12:08
Surat
SURAT

Bu bahar syrymyz paş boldy gijä...
Dökän-saçan ýyldyzlaryň içinde,
Gözlerime garap, sözleriň süýjäp,
Hiç syrylmaz dert galdyrdyň içimde.

Söze erk edemde, dodagym ýapdyň,
“Bilýän...” diýdiň, düşünipdiň sözlerme,
Bu bahar syrymyz gizläp bilmedik,
Ýetişmedik ýaglyk daňyp,“gözdaňdy“
Oýnamaga, ýyldyzlaryň gözlerne...

Bu bahar syrymyz paş boldy gijä,
Leblerimden dökülende bal suwy...
Sallanjyrap depeden Aý gelinçä,
Hem yşgym aglady çäksiz  gam syzyp...
Bu bahar syrymyz paş boldy gijä,
Ýyldyzlaň  gözleri açyk daňa çen.
Bu bahar ýene-de syrymyz süýjär,
Arşdan gelýän yşgym ýaýrar ýaňa çen...

Bu bahar syrymyz paş boldy gijä...
Asmandan syrygan perde galgady.
Yşgyň howry göwräň daşyna güýjäp,
Ygtyýarmyz bu zeminde galmady...

■ AHMYR

Bu gije-de
Öňki gijeler ýaly
Ýalňyzlygyň düşegine ýelmeşip,
Seniň gözleriňe daňyp hyýaly,
Bir pursat ýene-de ýadyma düşdüň...

Aramyzda müň gijeleň ahy bar,
Ýassyklarmyz ýyrtyk dişleň derdinden.
Penjireleň gözlerine gar syrap,
Ýapar öňküdenem çytyk derdim meň...

Ýene-de gar artar
Garry sübsegär,
Ýyly düşeginden gaýdyp, sermene.
Bilýäňmi, ýene-de ýassygmy görüp,
Oglum ýene için çeker ir bilen...

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: