07:56
Ussat we Margarita -6/ romanyñ dowamy
VI bap

ŞIZOFRENIÝA DIÝENLERI DOGRY ÇYKDY

Moskwanyň eteginde, derýanyň boýunda soňky wagtlarda gurpup, ady ile meşhur bolan däliler şypahananyň kabulhanasyna ak halatly, çokga sakgal adam gelip girende, wagt gije ikiň ýarydy. Üç sany sanitar diwanda oturan Iwan Nikolaýewiçden göz aýyrman, sak durdular. Gaty tolgunan şahyr Rýuhin hem şu ýerdedi. Iwan Nikolaýewiçiň el-aýagy daňlyp getirilen süpürgiçler hem şol diwanda bir top bolup ýatyrdy. Rýuhin giren adamy gördi-de, reňki agaryp, üsgüren boldy-da, gorkuly sözledi:
― Salam, doktor.
Doktor Rýuhine baş egip jogap gaýtardy, emma baş egip, oňa däl-de, Iwan Nikolaýewiçe seretdi.
Ol ýowuz ýüzi bilen gaşlaryny çytyp, gymyldaman otyrdy, hatda lukman girende-de, oňa seretmedi.
Rýuhin Iwan Nikolaýewiçe gorkuly göz aýlap, näme üçindir pyşyrdap gepledi:
― Ine, doktor, bu kişi ― tanymal şahyr Iwan Bezdomnyý... görýäňizmi?.. Içgi zerarly, ruhy näsaglyga ýolukdymyka diýip gorkup otyrys...
― Köp içýärmidi? ― diýip, doktor dişiniň arasyndan syzdyryp sorady.
― Ýok, içýärdi, emma beýle köp içenokdy...
― Saçakçy, alaka, şeýtan ýa-da itleri tutmak bilen meşgullanýarmydy?
― Ýok ― diýip, tisginip jogap berdi Rýuhin, men ony düýn agşam, şu gün irdenem gördüm. Ol bütinleý sagatdy...
— Nämüçin içki balakda? Ýatan ýerinden alyp gaýtdyňyzmy?
― Ol restorana şu ýagdaýda geldi, doktor.
― Ähm, ähm ― diýdi doktor kanagat hasyl edip, ― nämüçin ýüzi sypjyrylypdyr? Biri bilen uruşdymy?
― Diwardan ýykylypdyr, soň restoranda bir adamy urdy... ýene käbir adamlary...
― Hawa, düşnükli, düşnükli ― diýdi doktor, soň Iwan tarapa öwrülip, ― Salam, ― diýdi.
― Salam, zelelkeş! ― diýdi ― Iwan gahar bilen batly gepläp.
Rýuhin hyjalat çeklenden ýaňa mylakatly doktora başyny göterip seretmäge hem het edip bilmedi. Emma doktor asla gaharlanmady, çakganlyk bilen äýnegini gözünden aýyrdy-da haladynyň etegini göterip, jalbarynyň arka jübüsine saldy, soň Iwana sorag berdi:
― Ýaşyňyz näçedir?
― Baryň-a, jyn ursyn hemmäňizi! ― diýip, Iwan gaharlandy we ýüzüni ters öwürdi,
― Näme üçin gaharyňy getirýärsiň? Saňa gahar getirýän gep diýmedigä-ä!
― Ýaşym ýigrimi üç diýip, — Iwan tolgunyp gepläp başlady: ― Hemmäňiziň üstüňizden arz ederin. Has beterem seň üstüňden, çüýrük! ― diýip, ol Rýuhine özbaşdak ýüzlendi.
― Ýeri, siz näme diýip şikaýat etmekçisiňiz?
― Meni, bütinleý sag adamy tutup, dälihana zorluk bilen süýräp getirenleri üçin! ― diýip, Iwan gazaply gepledi.
Şonda Rýuhin Iwanyň ýüzüne dikanlap, seretdi-de, ýüregi höök etdi; çünki onuň gözlerinde dälilik nyşany asla ýokdy. Griboýedowda bulançak görnen gözleri, indi ýene owalky halyna gaýdyp, parlap durdy.
«Ýa, toba! ― diýip köňlünden geçirdi howsala düşen Rýuhin, ol bütinleý sag ahyry! Bu nähili bimanylyk? Ony nämüçin bu ýere getirdik? Diňe ýüzi sypjyrylan diýäýmeseň, ol örän sag, örän sag, bolany...»
― Siz ― diýip, arkaýyn gep başlady wraç aýagy ýaldyrawuk ak oturgyja oturan ýerinde, dälihanada däl, şypahanada, bu ýerde sizi eger zeruryýet bolmasa, hiç kim saklap durmaz.
Iwan Nikolaýewiç oňa şübhe bilen gyýa seretdi-de, hüňürdedi: ― emma şonda-da hoňňuldap diýdi:
― Hudaýa şükür! Şunça tentekleň içinden ahyry bir düzüw adam tapyldy. Tentekleň içinde birinji pähimsiz we körzehini Saşka!
— Kim ol körzehin Saşka? ― diýip, lukman sorady.
Ine, şu Rýuhin! ― diýip, Iwan hapa barmagyny Rýuhine dürtdi.
Ol gazapdan ýaňa ot alan ýaly boldy.
«Minnetdar bolmaga derek ― diýip ol ökünç bilen oýlandy ― ýagşylyga ýamanlyk diýip şuňa aýdarlar. Tüýs deýýus eken!»
Iwan Nikolaýewiç şu tüýsde Rýuhiniň asly-neslini yzlap, paş etmekçi bolan şekilli: ― Ol tebigaty boýunça hakyky kulak ― diýdi. — Özem proletar nikabyny ýüzüne örten kulak. Siz onuň betgelşik ýüzüne serediň-de, ýazan şygyrlary bilen deňeşdirip görüň! «Parlaň!» «Pajarlaň! He-he-he... Siz onuň kalbyna nazar salyň ― nämeleri hyýal edýänligini bilersiňiz... geň galarsyňyz! ― diýdi-de, Iwan Nikolaýewiç ýigrençli güldi.
Çog dek gyzaran Rýuhin agyr dem alyp: «Dost diýip bagryma basanym ýylan bolup çykdy, men ganym duşmanyma gamhorluk eden ekenim» diýip oýlandy. Ýene bir çatak tarapy: etjek alajyň ýok, ruhy näsag bilen sögüşip boljakmy?!
— Sizi nämüçin bu ýere alyp geldiler? ― diýip, Bezdomnynyň paş edýän gepini üns bilen diňläp bolansoň, lukman sorady.
— Arwah alsyn bu saňsarlary! Tutup, her hili jyn ursun letdeler bilen el-aýagymy daňdylar-da, ýük maşynyna ýükläp gaýtdylar.
― Ýene bir sowal: nämüçin restorana içki geýimde bardyň?
― Munuň geň galasy zady ýok ― diýip, Iwan jogap berdi. ― Moskwa derýasyna suwa düşmäge barypdym, geýimlerimi ogurlap, deregine şu egnimdäkileri taşlap gidipdirler. Eýsem, Mokswanyň köçelerinden gyp-ýalaňaç geçip bolarmy? Baryna şükür diýip geýdim, çünki restorana howlugýardym, Griboýedowa.
Wraç, düşünmedim diýýän ýaly, Rýuhine seretdi, ol gaharly hüňürdäp: ― Restoranyň ady şeýle ― diýip takyklady.
― Ähä, ― diýdi wraç, ― nirä howlugdyň? Bir iş boýunça duşuşygyňyz barmydy?
― Konsultanty tutjak bolup gözläp ýörün ― diýip, Iwan Nikolaýewiç howatyrly gözlerini tegelekläp jogap berdi.
― Nähili konsultanty?
― Siz Berliozy bilýäňizmi? ― diýip, Iwan manyly äheňde sorady.
― Hä, ol kompozitorymy?
Iwanyň taby tyrryk boldy.
― Kompozitor nämişlesin? Ä, hawa, ýok! ýok! Kompozitor Mişa Berlioz bilen familiýadaş!
Rýuhiniň geplemäge höwesi ýokdy, emma düşündiriş bermeli boldy.
― MACCOLITiň sekretary Berliozy şu gün agşam Patriarh kölçesiniň golaýynda trambaý basdy.
― Bilmeýän zadyňy gepleme! ― diýdi Iwan Rýuhine gaharlanyp, ― sen däl, men muňa şaýat! Ol Mişany tramwaýa ýöriteläp gapma-garşy kyldy!
― Itekledimi?
― Nämüçin ol ony «iteklemelimiş?» diýip, adamlaryň biparhlylygyna gahary gelen, Iwan dowam etdi. ― Onuň üçin iteklemegiň zerurlygy ýok! Onuň elinden şeýlebir hileler gelýär ki, seresap bolmasaň, halyň harap! Ol Berliozyň tramwaýyň aşagyna düşjegini öňünden aýtdy.
― Sizden başga ýeke biri gördümi şol konsultanty?
― Hemme bela hem şonda-da, men bilen Berliozdan başga ony gören-bilen ýok. ― Şeýle... ýeri bolýa, şol jenaýatçyny ele salmak üçin nähili çäreleri gördüňiz? ― diýip, wraç bir çetde, stolyň ýanynda oturan, ak halat geýen aýala tarap öwrüldi. Aýal bir petde kagyz alyp, onuň baş öýjüklerini ýazgy bilen dolduryp başlady.
― Men gören çärämmi? Aşhanadan şem alyp...
― Ine, şunymy? ― diýip sorady wraç, aýalyň öňünde stolda kagyz ikona bilen ýanma-ýan ýatan, maýyşgak şem bölegini görkezip,
― Hawa, şuny, soň...
― Ikona nämä gerek boldy?
― Hawa, ikona... Iwan gyzaryldy we dowam etdi, ― bar zatdan beter şu ikona ony gorkuzardy, ― Iwan barmagy bilen Rýuhine yşarat etdi. ― Gep şunda ki, şol konsultant, dogrusyny aýtsak, jynlar bilen dilleşilgi, ony aňsatlyk bilen ele alyp bolmaz.
Sanitarlar nämüçin Iwandan gözlerini aýyrman, ellerini gapdallaryna tutup taýýar durdular.
― Hut şeýle, ― diýip, gepini dowam etdi Iwan, jynlar bilen dilleşilgiň bu faktyny asla inkär edip bolmaz. Ol Pontiý Pilat bilen ýekme-ýek sözleşipdir. E, maňa beýle geň galyp seretmäň! Gepim çyn! Bar zady öz gözi bilen görüpdir ― balkony hem, palmalary hem. Gepiň gysgasy, onuň Pontiý Pilatyň huzurynda bolandygyna men kepildirin.
― Ýeri, ýeri...
― Gysgasy, men kagyz ikonany boýnumdan asyp, ony kowalap başladym...
Şol wagt birden sagat ikiň zaňyny çaldy.
― Oh-ow! ― diýdi Iwan diwandan turup, ― sagat iki bolupdyr-ow, men bolsam siz bilen gepleşip, wagt ýitirip otyryn! Bagyşlaň telefon nirede?
― Telefonyň ýanyna geçiriň ― diýip, wraç sanitarlara buýurdy.
Iwan derrew trubkany aldy, şol wagt sanitar aýal Rýuhinden ýuwaşja:
― Öýlenenmi? ― diýip sorady.
― Boý ýigit ― diýip, Rýuhin gorkarak jogap berdi.
― Profsoýuz agzasymy?
― Hawa.
― Milisiýamy? ― diýip, şol wagt Iwan trubka gygyrdy. — Ýoldaş nobatçy, daşary ýurtly konsultanty tutmak üçin derhal buýruk beriň, pulemýot oturdylan bäş sany motesikletçini iberiň. Näme? Siz yzymdan gelseňiz, özümem siz bilen giderin... Menmi? Men şahyr Bezdomnyý, dälihanadan jaň edýän... Siziň saglygyňyz näme? ― diýip, Bezdomnyý trubkany eliniň aýasy bilen ýapyp, doktordan pyşyrdap sorady. ― Eşidýäňizmi? Allo!... Bethalyk ― diýip, Iwan gygyrdy-da, trubkany diwara tarap zyňyp goýberdi. Soňra ol wraça tarap öwrüldi-de, oňa elini uzadyp, «hoş onda» diýip, sowuklaç sözledi-de, gitmäge şaýlandy.
― Bagyşlarysyňyz, şu içki geýimde nirä gitjek bolýaňyz? ― diýip, wraç Iwanyň gözlerine dikanlap seredip, aýtdy. ― Wagt ýarygijeden agdy. Siz biraz nähoşlapsyňyz, gowusy, şu ýerde galyp, dynç alyň!
― Goýberiň-dä ― diýip, Iwan gapyň agzyny saklap duran sanitarlara ýüzlendi.
― Goýberýäňizmi ýa-da ýok? ― diýip, şahyr eýmenç ses bilen gygyrdy.
Rýuhin sandyrap başlady, oturan aýal bolsa stoldaky düwmäni basdy we stoluň tekiz aýnaly ýüzünde ýaldyrawuk gutujyk we ampula peýda boldy.
― Ä-hä, şeýlemi ― diýip, Iwan wagşyýana gözlerini elek-çelek etdi-de: ― Ýeri, bolýar-da, beýle bolsa... Hoş galyň! ― diýip, ýüzüne perde tutulan penjirä kellesini urdy. Onuň kellesi «Gülç» edip ses çykardy, ýöne perdäniň aňyrsyndaky döwülmeýän aýna onuň zarbyna çydam berdi, şol pursatda bolsa Iwan sanitarlaryň eline düşdi. Ol jan-teni bilen harlap, olary dişlejek boldy, soňam:
― Gör, siz penjirä nähili aýna goýan ekeniňiz! Goýber... diýýän! ― diýip gygyrdy. Wraçyň elinde sanjym ýalp edip gitdi, aýal bolsa zenana mahsus bolmadyk güýç bilen onuň eline ýapyşyp, onuň ýeňini çermedi. Jaýa efiriň ysy ýaýrady. Iwan dört adamyň golunda ysgyndan gaçdy, çemeçil lukman bolsa şu pursatdan peýdalanyp, Iwanyň golundan sanjym etdi. Iwany ýene birnäçe sekunt saklap durdular-da, soň diwana geçirdiler.
― Banditler ― diýip gygyrdy. Iwan diwandan zyňlyp turup, ýöne ony ýene öňki ornuna oturtdylar. Şol aralykda ol ýene böküp turdy, ýöne bu gezek onuň özi ýerine geçip oturdy. Ol dym-dyrs boldy, alarylyp, töweregine howsalaly seretdi. Soň birden pallady, birdenem gahar bilen ýylgyrdy.
― Ahyry ele saldyňyz-da ― diýdi-de, ol ýene pallady, birdenem gyşardy we elini çagaňky ýaly edip, kellesiniň aşagyna goýup, ukuly ses bilen gaharsyz hüňürdedi. ― Ýeri, bolýa-da,.. ýöne bu etmişiňize müň puşman edersiňiz. Men-ä duýdurdym, indem halanyňyzy ediň! Meni bolsa, häzir bar zatdan beter Pontiý Pilat gyzyklandyrýar... Pilat... ― diýdi-de ol gözüni ýumdy.
Lukman:
― Wanna düşüriň-de, ýüz on ýedinji ýörite otaga salyp, sakçy goýuň ― diýip, buýruk berdi-de, äýnegini dakyndy. Şu ýerde Rýuhin ýene tisginip gitdi, ak gapy sessiz açyldy-da, gijeki gök çyralar bilen ýagtylandyrylan koridor göründi. Koridordan rezin tekerli arabajyk geldi-de, sanitarlar köşeşen Iwany oňa mündürip alyp çykdylar, gapy olaryň arkasyndan ýapyldy.
― Doktor ― diýip, geň galan Rýuhin pyşyrdap gepledi. ― Ol, dogrudan hem, näsag ekenmi?
― Wah, hawa-la ― diýdi wraç.
― Ýeri, oňa näme bolupdyr ― diýip, Rýuhin gorkarak sorady.
Ýadaw wraç Rýuhine seredip, parhsyz jogap berdi.
― Hereket we söz agzalarynyň üýtgemesi, samrama interpretasiýasy. Şizofreniýa kakyny bolaýmasa, üstesine-de arakhorluk kesapaty...
Rýuhin doktoryň bu gepinden Iwan Nikolaýewiçiň ýagdaýy çatak diýen manydan başga zat aňşyrmady, soň uludan dem alyp, ýene sowal berdi:
― O nämüçin haýsydyr bir konsultant hakda gep urýar?
― Megerem, ol kimdir birine duşupdyr, ol hem munuň bozlan hyýalyna ýiti täsir edipdir. Belki, gözüne bir zatlar görünýändir...
Birnäçe minutdan ýük maşyny Rýuhini Moskwa tarap alyp ugrady. Daň agaryp başlapdy. Şonuň üçin ýol ugrundaky heniz öçürilmedik çyralar zerur däl bolup, gözüňe ýakymsyz görünýärdi. Sürüji bu gijäniň biderek geçendigine gahar edip, maşyny aldygyna sürýärdi we her öwrümde onuň tekerleri ýoluň erňegine degip, ses edýärdi.
Ine, tokaý hem güw edip, yzda galdy, derýa bir çete çekildi, ýük maşynynyň garşysyndan çykýan garawulhanalar, diwarlar, gat-gat edilip basylan odunlar, pürsler, üýşürilgi çagyllar, ýogyn simler saralan tegekler, ýap-salmalar, pel-pel taşlanan eňňere meýdanlar yz-yza geçýärdiler we Moskwanyň gaty golaýlany, şäheriň ony tizden öz gujagyna aljagy duýulýardy.
Maşyn Rýuhini silkeläp, eýläk-beýläk zyňyp, üstünde oturan agaç töňňesi teýinden sypyp, ony heläk edýärdi. Säher trolleýbusly giden milisioner bilen Pantoleýden galan süpürgiler maşynyň çeleginiň o başyndan bu başyna dynuwsyz gatnaýardy. Rýuhin olary bir ýere ýygnajak hem boldy, soňam gahary gelip: «A, jyn ursun-la şulary, näme men akmakmy nä?» diýip hüňürdedi, olary aýagy bilen depip goýberip, soň şol tarapa seretmedi. Onuň ruhy düşgündi. Ýaramaz jaýa baryp gaýtmagynyň öz hatyrasynda agyr yz galdyranyny ol indi duýup başlady. Ol özüni horlaýan zadyň nämedigini biljek bolýardy. Eýsem, ol näme? Ýadyna ýelmeşen gök çyraly koridormy? Ýa-da dünýäde akyl-huşdan aýrylmakdan beter bagtygaralyk ýok diýen pikirmi? Hawa, hawa, şu pikir hem, elbetde. Ýöne bu ähli kişä aýan zatlar. Emma başga-da bir duýgy azar berýär. Nämekä ol? Hä, bildi, ol göwnüň galmasy. Hawa, Bezdomnynyň onuň ýüzüne dogry garap aýdan göwün ýykyjy sözleri. Bar bela ol sözleriň göwne degiji bolmagynda-da, däl, hakykatlygynda.
Şahyr indi töwerek-daşa seredenokdy, ol indi çelegiň silkinýän hapa poluna ornaşypdy we bir zatlary hüňürdäp, öz etini özi iýýärdi.
Hawa, goşgulary... Ol eýýäm otuz üç ýaşynda! Ýeri, indiden beýläk nähili ýaşamaly? Hawa, ol ýene her ýylda öňküsi ýaly birnäçe goşgy ýazar. Tä garraýançamy? Hawa, tä garraýança. Ýeri, ol goşgular oňa näme berer? Şöhratmy? Öte akmaklyk! Iň bolmanda, özüňi beri özüň aldama. Ýaramaz goşgy ýazýanyň ýanyna şöhrat golaý gelmez. Nämüçin ýaramaz? «Ol dogrusyny, hakykaty aýtdy, ýazýan zatlaryma özümem asla ynanmaýaryn» diýip, Rýuhin öz-özüne ykarat etdi.
Nerw damarlary örän güýçli dartylan şahyr bir çaýkandy, aýagynyň astyndaky pol terpenmekden galdy. Rýuhin başyny galdyrdy-da, bireýýäm Moskwa girenini, daň atyp, asmandaky bulutlaryň elwan reňke boýalyp başlanyny saýgardy. Onuň oturan ýük maşyny seýil baga öwrülýän ýerde hatar duran ulaglaryň yzynda togtapdyr we golaýda postamentde duran metal adam başyny çalarak egip, seýil baga parhsyz seredip durdy.
Taby gaçan, näsag şahyryň nähilidir alamat pikirler beýnisine doldy. «Ine, hakyky şowlulyk nusgasy...» ― diýip, Rýuhin ýerinden turup, nämüçindir hiç kime azarsyz, gymyldaman duran çoýun adama hemle atyp, elini göterdi, ― ol öz durmuşynda nähili hereket eden bolsa-da, nähili wakalary başyndan geçiren bolsa-da, hemmesi onuň peýdasyna bolupdy, onuň şan-şöhratyny artdyrypdy. Emma onuň özi näme iş bitirdi? Akylym çatanok. Ýeri, «Tupan gök ýüzün baglaýar...» Ýeri, dykgata sezewar bolar ýaly many barmy bu sözlerde? Hiç düşünip bilemok. Bagty çüwüpdir, bagty ― diýip, ýaňsyly netije çykardy. Birden Rýuhin maşynyň ýerinden gozganyny duýdy. ― Hawa, bir ak gwardiýaçy ony atyp, bilini çym-pytrak edip, oňa bakylyk beräýdi...»
Saklanyp duran maşynlar ýerinden gozgandy. Juda näsag, hatda garrap başlan şahyr ýene iki minutdan Griboýedow elwanyna baryp girdi. Eýwan boşap galypdy. Bir burçda oturan ülpetler soňky bulgurlaryny içip, turmaga şaýlanýardylar. Zalyň ortasynda başy tahýaly, eli «Abrau» bulgurly tanyş alyp baryjy durdy.
Bir gujak süpürgi (plotensa) göterip giren Rýuhin Arçibald Arçibaldowiç tarapyndan güler ýüz bilen garşy alnyp, şobada nälet siňen mata-marlaklardan halas edildi.
Eger Rýuhin keselhanada, soň ýük maşynynda surnukmadyk bolsady, onda hassahanada bolan wakalary her hili toslamalar bilen baýlaşdyryp gürrüň edip bererdi. Emma häzir bu zat onuň köňlüne jaý däldi, üstesine-de, Rýuhinde hiç hili synçylyk ukyby ýok hem bolsa, ýük maşynynda çeken ýol azabyndan soň, restoran hojaýynynyň ― deňiz garakçysynyň ýüzüne birinji gezek dikanlap garady, hawa, Arçibald Arçibaldowiç Bezdomnynyň ýagdaýyny soraýan wagty, «aý-aý-ýaý» diýip, gynanan bolsa-da, aslynda Bezdomnynyň takdyrynyň asla gyzyklandyrmaýandygyny Rýuhin aňşyrdy.
«Berekella!» Dogry edýäň!» diýip, Rýuhin haýasyzlarça, öz-özüne ykaratly oýlanyp, ruhy näsaglyk hakdaky gürrüňini kesip, haýyş etdi.
― Arçibald Arçibaldowiç, birazajyk arak bolaýsa...
Restoran sahyby, garakçy ýasama mürewwet bilen pyşyrdady:
― Düşünýän, ine, häzir ― diýip, ol ofisanty gol bulap, çagyrdy.
Indi çärýek sagatdan soň Rýuhin tutuş zalda ýalňyz özi büküdip, balyk iýýärdi, yzly-yzyna bulgury dolduryp arak içýärdi we öz durmuşynda hiç zady düzedip bolmajagyna düşünýärdi, diňe unutmagyň mümkindigini boýun alýardy.
Özgeler keýp-sapa çeken wagty, şahyryň bu gijesi haýp geçipdi we ony indi yzyna dolap bolmajakdy. Gijäniň haýp geçip gidendigini aňşyrmak üçin asmana seretmegiň özi ýeterlikdi. Ofisantlar howlukmaçlyk bilen saçaklary ýygnaýardylar. Eýwanyň töwereginde entäp ýören pişikler bireýýäm ýüzlerini ýuwupdylar. Şahyryň üstüne gündiz abanyp geldi we ony aýawsyz uky basyp başlady.
Категория: Romanlar | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 NoL   [Mowzuga geç]
Iwana hiçkimiň ynanmajagy hak. Ol nejis jadygöý Moskwada edenini edip gezýär dälmi eýse. Bu romany tutuşlygyna okapdym. Terjimesem üýtgeşik edilipdir. Ýada, bu ýazyjy romany şeýle äheň goýan bolmaly. Şuny terjime eden ýazyjy Atamyrat Atabaýew öýdýän. Roman gaty gyzykly gidýär. Jadygöýli kino gören ýaly edýär.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: