14:59
"Sen geldiñ-de garyp köñlüm baý etdiñ..."
“SEN GELDIŇ-DE GARYP KÖŇLÜM BAÝ ETDIŇ...”

G.Ezizowdan.

Sen geldiň, şo pursat giňedi dünýäm,
Arzuwlarym kebelege öwrüldi.
Elleriňden tutup, seni getirýän
Duýgularym ap-ak durna öwrüldi.

Sen geldiň, şo pursat ýaňlanyp gitdi,
Ýönekeýje öýde, beýik bir nama.
Megerem, mähriňe suwsap gidipdim,
Meni umma zyňdy beýik hyýallar.

Sen geldiň, açyldy aýnalarymyz,
Goňşular ýylgyryş gördi gözümde.
O nähili ykbal, ýekeje adam,
Bagtly edýär meni ýeriň ýüzünde?!

Sen geldiň, nur girdi öýüň törüne,
Gapym kejebäniň perdesi misli.
Müň tarapdan pyşyrdylar ilişip,
Şemal öňküdenem ýygjam öwüsdi.

"Sen geldiň-de garyp köňlüm baý etdiň,
Ýöne näme üçindir, ynjalygym ýok.
Sen maňa bagt berdiň, örän ullakan,
Ony nädip gorajagmy bilemok.”

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: