07:08
Başga
BAŞGA                     

Geçip gider bu ukusyz gijeler,
Meni saňa, seni maňa ýatladyp.
Seni säher gelniň ugradar işe,
Öpüp, gözleriňden (gije ýatmadyk)

Meň näzimi çekendir bir goç ýigit,
Gussaly gözlerme seredip bir dem.
Soraman geçmişim, bagtly etmäge
Meň ykbalym boýun alandyr, merdem.

Seni ogullaryň garşylar gelseň,
Meň oglumam ýollaryma garaşar.
Ýene ýetip geler ukusyz gije,
Ne-hä sala salar, ne-de soraşar...

Ýene ýyldyz  paýrar, duýgularyma,
Enäni ýatladýan Aýa öwrülip,
İkimiz hyýalda ýene uçarys,
Asmanda başga bir taýa öwrülip.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: