07:11
Ýagyş ýagsa...
ÝAGYŞ ÝAGSA...

Ýagyş ýagsa, seni göresim gelýär,
Bulduraýar, şildireýär damjalar.
Ýagyş ýagsa, öz ysyndan utanyp,
Biýaraň içine çümýär zamçalar.

Ýagyş ýagsa, ýeriň ysy kükeýär,
Bu toprakda  mähremlermiň köki bar.
Ýagyş ýagsa, şolaň ysy burugsap,
Ähli hoşboý yslar gyra çekilýär.

Ýagyş ýagsa, aýdym ýagýan ýaly-la,
Dowamata dowam berýän heň döräp.
Ýagyş ýagsa, ýeke özüm däli däl,
Heň döredýän, heňler kändir seňselän.

Ýagyş ýagsa, dünýäň ýüzi üýtgeýär,
Şahyr dostlam gapdalymda bar ýaly,
Ýagyş uzyn tary gadym tamdyraň,
Dymyşlyk ýaýradyp, ýagmaz gar ýaly.

Ýagyş ýagsa, seni göresim gelýär,
Ellerimi ysgan wagtyň gül saýyp,
Şol pursata gaýdyp gelesim gelýär,
Duýgularym nepislenýär günsaýyn.

Ýagyş ýagsa, sen ellerim ysgasaň,
Menem Ýeriň ysy edäýse beýhuş.
Biýaralaň aşagynda zamçalar,
Jyklaşyp ýatsalar utanyp, eý-how...

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: