21:36
Hat gatnadýan kepderi
HAT GATNADÝAN KEPDERI

Eşidipdim köne ertekilerde,
Dyrnak bilen dagy-daşy ýumuran,
Dişi bilen gyzgyn demri gemiren,
Pälwanlara meniň akylym haýran.

Ýöne weli hat gatnadýan kepderi,
Maňa has eziz.
Kepderiler gatnadypdyr hatlary,
Ýakyn edip ýatlary,
Dönüp ýellere,
Ilden – illere.

“Ýatla meni, eger ýüregiň gyssa...”
Diýen sözi gulagymda ýaňlandy.
Gönderdim men goja ýaşda salamym.
Kepderi boş geldi, gözünde gussa.
Unudypdyr o gyz meni, ähtimal,
O sözleri äkidenmiş,
Özi bilen ýel, şemal.
Barybir ol näzenin,
Göz öňümde elmydam...

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 10 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: