20:00
Soltansöýünden 40 gazal -2
40

Zagpdan her dem çü ol aramy janym suwsaýyr,
Janym olup hassa, jismi natuwanym suwsaýyr.

Zynhar, öwrülge sen başyga eý, sergeşte jan,
Her haçan kim görseň ol jany-jahanym suwsaýyr.

Görüner her dem gyzyl talhynça siýdik, gan ýaşym,
Gam elinden çünki ol serwi rowanym suwsaýyr.

Mähribanlykdan imes walla diri bolmak maňa -
Dertden, çün ol rapyky mähribanym suwsaýyr.

Eý Hüseýni, sustlyk bolgaý, eger jan bermesem,
Zagpydan her dem çü ol aramy janym suwsaýyr.

 41 

Eýle kim hurşydy taby zerräni peýda kylar,
Gunça agzyň surryny hem gül ýüzüň güwýä kylar.

Zip eder gök sebzesi birle kuýaş ruhsaryny,
Kätibi gudrat ki hattyň nusgasyn inşa kylar.

Bar eken aşyga  mähnet, oklaryn ýagdyrgaly,
Ol ki müjgäniň kylyp näwük, gaşyňy ýa kylar.

Istedi janu-köňül nagtyny, wah sut eýlerem,
Ger lebiden posaýy ol nagt bile söwda kylar.

Hijr zulmun gör ki, sabr eýleý diýsem eýlär heläk,
Eýlesem bisabyrlyk älem era ryswa kylar.

Meniň ahwalym görüp, ybrat alyň, eý ähli yşk,
Kim ki bir betmähr yşkyda özün şeýda kylar.

Eý Hüseýni,, çün ol otly çehreden alsam nazar,
Gözlerime derdi hijran käçiden ot çakylar.

 42 

Saýawan zülpi kim ol aý dek ýüzüge ýapylar,
Sarsary ahymdan ol, kä ýapylar kä açylar.

Her kaýan göz salsa ol, gülçehre aýny reşkiden,
Köňlüme her kirpigi wah, kim tiken dek sanjylar.

Telbe köňlüm her kaýan ýitse beden weýranydan,
Yşk sährasynda Mejnunweşler içre tapylar.

Eý musulmanlar özümi bilmesem keýpiýetin
Yşk aşuby era biygtyýar olgan biler

Gülbün yşkyn köňül bagynda eşkim suwundan,
Men hut ekdim bilmen ondan, tä ne güller açylar?

Serneweştim yşk imiş eý şyh, görmeý çäre ýok,
Her kişiniň alyga ne kim ezelde ýazylar.

Niçe kim yhfa kylar yşkyn Hüseýni, waý kim,
Görgeç ol aýy ýene biygtyýar efgan kylar.

 43 

Çün ýüzüne otly ahymyň şerary saçylar,
Göýäýe zer hokgadyr kim gül ýüzüne ýapylar.

Kim kamar döwrüde görendir kuýaş zer riştesin,
Döwr era bu wejh birle kim ýüzüne saçylar.

Ýüz kuýaş, hatty şugagy ger ýygylsa bolmagaý,
Mahweşim zer rişte kylgan zülpüçe kim açylar.

Ne şerepdir ol peri Mejnunyga kim köňlüni,
Kaýt üçin altyn seläsil açyban mäkäm kylar.

Hylgaty zerbeft erer, ýok erse zerkeş saçyny -
Her tarap çün kim açar, jismi seraser ýapylar.

Gökde çün hurşydy altyn, zip ile bu nowg imes,
Ýerde hut andak gaçan bir sagdy köwkep tapylar.

Eý Hüseýni, şükür kyl, kim ýar wasly gadryny,
Hijri mühlik deştide awara bolanlar biler.

 44 

Haýsy jennet sebzesi hatty nemudaryça bar?
Ýa Mesiha nutky ol lagly-şekerbaryça bar.

Nasyh-a, jennet umydy birle barman köýüden,
Kim, bu men mahzuna ýüz ferdöws gülzaryça bar.

Aby-haýwan ger rowanu ruhy perwerdir Mesih,
Ne bu reftary, ne ol janbagş güftaryça bar.

Eý musawwar niçe reňgamyzlyk, wah, haýsy reň,
Laglynyň şeňrefi ýa hut hatty zeňňaryça bar.

Diýse bolgaý kim nazar, fennini bilmes zerre,
Kim ki aýny diýr: «Onuň hurşyt ruhsaryça bar».

Bozma aşyk köňlüni, ne billah ki yşk atwaryda,
Hiç jürm ähli muhabbet köňli azaryça bar!

Yşk era Mejnun Hüseýni birle kylmas bähs kim,
Ne özi bar ança, ne ýary onuň ýaryça bar.

 45 

Tä gözüm düşdi ýüzüňe, köňlüm oldy bikarar,
Sen hem etdiň lutpu-mähriňden meni umydwar.

Imdi kim boldum giriftaryň tümen müň näz ile,
Biwepalyk resmi aýynyny kyldyň äşgär.

Eýlesem lagly rowanbagşyňa janym pida,
Hanjary müžgän bile janymny eýlär sen pegär.

Gunça dek köňlüm başyňga öwrüler ne istese,
Onda eý gül gamza nişiden salar sen har-har.

Aýytsam «Başymny eýleý astanynyň topragy»,
Zulum daşy ýagdyryp, ondan çykarar sen gubar.

Ger diýsem: «Bagrymny eýleý itleriňniň tugmasy,
Zaglara taşlap etmes sen itleriňe ygtyýar.

Budur umydy Hüseýniniň ki ýa Taňry saňa,
Rehim bergeý, ýa oňa sabru-tahammul kerdigär.

 46 

Gunçaýy handan baryp, köňlümde galdy har-har,
Dynmaýyr janyma onsuz dünýäde bary ne bar.

Serwi katlar, läle ruhlardan açylmas bu köňül,
Wah,, neteý kim dähr bagy içre ýok ol gül yzar.

Wasly jamydan açylar erdi köňlüm bag-bag
Waý, ýüz müň waý, kim ol meý baryp galmyş humar.

Kaýda kim görseň ony, gülmek bile hursant idiň,
Eksin eýle eý köňül, her ýerde ýyglaý zar-zar.

Wasl era her dem saňa janym pida eýleý diýdim,
Neçün eý, aramy janym, eýlediň menden kenar.

Eý köňül, tutgyl ganymat şa muzaffar waslyny,
Kim ötüpdir dünýäde mundak belalar bişumar.

Eý Hüseýni,, ýarsyz sen neýlegüň älem era,
Gop, adem sermenzili azmyn kylyp keýniçe bar.

 47 

Tygy hijran sowurdy ýetmeý waslydan köňlüme bähr,
Noşy bermesden burun, berdi maňa bir katra zähr.

Bolsa ýüz ýyl wasl, ahyr hijr, ol sagat kişi
Tapmagandekdir wysal eýýamydan bir lahza bähr.

Gahar jamyny dembe-dem tartar men ol bethüýniň,
Göýäýe Taňry meni halk eýlemiş tartara gahr.

Bolsa Leýli birle Mejnun, deşt oňa jennetçe bar,
Leýk onsuz bolsa Mejnun, bar oňa dowzahça şähr.

Ýary çün köňlüňdedir, adyn tutup kylma pygan,
Hak çü ägädir, onuň zikri hafy hoşrak ki jähr.

Köp köňüli bu çemene baglama, eý andalyp,
Kim güli maksudy hergiz açmady gülzary dähr.

Duşdy çün hijriňe, imdi wasl tohmun ekeli,
Gözleriden gör ki açypdyr Hüseýni iki nähr.

 48 

Mahweşi ýok sorgaly bu zary haýrandan habar,
Gamkeşi ýok tapgaly bu razy pynhandan habar.

Wasl şemi şuglasyndan görkezer perwana dag,
Men kibi ol kaýda bergeý dagy hijrandan habar.

Wah, kany ol dilruba, kim bar idi husnyda an.
Hiç dilber bu zaman bermes maňa ondan habar.

Hijriden bu dem maňa döwranda ýüz aşup erer,
Ah kim tapmas men ol aşuby döwrandan habar.

Bes perişandyr damagym tä nesimi müşki biz,
Şamy gam ýetirdi ol zülpi perişandan habar.

Telbe köňlümi lebiň gan eýläp agzyň kyldy güm,
Tapgaý ony istegen ýa, Rep, bu dem gandan habar.

Hijr deştide Hüseýni zagpdan bar eýle kim,
Istegen tapgaý meger ol sary efgandan habar.

 49 

Ne habyby kim pyganymdan oňa bolgaý eser,
Ne rapygy kim meniň halymdan ol tapgaý habar.

Ýa ol aýdyp laglydan söz eýlese janyma gut,
Ýa bu pent aýdyp öçürse köňlüm odundan şerer.

Ýa ol etse kem, wysaly birle bagrym ganyny,
Ýa bu arytsa ýüzümde eşkden huny jiger.

Ol eger bidat tygy birle göwsüm kylsa çäk,
Bu tikip ol çäkni merhemden etse bährewer.

Zulum birle ol eger janyma sürse tygy katl,
Ýyglaban bu halyma, başymda bolsa nowhager.

Niçe jan kyldym pida, ne ony tapdym, ne muny,
Her niçe tohmy wepa ekdim jepa berdi semer.

Lutp edip, saky, Hüseýinge dola tutgul kadah,
Kim bu enduh içre öli, özden olmak bihabar.

