21:52
Döwletbaşy -18/ romanyñ dowamy
15.

Bu gün Aýly üçin iň bir bagtly günleriň biridi. Öten agşam daýysy ony öýüne çagyrypdy. Olar ýene-de keýpe gümra bolupdylar.
Aýly agşam juda arkaýyndy. Sebäbi oňa hut Bikäniň özi gitmäge rugsat beripdi. «Ýöne, kän eglenme!» diýipdi. Bikäniňem bu günler keýpi gowudy. Çünki onuň diýeni bolupdy. Studentler gaty uly emgekden aman-sag sowlupdy.
Ol öz studentlerine SSSR-iň dargajagyny öňünden aýdypdy. Onuň aýdany gelipdi. Ol Türkmenistanyň özbaşdak döwlet bolup biljegini öňünden aýdypdy. Olam bolupdy. Ol mafiýanyň, bozgaklaryň, ogry-jümrüleriň Türkmenistanyň döwletini agdaryp bilmejegini öňünden aýdypdy. Ol bozgak adamlaryň döwlete el galdyrjak bolýanyny öňünden duýup, rektoryň, içeri işler ministriniň, soň magaryf ministriniň ýanyna barypdy, Prezidente hat ýazypdy. Onuň diýeni bolupdy. Ol döwletiň halas edilmeginde öz paýynyň bardygyna buýsanýardy.
Iň bir buýsanýan zady, ol Nyýazowyň Garaşsyz Türkmenistanyň hakyky Prezidenti boljagynam öňünden aýdypdy. Ine, birigünem Prezident saýlawydy.
Ol indi öz studentleriniň arasyna arkaýyn, hiç bir zatdan gypynç etmän çykyp bilýärdi. Oňa indi öňki nalajedeýin, pikiri, sözi agzyndan gowurganyň talhany kimin gaçyp barýan ýaş mugallym hökmünde däl-de, aýdany aýdan, diýeni diýen, ähli işi öňünden görüp duran ussat deýin garaýardylar. Onuň sylagy uludy. Ol indi instituta ýaga depjek ýaly bolup gitmän, gaýtam, instituty düýşünde görýärdi. Öýde şenbe, ýekşenbe günlerinde-de göwni instituta atygsap durdy. Institut, studentler indi onuň bar mydarydy.
Ol ýene-de bir mukaddes iş edenine iki bolup bilenokdy. Ol adamsy Aýlynam ters ýoldan alyp galdym hasap edýärdi.
Aýlam indi gijeden gije «döwleti agdarjak bolýarlar» diýip, surnugyp gelenokdy. Işine gidýärdi, agşam öýüne dolanýardy. Bir ýere gitse-de aýdyp, diýlen wagtynda-da dolanýardy.
Ine, şu ýagdaý Bikäni süýji durmuşa gaýtaryp getiripdi.
– Daýymlara baryp gaýdybereýin – diýende-de, ol, Aýla garşy çykmady. Bir diýen zady «Ýöne, kän eglenme!» boldy.
– Daýy jan, sag bol, Bikänem ahyry ýola salyp berdiň – diýip, ol içine soran tüssesini burum-burum edip goýberip durşuna aýtdy.
– Entek näme görýäň, men ony şeýle bir ýola getirin, onsoň diýersiň «sag bol, daýy» diýip. Azajyk garaş. Berzeňňiniň ýolunda bir gopgun turzaly, şondan soň görersiň daýyň gudratyny.
Aýly öten agşam daýysynyň beren gürrüňini hakydasyna getirende, demi azajyk tutulypdy.
«Bä, bäşinji wariant» diýeni beýle eken-ow». Ol gözlerini gyrpyldadyp, ýerine geçensoňam, demini almanoturdy. Agşamky çekilen keýpiň höziri onuň bedeninden henizler gider ýaly däldi. Onuň köňli häzir galp, ajy, ýa ynjyly duýgulary kabul ederden belendräkdi. Howalasy ýere düşerli däldi. Şonda-da ol birneme galpyldady.
Ertir saýlaw günüdi. Özem Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti saýlanmalydy. «Bäşinji wariant» ony ýer bilen ýegsaň etmelidi. Ýöne Aýlynyň oňa edip biljek çäresi ýokdy. Ol «bäşinji warianta» garşam däldi. Oňa häzirem gowudy. Emma soň oňa hasam gowy bolmalydy. Onsoň ol «bäşinji warianta» näme üçin garşy bolsun!
Telefon jyrlady.
– O-oý, Aýiçkam! – diýip, Aýly gözlerini güldürdi. – Janym, mähribanym, men seni haçan ogşarkam... Şeýlemi, Prezident bu gün işe gelenok! Şeýlemi? Onda bu gün-ä ikimiziň günümiz, ertirem Prezidentiňki! Hah-hah-ha! Baraýynmy? Geljekmi? Wah, saňa döneýin, ja-anym. Garaşýan...
Aýlyny ýumşajyk galpyldy gurşap aldy. Ol ýeňillik bilen ýerinden turdy-da, süýji gerindi. Penjireden tomus gününiň ýaňy ýüzi açylan säheriniň didaryna garady. Emma tolgunma güýjemese, aýrylar ýaly däldi.
Aýsona indi onuňky bolupdy. Ol durmuşa çykmasa-da, Aýla göwün beripdi. Onsuz bu gyzyň güni ikindindi. Ol indi şu köşkdäki pynhan duşuşyklaryň hözirli lezzetine berlipdi. Aýlynyň kabinetini içinden gulplap, onuň üýtgeşik der gaýdýan endamynyň ysyny, bu ýigidiň öz bedenine, duýgularyna paýlaýan eşretini düne malyna çalyşjak däldi. Ol Aýlynyň özüne berýän eşretine halys öwrenişipdi. Şonuň üçinem, sähel mümkinçiligi bolsa, onuň ýanyna ylgaýardy.
Häzirem hä diýmän Aýlynyň kabinetine gelende Aýly özüni tutubam ýetişmändi.
– Aýiçkam –diýip, Aýly ony bagryna basdy. – Onuň öz sowgat beren pereň anbary kükäp duran ýaňaklaryndan ogşady. Boýalan dodagyna dodagyny çenände bolsa näz bilen:
– Meniň ýanyma geleniňde dodagyňy boýama diýdim-ä – diýdi.
– Zyýany ýog-a – diýip, Aýýa tolgunma bilen aýtdy. – Wredni däl-ä. Gaýta peýdal-a...
– Gapyny ýagşy bekle – diýip, Aýly iliklerini ýazdyryp durşuna aýtdy. Ol Aýsona işigi ýapyp gelýänçä, eýýäm Adamatanyň «eşigine» giripdi.
Aýýa ony görüp ýylgyrdy.
– Ýapdyňmy, gulpladyňmy, gowja!
Ol gyz kepderi näzi bilen başyny kakdy-da, eşiklerini sypyrdy. Aýly ony arassaja halynyň üstünde ýatyryp, özem onuň owadan gursagyna gursagyny goýdy.
Aýsona owadan gözlerini ýumup, ap-ak ýüzüniň ýaraşygy bolup, gerlipjik duran gaşlaryny enaýyja çytyp, posa küýseýän dodajyklaryny dişläp, süýji iňleýärdi. Aýlynyň hyjuwy depesine urupdy. Agşamky neşäniň süňňüne ornan keýpi, onuň hyjuwyny barha esredýärdi. Onuň şeýle hyjuw bilen köpräk ýaşasy gelýärdi. Ol çalaja şykyrdyny eşitse-de, oňa kän bir ünsem bermedi. «Aýagym stola degýändir» diýip, aýagyny az-kem çekip ýene dyzandy.
– Utançsyzlar! – Bu ses onuň zähresini ýardy. Ol öz üstüne abanyp duran garany gördi-de, «Beýtmäň-ä» diýip samrady.
– Wa-aý, wa-aý! – gyz-da onuň aşagyndan dyzandy. – Adam! – Ol Aýlyny bar güýji bilen beýläk taşlady-da, gapdalynda duran köýnegini alyp öňüne tutdy. Soň iki eli bilen ýüzüni ýapdy.
Aýly çök düşüp oturan ýerinden galybam bilmedi. Ol bolmasyz işiň bolanyna indi düşünip galdy. Onuň üstüne abanyşyp duranlar öz bölüm müdiri hemem hojalyk bölüminden iki sany aýaldy. Indi oňa bularyň deminden sypma ýokdy.
Olar bu iki ýalaňaja başlaryny ýaýkaşyp, ýakalaryny towlaşyp, çykyp gidipdiler.
– Gördüň dälmi? – diýip, Aýsona kirpikleriniň wesmesini gözýaşy bilen bilelikde ýaňagyna döküp, aljyraňňy halda geýnip durşuna aýtdy. – Indi meni nikalap, toý tutup almasaň, men dünýäde ýaşap bilmen...
Ol aýtjagyny aýdyp, çykyp gidenden soň hem Aýly yranyp ep-esli durdy. Soň bölüm müdiriniň ýanyna bardy-da, oturgyja çökdi.
Bölüm müdiri ilki ony ýigrenç bilen kabul etse-de, garşysyndaky adamyň saralyp-solup gidip barmasyna dözmän, özi söze başlady:
– Beýle haramzadaçylyk edýän bolsaňyz, gapyny bir gulplamaly ekeniňiz-dä.
Aýly içinden eňräp oturyşyna, başyny gussaly ýaýkady.
– Indi näme bolar? – diýip, ol ahmyrly, agyly sesini hasrat bilen daşyna çykardy.
Bölüm müdiri gözüni-gaşyny çytdy.
– Indi erbet bolar. Il-ä saýlawa taýýarlyk görüp başagaý bolup ýör, senem şu mukaddes jaýda ýalaňaçlanyp heleý bilen keýp çekip ýatyrsyň. Onda-da kabulhananyň sekretarynyň kömekçisi bilen. – Ol çilim otlandy. – Men-ä hiç, ýaňky aýallar profsoýuza aýtjak diýşip gitdiler. Profsoýuz komiteti gozgasa, men «ýok» diýip, ýalan sözläp bilmen-ä. Faktmy, fakg. Onda-da öz işgärim...
Категория: Romanlar | Просмотров: 48 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: