00:41
Kösendim
KÖSENDIM

Men gargany, gazy tapman kösendim, 
Aýdym-saza bir mahallar uçupdyr.
Men baglarda sazy tapman kösendim,
Ýapraklar ýagmyra, ýele gaçypdyr.

Men bilbili,güli tapman kösendim,
Yşgyň ýok ýerinde bilbil neýlesin.
Güýzüň sulbasyndan jyklan bulutlar,
Galgadyp gidipdir, sary öýmesin.

Men owazy-heňi tapman kösendim,
Owaz näme işlesin, tary bolmasa.
Bu ýerde bir aşyk görüp bilmedim,
Aşyk näme işlesin, ýary bolmasa.

Men arzuw-hyýaly tapman kösendim,
Umydyň göçenne ýyllar geçipdir.
Men gojaman ýaby tapman kösendim,
Bir-birine birigipdir, geçitler.

Men peýkeriň özün tapman kösendim,
Ertekä ynanman ýörler, körpeler.
Men hyýalyň kärin tapman kösendim,
Hany ýagty günler, yşkly  erteler.

Men ne aýralygy, ne yşgy tapdym,
Geçip gidip, goja talyň duşundan.
Asyl yşgyň özün görmän ekenim,
Men muny soň-soňlar bildim, kösendim.

Men kemerli dagy tapman kösendim,
Döşünde mertligiň gaýmagy ýatan.
Men bir läle-reýhan çölden kesindi,
Meniň bu göwrämde ýerleşýär, watan.

Men umydyň özün tapman kösendim,
Men hyýalyň halyn tapman peseldim.
Indem ýat howluda çugtdyryp, bir dem,
Duýgularmyň tabyn tapman kösendim.

Ilik-düwme edip, serimiň köşgün,
Eserlermi bir ýanyndan taraşlap...
Tapmadyklarymy saýlap bir ýana,
Eser ýazdym, tapanlarma bagyşlap.

Men kagyz tapsam-a tapmadym galam,
Galam tapsam, kagyz tapman kösendim.
Çyn sözlesem, üstün çykdy şol ýalan,
Ýalan sözläp,özüm tapman kösendim.

Güýz bilen ýaşadym, gyşy geçirdim,
Öz baharym-ýazym tapman kösendim.
Duýgulary meň duýgyma baglany,
Pikiri pikirme, pelsepe, päli, hyýaly, ykbaly,
Arzuw-umydy, göwresi göwräme, seri-serime,
Yşgy yşgym içre aglap biläýni,
Görmegeý, keremli, duýgusy kenek.
Kesbi kyýamata çenli janserek,
Kese seredende müň peri aşyk,
Gözlere bakanda hut Ýusup boljak,
Öz göwnüme jaýy tapman, kösendim.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 22 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: