23:12
Göktürkmen söýgüsi / taryhy roman
GÖKTÜRKMEN SÖÝGÜSI

Döwür-döwranyň, wagtyň geçmegi bilen adamlar, olaryň atlary, egin-eşikleri çalyşýar, ýöne akyldyr söýgi, wepadyr nadanlyk adynam çalşanok, «egin-eşiginem». Munuň şeýledigine ýazyjy O.Ödäýewiň «Göktürkmen söýgüsi» atly romanyny okan her bir okyjy göz ýetirse gerek.
Gadymy eždatlarymyzyň otparazlyk döwründäki durmuşyndan, Güne — oda, Aýa, suwa bolan keramatly ynançlaryndan, arassa söýginiň gudratyndan söhbet açýan bu taryhy roman gyzykly wakalara baýlygy, akgynly okalýanlygy bilen her bir okyjynyň göwnünden turar diýip umyt edýäris.


Birinji bölüm

GYLYÇ

ELKYSSA

Ähli zatdan owal ýönekeýje bir suw bar eken. Entek Ýer, Gök, Aý, Gün hem ýok ekeni. Diňe keramatly Gara han (Gaýry han) bilen Adam bar ekeni. Bularyň ikisi-de bir gara gaz şekilinde suwuň ýüzünde uçar ýörer ekeni.
Gara han Adama: «Suwa çüm-de, suwuň düýbünden toprak çykar!» diýip buýruk beripdir. Adam buýrugy ýerine ýetiripdir. Suwuň düýbünden alan topragyny, Gara hana getirip beripdir.
Gara han Adamyň äkelen topragyny suwuň ýüzüne sepipdir-de: «Ýer döresin!» diýip höküm edipdir. Höküm ýerine ýetipdir. Şeýdibem, Ýer ýüzi ýaradylypdyr. Gara han ýene Adama: «Suwa çüm-de, suwuň düýbündäki toprakdan ýene getir!» diýip emr edipdir. Adam suwa çümen mahaly: «Bu sapar özüm üçin-de toprak alaýyn» diýip pikir edipdir, iki eliniň owujyny toprakdan doldurypdyr. Adam özi üçin alan topragyny Gara handan gizlemek üçin agzyna salyp saklapdyr. Gara han Adamyň getiren topragyny suwuň ýüzüne sepipdir-de: «Köpel!» diýip, buýruk beripdir. Bu buýrukdan soň Gara hanyň suwuň ýüzüne sepen topragy-da, Adamyň agzyndaky toprak-da köpelmäge başlapdyr. Adam agzyndaky topragy köpeliberse, ölerin diýen gorky bilen gaçmaga başlapdyr. Emma ol nirä gaçsa-da, ýanynda Taňrynyň durandygyny duýupdyr.
Gara han Adamdan: «Agzyňdaky topragy näme üçin sakladyň?» diýip sorapdyr. Adam: «Özüm üçin ýer ýasanmak niýeti bilen sakladym» diýip jogap beripdir. Gara han: «Beýle bolsa, agzyňdaky topragy dök-de, özüňi ölümden halas et!» diýipdir. Adam agzynda saklan topragyny döküpdir. Şondan kiçijik depeler emele gelipdir. Gara han Adama: «Men näme etsem, seniň rowaçlygyň, seniň gowy ýaşamagyň üçin edýärin. Emma sen meni aldadyň, günäkär bolduň. Maňa garşy gitdiň. Senden soňra saňa uýanlar seniň ýaly, ýagşylygy ýamanlyk diýip düşünerler, seniň dek erbet adamlar bolarlar. Maňa ygtykat edenler oňat hem arassa düşünjeli bolarlar...

«Dünýäniň ýaradylyşy» diýen gadymy oguz dessanyndan.

* * *

[i]Adam suwdan döräpdi.
Ýaşaýyş suwdan döräpdi.
Gözellik suwdan döräpdi.
Tebigat suwdan döräpdi.
Ähli janly-u-jansyz zatlar suwdan döräpdi.
Älemi suw dolandyrýardy.[/b]

BIRINJI BOÝ

HANAN GEÇELGESI

Derýada adam ömrüne meňzeşlik bar: suw derýanyň iki gyrasynda haýal, ortasynda bolsa çalt akýar. Adam ömrem şeýle: çagalykdyr garrylyk haýal geçýär; ýigitlikden tä sowuk garrylyga çenli welin, ömür çalt geçýär.
Derýa däli juwanlyga meňzedilýän bahar pasly gelende dolup-daşyp bolmajasy bolýar: garrylyk hasaplanýan gyşda welin, derýada suw egsilýär, akym haýallaýar.
Derýanyň gyrasydyr ortasynda akymyň deň bolmaýşy deýin, ýylyň dört paslynda onuň akyşy-da birmeňzeş däl. Ol her paslyň özüne görä bolýar.
Bahar pasly tereň derýa hanasyndan çykyp bilmeýändigine jany ýanýan deýin iki kenaryna gazaplylyk bilen urnup akýar. Aban perişde1 diňe bahar pasly gelende gije-gündiz derýada şöwür çekip, adamlary däli derýanyň gazabyndan gorap, galan üç pasylda dynjyny alýarmyş diýýärler.
Alabaharda dolup-daşyp akýan suw — diriliş suwy. Hun derýasyny2 ýakalap oturan göktürkmenler derýanyň alabahar suwuny «Hamylalyk suwy» diýip atlandyrýarlar.
Baharyň gelmegi bilen Taňrynyň Mähr dagyndaky3 bulaklar içre börňüldeşip gaýdýan hamylalyk suwy galan üç pasylda akýan suwlardan düýpgöter parhlanýar.
Göktürkmenler diňe bir derýalaryň suwlary däl, Göktaňrynyň asmandan Garry mama sanajyny kakansoň gögüni gürledip, şagladyp inderýän jaladyr baranlarynda, ýagyşdyr çabgalarynda hem hamylalyk bar diýip hasaplaýarlar. Megerem, uç-gyraksyz sähralary derýalar hamylalyk suwy bilen gandyryp bilmänden soň, Göktaňry asmandan kömege ýetişýär.
Göktaňry baharda diňe çaýlar, derýalar, bulaklar birle tebsiräp ýatan topragy hamylalyk suwuna suwarany bilen kanagatlanmaýar, ol beýikli-pesli ähli ýere hamylalyk suwunyň ýetmegi üçin öz ýanyndaky Garry mama sanajyny kakdyryp, eleginden paýradyp jaladyr çabgasyny ýagdyrýar. Gije-gündiz ýagdyrýar. Gysganman ýagyş ýagdyrýar. Göktaňry eden işinde kemini-köstüni goýanok. Togsan dolup, ýere ýyly girmegi — hamylalyk tenekarynyň ýeterlik ýagmagy birle älem-jahan jana gelýär. Tebigat kyrk reňkli älemgoşar geýmini geýýär.
Tebigatyň janlanmagy, kyrk reňkli älemgoşar keşbe girmegi bilen göktürkmenleriň döreýiş toýy başlanýar.
Tebigat dogulýar.
Tebigat her ýyl dogulýar.
Göktürkmen her baharda Göktaňrynyň diňe bir tebigata däl, dünýädäki ähli janly-jandarlara, haýwanlara, mör-möjeklere, şol sanda adamlara hem täze jan, täze ýaşaýyş berýändigine ynanýar. Adamlar täze ýaşaýyş bilen biri-birini mübärekläp, toý toýlaýar.
Oguz derýasynyň orta akymynyň başlanýan ýerindäki Hanan geçelgesinde ýaşaýan adamlar hem bu gün täzeden döreýiş — Nowruz baýramçylygyny toýlaýar.
Bahardaky geçirilýän baýramçylykda Hanan geçelgesiniň ähli ilaty alawhananyň öňündäki Alawýer atly meýdana ýygnanýar. Şol giň meýdanda hem geçelgäniň adamlary ullakan ot ýakyp, Gün han bilen duşuşyga çykýardylar4. Oduň, ýagny Günüň ýerdäki görnüşiniň daşyndan aýlanyp, şirinden-şirin aýdym aýdyp, halaý5 rakysyny oýnaýarlar.
Her ýyl baýramçylyga iki-üç aý öňünden taýýarlyk görülýär. Çünki baýramçylyga täze eşikde çykmaly, öňki köne eşikleriňi bolsa oda taşlamaly, özem bu gün erkek kişiler, gyz-gelinler gündelik geýýän eşiklerini däl-de, öň geýmedik täze eşiklerini geýip çykmaly.
Geçelgäniň erkek kişileriniň egin-eşigi bilen aýal-gyzlaryň egin-eşikleriniň arasynda düýpgöter bir üýtgeşiklik ýok.
Erkek kişiler ýolbarsdyr gaplaň derisinden tikilen haýbatly eşikleri geýýärler, başlary köplenç açyk, käbir kişileriň kellesinde towşan derisinden edilen şypyrma bar. Geçelgäniň beginiň6 egin-eşigi senjap7 derisinden edilen, başynda obadaşlarynyňkydan tapawutlylykda, uzyn saçlaryny saklap duran kümüşden iki barmak boýy inlilikdäki çyzmyk — daňy bar. Şeýle daňy, adatça, gelin-gyzlarda bolýar. Ýöne olaryň saçlarynyň ýüzlerine dökülip durmazlygy üçin ulanýan çyzmyklarynyň ýasawy haşamly, kümüşden däl-de, pil süňkünden ýöritelenip ýasalýar. Beýle çyzmyklary bezirgenler Hindistandan getirip satýarlar.
Adaty günler aýal-gyzlar tilki-towşan derilerinden tikilen eşikleri geýýärdiler. Baýramçylykda, tomusda howa gyzyp ugransoň aýal-gyzlar deriden tikilen eşiklerini çykaryp, keteni eşigini geýýärdiler. Keteni8 ösümligi bolsa Gün derýasynyň kenarynda gür-sümme tokaýlygyň içinde biçak kän, olar ösümlikleriň, tokaýlygyň içinde älemgoşar deýin mesaňa bolup dur. Şeýle bolansoň, keteni ösümligini ýygnamak o diýen kyn däl.
Geçelgäniň adamlary keteni ösümligini satybam gazanç edip biljekler, sebäp bu ösümlige isleg juda uly. Ýöne Gün (Hun) derýasynyň berýän rysky geçelgäniň adamlaryna ýeterlik, şonuň üçin artykmaç gazanç etmekçi bolýan adam ýokdy. Keteni ösümligini satmak geçelgede, has dogrusyny aýdanyňda, aňsat eklenç hasap edilýärdi. Aňsat eklenje kowalaşýan adama bolsa obada hormat-gadyr goýulmaýardy.
Keteni ösümligi ýetişende geçelgäniň gyz-gelinleri üýşüşip gidýärler-de, bütin maşgalasyna ýeter ýalysyny ýygyp getirýärler, soňam olary guradyp, ýörite ýasalan tarada keteniniň süýümlerinden mata dokaýarlar. Ýöne geçelgede ketenini syk dokamagy başaranoklar. Şeýle bolansoň, keteniden edilen matalar bir ýyl geýilse, göwşülleýär, soň täze ýyl ýene täzeden dokamaly bolýar. Keteniniň buzgunç ysy erkek kişilerde aýgyrlygy oýarýar.
Baýramçylyk güni keteniniň buzgunç ysy erkek kişileriň hyjuwyny artdyrýar, onsoň olar şeýle bir göçgünlilik bilen rakys edýärler welin, heý goýaý.
Geçelgede her ýyl iki gezek uly baýramçylyk geçirilýärdi. Ol baýramlaryň ilkinjisi Nowruz9 baýramydy. Bu baýram topragyň hamyladarlyk toýy hasaplanýar. Hamyladar topraga jan gelýär: jümle-jahan hasyla durýar. Bu baýramçylyk täzeden dogluş baýramy. Baýramçylyk günleri hiç kim işlemeli däl. Eger baýramçylyk güni göwreli aýal işlese, onda onuň çagasy kemis dogulýar.
Ikinji baýram — Mährjan baýramy10. Mährjan baýramy bir hepdä çekýär. Näme üçin bir hepdä çekmesin, çünki ýerden hasyllar ýygnalyp alnansoň, gaýa-gopuz iş ýok, baýramçylyk edere nazy-nygmat kän. Onsoň toý-baýram etmän, eýse näme etjek?!
Mejimelerde biri-birine ýanaşyk pessejik öýleriň üstlerinde Gün hudaýynyň, Aý hudaýynyň datmaklary, iýmekleri üçin nazy-nygmatlaryny çykaryp goýup baýramçylyga başlaýarlar.
Baýramçylygyň iň şowhunly oýny birek-biregiň üstüne bereket — suw sepmek bilen utgaşýar.
Her kim mejimede Gün derýasyndan ýörite getirilen suwlardan öz ýakynlarynyň, goňşy-golamlarynyň üstüne suw sepýärler. Kim köp adamyň üstüne suw sepip, myžžyk edip bilse, şol adamyň Göktaňrydan şonçarak bereket aljaklygy. Adamlar garaşman durkalar üstlerine suw sepilmegini geňlemeýärler. Iň lezzetli, datly baýlyk — garaşman durkaň gelýän baýlyk!
Berekede ezilen adamlar uzyn hatar bolup Oguz derýasynyň kenaryna barýarlar, özleriniň suwa — berekede ezilendigini derýa görkezýärler. Eger baýramçylyk güni Gök gümmürdäp, Göktaňry asmandan bereket — ýagyş ýagdyrsa, şol ýyl gürrüňsiz rysgalyň goşa geljekdigi bolmaly.
Eger nowruzda ýagyş ýagmasa, onda «Ýagmyr ýagdyr, soltanym!»11 diýen däbi ýerine ýetirmäge girişerdiler. Bu däbe obanyň ähli adamy, ýaşulusy-da, ýaşkiçisi-de gatnaşýardy. Adamlar asmana ellerini serip, Göktaňra mynajat ederdiler. Olar ýeriň ýagşa mätäçdigini, ýagyş suwunyň zerurdygyny aýdyp, tizden-tiz ýagyş ýagdyrmagyny dileg ederdiler. Elleri bilen suwsuz ýatan ýerleri görkezip, mynajaty ýedi gezek gaýtalardylar.
Obanyň kethudasy hataran durup mynajat edýän adamlaryň öňünden elini asmana serip, ýuwaşja ýöräp geçerdi. Onuň yzynda bolsa, eger Göktaňry ýagyş ýagdyrsa, obanyň adamlarynyň sadakat-gurban berjek zatlary, mallary alnyp geçilýärdi.
Bu dessur ýerine ýetirilenden soň, hökman ýagyş ýagýardy.
Adamlar Göktaňrynyň diline düşünýärler.
Adamlar Göktaňrynyň edenine kaýyldylar. Baýramçylyk günleri ýagan ýagşa näsaglary suwa düşürýärler. Ana, şonda ýagyş suwuna ýuwlan näsag sagalar ötägider. Gyzlar ýagyş suwuna saçlaryny ýuwarlar, şondan soň olaryň saçlary edil ýüpek deýin ýalkym saçar, saçy sypadygyňça sypasyň geler.
Hanan obasynda altmyş öýli bar hem bolsa, olaryň rysky birdi. Obada ýeke bir düşewünt bardy. Ol hem adamlary derýadan geçirmekdi. Jümle-jahana Ýüpek ýoly diýen at bilen tanalan ýol, ine, şu geçelgeden geçýärdi. Bu ýerden Merw-de, Buhara-da uzak däldi.
Geçelgäniň düşewündini deň-derman altmyş bölege paýlamak oba kethudasynyň — begiň borjudy.
Altmyş öýli bir öýüň agzasy ýalydy, olara näme etmelidigini, näme etmeli däldigini diňe beg aýdyp bilýärdi.
Geçelgede begiň abraýy uludy. Aýdany aýdandy, diýeni-diýendi. Kimdir birinden sähel göwün çoty çykmasa, beg şol kişini jezalandyrýardy. Jezalandyryş üçin begiň çawuşlary bardy, çawuşlar begiň janyny goramak üçin saklanýan-da bolsa, olaryň ýerine ýetirýän esasy wezipesi kada-kanuny bozýan bozgaklary berk jezalandyrmakdy. Begiň permanyndan soň jezalandyryş gürrüňsiz ýerine ýetiriläýmelidi. Beg ähli öýüň ähli meselesine goşulýardy.
Beg adalatly bolmaly. Batyr bolmaly. Pähimli bolmaly.
Mundan bir aý öň hem obaň kethudasy Babyr begdi.
Babyr begiň atasy Gündaş beg hem obaň kethudasydy. Ol adalatlydy.
Gündaşyň kethudalyk eden döwründe Hanan geçelgesi has baýapdy.
Rysk-bereketli Göktaňry her obaň kethudasyna eçilýär. Haýsy kethuda Göktaňryň hoşuna gelse, oňa özge kethudalardan artyk eçilýär. Gündaş Göktaňrynyň hoşuna geldi, oňa goşalap rysk-bereket berdi, ol hem öz raýatlaryna eçildi.
Gündaş geçelgäniň adamlaryny ýygnap, Köýtendagdan äpet-äpet daş tokgalaryny getirdip, özüne ullakan howluly öý gurdy. Onuň daşyna hem uzyn haýat aýlady. Sekiz otagly öýüň üçegi diňe tomus üçin niýetlenendi. Üçek tomusda sergin bolýardy.
Ýedi yklym bir patyşa üçin ýeterlik bolsa bolar, ýöne asly Günden bolan Akgün (Ak hun, eftalit, abdal) şalygy, Hysrow Anuşirwan Adylyň sasan şalygy12, Bumyn hanyň döreden göktürkmen şalygy ýedi yklyma nädip sygsyn?! Olaryň göwünleri gaty köp zatlary, köp ýerleri küýseýär. Şol küýsegler sebäpli-de söweşler bolýar. Bu günki ýeňiş ertir saňa az görünýär. Göwün ýene ýeňiş küýseýär. Ýeňişde lezzet bar. Atyllanyň küýsän gözel gyz13 ülkesini hem Çyny basyp almak her bir göktürkmen hökümdarynyň ýüreginde bar.
Gel, gel, uly şalyklaryňky düşnükli, kiçi begliklerem öz çäklerine syganok ahyryn.
Uly mysal, uly gürrüň nämä gerek, ine, Gün derýasy! Otuz müň kirwelik14 derýanyň kenarynda üç ýüzden gowrak şäher-beglik bar. Olaryň belli bir bölegi afrigit (abdal) şalygyna, ýene bir bölegem göktürkmen şalygyna tabyn.
Ýöne olar öz aralarynda oňuşman, biri-birini holtumyna salmak hyjuwy bilen ýaşaýar.
Gün derýasy Penç hem Wahş derýalary birleşensoň döreýär. Ol derýalar bolsa Pamyr derýasynyň birikmeginden başlanýar. Wahş derýasy Hindiguş daglarynyň demirgazyk ýapgydyndaky beýiklikden gözbaş alsa, Pamyr derýasy öz gözbaşyny Pamyr dagyndaky Zorkölden alyp gaýdýar.
Şol derýalaryň iki kenary hem şäherlerden, obadyr begliklerden ybarat.
Suw — ýaşaýyş. Gün derýasynyň aşak akymynyň başlanýan ýerinde Hanan geçelgesi ýerleşýär.
Hanan geçelgesi Gün derýasynyň çep kenaryndaky Zemm satrabyna golaý ýerleşýär. Onçakly uly bolmadyk, altmyş öýli ilaty bolan geçelgäniň beýleki galalardan, obalardan diňe bir aýratynlygy bar. Bu beglik Hanan obasy, Hanan galasy ýa begligi diýlip däl-de, Hanan geçelgesi diýlip atlandyrylýar. Hakykatdan hem bu ýeri Jeýhun derýasyndan — Gün derýasyndan geçelge. Geçelgäniň adamlary Gün derýasynyň hasabyna ýaşaýarlar. Galanyň adamlary Gün derýasyndan sogd, abdal, sasan, hindi bezirgenlerini iki kenara geçirmek bilen meşgullanýarlar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: