16:58
"Humarala"
"HUMARALA"

Mylly aga

Asmanda enaýy täze Gün dogýar,
Aý şöhlesi ýuwaş-ýuwaş göçedir.
Baglarda eşdilýär bilbil owazy,
Dag şemaly ýüzüň ýelpäp geçedir.

Ýagtylyk nur saçýar tümlügi böwsüp,
Göwünler şat çözen ýaly mataly.
Zemin ýene täze lybas geýinýär,
Aýyl-saýyl gara daglaň hatary.

Şer ýok. Haýyr - göwünleriň töründe,
Gözellik bar – bakylygyň mukamy.
Älhepus, ne şirin dünýäň owazy,
Ne şirin, ne şirin? Tutdum ýakamy...

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 26 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: