00:46
Seni görmedim
SENI GÖRMEDIM

Men seni görmedim, ýogsa ýyllaryň,
Agyr sallançagy ýatyr arada.
Ýöne men seň gözlerini ogşadym,
Hyýalda kän sözledim, sen barada.

Mana sataşmadyk seniň nazaryň,
Jady ataşmydy, bar syry aňýan.
Men sen taýa ýyllar söküp barsam hem,
Seni görmän gaytdym, ýeke salym ýar.

Sataşmadyk, bir şaherde bolsagam,
Köçelere seniň keşbiň siňipdir.
Asyl-asyl bulutlara seredýän,
Asmana mahirli yşgyň siňipdir.

Ýeller önki heňe ”hinlenip otyr”,
Daglar sallançaga salýar heňleri,
Şol garry tut için hümledip otyr,
Ýatladyp, seň bilen geçen günleri.

Men seni görmedim,
Ataş sowady.
Ýogsa garaşypdym, duşjakdygmyza.
Bir gujagyň için köşge öwürip,
Duýgy teňňelerin seçjekdigmize.

Ýene ýyllar aýralyga äkider,
Duşarysmy, duşmarysmy, kim bilýär?!
Men bir zady bilyan: Söygiň şalygna
Öňýeten aşyklar girip bilmeýär.

Söýgi bilen girip bolýar behişde,
Topraga, ahwala, yşk derýasyna.
Söýgi bilen girip bolýan gapyny,
Aýdaýyn söygülim, sen sanasan-a...

Belki onuň bilen girip bolýandyr,
Aşyklygyň gursagyna bakylyk.
Onuň bilen girseň, kitap gatyna,
Kyssa, goşga gerek däldir çakylyk.

Söýgi bilen girip bolýar ýaşlyga,
Ol asyrdan-asyrlara sygýandyr.
Ol  kuýaşa siňip, girse daglara,
Ýene bir gün daş astyndan çogýandyr.

Söýgi bilen wagtyň  gözünde galyp,
Ýyllaň depesinde täç boluň, ýeňiň!
Söýgi bilen bir-biregiň ýüregne,
Kalbyna, sesine, sözlerine siňiň!

■ GALDY

Sesiň gelýär hem nepesiň gelip dur,
Saňa barýan ýollar uzag-a ýogsa,
Her hatyňy müň öpesim gelip dur,
Hem diýýän olary göge sowursam.

Neçüýn seniň duýgularyň duýguly,
Ýa bakyşyň elem-tas däl, ýa gamly.
Ýöne seniň şol gözleriň perdesi—
Meniň ebedilik ýadymda galdy.

Pyşyrdyň – aýdymmy, ýa-da däl aýdym,
Sen meni söýdüňmi, ýa-da men söýdüm.
Belki-de, belki-de duşarys gaýdyp,
Bakyşlarmyz söýgiň dadynda galdy.

Owadan oglandyň,
Solduň üç günde,
Owalkyňdan başga bolduň üç günde.
Meni söýüp, mensiz galdyň üç günde,
Ýüregmiz söýginiň odunda galdy.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 26 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: