjygyny sermeläp.
― Ýok, gerek däl! ― diýdi gastrolýor bu hakda eşitmek hem islemän.
Diýmek, arak bilen tagam düşnükli, emma barybir Stýopanyň ýagdaýy gözgynydy: ol şertnama dogrusynda asla hiç zady ýatlap bilenokdy, bu Woland diýen kimsäni düýn öldür görmändi. Dogry, Hustow barypdy, emma Woland ýokdy.
― Rugsat etseňiz, şertnamany bir görsem diýip, mylaýym haýyş etdi Stýopa.
― Merhemet ediň, baş üstüne...
Stýopa kagyza seretdi-de, daş ýaly gatap galdy. Bar zat ýerbe-ýerdi. Birinjiden, Stýopanyň öz eli bilen goýan anyk goly! Resminamanyň ýan tarapyna maliýe direktory Rimskiýniň, artist Wolanda getirjek ýedi tomaşasy üçin berilmeli otuz bäş müň manatdan on müň manat awans bermeli diýip, gyşyk harplar bilen ýazan haty. Munuň üstesine-de, şol ýerde Wolandyň on müň manady alanlygy hakynda dilhaty bardy!
«Nämeler bolup dur özi?!» ― diýip oýlandy biçäre Stýopa, onuň başy aýlanyp başlady. Hatyrasynda gorkunçly opurlyşyklar peýda boldy! Emma mälim gep ki, şertnama görkezilenden soň, ýene ynamsyzlyk edip, geň galmak edepsizlik boljakdy. Stýopa myhmany bir azajyk wagt ýalňyz galdyrmakçy bolýandygy hakynda ötünç sorady-da, jaň etmäge, aýagy joraply beýleki otaga ylgap çykyp gitdi. Ýol ugruna ol aşhana tarapa garap ― Grunýa! ― diýip çagyrdy. Emma hiç-hili jogap bolmady. Şonda onuň Berliozyň ýaşaýan otagynyň gapysyna gözi düşdi, gördi-de doňup galdy. Gapynyň tutawajyna daňlan kenepde uly sürgüçli möhür asylgydy. «Ýeri, onsoň! ― diýip gygyryp goýberdi. Stýopanyň beýnisinde oturan kimdir biri. Bir kemi şudy!» ― Şonda hyýaly Stýopany allanirelere, emma soňy betbagtlyk bilen gutarýan bir tarapa ugrykdyrylan iki relsiň üstünden dazyrdadyp alyp gitdi. Onuň beýnisindäki oý-pikirler şeýlebir bulaşyk boldy hatda muny teswirlemek hem kyn. Gara beret, buz ýaly arak we akyl ýetmeýän şertnama degişli geleşikler az bolýan ýaly, gapynyň möhürlenmegi artykmaçdy! Eýsem, Berlioz bir ýaman iş edipdir diýseňiz, hiç kim ynanmaz, hudaý hakyna, hiç kim ynanmaz. Emma, ana, gapysy möhürlenen! Ä-hä...
Tersine ýöräp, Stýopanyň beýnisinde şu ýagdaýda žurnalda çap etdirmek üçin ýakynda Mihail Aleksandrowiçe beren öz makalasy hakynda iň nähoş pikirler oýnap başlady. Makala hem, gepiň gysgasy, bimanydy! Ondan peýda hem ýokdy, puly-da uly pul däldi...
Makala hakyndaky oý-pikirleriniň yzyndan onuň Mihail Aleksandrowiç bilen eden şübheli söhbeti ýadyna düşdi, eger ýalňyşmasa, bu ýigrimi dördünji aprel agşamy şu ýerde, nahar otagynda bolupdy. Dogry, şol söhbeti doly manyda şübheli-de diýip bolmazdy, elbetde. (Stýopa olar ýaly söhbete asla goşulmazdy), çünki ol dereksiz bir gürrüňçilikdi. Bu gürrüňi gozgamasak hem hiç zat bolmazdy, graždanlar! Eger gapy möhürlenmedik bolsady, onda ol söhbeti asla biderek zat diýip hasaplamak mümkindi, emma möhürlenenden soň nähili bolarka...
«Eh, Berlioz, Berlioz! ― diýip göwnünden geçirdi gamgyn, gahary gelip başlan Stýopa ― Bu asla aklyňa sygmaýar-la!»
Emma uzak wagt gaýgylanmaga pursat bolmady, Stýopa Warýeteniň maliýe direktory Rimskiýniň kabinetine jaň etdi. Stýopa juda nähoş ýagdaýa düşüp galypdy: birinjiden-ä Stýopanyň, şertnamany öz gözi bilen görenden soňam ynanman, derňäp başlanyna daşary ýurtly artistiň ynjamagy ahmaldy, ondan soň, maliýe direktory bilen-de bu hakda gep açmak örän kyndy. Hakykatdan hem, ondan: «Aýdyň hany, düýn men jadygöýlik professory bilen otuz bäş müň manada şertnama düzüpmidim?» ― diýip sorap bilmez-ä! Nähili dili barsyn beýle diýip soramaga?
― Hawa! ― diýip, telefon trubkasynda Rimskiniň çasly we ýakymsyz sesi eşidildi.
― Salam, Grigoriý Danilowiç ― diýip, mylaýym gep başlady Stýopa, ― Lihodeýew men. Gep beýle... hm... hm... neme... e... artist Woland gelipdir öýüme... ýagny sizden soraýjakdym, agşamky spektakl meselesi nähili ýagdaýda?...
― Hä-ä, gara magiýamy? ― diýip, Rimskiniň sesi eşidildi trubkada, bildirişleri häzir alyp gelerler.
― Ähä — pessaý owaz bilen diýdi Stýopa, ― hoş, görüşýänçäk...
― Özüňiz haçan gelersiňiz? ― diýip sorady Rimskiý.
― Ýarym sagatdan bararyn ― diýip, jogap berdi Stýopa we trubkany asyp, çog dek gyzan başyny iki eli bilen gysdy. Gör, nähili ýaramaz ýagdaýlar. Huşuma näme bolduka, graždanlar! Ä?
Indi gapyň agzynda köp eglenmek boljak däldi şu sebäpli Stýopa derrew şeýle reje düzdi: nähili bolsa-da, özüniň huşunyň ýokdugyny myhmana duýdurmaly däl, indi birinji nobatda, daşary ýurtly professordan bu gün agşam Stýopanyň gol astyndaky Warýete teatrynda, hususan, nämeleri görkezjekdigini ýeserlik bilen sorap bilmek gerek.
Şeýle reje bilen Stýopa telefon apparadyndan öwrüldi, öwrüldi-de, girelgäniň agzynda duran, işýakmaz Grunýa tarapyndan köpden bäri süpürilmedik uly ýüz görülýän aýnada pensne dakynan boýy derek ýaly uzyn, geň bir nusgany anyk gördi (Wah, häzir bu ýerde Iwan Nikolaýewiç bolan bolsa! Ol bir seredende, tanardy bu nusgany). Nusga bolsa ýüz görülýän aýnada bir göründi-de, gaýyp boldy. Howsala düşen Stýopa eýwana ýene-de ünsli seretdi we gorkudan ýaňa ikinji gezek entirekledi, çünki aýnada ullakan gara pişik ýöräp geçip, gaýyp boldy.
Stýopanyň ýüregi agzyna gelip, sandyrady.
«Nämeler bolup dur-a? ― diýip oýlandy ol, ― ýa-da akylymdan azaşaýjakmykam? Nireden peýda boldy bu aýnadaky salgymlar?!»
Ol eýwana göz ýüwürdip, gorkusyna gygyryp goýberdi:
― Grunýa! Bu ýerde nähili pişikler entäp ýör? Nireden geldi? Onuň ýanynda ýene kim bar?
― Asla alada galmaň, Stepan Bogdanowiç, diýen ses eşidildi, emma ol Grunýanyň däl, belki ýatakhanada oturan myhmanyň sesidi. ― Ol meniň pişigim. Hiç ezýet çekmäň. Grunýa öýde ýok, men ony watany Woronýeže iberdim, sebäbi şikaýat edişiçe, köpden bäri oňa dynç bermän ekeniňiz.
Bu garaşylmadyk sözler şeýlebir tutyryksyzdy welin, Stýopa ýalňyş eşitdim diýip güman etdi. Ol bütinleý aljyraňňy ýagdaýda ýatakhana tarap ylgady-da, otagyň gapysynyň öňünde doňup galdy. Saçlary gymyldap, syh-syh bolup başlady, maňlaýynda maýdajyk-maýdajyk der damjalary peýda boldy.
Seretse, otagda myhman ýalňyz däldi, ýanynda ülpetleri-de bardy. Ikinji kürsüde ýap-ýaňy eýwanda «ýalp» edip gözüne görnen şol nusga otyrdy. Indi ol göze anyk görünýärdi, murty betsypat, pensnesiniň bir gözünde aýna ýylpyldaýardy, ikinji gözünde aýna ýokdy. Bu-da hemmesi däl, zergär dul aýalyň ýumşak kürsüsinde üçünji bir jandar, ýagny ― bir penjesine arak guýlan bulgur, ikinji penjesine duzlanan kömelek dürtülen dürtgüç alan äpet gara pişik arkaýyn otyrdy.
Bu otagdaky öňdenem öçügsi ýanýan çyra Stýopanyň göz öňünde sönüp başlady. Ol: «Be, adam, ine, şeýdip dälireýän eken-ow!» ― diýip oýlandy, gapynyň tutawajyndan tutup.
― Görýän welin, saňňyldap, siz birneme geň galdyňyz-ow, Stepan Bogdanowiç? ― diýip sorady. Woland dişleri dynman şakyrdaýan Stýopadan, ― ýöne hiç hili geň galar ýaly zat ýok. Bular meniň hemşerlerim.
Şol wagt pişik aragy içip goýberdi, Stýopanyň tutawaçdaky eli ondan sypyp başlady.
― Gepiň gysgasy, hemşerlerime jaý gerek ― diýip, gepini dowam etdi. Woland, ― şunlukda kimdir biri şu öýde artykmaç, meniň pikirimçe, şol artykmaç adam ― diňe siz!
― Şular, şular! ― diýdi geçi sesi bilen gözenek jalbarly iri adam Stýopa hakynda köplük sanda gepläp, ― umuman, olar soňky wagtda kän ýaramaz işler edip başladylar. Arakhorluk, heleýbazlyk bilen meşgullanyp ýörler, öz emellerinden peýdalanyp işlerine el urman ýörler, dogrusy, ellerinden hiç zat gelmeýär, çünki öz üstlerine ýüklenen wezipä-de dogry düşünmeýärler. Başlyklarynyň gözüni baglap gelýärler!
― Döwlet maşynlaryny-da ýersiz ýere peýdalanyp, çapyp ýörler! ― diýdi kömelek gäwüşäp oturan pişigem şugulçylyk edip.
Şunlukda bu öýde dördünji, iň soňky mugjyza ýüz berdi, pola özüni taşlap oturan Stýopa halsyz eli bilen tutawajy gözläp başlady.
Kellesine gazappisint şlýapa geýen, gyýak dişleri agzyndan çykyp, şeýle hem öte ýigrenji ýüzüni hasam ýigrenji edip, keltejik boýuna seretmezden, eginleri örän giň, özem ýalyn ýaly çypar bir mahluk ýüz görülýän, üç tarapa açylýan aýnadan göni çykyp geldi. ― Men ― diýip, gep başlady bu çypar, munuň nähili ýol bilen direktor bolanyna düşünmeýärin ― ol geplediksaýyn beterden beterini tapýardy, ― eger men nähili arhiýereý bolsam, ol hem şonuň ýaly direktor!
― Sen arhiýereýe meňzäňok, Azazello ― diýdi pişik tabagyna sosiska salyp durşuna.
― Menem şuny aýdyp durun-da, ― diýdi çypar paňkyldap we Woland tarapa öwrülip hormat bilen üstüne goşdy;
― Rugsat ediň, messir, ony Moskwadan alys bir hylwatgähe gümläp goýbereýin?
Pişik tüýlerini hüžžerdip: ― Piş!! ― diýip gygyrdy. Şonda ýatakhana Stýopaň daşyndan pyr-pyr öwrülip başlady-da, kellesi tutawaja uruldy we huşundan gidip: «Ölýän öýdýän» diýip köňlünden geçirdi.
Emma ol ölmändi. Gözüni çalaja açyp, özüni daşa meňzeş nähilidir bir zadyň üstünde gördi. Onuň töwereginde bir zat pagşyldaýardy. Ol gözlerini giňden açyp, güwleýän deňzi gördi, pagşyldaýan tolkunlar gelip, onuň dabanyna zol-zol urulýardy, gepiň gysgasy, ol tolkun gaýtargyjyň iň çetinde otyrdy, aýagynyň aşagynda deňiz öwç alýardy, arkasynda bolsa, depäniň üstünde gözel şäher ýalkym salyp durdy.
Beýle hallarda özüňi nähili alyp barmalydygyny bilmeýän Stýopanyň aýaklary sandyrap, tolkun gaýtaryjynyň üsti bilen kenara tarap ugrady. Ýolunda bir adam durdy, ol papiros çekip, çalt-çaltdan deňze tüýkürýärdi. Ol adam Stýopa wagşy nazar bilen seredip, tüýkürmesini bes etdi. Stýopa özüni ýitirer ýagdaýda, şu nätanyş çilimkeşiň garşysynda dyza çöküp, şeýle diýdi:
― Ýalbaryp soraýan sizden: bu haýsy şäher?
― Men-ä haýran! ― diýdi birehim çilimkeş.
― Men serhoş däl ― diýdi boguk ses bilen Stýopa. ― Men näsag, maňa bir zad-a boldy, syrkawladym... Nirede men? Bu haýsy şäher?...
― Ýeri, aýdaly, Ýalta!
Stýopa uludan dem alyp, gapdala gyşardy, başy tolkun sowujynyň güne gyzan daşyna uruldy.

Категория: Romanlar | Просмотров: 19 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: