00:56
Söýgi perisiniñ haty
SÖÝGI  PERISINIŇ HATY

Sen meniň şazadam, ruhumyň güýji,
Giň deräniň peleňine deňedim.
Aýdyňlyga sary, maksadyň bary,
Şoň üçinem aýdymlarňy diňledim.

Sesiň gursagyma ýag bolup siňdi,
Kerem doly kalbyň kuýaş nura deň.
Dag bürgüdi kysmy kamatyň bilen,
Algyr bolup, alyslara ugradyň.

Maňa ylham berdi garaýyşlaryň,
Kowdy köňüldäki gara gyşlary.
Mert meňziňe çekilgi dur suraty,
Kynçylykda başyň çaraýyşlaryň.

Maňa ganat berdi, seniň sözleriň,
Ol ganatlar gyrylmadyk perlidir.
Aýlawlarda aty çykan şazadam,
Gyrmyz donuň guşaklary zerlidir.

Kamatyň bar, nurly sözüň aşygy,
Pederleriň ýollarydyr ýollaryň.
Näzli ýar öňünde çytman gaşyňy,
Gerdiň oňa gerçek-ganat gollaryň.

Dag bürgüdi, gaýalardan güýç alan,
Dereleň güllerin ysgap ulaldyň.
Dogumňa bäs gelmän, jülgeler söküp,
Ýagyşly ýaýlada ylgap ulaldyň.

Maýsalaň gulpagy eliňi küýsär,
Ter sähraň gujagy demiňi küýsär,
Ulaldyň, çaýlaryň diňläp sesini,
Käkilik gaýtalan heňiňi küýsär.

Sen meniň şazadam, ruhumyň güýji,
Sözleň güwwüldisin diňläp ulaldyň.
Atalaň arzuwy, eneleň genji,
Olaryň özüne meňzäp ulaldyň.

Maňa ganat berdi, seniň mertebäň,
Ýagyşly baharlar guýduň ýürege.
Çala gussa batsa, mähriň gaýgyrman,
“Ganatyň bar ahyr” diýdiň ýürege.

Eý, meniň şazadam, ruhumyň güýji,
Gerçek gerçekligi senden öwrensin.
İn beýik güýç ahyr, söýginiň güýji,
Gözeller söýmegi menden öwrensin!

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 17 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: