01:02
Göktürkmen söýgüsi -4/ romanyñ dowamy
DÖRDÜNJI BOÝ

AKYLYŇA GELMEÝEN BAŞYŇA GELER

Sibiriň ata-babasy mydama köşkde patyşanyň hyzmatynda bolan begzada adamlardy. Sibir hem ýaşlykda köşkdäki atabeg okuwyny, terbiýesini alypdy. On bäş ýaşynda babasynyň ýanynda işe başlapdy. Işe başlan gününden bärem her bir güni gorkudady. Çünki mydama galplyk bilen gazanç edilýärdi. Onsoň, eden galplygynyň üstüniň açylmak howpy ýeke günem aňdan aýrylanokdy. Patyşa öz gullugyndakylara öz raýatlaryna garanda jeza bermekde bäş-on esse rehimsizdi. Ertir gülşüp gürleşen, ertir bir ýerlere bile gideli diýen, agşam myhmançylykda oturjak adamyň günortan dar agajyndan asylsa, heý, gorkmazmyň onsoň?! Ýöne Göktaňry gorkudan güýçli zadam döredip, adamlaryň öňüne alan-aldy edip oklapdyr. Gorkudan güýçli ol zada baýlyk diýýärler. Baýlykda näzenin gyzyň mähir-muhabbeti, nogul-nabadyň süýjüligi, bedew atyň howalaly bady, men-men diýen garynlak-garynlak kethudalaryň hormat-sylagy, garadangaýtmaz batyrlary dyza çökerýän synmaz güýç, al-asmanda uçmaga, dünýäniň ähli ýurtlaryny erkana aýlanyp çykmaga ganat, bolçulykda eliňi uzadan ýeriňe ýetirip ýaşamagyňa kepilçilik, atlaz halatlary geýmegiňe mümkinçilik, saglygyň üçin alada etjek ökde-ökde tebipleri gapyňda saklamaga ygtyýarlylyk, sebitiň iň owadan gyzlaryny hatyn edinmäge ygtyýarlyk, islän ýeriňe gullaryň götermeginde tagtyrowanda gitmäge şert bar. Ine, şu zatlaryň bähbidi üçinem töwekgellik edilýär, güzaba kaýyl bolunýar.
Iki hili töwekgellik bolýar. Ol töwekgellikleriň ilkinjisi ömrüňde seýrek gaýtalanýar. Onda ömrüň pitige münýär. Şeýle pursatlarda edilen töwekgellik Göktaňrynyň gursagyňa salýan ýardamy bolmaly. Beýle töwekgelliklere men-men diýen ärler mynasyp bolýar. Ikinji bir töwekgellik bar, ol Göktaňrynyň beren zyýapatyndan peýdalanyp, öz nebsiň üçin harsydünýälik etmek. Beýle töwekgelligi Göktaňry hiç wagt jezasyz goýmaýar. Ýagşylyga ýamanlyk jogapsyz hem jezasyz galsa, Göktaňry halamaýar.
Sibiriň babasy ogluna köşkden düşewüntli wezipe alyp bermek üçin bir tilsim ulanýardy: kimiň wezipesi gowy bolsa, bildirmän şol kişiniň küýzesine çakjagunduz talhanyny guýýardy. Şondan soň çakjagunduz içen kişi akylyndan azaşyp, dälireýärdi. Dälini bolsa, elbet, köşkde saklamaýarlar. Ana, onsoň ol dälirän kişiniň wezipesi boşaýardy, boşan wezipä-de islän kişisiniň bellenmegini gazanýardy. Iki kişä çakjagunduz talhany içirilip, Sibir köşkde iň düşewüntli wezipäni eýelemegi başarypdy.
Babasyndan1 miras galan çakjagunduz talhanyny Sibir beg gaty pynhan saklaýardy.
Bu dünýäde baky zat ýok. Akşuňkar ýaly pähimli-parasatly, geçirimli şanyň şalygy synýar. Megerem, ak hunlaryň2 şalygy Akşuňkaryň aşa geçirimliligi üçin synýar3. Şalygy ýüregi ýukalar dolandyryp bilmez: ýa şalyk tozar, ýa şa öldüriler.
Ak hun şalygy hem ýüregiýukalyk zerarly tozup ugrady. Sibir on bäş ýaşdan kyrk bäş ýaşa çenli gazanan baýlygynyň hözirini görmek, şol baýlygy bilen ömrüniň ahyryna çenli hiç bir zadyň aladasyny-gaýgysyny etmän ýaşamak isledi. Bu gün bolmasa ertir ak hun şalygyna sasan ýa-da göktürkmen şalygynyň geljegine, tozgunçylyk etjegine anyk göz ýetiripdi. Şol çozuşda ölmän galjagyna kim güwä geçsin?! «Köşge çozup girenlerinde meni öldürerler» diýen gorky Sibirden gije-gündiz aýrylmady. Ol her gün agşam işden gelip ýygnan altyn teňňelerini barlady. Şol tylla teňňelere seretdigiçe howsalasy, was-wasy artdy. Onuň maksady çepbe çöwrülip barýar-a?! Nätmeli? Ak hun patyşasy dursa, onda gorky etmese-de boljak, ýöne şalygyň uzaga gitmejegi görnüp dur. Patyşa onuň gyzyny görüp: «Bu meniň hatynym bolar» diýipdi. «Patyşa giýewiň bolsa, onda dünýäni piňiňe alman ýaşasa bolar, seniň towugyňa tok diýip biljek kişi bolmaz köşkde. Ýöne ölüp barýan patyşa gyz berip, onuň gaýynatasy bolup, ýagy gelende bolsa gaýynatalygyň sebäpli kelläňi çapgyýassygyna goýmak nämä gerek?! Iň gowusy, bagty ýatanyň ýanyndan gaçmaly, ýogsam bagtyýatanlygyň saňa-da ýokaşmagy mümkin. Men gyzymy haýsam bolsa bir patyşaga berip, rahat hem eşretde ýaşamaly. Gyzymyň görküniň öňünde ýeke patyşa-da biparh durup bilmez, derrew hyrydar çykar. Sebäp gyzym çakdanaşa owadan. Göktaňry maňa patyşaga hatyn bolmaga mynasyp gyz berip, eşretde ýaşamagymy ýazgyt edipdir. Göktaňrynyň bu eşretinden men hökman peýdalanaýyn. Şonuň üçin synmajak kuwwatly bir patyşalygyň patyşasynyň dergähine baraýyn» diýip, Sibir karara gelipdi. Göktürkmen şalygy iki dogan Bumyn hem Istemi hanyň şalygy täze, bu şalygyň uzaga gitmezligi mümkin. Iki doganyň biri-birini öldürmegi hem ahmal. Sasan şasy Hysrow Anuşirwan Adyl welin, atyny oka berjek şa däl. Men şonuň gaýynatasy bolsam, ýaşaýşym parahat hem eşretli bolar diýip, Sibir netijä gelipdi. Şu pikir bilen ol gaçmaga taýýarlyk görüp başlady. Özüne ýigrimi bäş sany çawuş tutundy. Ýigrimi bäş çawuşyň wezipesi diňe bir Sibiri goramak däldi, olar gulamlyk hem etmelidi: näme iş buýrulsa ýogy bolmaly däldi. Ýigrimi ýaşy arka atan ogly Aşyny çawuşlaryna sahyp belledi.
Sibiriň Aýşöhle atly gyzy hakykatdan hem patyşalary aňkardyp biljek taýsyz owadandy, oňa dokuz sany akgyz4 hyzmat edýärdi. Eger gyzyny patyşa bermek pikiri başa barmasa, onda Sibir gyzyny özüni gorap biljek är ýigide bermekçidi. Esasy zat, maşgalasynyň, gyzynyň, özüniň gorky-ürküsiz ýaşamagydy. Gyzy on bäş ýaşapdy. Körpe gyzy Mähriban bäş ýaşyndady. Aýaly Päkine bibiniň ýalňyz umyt çyrasy — adamsydy. Onsuz özüniň ýeke günem güzeran dolandyryp bilmejegini bilýärdi. Sebäbi ol elini sowuk suwa urman ýaşaýardy. Öýde edilýän zatlaryň hiç birindenem habarsyzdy. Päkine bibiniň, Aýşöhläniň akgyzlary öýde edere iş goýanokdylar.
Sibir şilliň uzyn, hor kişidi. Ýüzi çopurdy. Çagalykda çykan mama keseli ýüzüne zeper ýetiripdi. Ýöne çopurlygy özüne gelişmün duranokdy. Hanasynyň düýbüne çöküp duran kiçi gözleri içiňden geçip barýardy. Ol nahar iýende birki adamlyk iýýärdi. Ýöne möjegiň gapdalynda saklanylýan goýun janawar nädip semresin?! Abdal köşgünde hem semiz adam ýokdy. Kileň Sibir ýaly arryk adamlardy. Orta boýlularam, gysga boýlularam bardy, ýöne bazaryň delallary ýaly semizi welin ýokdy. Şonda-da olar işlerinden razydylar.
Sogdlar, hotanlylar ak hunlaryň rowaçlygyna göriplik edip, olaryň şalygynyň tozmagynyň, duşmanlarynyň köpelmeginiň aladasynda ýaşadylar, goňşy şalyklary olara garşy küşgürdiler. Ak hunlaryň şalygynyň tozmagynda sasan şasynyň yhlasy ýürekdendi. Ol bu maksadynyň amaly üçin hiç bir zadyny gysganmaýardy. Ol Ak hun şalygyna, şalygyň köşgüne köp sanly içalylaryny ýollapdy. Olar köşkde işleýän emeldarlary köp mukdarda altyn-kümüş peşgeş berip, satyn alypdylar. Satyn alan emeldarlaryndan edilýän talap köşkde bolýan gürrüňleri gylyny gyşartman habar bermekdi, şeýle hem egindeşleriniň şaga garşy bolmaklaryny gurnamakdy, öz tarapyna meslekdeş çekmekdi. Satyn alnan adamlaryň birem Sibirdi. Ol özünden edilýän talaby üç ýyllap bitirdi. Anuşirwan Adylyň wekillerinden köp mukdarda altyn engam aldy. Ýöne bir bolmasyz iş boldy: şa köşkde dönügiň bardygyny bilipdir, hat-petek diwanynyň sahybyny etmişiniň üstünde tutupdyr. Sahyp özüniň köşkde ýeke däldigini aýdypdyr, iki sany adamyň adyny beripdir. Dessine ol ikisini-de tutup zyndana atdylar. Uşlybyň ujy tapyldy, ol yzarlanyberse, bir gün uşlyp Sibiriň üstünden hem barjak. Sibir sasan wekili bilen duşuşdy, gaçmak isleýändigini aýtdy. Wekil alaçsyz ylalaşdy. Onuň dünýä inen, göbek ganynyň daman ýerinden gaýdasy gelenokdy, ýöne çäresizdi — öýüni taşlap gaýtmaly bolanda, Sibir öýüniň bosagasyny gujaklap, bagyryp aglapdy.
— «Lebzine ikilik eden kişini Göktaňry näletleýär» diýleni çyn ekeni. Men şaga beren wepadarlyk ähtime ikilik etdim. Şonuň üçin hem men ýat ýurtlara gitmäge mejbur boldum... — diýip, Sibir hunybirýan aglady.
Sibir ýolda çagalaryna lebze wepadar bolmalydygy, lebzine ikilik eden kişini Göktaňrynyň heläk edýändigi barada öwüt berdi.
Bir günem Sibir niredesiň Sasan şalygy diýip, on bäş ýükli düýe, ýigrimi bäş atly bolup ýola düşdi.
Araba münseň, — tyllaň köpem bolsa — arabakeşiň heňine hiňlenmeli. Özüň Öküz derýasynda — salyň üstündekäň, göwnüň dagyň depesinde bolsa, gark boljagyň ikuçsuz. Sibirde näme kän, teňňe kän. Onsoň, ol ähli kişi menden gorkmalydyr, meniň hyzmatymy etmelidir, maňa baş egmelidir öýdýär. Ol özüniň horlugyny gizlemek üçin sakgal-murtunam gaty peşeneli edip goýberýär. Murtlary jaýtaryp, gözlerine giräýjek bolýar. Onuň diňe özi däl, murtam dört-bäş gulamlyk haýbat. Ýöne her gün o kenardan bu kenara, bu kenardan o kenara ötegçi geçirip ýören adamlaryň aşa haýbatly kişileriň ýelini çykarmak üçin hokga çykaraýmalaram bar. Sibir babatda salçylaryňam, saldarlaryňam hokga çykarmak niýetlerinde-hä ýokdy, ýöne bar zat atdanlykda boldy.
Elbet, Göktaňrynyň islegi şeýledir.
Sibiriň on bäş düýesi ýüki bilen derýa gitdi. On bäş düýe ýüki gidensoň, Sibir «Baýlyklary alyp çyk!» diýip ogluny suwa itdi. Ogul babasynyň göwni üçin göwünli-göwünsiz özüni suwa urdy. Gaýdybam çykmady. Oglunyň suwda ýüzüp bilmeýändigini Sibir soň bildi. Muny oňa aýaly bagryny paralap aýtdy. Wah, Aşynyň özüni suwa oklan ýeri hem burgundy. Burgun5 ony göni öz girdabyna salyp, hyrlandyryp aýlap honda çykardy. Soň burgun ony ýene girdaba saldy.
Aşynyň käte bir suwuň ýüzüne çykyp kömek soraýşy Sibiriň eger-eger göz öňünden gidenok. Ýöne oňa ne Sibir, ne-de çawuşlar kömege bardy. Çawuşlar Aşynyň elinden çekip çykaraýmaly ahyryn! Sibir beg özelenip-özelenip çawuşlara ýalbardam. Ýalbarmasyna aýaly Päkine hem ýalbardy. Ýöne çawuşlaryň birem Aşyna el uzatmaga het edip bilmedi. Nädip el uzatsyn?! Begzada nesline el degirmek çawuşlara gadagan. Eger begzada nesline elini degirse, onda çawuş berkden-berk jezalandyrylýar. Eliniň kesilýän, öldürilýän pursatlaram az bolanok. Begzada nesil — keramatly nesil. Ol nesle aşaky gatlagyň adamlary ellerini degirmeli däl. Şeýle bolansoň, ýigrimi bäş çawuş Aşynyň gark bolşuna diňe biçärelik bilen seredipdiler. Eger gark bolýan begiň ogly däl-de, çawuşlaryň biri bolanlygynda, onda ol bireýýäm salyň üstünde oturardy. Ogluny halas etdirmek üçin Sibir, gör, näçe çawuşy suwa itdi. Ýöne çawuşlaryň ýekejesem gark bolýan Aşyna ýakynlaşmaga het edip bilmedi.
Sibiriň özem suwda ýüzüp bilmeýärdi. Şeýle bolansoň, ol diňe bagryny paralap bagyrmak bagyrdy.
Sibir bir hepdeläp özüne gelip bilmän ýatdy.
Bir hepdeläp Babyr beg Sibiri aýaga galdyrjak bolup etek alty-ýeň ýedi ylgady. Goňşy galalaryň tebiplerinem çagyryp getirip, Sibiriň hyzmatynda goýdy.
Sibiriň çawuşlaryny, maşgalasyny, akgyzlaryny iýdirip-içirdi. Olara ýaranmak Babyr bege juda gymmat hem agyr düşdi.
Iň agyr düşen zat hem Sibir begiň deňsiz-taýsyz owadan gyzyny görer gözden daşda saklamakdy. Şeýle owadan gyzyň bardygyny eşidip, görmek höwesi bilen begligiň ähli adamy rabata eňdi. Özem olardan ýaňa gije-gündiz rahatlyk ýokdy. Olar öňlerinde näme bolsa ýykyp-ýumrup omzaýardylar. Birki günden-ä goňşy obalardan hem gelip ugradylar. Şeýle bolansoň, bir gije Babyr beg Sibiriň maşgalasyny öz öýüne alyp gaýtdy.
Ana, şol gün...
Ana, şol gün Hanan neberesiniň — Babyr begiň maşgalasynyň bagtynyň küle çöken güni boldy.
Ýagşylykdan ýamanlyk döredi.
Ýagşylyk ýamanlyk donuny geýdi...
Babyr begiň öýi Sibiriň adamlarynyň hoşuna geldi, düşekleri ýumşady. Bir hepdeden geplemäge ýarap ugran Sibiriň hem hoşuna geldi. Ýöne bu günler onuň derdi juda agyrdy. Ol gykylyklap suwa giden ogly Aşynyň, on bäş düýe ýüküniň tapyp getirilmegini talap etmäge başlady.
Bir hepdeläp agtardylar
— Wah, meniň halalja baýlyklarym! Meniň halalja baýlyklarym! Wah, meniň ýalňyz oglum!.. Wah, Aşyn oglum!.. — diýip, Sibir hunybirýan aglamak aglady. Ol Taňrynyň bu sütemini özüniň şaga beren wepadarlyk lebzine ikilik edenliginden gördi. Muny Göktaňrynyň jezalandyrmasy hasaplady.
Ol aglasa, onuň aýaly bilen gyzlary hem aglaýardy.
Soňundan akgyzlar aglamaga başlaýardylar.
Çawuşlar düşnüksiz ses edýärdiler: olaryň aglaýandygyna-da, legzebanlyk edýändiklerine-de düşüner ýaly däldi.
Bäri bakyp ugran Sibire Babyr begiň hyzmat edişem, öýem biçak ýarady.
Nebis perişdesi aýaga galdy. Ol Sibire hökümini ýöretmek, mojukdan-mojuk etmişler etdirmek isledi.
Nebis perişdesi Sibiriň çagalykdan bäri hökümdary. Ol bu perişdä enesine, babasyna goýmaýan gadyr-hormatyny goýýar. Hiç mahal onuň garşysyna gitmeýär. Nebis perişdesi niçik bir zat isledigi bes, Sibir haýdan-haý perişdäniň islegini amal etmegiň ugruna çykýar.
Goý, ol agyr bolsun!
Goý, ol hyýanatçylykly bolsun!
Parhy ýok, rast, nebis perişdesi isleýärmi, bolany şol, onuň islegini kanagatlandyrmaly.
Nebis perişdesiniň ikinji ady hem bar. Onuň ikinji, özem hakyky ady Göwün perişdesi bolmaly. Ony her döwürde dürlüçe atlandyrdylar. Ony her kim özüçe atlandyrdy. Ony Gysgançlyk perişdesi diýip atlandyryp ýörenlerem bar. Sibir beg bu perişdäni nebis perişdesi diýip atlandyrdy. Çünki onuň babasy bu perişdäni şeýle atlandyrardy.
Nebis perişdesiniň isleginiň kanagatlandyrylmagyndan Sibiriň özi çäksiz lezzet alýar ahyryn.
Diňe lezzetmi?
Ýok, nebis perişdesiniň isleginden Sibire kän-kän peýda, kän-kän baýlyk gelýär. Onsoň, ol nebis perişdesini näme üçin ezizlemesin?!
Ol üstüne possun ýapyp, iki-üç günläp nämedir bir zadyň pikirini etdi. Soňam çawuşlary bilen tokaýa gitdi. Ol nirä gitse, Babyr begiň ogly Kuban onuň ýanyndan aýrylmady, onuň hyzmatynda boldy.
Sibir göwün açmak maksady bilen her gün awa gitmäge başlady. Daňdan gidip agşam dolandy.
Bir hepde awa gitdi. Her gün awly gelýän Sibir soňky on üçünji gün şum habarly geldi:
— Kubany tylla böri parçalady!
Sibiriň çawuşlary ony eginlerinde göterip getirdiler. Onuň egin-eşigi gara gandy, sal-saldy. Synasynyň köp ýerinde tyg yzy bardy. Ondaky tyg yzlaryny göreniňde tylla böri bilen däl-de, haýsydyr bir duşman bilen garpyşylana meňzeýärdi.
Ýöne begzada kişä ynanmazlyk gowulykdan däl!
Babyr beg geň galdy:
— Tylla böri geçelgäniň çagalaryndanam gaçyp ýör-ä! Ol nädip birden Kubana topulaýdy?!
— Babyr beg, dogan, biz ät galdyk. Biz ýanyna kömege barýançak boljak iş bolan eken...
— Ynanar ýaly däl...
Sibir hem Babyr begiň sözüni gaýtalady:
— Ynanar ýaly däl.
Ynanar ýaly däl hadysanyň ikinjisi — has geňi şol günüň ertesi boldy: Babyr beg Sibiriň mürähet edip beren iki owurtlyk dermanyny içip, betbagtçylygyny goşalandyrdy. «Sen ogluň ölümine biçak gynandyň. Ine, şu şerbedi iç, göwnüň giňär gider» diýip, Sibir Babyr bege şerbet içirdi. Babyr beg ony içmejek bolup yzyna gaýtaryp berdi. Ýöne Sibir: «Iç, iç!» diýip özelenip duransoň, göwünli-göwünsiz içdi. Ýüz — otdan yssy. Özgäniň göwni üçin adam bende, köplenç, öz islemeýän işini etmeli bolýar. Özgäniň göwni üçin öz bagtyňa betbagtlyk boranyny ýagdyrmaly bolýarsyň. Babyr begiňki-de şeýle boldy.
Sähel salymdan Babyr beg samahullap ugrady: akylyndan azaşdy.
Sibir hananlylaryň öňünde gözýaş dökdi:
— Eziz doganym oglunyň ölümine döz gelip bilmän akylyndan azaşdy... Ol akylyndan azaşmazdan öň ýeke söz aýtmaga ýetişdi. Ol maňa: «Sibir, sen geçelgeden gitme. Men saňa begligimi berýärin. Men saňa lebiz edýärin. Gaýtalap aýdýaryn, sen Hananyň begi bol. Sen meniň doganymsyň».
Şol günden başlap, geçelgede Hanan neberesiniň begligi gutardy. Geçelgede täze beg döredi.
Sibir beg!
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: