21:57 Wagt hem söýgi | |
WAGT HEM SÖÝGI Durna geçýär, ajap mesnewi ýaly, Okan kitaplarňy salyp ýadyňa. Güneş dogýar, göwnün islegi ýaly Gaty kan zat geregem däl adama. Göwün dilegdedir –doga aýdymdan, İller dilegdedir, bagtyň gelşinden. Goş-golammy ýygnap çykyp gaýtdym men, Söygiň terk edilen kontinentinden. ■ AÝRALYGAM BAGTMY ÝA Gijeler şöhratdan gözleri ýanan, Ýarym seniň söýgiň sowadymy ýa? Ýyldyrym deý, tümlügini böwsenim, Maňa bolan mahriň gowzadymy ýa? İller seni görse,meni ýatlayar, İller meni görse, seni ýatlaýar. Aýralygam bagtmy ýa? Kä göresim gelýar, kä seň göresiň, Ýüregim tirpildäp, düşseň ýadyma. Özüm hem duýmazdan bagyşla ýarym, Seň ýüregňem geçiripdirin adyma. Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Всего комментариев: 0 | |