 50 

Wah,, ne halatdyr ki men her niçe görkezsem nyýaz,
Eý mahy betmähir, senden zahyr olmas gaýry näz.

Kime kim berdim köňül, wah, duşmany jandyr maňa,
Bolmasyn hiç kime men dek yşk era suzu-güdaz.

Talygym zagpydan olgaý, gaçmagyň men telbeden,
Ýok ise nägä peri Mejnundan etgeý yhtyraz.

Ýok turur yşk ähli içre men kibi ryswa ýene,
Görkezip köp mähir ýaryga, wepasyn görgen az.

Niçe kim gördüň jepa, mähriňi efzun eýlediň,
Eý, Hüseýni ýok turur älemde sen dek yşkbaz.

 51 

Nerkes almas ýerden ol fettan gözüň alyda göz,
Agzyň alyda tutulmyş, gunçanyň  agzyda söz.

Reňsiz halyň boýara, hall kylaý göz merdümin,
Sürtgeý men şaýet uşbu riw ile halyňa göz.

Kylmagyl uşşak era, men telbeden bigänelik,
Kim kylypdyr husn ähli dünýäde köp ýadyny öz.

Wasl era,  her kime, görgeç iltipatyn bozmadyň,
Eý köňül hijran oduna niçe köýseň imdi ýüz.

Tä ki köýüň topragyn sowurdy ruhsarymdan ah,
Uzr üçin alnyňda goýdum her zaman topraga ýüz.

Çarh çün bozdy kararu-sabru-huşum külbesin,
Sen hem eý tupany eşkim, bar onuň tarhyny boz.

Çün Hüseýni toba syndyrdy, muganny düz nowa,
Hem Hüseýni perdesinde saky-ýa sen bada süz.

 52 

Göz garasyn hal kylyp, ýazdym saňa ajzu-nyýaz,
Göz ýaşymy hem sepip, ol namaga eý serwi-näz.

Yşk ýetgeç aklu-huşu-sabyr her ýan pytraşar,
Ot kaýan ýüzlense wajypdyr ol ilge yhtyraz.

Äşgäre jan eger laglyň sözün aýdar weleýk,
Ýaşyryn gunçaň bile köňlümi bardyr özge raz.

Ol ne kamatdyr ki barça rastlar eýläp doga,
Diýr ki: «Bu gülşen era ol serwi bolsun serferaz».

Şowku-sabrym nagtyny eýleý ony görgeç pida,
Diýmese aýp eýläp ol mahweş bulary köpu-az.

Çün hakykat nury ol aryz tejelli sendedir,
Ne hakykat ol ki onuň yşkyny oýnar mejaz.

Eý Hüseýni,, ýar köýi Käbesi nowruz erer,
Ne ajap ger binowalar eýlär äheňi Hyjaz.

 53 

Yşkny meng etseler şowkum ody eýlär setiz,
Şugla ýaňlyg kim nepes täsiri eýlär ony tiz.

Yşk daýym zagplyk, jismimi istär örtegeý
Alla-Alla, niçe kylgaý bark has birle setiz.

Jüzwi-jüzwüm hijr era bir-birden aýrylmak dilär,
Kaş kylsaň hijr tygyndan tenimi riz-riz.

Tiredir ol türre göýä, kim pelek perwizini,
Hattyň üzre boldy hijranym donundan müşkbiz.

Kamatyň serwi, bu älemde kyýamat bes durar,
Jilwe birle pes ýene her lahza salma restihiz.

Ýardan aýry dirilik istemes men, saky-ýa,
Hijr zährinden meniň jamyma bolgyl jurgariz.

Eý Hüseýni,, rowza yşk ählige dilber köýüdir,
Tapsalar zuht ähli jennet, sen onuň köýüde gez.

 54 

Bagd äz in eý, husn ähli ili şeýda kylmaňyz,
Biwepalyk eýläban, äleme ryswa kylmaňyz.

Aňlaň eý, ähli wepa, ger ölseňiz tartyp jepa,
Biwepalardan wepa resmi temenna kylmaňyz.

Men ýesiri yşk men, gowga nedir uşşak era,
Eý rapygy pentguý, aýdyň ki gowga kylmaňyz.

Men öler halatda men, eý ýar, köýi itleri,
Eýlemäň gowga meniň syrymy ifşa kylmaňyz.

Ot düşüpdir deşt üzre ahymdan eý ähl tarb,
Lälezar eýläp tasawwur, azmy sähra kylmaňyz.

Syryn ile äşgär eýlär kişige yşk era,
Zynhar öz syryňyzy äşigäre kylmaňyz.

Bir nepes janan bile, tapmyş Hüseýni hylwaty,
Baryň eý jany-köňül bir dem alala kylmaňyz.

 55 

Ol kuýaş köýünde men awarany bent eýläňiz,
Bary bu tezwir ile köňlümi hursant eýläňiz.

Köýüde men telbäni ýüz jebr birle öldürip,
Ol sugubetleri ýüz diwanaga pent eýläňiz.

Isteý-isteý tapsaňyz köňlümi kim bozmuş meni,
Wasl tygy birle siz perkent-perkent eýläňiz.

Hassa köňlüm zagpy hetden ötse kuwwat kesbige,
Dostlar ol ýüzu-leb ýadyny gülgant eýläňiz.

Köýnegin çäk etse ol mest, eý ki eýlärsiňiz rufu,
Rişteýi janymy her taryna peýwent eýläňiz

Köňlüme ylmu-edep tälimi köp bermek bile,
Wamyku – Perhadu – Mejnun dek hyratment eýläňiz.

Ger Hüseýni diýseňiz şoraba dökgeý talh-talh,
Huplar gähi oňa bakyp şekerhant eýläňiz.

 56 

Gan görüp eşkimni, köňlüm nalasyny sormaňyz,
Çäk olup göwsüm, jiger pergalasyny sormaňyz.

Azm edip ol gunçaýy handan adem gülzaryga,
Ýüz sary açgan sereşkim lälesini sormaňyz.

Çünki bardy ýaşym imdi göz agydan katralar,
Damanyn her ýan görüp, gam jalasyny sormaňyz.

Tire köňlümde ýüzün gerdimde derdin gören il,
Gam tünide aýy-mähnet hälesini sormaňyz.

Hijride gören Hüseýniniň pyganyn, dostlar,
Ýusup üçin piri Kengan nalasyny sormaňyz.

 57 

Bir nepes  ol aýny görmek, çün imesdir destres,
Ony gören ýerni, wah, baryp göremen her nepes.

Köwkebi eşkim şapagyň, Gün gelse wah erer seza,
Men ki subhy wasl era, hijran tünün kyldym höwes.

Hamlykdan ger höwes kyldym pyragyn wasl era,
Eý, pelek janyma ýetdim, ger höwesdir uşbu, bes.

Kaýda kim basdyň aýak, akdy sereşkim ençe kim,
Läle berdi, bar ol toprak era her haru-has.

Eý, Hüseýni hijride jismim era köňlüm guşy,
Gülden aýry andalybydyr giriftary kapas.

 58 

Eýledi  lagly tebessüm gunçaýy handan imes,
Dagyny köňlüm ganatdy, läleýi nugman imes.

Sebzeýi hatt birle göýä gunça agzy nagşydyr,
Köňlüm içre näwükiden zeň, leýik peýkan imes.

Wah,, görüň men,  men goýun dek aýlanyp bir ýar üçin,
Deşt üze eý dostlar Mejnuny sergezdan imes.

Her dem ol kirpik hyýaly jan regiden gan döker,
Ýogsa mahzun köňlüm içre neşteri hijran imes.

Eý, köňül bir döwürniň ser pitnesidir kim meni,
Beýle ryswa kyldy, ýogsa pitneýi döwran imes.

Diýme kim alyda jan biýr, ýogsa yşky terkin et,
Kim ol asandyr maňa leýken bu bir emkan imes.

Ger Hüseýni nala kylsa, yşk era aýp etmäňiz,
Kim durar aşyk kim onuň şiwesi efgan imes.

 59 

Ol peri köňli meni-diwanaga maýyl imes,
Ýa meniň awara köňlüm yşkyga kabyl imes.

Berdiň, eý, Mejnun, meniň ryswalygym görgende pent,
Bilmediňmi, barça il huş ählide akyl imes.

Natuwan jismimde her ýandan görüngen dag era,
Onda hijran dagydan ýüzden biri dahyl imes.

Tüntbady hijr ösüp, jismim sowurdy köýüden,
Ýogsa goýun dek ötere onda müstagjyl imes.

Hatty nagşy hatyrymdan tyg ile dep olmady,
Wah,, ne hattdyr kim niçe butgan saýy zaýyl imes.

Yşkdan kyldym ýene tagatny, wah kim bilmedim,
Kim kaza okyna takwa jöwşeni haýyl imes.

Çün Hüseýnidir gedaýyň husnydan bergil zekat,
Eý, melahat mahzany ol sim alar, saýyl imes.

 60 

Mende her dem ýüz nyýazu, onda istigna-ýu bes,
Her zaman ýüz jan bereý, ol şoh biperwa-ýu bes.

Diýmäňiz kim zülpi söwdasy hezin köňlüňde bar,
Kim erer diwana köňlümde hem ol söwda-ýu bes.

Yşky tarajynda bardy dini yslamym dagy,
Diýmäňiz  kim bolmyşam diwanaýy ryswa-ýu bes.

Ne köňülde sabyr goýdy, janym içre ne karar,
Ýok ki, yşkyň akly-huşum eýledi ýagma-ýu bes.
Ýere girsin, eşk kim akyzdy bagrym gan edip,
Ýok ki mahfy, syrry yşkym eýledi efşa-ýu bes.

Kylmady uşşak aklu-dinu-neňu-nam terk,
Munça ryswalyk kabul etdim meni ryswa-ýu bes.

Eý, Hüseýni yşk ile çün afyýet jem olmady,
Her ne gelse urma dem, köňlüm era esra-ýu bes.

 61 

Ýa Rep, ol gül içre gunça nege güftar eýlemes,
Ýa bilip, bilmesge salyp, syrym yzhar eýlemes.

Daş ile polada  ahym odydyr kärgär,
Ne gatydyr ol köňül kim hiç oňa kär eýlemes.

Ol jepakeş bilgeý, ahwalym gaty sagb erkenin,
Kim bolup ganlar gam yşkyn pedidar eýlemes.

Yşky mengide kylar nasyh tili köňlümi riş,
Ýogsa bu gam gunçasyn, daň ýeli efgär eýlemes.

Tuby jennet eger ýüz näz ile kylsa horram,
Serwi näzim alyda ol azmy-reftar eýlemes.

Aý ýüzüň taglydyga nakgaşy Çyn her dem çeker,
Ýüz rakam leýkin birin ýüzden nemudar eýlemes.

Ynsu-jyna gerçe ýok nalamdan uky, wah, ne sud,
Kim demi näz ukusyndan, ony bidar eýlemes.

Sen ki tartyp tyg, il bogazyn çekerler her tarap,
Barçasy tagjyl üçindir, kimse zynhar eýlemes.

Ger Hüseýni yşkyny ykrar tartar ähli zuht,
Ähl imesler, ýogsa ol bu işden inkär eýlemes.

 62 

Eýle kim gül içre gunçaň her niçe mälim imes,
Gunça agzyň niçe kim, söz diýse hem mefhum imes.

Ol kuýaşyň pertowyn köýüde görsem ýok ajap,
Hiç kim jennetde tuby nurydan mahrum imes.

Yşk zulmydan eger Perhadu-Mejnun öldüler,
Mende her demdir ölüm, men dek olar mazlum imes.

Şa hökmi birle köňlüm, yşk terkin tutmagaý,
Şa erer häkim weli bu kimsäge mähküm imes.

Yşky-meý jürmige deýr içre meni ýazgarmaňyz,
Nägä kim metjitde dagy hiç kim magsum imes.

Ne beladyr yşk kim gördüm onuň owrakynda,
Dert ile mähnetden özge nuktaýy merkum imes.

Ger Hüseýniniň, wysalyň döwletden eý senem
Ýäsi köp möwjut ise, umydy hem magdum imes.

 63 

Eý, köňül  ol dilrubanyň özge ýary bar imiş,
Wah, saňa duşman bolup, ol özgelere ýar imiş.

Her zaman ýüz bar, dil  azarydan köňlümdedir,
Wah, ki azary bozuk  köňlümde munça bar imiş.

Derdi yşkyň şerhini gözüme diýgeç, dökdi ýaş,
Wah, kim ony ýar sagyndym weli agýar imiş.

Zar olup yşkyga, azaryn gelerni  bilmedim,
Zarlaryga yşkdan gelen nesibi - azar imiş.

Ýüz açyp örtär meni, wah, yşk odundan ne gile,
Kim maňa ot salyjy, ol ataşyn ruhsar imiş.

Hijrinde biçärelikden ahy-waweýla ne sud,
Kim belalyk yşkyda biçärelik naçar imiş.

Eý,  Hüseýni, diýr idiň ol dilrubany biwepa,
Men hem  ony pähm edip, men kim ýüz onça bar imiş.

 64 

Eý, köňül, bolsaň wepasyz dilrubalardan halas,
Şükür kyl, bolan kişi ýaly belalardan halas.

Ömür ýaňlyg biwepadyrlar özümi isterem,
Ömür eger kylsa wepa, bu biwepalardan halas.

Telbe köňlümden halas olmas periweşler gamy,
Rast andak kim bola alman men olardan halas.

Täze-täze dag köňlümden gara salan kibi,
Mümkin olmas bolmak ol ýüzi garalardan halas.

Hanakadan tä harabat içre girdim kyldy Hak,
Hem ryýadan hem ryýaýy parsalardan halas.

Dehr elinden eý  ki bolduň munkatg şükür eýle kim,
Hem jepagärlerden olduň, hem jepalardan halas.

Eý, Hüseýni wasl umydydan rakybyň boldy halk,
Özňi kyl hem muddagy, hem muddogalardan halas.

 65 

Yşkydan tä kylmyşam peýda, meni şeýda merez,
Kylgu dekdir zagplyk jismimi näpeýda merez.

Eýle kim, daryş-şypa içre watan tutgaý meriz,
Eýlemiş janu-tenu-köňlüm öýün mäwa meriz.

Ýüz merez kasdymdadyr kim gördi mundak hassa kim,
Başyda ähli gaza dek, eýlegeý gowga merez.

Zagp era hunharalykdan hiç berhiz eýlemez,
Munça kim daýym çeker ol nerkesi şähla merez.

Zülpi zynjyrydan özge ýok alajym eý hekim,
Telbe köňlüme ki bolmuş maýaýy söwda merez.

Zagpym aşmyş söz diýmäň ol aý sözünden özge kim,
Hatyry näzik bolar tapanda istila merez.

Eý, Hüseýni meý bile kylgyl humaryň pikrini,
Dep hem sahba kylar çün getirer sahba merez.

 66 

Eý, jemalyň gülşenide sebzeýi sirap hat,
Aryzyň kafury üzre zibi müşki nap hat.

Katlyma müşkin hatyň her harpy boldy bir sebäp,
Kim direler çün mürettep eýledi esbap hat.

Hat eser zahyr kylypdyr safhaýy husnuň üze,
Ah ol günden ki zahyr eýlegeý agrap hat.

Hat bozuldy leýk maglumyň bolar girýanlygym,
Beýle kim ýazdym pyrakyň zulmydan ýyglap hat.

Pyrkatyňda tabu-piçim şerhini kyldym rakam,
Setir era her ýerde zahyr kyldy  piçu-tap hat.

Eý, habybym  hama sür, rukgam jogabyna ki bar,
Waslça kim bir-birige ýazsalar ahbap hat.

Eý, Hüseýni şerhi halym ýazsam olgaý sen melul,
Çün okyr halatda zahyr eýlese ytnap hat.

 67 

Köňlüm etdi yşk esraryn kylyp tekrar hyfz,
Kim ki kylgan dek kelam Päk-u Haýýy asar hyfz.

Huplar  öz husny waspyn ger kylarlar, ne ajap,
Taň imes but waspyny ger kylsalar küffar hyfz.

Gül üçin bag içre bilbil müň nowa örgenmedi,
Kim ezel  gülzaryda kylmyşdyr ol esrar hyfz.

Dähr gülzaryda ol gül husnun öwsem aýp imes,
Hasse kim  kylgaý sözüm ol serwi gülruhsar hyfz.

Ýar her söz diýse hergiz hatyrymdan çykmaz ol,
Özgelerden bolmady köňlüme bir güftar hyfz.

Kyl ýigitlikde ýigitler yşky syryn hyfz kim,
Söz bolar ermiş garrylyk wagtynda duşwar hyfz.

Ýüz müň olgaý erdi müň dessanyň eý bilbil eger,
Kylsaň erdi yşk esraryn Hüseýniwar hyfz.

 68 

Dişi waspyda diýdim: dür kibi ýegsan elfaz,
Zülpi söwdasy era leýk perişan elfaz.

Yşk esrary  pesahat bile tapmas takryr,
Toty aýdara besi sagpdyr asan elfaz.

Muddagylar sözi bimany eger bolsa ne taň,
Isteme many eger, iste nadan elfaz.

Lafzy täsir kylyp örtär onuň manysy,
Çün sorar şärih derdi-gamy hijran elfaz.

Terki yşkyň diýsem öldür mah ki diýr manysyz,
Öz-özi birle junun ähli ferawan elfaz.

Agzyň esraryda köpdür sözüm-u diýe alman,
Ger gulak salsa diýeýin bir niçe pynhan elfaz.

Binowa boldy Hüseýni ne nowa tapgaý eger,
Waslydan zahyr oňa eýlese janan elfaz.

 69 

Ah kim hijran odundan köýdi janym özge nowg,
Örtedi älemi hem otly pyganym özge nowg.

Hassa köňlüm zagp eder, wakyp boluň eý dostlar,
Kim bu gündendir bu zary-natuwanym özge nowg.

Telbe köňlümi junun wadysy içre istemäň,
Kim bu katla etmiş ol bihanu-manym özge nowg.

Halatym Perhadu-Mejnun kyssasyna ogşamaz,
Kim erer yşk içre mühliki dessanym özge nowg.

Wada kyldy wasl üçin, boldum ýesiri waý kim,
Sözleşer ol zalymy nämähribanym özge nowg.

Bolmagym ryswa taň ermes kim bu katla halk era,
Paş boldy esragan syrry-nahanym özge nowg.

Köňlüm alyp janyma kast etdi ol bigäneweş,
Eý, Hüseýni bar idi ondan gümanym özge nowg.

 70 

Dagy yşkyň bermiş erdi akly-huşumdan  pyrag,
Wah, ne goýdy şuglaýy hijranyň ol dag üzre dag.

Huplar husnuny, gerdun, aryzyňdan ýarydar,
Röwşen etgen dek bir oduň şuglasyndan ýüz çyrag.

Köňlüm etdi köýüde bir oda düşen telbäni,
Hiç aşyk gören olgaýmy diýp eýlär men sorag.

Gözleriň kim boldular bimarlyk aýnyda mest,
Türpe işdir kim imesler göz ýumup-açynça sag.

Husn bagynda ýüzüň birle lebiňden zip erer,
Görmedik bir paslda gül birle beren miwe bag.

Saky-ýa, zagpym alajy badadyr, gaflaty goý,
Kim elikden bargu dek men içmesem bir dem aýag.

Eý, Hüseýni şamy hijru-zülpi söwdasyn diýme,
Kim meni diwanaga onsuz müşewweşdir demag.

 71 

Gam sypah kasdyma çykdy, saky-ýa tut jamy sap,
Kim bolar jamy meý içgenden delir ähli mesaf.

Jüz melalat, ýok dirilikden çü ol aý hijride,
Tutgul eý yşk imdi ol teklipden bizi mugaf.

Göwsüme oku-gylyjyňdan erer haýrat besi,
Kim bu bir her niçe degse, ol biri eýlär şegaf.

Yşk  desti zory ger budur meniň ajzym ne taň,
Aždarha ger bolsa öz ejizige kylgaý ygtyrap.

Diýse köňlüm: «Tutgum özge ýar yşkyň terk edip»,
Aýp imesdir mest ile diwanadan lap-u gezap.

Käbeýi köýüň erer, andag mukaddes rowza kim,
Hüýr, köwser içre gusl eýläp ony eýläp togap.

Eý, Hüseýni, görmeseň döwri muhalyfdan nowa,
Jamy döwründe  gerek pähm olmasa senden hylap.

 72 

Köýüde itler ony kim çykdy her ýan muhtalyp,
Telbe köňlüm göýäýe kim onda boldy mugtakyf.

Gam tüni jismim era kim tyg sürdüm her tarap,
Serwi kaddyň ýady birle her biridir bir elip.

Hassa murydyr men eý yşk eýleme bidat kim,
Ajdarha alyňda öz ejzine bolgaý mugtaryp.

Yşk era ger niş gelse noş görmekdir hünär,
Sagp erer her kişi bolmak bu sypata muttasyp.

Ah kim ol serwi tabgy il biledir mustakym,
Gaty ahymdan meniň birlemi erkin munharyp.

Nasyh-a, pendim junun mengige yzhar eýlediň,
Telbäge akl öwreder sen göýäýe bolduň haryp.

Yşk era apat salamat köýüdedir afyýet,
Eý Hüseýni, hoşdur ol ýan kylsaň özňi munsaryp.

 73 

Kyldy bagtymy gara, zülpi dek ol mah ez pyrak,
Niçe köýdürgeý meni-dilhassany ah, ez pyrak.

Ger çe wejhulladyr ol aý dek ýüzi ýa, Rep neden,
Dirgizer gäh wasly birle, öldürer gäh ez pyrak.

Däneýi halyň hyýaly birle eý gül harmany,
Niçe sowurdyň meni hesretde çün kah ez pyrak.

Her kişiniň janyga geldi ajal bir ýol bile,
Ah geldi janym üçin eýläban rah ez pyrak.

Akybet ýüz derdu-hesret birle bu misgin Hüseýin,
Ölgüsidir görmeýin ýüzüňni nägäh ez pyrak.

 74 

Bar imiş ýar iştiýaky esru gaty iştiýak,
Wasl tapman, wah, tükenmez dert imiş derdi pyrak.

Özge yşk ählini bilmen, wah maňa ýokdur nesip
Yşkdan, gaýry ez pyraku-ýardan jüzi iştiýak.

Ýarsyz görmen haýatymny dirilik sanyga,
Wah,, ne emkandyr diri bolmak söwer jandan ýyrak.

Eý ki Leýli hijride, sergeşte Mejnun halatyn,
Diýr sen aňlaý kim niçik ermiş meniň halyma bak.

Eý saba, geldiň, Hüseýni telbe köňlün sorgaly,
Bardy menden, ol peri köýi sary kylgyl sorak.

 75 

Lagly üzre sebzeýi hatty nemudaryga bak,
Şoh reňamizniň şeňrefru zeňňaryga bak.

Eý, ki bir zynjyr küfr içre tümen müň ähli din,
Görmedim diýr sen mukaýýat zülpi zünnaryga bak.

Serwi üzre gül görmegen bolsaň kaddu-ýüzüňni gör,
Jany şirin isteseň lagly şekerbaryga bak.

Eý ki jennet rowzasy içre dilär sen serwi-gül,
Gülşen köýüge gir, katt bile ruhsaryga bak.

Zähmi mühlik köňlüm ahwalyga jan-a, rehm kyl,
Gany durmaz ýarasyn gör, nalaýy zaryga bak.

Dähr bagynyň ryýahynyga ýok buýy wepa,
Ha ragna lälesin gör, ha gülzaryga bak.

Ger Hüseýni sagp halyn yşkyň içre bilmeseň,
Çeşmi hunrizige göz sal, jismi efgaryga bak.

 76 

Ah, kim yşkym odunyň bir zaman aramy ýok,
Istegen aram ol oda jüz hyýaly hamy ýok.

Wasl şemgiden ýaryp, perwana halym ne biler?
Şamy hijrim dek çü onuň bir garaňky şamy ýok.

Aryzyňy Aý diýsem ermes muwejjeh nege kim,
Aýyň apatlyk gözu – ruhsaraýy gülfamy ýok.

Munça din ähliniň yslamyn alyp kapyr gözüň,
Wah, ne halatdyr ki bir kapyrça hem yslamy ýok.

Halk saýt eýlärde deň ermes seniň birle kuýaş,
Zülpi-haly dek çü onuň däne birle damy ýok.

Bolsa älem kämrany kämsiz ömür ötürer,
Kim ki bir şirin tekellümniň lebiden kämi ýok.

Eý Hüseýni, niçe gün hoş tut çü pany dährini,
Kim imes Jemşit her şa, kim golunda jamy ýok.

 77 

Gunçany agzyň diýsem, wah, kim onuň güftary ýok,
Serwini kaddyň diýsem, neýleý onuň reftary ýok.

Aýy ne ýaňlyg saňa nisbet kylaý, kim husn era,
Serwi dek hem kaddy ýok, hem gül kibi ruhsary ýok.

Zülpüňe sünbülni, ne nowg, eýläýin teşbih kim,
Hem dilasa atyry, hem jan riştesi dek tary ýok.

Aýta alman laglyňa ýakut ogşar kim onuň,
Hem çüýçüklik tagamy hem janbagşlyk asary ýok.

Ger rakybyňdan meni ögsük görer sen, bak imes,
Kim ki aşyk boldy itden kem diýseň hem ary ýok.

Isteseň köňlüme asaýyş, kadah tut saky-ýa,
Kim demi ýok, kim ulusdan ýüz tümen azary ýok.

Köýüde iti Hüseýni, köňli taň ýok istese,
Kim bolupdyr onda bir diwanaýy efgäri ýok.

 78 

Telbe köňlüm tä erer, yşkyňda şeýda eý, rapyk,
Eýlemez özge periler sary perwa eý, rapyk.

Tapdy ömri jawydan azarda janym tä erer,
Lagly sirabyň Hydyr, sözüň Mesiha eý, rapyk.

Türräni ruhsar üze kyldyň perişan wah, ne taň,
Ger demagymy perişan kylsa söwda eý, rapyk.

Halkdan yşkyňny pynhan eýlemek maksut erer,
Özgeler sary gözüm ger düşse umda, eý, rapyk.

Örtedi köňlümi mähriň zerreýi barmy eken,
Bu heraratdan seniň köňlüňde aýa, eý, rapyk.

Bilbili şeýda eger gülzar era mesgen kylar,
Telbe köňlüme erer köýüňde mäwa eý, rapyk.

Genji waslyň kim dilär misgin Hüseýni, wah erer,
Ol geda kim şalyk kylgaý temenna, eý, rapyk.

 79 

Eý sagadat matlagy ol aryzy mahyň seniň,
Ähli bineş totyýasy häki dergähiň seniň.

Ol wepasyz köňlüde çün ýok turar resmi wepa,
Eý köňül, ne ýere ýetgeý, nala-ýu ahyň seniň?!

Kylmagyn hijran elinden şikaýat eý köňül,
Akybet bolgaý miýesser wasly dilhahyň seniň.

Ýar Rep, ol döwlet miýesser dünýäde bolgaýmy, kim,
Syhhaty tapgaý ýüzüň görgeç bu gümrahyň seniň.

Niçe ýaşyrdyň sen imdi yşk syryny il era,
Paş eder ahyr Hüseýni çehreýi kähiň seniň.

 80 

Senden aýry düşeli, eý mahy-tabanym meniň,
Dembe-dem gan ýaşy ýyglar çeşmi girýanym meniň.

Çün meni waslyň bile şat etmeseň, sorsaň bolar,
Kim, niçik sen derdime, eý syna birýanym meniň.

Işigiňde gijeler aheste imdi ýyglaram,
Kim itiňe bermesin, zähmet bu efganym meniň.

Derdi yşkyň hetden aşdy, gorkaram kim nägehan,
Äşgäre bolmagaý bu syrry-pynhanym meniň.

Diýdi: «Mensiz dünýäde nädip direldiň, eý Hüseýin»,
Rast diýr sen ýazygymdan geçgin, eý janym meniň.
Категория: Goşgular | Просмотров: 12 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hüseýin Baýkara | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: