00:45
Göktürkmen söýgüsi -3/ romanyñ dowamy
ÜÇÜNJI BOÝ

IKI ÝÜZLI HANJARYŇ BIR ÝÜZLI ÇÖZGÜDI

«Bu dünýäde öldüren adamyň o dünýäde seniň guluň bolýar. Onsoňam patyşanyň gullugynda durup, söweşlerde näçe köp ýagy öldürseň, patyşa-da seni ýalkaýar: baýragyny gysganmaýar. Netijede, bir okda iki towşan awlaýarsyň: hem-ä hormat-sylag, baýlyk hemem o dünýäň rahatlygyny gazanýarsyň, gullaryň — öldüren adamlaryň seniň eliňi sowuk suwa urdurman saklarlar...».
Babyr begiň ogly Peleň-de üç ýyl Bumyn hanyň gullugynda durup, bütin ömrüne bol-telki ýeter ýaly altyn gazandy. Indi onuň aladasyz-ünjüsiz ýaşamaly döwri başlanýar.
Peleň öz aladasyny özi etmeli bolýardy. Çünki ol ýanyna hyzmatyny eder ýaly tapugçy1 aljak bolmandy. Ol Bumyn han ýogalyp, tagta ogly Nugan geçensoň gazanan altyn-kümüşlerini horjuna salyp, niredesiň Hanan geçelgesi diýip ýola düşüpdi. Horjunyň iki gözi altyn-kümüşden doludy. Bu baýlyga ýat ülkä barybam hiç bir zadyň aladasyny etmän — öý satyn alyp, birki sany aýal edinip, bäş-on hyzmatkär tutunyp ýaşap boljak. Ýöne Peleňiň ýat şäherde galmak küýsegi ýokdy. Ol enesiniň, babasynyň ýanyna barmakçydy. Horjunyň iki gözündäki teňňeleri ata-enesiniň öňüne döküp magtanmakçydy, olardan kän-kän öwgüli sözleri eşitmekçidi.
Ak daşdan özüne öý gurmakçydy. Goý, öýi gören serkerdeler, bezirgenler «Wah, menem şunuň ýaly öýde ýaşasamdym!» diýip arzuw etsinler» diýip, Peleň göwün ýüwürdýärdi. Peleň öý gurup, bir owadan gyza öýlenmegiň hem pikirini edýärdi. Şol öýüň bikesi bolmaly gyz hem bellidi. Goňşy beglikde Gaýmart begiň Aý diýseň Aý, Gün diýseň Gün ýaly owadan gyzy bardy. Ady Dolanaýdy. Ana, şol gyz Peleňiň halaly bolmalydy.
Peleň öýüne sary ýola düşensoň, atyň üstünde oturşyna Hananda geçen günlerini, oglanlygyny ýatlaýardy. Geçelgede Peleňiň-de, agasy Kubanyň-da oglanlar bilen oýnamaga wagtlary ýokdy. Babasy: «Siz begzada2 neslindensiňiz. Siz ulalyp, ýönekeý adamlara baş bolmalysyň. Adamlara baş bolmak üçin, olardan ähli zatda köp bilmelisiňiz» diýip gaýtalaýardy. Geçelgäniň Şajar atly ýomudy Kuban bilen Peleňe atabeglik edipdi. Suwda ýüzmegi, at üstünde gylyçlaşmagy öwredipdi.
Hamraklyk bolmasyn, ata-enesine aşa göwün bermesin diýip, babasy Peleňi on iki ýaşynda Gaýmartlara eltipdi. Gaýmart beg bilen Peleňiň babasy Babyr beg dogan ýaly gatnaşýardylar, kyn günlerde birek-birege kömege ýetişerdiler. Peleň iki ýyllap babasyny, enesini görmän, Gaýmartlarda ýaşapdy. Şeýdip, oňa aýraçylygy öwredipdiler. Babyr beg ýomudyň: «Çagany bäş ýaşa çenli şa, on ýaşa çenli gul, on alty ýaşdan soň ýakyn dost hökmünde görmeli» diýen wesýetine eýerdi.
Peleň Gaýmart begiň öýünde başda içi gysan hem bolsa, kem-kemden öwrenişipdi. Gaýmart begiň Peleň bilen gözlüje ýaşyt Wahşunwar atly ogly bardy. Peleň Wahşunwar bilen awa giderdi. Şonda olara Dolanaýam goşulardy. Ol argamak üstünde her hili tilsimleri etmegi öwrenipdi. Çapyp barýan argamagyň üstünde nyşana urmagy başarýardy. Wahşunwar bilen aw edilende aw etlerini bişirip berýärdi. Gopuzda zaryn-zaryn mukamlary çalýardy.
Wahşunwar hem, Gaýmart beg hem Peleňiň Dolanaýy halaýandygyny bilýärdiler. Olaryň duşuşmaklaryna garşy bolup-da durmaýardylar. Has takygy, olar Peleňiň Dolanaýa öýlenmegini isleýärdiler.
Peleň Dolanaýyň hem özüne ýaranmak üçin çalyşýandygyny aňýardy. Ýöne ýomutlaryň ýaşlara berýän bir ýomy bardy. Ol ýomda: «Durmuşa gadam basan göktürkmen sypah taýdan kämil tälim almalydyr, ylym-bilim edinmelidir. Beg bolmak — ylymly-bilimli bolmak üçin sekiz zatdan: söýgüden, hyjuwdan, süýji nygmatlardan, bezenmekden, gahar-gazapdan, çekinjeňlikden, aşa köp ýatmakdan, ýalan sözden daşda durmalydyr» diýilýärdi. Şonuň üçin Peleň Dolanaýdan biraz gaçarak durmaga çalyşýardy. Ýöne ýyllar, aýlar Peleňi Dolanaýa barha ýakynlaşdyrýardy, ysnyşdyrýardy.
Dolanaý Peleňden dört ýaş kiçidi. Ol mähremdi. Owadan ala gözleri mähirden doludy. Inçeden uzyndy. Onuň boýy Wahşunwar bilen Peleňiň boýundan sähelçe gysgady. Ol argamaga münüp bilmän kösenýärdi. Şonda Wahşunwar onuň argamagyna münmegine tekge bolýardy. Käteler onuň argamaga münmegine Peleň tekge beripdi. Dolanaýyň gollaryndan tutanda endamy tisginip-tikenekläp gidipdi. Şol tisginme onuň endamyndaky ähli ragbaty sogrup alan ýaly edipdi. Asyl, ýekedyz bolup duran ýerinden soň gozganyp bilmese nätjek!
Peleň Dolanaýyň argamagynyň gapdalyna baryp ýekedyz oturýardy. Dolanaý onuň dyzyna basyp, sag elini eline tekge edinip, bir towsanda argamagyna münýärdi. Argamakda jaýlaşykly oturansoň, Dolanaý Peleňe gyýa garap, näzli ýylgyryş bilen minnetdarlyk bildirýärdi. Onuň bu garaýşy, ýylgyrmasy Peleňe hasam hoş ýakýardy. Bu ýylgyryş, bu garaýyş Bumyn hanyň sapynda bolan üç ýylynyň içinde her gün telim ýola onuň göz atuwynda janlanypdy.
Gulamlykdan gaýdanda Peleň Dolanaý bilen duşuşjakdygyny ýatlady. Bu ýatlamadan çäksiz lezzet aldy.
Ol geçelgä baryp, ilki babasydyr enesi hemem dogany Kuban bilen duşuşar. Şonda babasynyň çawuşlarynyň dört-bäş sanysyny Akmeýdan begligine — Gaýmart begiň ýanyna ugradar. Peleňiň Hanana gelendigini eşitse, Gaýmart beg ogly Wahşunwar bilen geler. Dolanaý hem geler.
Peleň Dolanaýa öýlenmek isleýändigini babasyna aýdar. Ol hem Gaýmart bege aýdar.
Gaýmart beg adaty şadyýanlygy bilen ýegana dostunyň sözüni makullar.
Toýuň sähedini bellärler. Olary oduň daşyndan aýlap, üstlerine mertebe suwuny sepelärler.
Dolanaý garaşdymyka?!
Dagy näme! Ol garaşandyr!
Peleň üç ýyl mundan owal Bumyn hana gulamlyga ugramakçy bolanda Gaýmart beglere hoşlaşmaga barypdy, şonda Dolanaý Wahşunwaryň ýanynda söz beripdi: «Peleň, biz saňa garaşarys!» diýip.
Peleňem, Wahşunwaram bu sözüň düýp manysyna gowy düşünýärdiler. Dolanaý «Men saňa garaşaryn» diýip göni aýtmaga utanyp, «Biz saňa garaşarys» diýip, olaryň ýanyndan gidipdi, soň görünmändi. Ýöne Peleň Dolanaýyň haýsydyr bir ýerde özüne ogrynlyk bilen seredip durandygyny aňýardy.
Üç ýyl yzda galdy.
Peleň üç ýylyň içinde Dolanaý bilen hyýalynda telim ýola duşuşypdy. Nähili söweşendigini joşup-joşup gürrüň beripdi. Dolanaý onuň gürrüňlerini adaty ýylgyryşy, mähribanlygy bilen diňläpdi.
Dogrusy, Peleň Bumyn hana gulamlyga özüniň güýçlüliginiň tilsimlidigini, şeşperi3 oýnatmakda özüne taýyň ýokdugyny subut etmek üçin gidipdi.
Horjundaky akjalar — tyllalar Peleňiň ökde ýigitliginiň subutnamasydy.
Horjundaky akjalar il arasynda Peleňiň abraýynyň artmagynyň kepilidi.
Horjundaky akjalar Peleňi bolçulykda ýaşatjak hazynady.
Horjundaky akjalar Peleňiň Bumyn hanyň sapynda kän-kän gahrymançylyklar görkezendigine güwäçidi.
Horjundaky akjalar Peleňi Mugan hanyň4 gowy görendiginiň, ony Istemi hanyň5 hem ykrar edendiginiň alamatydy.
Horjundaky teňňeler Peleňiň towugyna tok diýmeli däl, çünki ol Bumyn hanyň ýeňişleriniň sebäpkäri, muny Istemi hanam ykrar edýär, Peleň ilhanyň hatyralan we hyzmatlary üçin mundan beýlägem hatyralajak adamy diýmekdi.
Horjundaky teňňeler...
Ýöne indi hananlylary horjunyň tylladan doly bolandygyny nädip ynandyrjak?
Babasy ynanarmy?
Dolanaýy nädip ynandyrjak?
Bilmesine Garçgaý bilýär, ýöne onda dil ýok-da!
Garçgaýyň barlygy bir gowy, ýogsam onam ogurlan bolsalar, onda Peleň galan menzili6 paý-u-pyýada geçmeli bolardy.
Wah, ol adyny hem takyk bilmeýän bu kiçeňräk köne şäherden biraz daşlaşyp, Gissar dagynyň ümürsin jülgesinde, çeşmäň boýunda ýatmakçy boldy. Ýöne haýsydyr bir güýç ony şu ýerde — rabatda ýatmagyna sebäp boldy. Kimdir biri: «Meýdanda ýatma, meýdanda ýatsaň, gije ýylan çykar. Iň gowusy, ine, şu şäheriň rabadyna bar-da, gowy naharlan, dynç al!» diýen ýaly boldy. Onuň ýola çykanyna üç gün bolupdy. Ol iki gije alaň açyk sährada ýatypdy. Iki gije-de gowy uklap bilmändi. Gije telim ýola oýanypdy. Göwnüne bolmasa, üç-dört garakçy üstüne döküläýjek, barja akjasyny zomluk, zorluk bilen basyp alaýjak ýaly boldy durdy. Ýylan çakar diýen gorky hem aňyndan aýrylanokdy. Sebäbi üç ýylyň içinde köp gulamy ýylan çakyp öldüripdi. Şonuň üçin Peleň bu gije arkaýyn dynç almak, uklamak pikiri bilen öňünden çykan nätanyş şäheriniň rabatyna bardy. Rabatda adam biçak köp eken. Sogd hem Horezm bezirgenlerinden ýaňa ýekeje-de boş otag ýokdy. Herhal, on-on bäş adam ýerleşen otagyň demirgazyk çüňkünden özüne ýer tapdy. Horjunyny sag gapdalynda goýup, üstüne egnindäki çuhasyny atdy. Ýazylyp-ýaýrap naharlandy.
Dokluk — ukyň ýorgany. Garny doýan Peleňi hem uky basmarlap ugrady. Ýorgan-da gerek bolmady oňa. Söýgi bilen uka döz gelmek kyn. Peleň hem döz gelip bilmedi. Onuň maksadam uklamakdy. Ýöne rabatdaky adamlaryň köplügi ony howatyrlandyrdy. Özem gapdalynda ýatanlaryň ählisi özüne ogrynlyk bilen seredýän ýalydylar. «Garnymy doýurdym, indi jülgä gidip, çeşmäniň boýunda uklasam gowy bolar» diýip, Peleň pikir etdi. Belki, kimdir biriniň öýüne barar?! Bir akja berse, bir gije myhman alarlar ahyryn! Peleňiň göwnüne bir erbetlik bolaýjak ýaly duýuldy. Ýöne bu duýgudan uky rüstem geldi. «Hiç zadam bolmaz. Ýatyp dynjymy alaýyn» diýip, başyny güpjege goýdy. Derrewem uka gitdi. Ol daňdan bir düýş gördi. Düýşünde bir garga Hanandaky rabatyň üstünde durka aşagyndaky içi bally golçany gördi. Ol şol bally golçanyň üstüne gonjak bolup golçany ýykdy, golça döwüldi. Ganatlaryna bal dökülensoň garga ganatlaryny hernäçe pasyrdatsa-da uçup bilmedi. Tylla möjek peýda boldy. Ol gargany görmän, derýa tarap geçip gitdi. Garga bal ýokaşan ýeleklerini çüňki bilen ýeke-ýekeden goparyp zyňmaga başlady. Garga ýeleklerini hernäçe ýolsa-da gutaranok. Daş-töwerek gara ýelekden doldy. Peleňiň enesi bilen babasy ýelekleri süpürip aýyrjak bolýarlar, ýöne ýelekler näçe süpürilse-de azalanok. Kimdir biri ýelekleri otlaýar. Babyr beg bilen Täçhal oduň içinden çykjak bolýarlar. Özlerem şeýle bir ylgaýarlar, şeýle bir ylgaýarlar. Sebäp olaryň yzyndan üç-dört sany garga kowalaýar. Babasy bilen enesi Peleňden delalat isleýär. Peleň şeşperi bilen kömege ýetişmekçi bolýar. Ýöne, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ol ýerinden gozganyp, turup bilenok. Göýä duran ýerine örklenen ýaly ol. Peleň kömege ýetişjek, ýerinden turjak bolup urunýar, bar güýjüni jemläp çytraşýar. Ol güýçli bolmaly ahyryn. Ýöne häzir-ä onda ragbat ýok.
Peleň öl-myžžyk bolup oýandy. Oýanyp, nazarynyň ilki kaklyşany hem horjunyny goýan ýeriniň boşlugy boldy.
Horjuny ýok onuň!
Onuň üç ýyl gulamlyk edip gazanan akjalary ýok!
Ýok!
On-on bäş adamyň ýakasyndan aslyşdy.
Yzyna gaýtarmak üçin ogurlanmaýar. Ynsaply bolanlygynda tyllalaryň birini alar, ikisini alar. Horjuny göteren ogry özüne göwni ýetýän ogry bolmaly.
Gije ýatanda tütjar baý bolup, ertir turanda bir kesemen zagara satyn alara ýeke akjasyz garyp bolup oýandy.
Göktaňry näme edeýin diýse ediberýär — şeýdip!
Hana, Göktaňry bir gijäniň içinde üç ýyllap gazanç edip baýan goç ýigidi-hä jübüsinde it uwlaýan garyp etdi, ertirki iýjek ýegenesidir tötegini nädip tapjagyny bilmän ýören bir ýelemýüwledem tütjar baý etdi oturyberdi.
Peleň öz-özüne sögündi: ähli akjaňy horjunda saklamalymy sen, ep-eslisini biliňe daňaýanyňda ýa goltugyňa bäş-on akja ataýaňda ölýärdiňmi sen?!
Ogry tutulsa, ogurlan zadyny dokuz esse edip gaýtaryp bermeli. Dokuz esse edip! Eger dokuz esse edip berip bilmese, onda çagalary bilen hasaplaşmaly. Eger çagasy bolmasa, onda ýeke-täk ýol galýar: görene göz edip, harladyp damagyny çalmaly. Bu zatlary bilýän kişi ilki bilen-ä ogurlyk etmez. Eden bolsa, ele düşmejegini magat aňýandyr. Şeýledir! Hiç kimiň janyny töwekgellige salasy gelýän däldir. Horjun ogurlan ogry gaty uzaga gidendir. Ele düşmejegine ynamy uludyr. Şonuň üçinem ogryny tapjak bolup hars urmagyň peýdasy ýok. Diňe bihuda wagt ýitireniň galar.
Peleň horjunyndan tamasyny üzüp, teblehana ylgady. Hernä argamagy Garçgaý dur. Şuňa-da şükür!
Onuň içi eljuk diýýär, ýöne adamlaryň içinde: «Peleň, sen ajygansyň, gel, bir agyz nan iý!» diýýäni ýok, diýjegem ýok.
Gysgançlyk perişdesi Peleňiň enterpelegini aýlaýardy: «Sen meniň aýdanyma gulak asmadyň. Meniň örtenmelerime geleň etmediň. Indi gara şaýysyz sen kime gerek?! Seni indi kim başyna ýapsyn?! Göktaňrydan soňky ikinji Hudaýyň baýlykdygyny şunça ýaşasaňam bileňok, sen! Şäher kethudasynyň ýanyna bar. Goý, rabat hojaýyny her etsin-hesip etsin tyllalaryňy tapyp bersin!». Peleň gysgançlyk perişdesiniň iňirdilerine gulak gabartman, Gissar çeşmesiniň buz ýaly suwundan içip, lowlap-lowlap ýanýan içini rahatlandyrmaga çalyşdy. Ýöne hernäçe suw içse-de, içiniň alawy köşeşmedi.
— Meniň horjunym ýok. Meniň horjunym ýok! Horjunymda Bumyn hana üç ýyl gulamlyk edip gazanan hakym bardy. Baryny ogurlapdyrlar! Tapyň! Tapyň! Öldürerin! Öldürerin! — diýip, Peleň rabaty ýaňlandyryp gygyrdy.
Rabatyň hyzmatkärleri gözlerini elek-çelek edip durlar. «Nirede durdy?!» diýip soran bolýarlar. Ýeri, onuň nirede durandygyny takyk görkezeniň bilen horjun tapyljak bolup durmy?! «Ine, hut şu ýerde goýdum. Ine, şu ýerde. Ine, bu ýerde men ýatdym. Horjunymyň üstüne çuhamy örtdüm. Çuhamy almandyrlar, horjunym bolsa ýok!» diýip, Peleň janykdy. Rabadyň sahybyny alyp geldiler. Ol ýaşy bir çene baran, aňkasy aşan, gulagy ker garrydy. Zordan ýöreýärdi. Horjunyň nirede durandygyny oňa-da gürrüň bermeli boldy. Peleň rabada nireden, näwagt gelendigini, nädip oturandygyny, näme owkat iýendigini iki gezek gürrüň bermeli boldy. Sebäp birinji gezek aýdanyňy sahyp eşidenok ýa eşitse-de, içiňi ýakyp: «Näme diýdiň?» diýip soraýar.
«Beg ýigit, horjunyňy rabada getirmedik bolaýma? Belki, başga bir ýerde goýup gaýdansyň?! Ä? Hany, bir gowuja oýlan! Bizde hiç wagt hiç zat ogurlanmaýar» diýip, sahyp gaty arkaýyn gürleýär.
Peleň rabatda horjunyny tapmajagyna magat göz ýetirdi. Peleňiň göz atuwynda atabegi Şajar ýomut janlandy. Ol gaty arkaýyn görünýär. Peleň ýomudyň nämedir bir zat diýjegini aňdy. Peleň ýalňyşman eken. Şajar ýomut diýdi: «Peleň, giň bol, giň!». Bu sözlerden soň ýomut Peleňiň göz öňünden gaýyp boldy.
Peleň ýomudyň pendini tutdy, öz-özüne göwünlik bermäge çalyşdy:
— Göktaňry seni ganhorlara öldürdip eliňden ähli gazanjyňy alyp bilýärdi. Ol seni ezizledi. Janyňa kast etmedi. Ol diňe eliňden gazanjyňy aldy. Şükür et, Peleň! Göktaňry näme etse, hak edýändir.
Eger düýşünde babasy bilen enesini görmedik bolsa, Peleň Hanana gitmese-de gitmezdi. Ol Bumyn hanyň ogly Mugan hanyň ýanyna baryp, oňa gulamlyga durardy. Gazanç ederdi. Ýöne Peleň gören düýşüniň adaty düýş däldigini, hossarlarynyň bir betbagtçylyga uçrandyklaryny we olaryň goldawa mätäçdigini syzdy. Betbagtçylyk hakdaky pikir horjun hakdaky pikirden rüstem çykdy. Ýogsam horjunyň awusy hem çökderdi. Juda çökderdi. Arz edip wagt ýitirmek islemedi. Arz etse, belki, bu ýeriniň begi ýardam etse ederdi. Belki, tapyp bererdi.
Çökder özünden çökderi görende dymaýar eken.
Peleň ýeke ýerde-de durman, tä garaňky düşýänçä ýöredi. Garaňky düşensoň Jeýhunyň kenarynda düşledi. Daňdana çenli argamaga dynç bermegi ýüregine düwdi. Daňdan ýene ýola düşdi. Iki günden soň Gün günorta çagy Hanan geçelgesiniň deňindäki güzere ýetdi. Indi derýanyň sol kenaryna geçmelidi. Peleň salçylaryň sag güzerdediklerine begendi. Olaryň derýa çykmaýan günlerem bolýar ahyryn! Ýaňy ugran salçylaryň yzyndan gygyrdy:
— Saklanyň! Eý, saklanyň! Güzere geliň! Meni Hanana äkidiň!
Salçylaryň bolşy Peleňi geňirgendirdi. Geňirgenmez ýaly däldi. Salçylar Peleňe seredip, biraz sägindiler-de, ýene öz işleri bilen meşgul boldular. Olar Peleňi tanadylar, şonda-da gidip barýarlar. Peleňi tanap, onuň emrine boýun sunmazlyk geň, juda geň. Olar näme üçin Peleňe boýun sunmaýarlar?!
— Siz näme, meni tanamadyňyzmy?
— Tanaýarys, ýöne...
— Ýönäňiz näme?
— Äkidip biljek däl. Seni eltsek, bize begimiz käýär.
— Siz meni tanaňzokmy? Peleň men! Begiň ogly men.
— Öňki begiň ogly sen...
— Babyr begiň ogly Peleň men. Hananyň beginiň ogly men. Geçelgede biziň neberämizden başga kişiniň beg bolmaga haky ýok. Meniň aýdanymy ediň. Saklanyň! Buýrugymy ýerine ýetiriň!
Sal barha kenardan daşlaşýardy. Şonda-da edilýän gürrüň suwuň ýüzünde ýaňlanýardy.
Saldarlaryň birisi Peleňe ýüzlendi:
— Peleň, sen, iň gowusy, Hanana barma!
— Ol ýerde maňa babam garaşýar, enem garaşýar. Men ýaramaz düýş gördüm.
— Hananda döwran üýtgedi, Peleň...
— Näme üýtgedi? Siz näme samraýarsyňyz? Babam dirimi?
— Diri?
— Enem dirimi?
— Diri.
— Onda näme?
— Sen Hanana barma, Peleň. Göktaňrynyň edenine kaýyl bol! Ýogsam bu dyzmaçlygyň bilen janyňdan dynarsyň.
— Köp geplemäň! Saly güzere getiriň bahym!
— Ýok, ýok, biz seniň ölümiňe sebäp bolmak islämzok.
— Bir betbagtçylyk boldumy? Menden hiç zat gizlemäň. Ýogsam ähliňizi parçalaryn. Göktaňrydan ant içýärin.
— Betbagtçylyk boldy, Peleň, betbagtçylyk boldy!
— Düşnükli aýdyň!
Salçylar, saldawçylar biri-biriniň ýüzüne seretdiler. Megerem, olar Peleňe hakykaty aýtmagy makul bildiler.
— Hanana Sibir atly biri beglik edýär.
— Kim?
— Sibir.
— Kim ol Sibir?!
— Ol — Sibir beg...
— Kim babamy beglikden düşürdi?
— Özi!
— Näme üçin?
— Babaň begligini Sibir bege peşgeş berdi.
— Näme?! Babam nirede? Enem nirede? Kuban nirede?
— Bizden hiç zat sorama, Peleň!.. Biz seni gowy görýäris. Biz mydama seniň bilendiris. Ýöne häzir barsaň, Sibir beg seni öldürer. Biz seniň ölümiňe sebäp bolmak islemeýäris.
— Alyp gidiň meni! Men size buýurýaryn!
Betbagtçylyk ýeke gelmeýär diýýärler. Betbagtçylyk ýeke gezmegi, ýeke gelmegi halamaýan bir topar ykmanda bolarly. Betbagtçylyklaryň biri bir ýere barsa, soň ol ýeke bolmaýyn diýip meslekdeşdir hemşerilerinem ýanyna çagyrýan bolarly. Ýogsam Peleň üçin horjunyny ogurlatmak betbagtçylygam bir är ömre ýeterlik ahyryn!
Gissarda duşan betbagtçylygynyň meslekdeşleri Hananda-da ýük ýazdyran ekenler!
Eý, Göktaňry, bu nädip beýle bolýar?!
Babam nädip öz begligini kimdir birine berýär?! Ol begligini doganym Kubana bermeli, eger Kuban beg bolmak islemese, onda maňa bermeli. Bu ýerde bir düşünişmezlik bar. Babam sahy, ýöne beglik diňe neberesine berilmeli ahyryn?! Agam Kuban nirede? Ol babamyň sahyby ahyryn?
Birinji gezek, hawa, birinji gezek hananlylar Peleňiň aýdanyny etmediler. Öň nähilidi?! Öň Peleňi depesinde göterýärdiler. Bäş-alty ýaşyndaka hem salçylar oňa eglip tagzym edýärdiler. Näme diýse, ylgap ýerine ýetirýärdiler. Peleňiň ýumşuny bitirmek salçylar, ähli hananlylar üçin ullakan derejedi.
Mundan üç ýyl owal Bumyn hana gulamlyga ugranda-da hananlylar çäksiz uly hormat bilen Peleňi ýola salypdylar, oňa beýik Göktaňrydan salamatlyk, sahawatlyk, gahrymançylyk diläpdiler.
Bu gün welin, hananlylar Peleňiň sözüni diňlänoklar, onuň buýrugyny ýerine ýetirenoklar. Olar asyl Peleňiň buýrugyny ýerine ýetirjege-de meňzänoklar.
Näme etmeli?!
Hany çykalga?
Näme üçin o kenara geçmeli däl?!
Eger babasy bilen enesi Hananda bolsa, Peleň ol ýere näme üçin barmaly däl?!
Peleň argamagyny kenar bilen çapdyryp barşyna salçylara ýüzlendi:
— Kuban nirede, Kuban?
— Kuban tylla böri bilen garpyşyp wepat etdi...
Peleň öz hetdinde däldi. Onuň göwnüne gözi ýaşly enesi bilen tumaýak galdyrylan, kemsidilen babasy göýä tekge isläp el serýän ýalydylar.
Eger salçylar gitse, onda olar ertir geler. Men ertire çenli garaşmalymy?!
Salçylar meni äkitmäge gorkdular. Diýmek, täze beg babamyň begligini elinden zomluk, zorluk bilen alan kişi örän rehimsiz, ganhordur, şonuň üçin hem salçylar meni alyp gitmäge gorkandyrlar. Şeýledir, şeýledir!
Hanana kömege ýetişmeli!
Hanana kömege ýetişmeli!
Peleň bu ýerde garaşyp, çydap durup biljek däldi. Bu ýerde durdugyça onuň ýüregine dowul düşdi. Şajar ýomudyň giň bolmak wesýetini tutmak bu mahal Peleňe başardanokdy. Babasy bilen enesi jebir (olaryň jebir çekýändigini Peleň düýşünde gördi. Şol düýş oraşan bolmaly) çekip ýatyrka, neneň özüňi giňlige salyp, geleňsizlik etjek?! «Hökman bir çykalga tapmaly! Bir çykalga bardyr, men ol çykalgany bilýän däldirin» diýip, Peleň pikir etdi.
Şular ýaly pursatlarda adam Göktaňrydan delalat isleýär. Peleňde-de Göktaňra mynajat etmekden başga çykalga görünmedi. Ol Garçgaýyndan böküp düşdi-de, ikidyz oturyp, Göktaňra dileg saldy. Ondan kömek sorady. Salçylary yzyna getirmegini isledi. Ýöne salçylar barha daşlaşýardylar.
Ertire çenli garaşyb-a oturyp bolmaz!
Näme etmeli?!
Belki, derýadan ýüzüp geçip bolar?!
Derýadan bu mahal ýüzüp geçmek Peleňe garaňky göründi. Barybir, aňyrky kenara ýüzüp geçmeli, onda başga alaç, çäre ýok. Peleň Enehudaýa dileg saldy: «Eý, Enehudaý! Maňa ýardam ber! Salçylar meni, goý, ol kenara geçirsinler! Men hökman Hanana barmaly! Meni golda, eý, Enehudaý!»
Salçylar barha daşlaşýardy.
Peleň argamagyna atlandy.
Derýadan ýüzüp geçmeli!
Hökman ýüzüp geçmeli.
Garçgaýy nireden derýa salyp bolar?
Peleň inişli güzer agtardy, niýeti şol inişli ýerden Garçgaýy derýa salmakdy. Ol şu maksat bilen kenaryň boýuny syryp çapyp barýardy.
Peleňiň öňünden giden lälezarlyk çykdy.
Garçgaý şol lälezarlygyň içi bilen çapyp ugrady.
Lälezarlykda suwlar şildireşip akyp ýatyrdy. Garçgaýyň gidip barýan lälezarlygyndaky gyrymsy otlaryň aşagy suwdy. Şonuň üçin Garçgaýyň toýnaklaryndan suw syçraýardy. Lälezarlygyň içi jana ýakymly sergindi. Göýäki nirelerdendir bir ýerlerden bilbilleriň owazy eşidilýän ýalydy. Göm-gök öwüsýän lälezarlyk Peleňiň hoşuna geldi. Ol tebigatyň bu owadan görnüşine seredip, açlygyny-da unutdy. Derýanyň şogurdysy argamagyň ýörişi bilen sazlaşykly eşidilýän ýalydy.
Peleň beýle owadan lälezarlygy öň görmändi. Ol bu lälezarlygyň özüni nirä alyp barýandygyny-da magat bilenokdy. Şeýle-de bolsa, Peleňiň kalbynda bir giňlik — rahatlyk bardy. Bir mahal, dört-bäş ýaşyndaka Peleňi gowy gepläp bilmeýändigi — sakynýandygy üçin iki gezek derýadan geçiripdiler. Şonda Peleňe Enehudaý dalda beripdi. Ikinji gezek derýadan geçirileninden soň sakynmasy galypdy. Şol gezek hem howa häzirkisi ýaly sergindi. Şol gezek hem Peleň uçmak isläpdi. Häzirem Peleň uçmak isledi. Şol gezek hem kenarda duranlar Peleňe mukytlyk bilen seredipdiler. Häzir hem kenarda duran adamlar Peleňe hüşerilişip seredýärler.
Seretmez ýaly däldi ahyryn!
Kenardaky adamlar bir pählewan ýigidiň derýanyň ýüzünden at çapdyryp gelşine aňk bolup seredip durdylar. Olar ömürlerinde beýle gudraty görmändiler. Hananlylar gelýäniň Peleňdigini derrew tanadylar. Onuň adyny tutup gygyryşdylar.
Güzere ýetensoň Peleň nähili gudratyň bolup geçendigine, ol häzir lälezarlygyň içinden däl-de, Enehudaýyň gudraty bilen Gün derýasynyň ýüzünden Garçgaý atly aty bilen çapyp geçendigine düşündi.
Peleň güzerde Garçgaýyň jylawyndan çekip, yzyna garady.
Ine, däli derýa çaýkanyp akyp ýatyr. Munuň üsti ýaňyja-da lälezarlykdy diýseň, adamlary ynandyrmak aňsat düşmez. Ýöne başyňa agyr iş düşse, Enehudaý ýetişjek eken!
Başyňa agyr kysmat düşse, Gün Hudaýy dadyňa ýetişýär!
Peleň Garçgaýy debsiledi. Argamak ok bolup atyldy.
Nirä barmalydygyny Garçgaý Peleňden gowy bilýär.
Hanan geçelgesiniň ähli ýerine Peleňem, Garçgaýam belet ahyryn.
— Peleň, babaň bilen eneň şo jaýda — diýip, bir gartaň, hor goja gapysynda üç sany çawuş duran pessejik tünegi görkezdi.
Garçgaý tünege onçakly ýakyn barman saklandy.
Peleň böküp argamagyndan düşdi.
Murty şemala galgaýan söweden çawuş eline ýataganyny alyp, hemle urdy:
— Eý, bagtyýatan, ýene ýeke ädim ätseň, iki bölek ederin.
— Zyň eliňdäki şemşeriňi! — diýip, ikinji garynlak çawuş azgyryldy.
Üç çawuş üç ýerden ýataganlaryny syryp, Peleňe tarap ugrady.
Hütdüjek tenegiň gapysy çalaja açyldy. Ondan Peleňiň mähriban enesi gorky bilen garady:
— Gaç, belagerdanym, gaç! Bular seni öldürerler.
— Ene, gorkma. Men bular ýaly ýelemýüwletleri köp gördüm.
Peleň dogrusyny aýdan eken. Çawuşlar başda ynanan bolsa gowy boljak eken, Peleňiň sözüne. Ynamsyzlyk gursun! Ynanmasyna çawuşlaram ynandy, ýöne boljak iş bolansoň ynandylar. Ýöne indi giç-dä. Peleň elindäki şeşperini üç-dört gezek wazladyp bir aýlady. Birinji geleniň ýataganly eli omruldy, ikinjiniň kellesine degen şeşper ony paçak-paçak etdi, al gan ep-esli aralygy gyrmyzy reňke boýady. Iki ýoldaşynyň kysmatyny gören üçünji söweden çawuş pälinden el çekip, alagykylyk edip gaçyp ugrady. Ýöne ýetişmedi. Batly atylan şeşper görgüliniň arkasyna ep-esli girdi-de, ýere serdi. Peleň şeşperini onuň arkasyndan bat bilen sogrup aldy-da, enesine bakan ylgady.
— Balam, belagerdanym meniň, o ýerçekenler gelýärler, gaç!
Iki çawuş öňden gelýärdi. Olaryň yzyndan bäş sany çawuş göründi.
Peleň öňdäki iki çawuşy şeşperini daşyndan aýlap parçalady, soňam yzdakylaryň üstüne okduryldy. Olaryň birinden başgasy öňden gelýän iki çawuşyň depelerinden inen şeşperiň degen ýerini al gana boýaýşyny görüp yza ýazzyny bermek bilen boldular.
Peleň guduzlan ýalydy. Ol arlap, gaçyp barýan çawuşlaryň yzyndan eňdi, öz öýlerine ýetýänçä öňünden çykanyny parçalady.
Ine, mähriban öýi. Megerem, babasynyň begligini basyp alan ganhor ony öýündenem çykaran bolmaly! Bu öýde indi başga kişi — özüni beg diýip atlandyran kişi ýaşaýan bolmaly.
Indi ýaşamaz!
Öýüň öňünde iki sany çawuş dur. Ellerinde hem jyza7. Olar Peleňiň rehimsizlik bilen çawuş öldürişini görüp, ellerindäki galkandyr jyzalaryny taşlap, ýer bagyrtlap aman dilediler.
Üç-dört kişi ylgap içeri girip gitdi. Megerem, olar Peleň hakda Sibir diýilýäne habar bermäge giden bolsalar gerek.
Peleň öz öýünde gan dökülmegini islänokdy, ýöne onda başga çykalga galmandy.
Ol özüne bakan gelýän üç çawuş bilen şeşperli darkaş gurap biljek däldi, çünki şeşperi aýlap urmak üçin açyk meýdan gerekdi. Şonuň üçin Peleň şeşperini özüne bakan atylyp gelýän çawuşlaryň üstüne zyňdy-da, bilindäki Bumyn handan sowgat alan şemşerine8 el ýetirdi.
Mähriban öýi.
Üç ýyl geçenem bolsa, öýde hiç zat üýtgemändir diýen ýalydy.
Şol öňki-öňkülik. Tanyş zatlar. Ýöne howluda hiç mahal beýdip maslyk ýatmandy. Hiç mahal howly gyzyl gana dolmandy.
Peleň howlynyň içine birlaý göz aýlady-da, dünýä inen otagynyň gapysyny itdi.
Işik içinden kiltlenipdir.
Peleň işigi batly-batly kakdy:
— Eý, ilhansumak9, aç işigi!
Işik açylmady.
Biraz garaşan Peleň ýene gygyrdy:
— Ilhansumak, çyk daşaryk, ýogsam ähli neberäňi öldürerin!
Işik açyldy.
— Eý-ho!..
Peleň nämä garaşsa-da, beýle-beýle gudrata garaşmandy!
Işigiň agzynda göz gamaşdyryp bir perizat durdy.
Hakyt perizat ol!
Ýok, perizatlaram bu perizatça ýokdur.
Perizat gyz Peleňiň öňüne elindäki şemşerini oklady:
— Gaýratly ýigit, ynha şemşer, öldür meni!..
Peleňiň süňňi gowşady:
— Kim sen?
— Men Sibir begiň gyzy.
— Kim?
— Aýşöhle men.
— Ýok, sen Aý şöhlesi däl! Ajal sen! Ajal!
Gyz jogap bermedi:
Peleň kesgitli aýtdy:
— Derrew ýok boluň Hanandan.
— Hanan geçelgesi seniňki däl. Geçelge biziňki! Hanany meniň babama Babyr beg peşgeş berdi.
— Näme, näme?!
— Näme eşiden bolsaň şol! Men totuguş däl gaýtalar ýaly!
— Bolup bilmejek zady samahullama! Hanan biziň neberämiziňki, onuň başga biriniňki bolmaga haky ýok.
— Eden bu etmişleriň üçin jezaňy çekmeli bolarsyň.
— Bolsaň bolupsyň-da owadan. Owadan bolaňda maňa näme?
— Men owadan diýip aýtmadym...
— Gapyl! Ýene ýeke agyz gürleseň, damagyňy çalaryn. Tylla börüden ant içýärin: ýene ýeke agyz gürleseň, owadan bolsaňam öldürerin! Maňa seniň dellallygyň derkar däl!
Owadan gyz töwekgellik etmedi: gürlemedi.
Peleň öwhüldäp, uludan demini aldy.
Birhaýukdan soň Sibir daşaryk çykdy.
— Geçelgäni maňa Babyr beg peşgeş berdi.
— Näme, näme?! Beglik peşgeş berilmeýär.
— Babyr beg üýtgeşik beg eken. Ol maňa begligini peşgeş berdi.
— Ýalan sözleýärsiň.
— Men bu geçelgäni başyma ýapaýynmy? Men bütin ömrüme köşkde işledim. Meniň ata-babalarym hem köşkde işläpdirler. Onsoňam men şu ýerde diňe seniň hatyraň üçin beglik edýärin.
— Näme, näme?
— Eşitmedik bolsaň, gaýtalap bilerin, ýöne ony gaýtalamagyň zerurlygy ýok. Men diňe seniň hatyraň üçin şu ýerde belent mertebämi peseldip, bolar-bolgusyz bezirgenleriň minnetini çekip ýörün. Men bir gün hem bu ýerde durmak islämok.
— Näme, näme?
— Men Babyr begiň duzuny iýdim. Başyma agyr kysmat düşende men Babyr begden mertebe gördüm. Ikimiziň hulkumyz alyşdy. Ýöne onuň täleýi ters geldi: uly ogly Kuban tylla möjegiň pidasy boldy. Bu agyr pajyga döz gelip bilmän, Babyr beg akylyndan jyda düşdi. Şeýle ýagdaýda men näme etmeli? Babyr begi agyr ýagdaýda ýeke taşlap gitmäge begzadalyk mertebäm uslyp bilmedi. Şol günden bäri Babyr begi doganym deýin eý görüp aýamda saklaýaryn. Hyzmatynda üç sany çawuşymy goýdum. Sen gelýänçäň Babyr bege idi-yssywatlyk etmek meniň begzadalyk borjum boldy. Men borjumy bitirdim. Indi sen geldiň. Seniň altynyň kändir. Meniň beglik üçin eden çykdajylarymy töleseň, men öz ýoluma rowana bolup bilerin.
— Şu gün git! Meniň altynymyň barlygy ýa ýoklugy bilen seniň işiň bolmasyn. Ýogsam ikiýüzli şemşer meseläni bahym bir ýüzli çözmeli bolar.
— Meniň yhlasymyň ýüzüne urma, Peleň! Men size diňe ýagşylyk etdim. Menden ýamanlyk gören dälsiňiz. Babaňdan, eneňden sorap gör! Olar meniň size nähili yhlaslydygymy aýdarlar. Onsoňam, pazylatly ýigit, geçelgä beg bolmak üçin sende ýeterlik akja barmy?
— Men üç ýylda gazanan akjalarymy Gissar daglarynda ogurlatdym. Ýöne akja meniň babamda bar.
— Haý, pazylatly ýigid-ä gürledi. — Sibir aýlawda aty çykan dek ýylgyrjaklady, arkan gaýşyp gürledi: — Seniň babaňda ýeke akja-da ýok. Babyr beg bilen Täçhaly men mura-mugtuna ekläp-saklap otyryn. Men ekläp-saklamasam, olar bu wagta deňiç aç ölerdiler. Olaryň başlarynyň saglygy üçin sen maňa iki ýüz akja bergidar. — Peleňde akjanyň ýokdugyny eşiden Sibir rahatlandy. Ol tekepbirlik bilen daş işige çykdy. — Hany, maňa iki ýüz akja bergiňi ber!
Eý, Göktaňry! Ähli bendäňi: «Hany, bergiňi ber!» diýen sözden gora! Şu sözi eşidende hernäçe pählewan, hernäçe gaýduwsyz serkerde-de pyslasa gerek! Çepiksi nätanşyň haýbatly, otlukly sözleri Peleňiň enterpelegini aýlady.
Eý, Göktaňry, özüňden medet! Bu nä boldugy?!
Peleň näme diýjegini, näme etjegini bilmän, bir paýyz durdy. Peleň nämä garaşsa-da, beýle öwrüme garaşmandy.
— Men daňdan gelerin. Şol wagta çenli gitmeseň, bolgusyz gürrüň etseň, onda sen menden eýgilige garaşma! Akjaly gürrüň bilen meni gorkuzyp bilmersiň. Daňdan akja diýip, meni saklap bilmersiň, gaýtam bar akjaňdanam dynarsyň, janyňdanam!
Ol howludan şemşerdir şeşperini tapyp aldy-da, hossarlarynyň ýanyna ugrady.
«Hossarlarymyň ýanyna baraýyn, olardan ähli zadyň anygyna ýeteýin. Öldürmäge soňam ýetişerin. Ol ýumruk ýaly çopury-ha iýsemem doýmaryn men».
Göz atuwynda ýene atabegi Şajar ýomut janlandy. Ol ýene Gissarda aýdan sözlerini sözme-söz gaýtalady: «Peleň, giň bol, giň!». Bu sözlerden soň, Şajar ýomut ýene Peleňiň göz atuwyndan gaýyp boldy.
Peleň howludan çykan ýerinde Garçgaýyna gabat geldi. Argamak iki öň aýagy bilen bir çawuşyň arkasyndan basyp, ony ýerinden turuzman durdy. Peleň aşakda ýatan çawuşyň argamagyň agramyna döz gelip bilmän ölendigini aňdy.
— Goýberäý ony! Ölüpdir-ä, ol — diýip, Peleň argamagyna ýüzlendi.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 16 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: