14:19
Ýeri, sen şol gyza meñzäýmelimi?!
ÝERI, SEN ŞOL GYZA MEŇZÄÝMELIMI?!

Ak ýüzüňde halyň näme diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!
Öň göwün az aldanýarmy diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Saçy tokmak, boýy söýe ýalydy,
Goly çeper, dokaýany halydy.
Gözi — göz, gaşy — gaş, özüň ýalydy,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Özüm sowuk boldum, uçurdym bagtym,
Indi ökünýärin ýatlaýan wagtym.
Topraga gömülip ýatan, eý, altyn!
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Duşuşmagy besläp ýörün kalbymda,
Mydama günäli şonuň alnynda.
Goşaryň ak bolmasady, bolmanda,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Berk tutulýan ýere satanmyşynlar,
Tüýs arzuwlaryna ýetenmişinler.
Bu sözüme ýanmadyklar düşünmez,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Görküň öň görülen eziz görke deň,
Sen haýsy toprakdan, haýsy ülkeden?!
Hem-ä şatlandyrdyň, hemem örtediň,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Amandurdy ANNADURDYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: Mahymm | Теги: Sary Bilbil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: