00:43
Biz hakda
BIZ HAKDA...

Derýanyň düýbünde Aý doňup galdy,
Daň agaryp barýar gamyşlykda-da.
Çyrlaklaň yşk hakda simfoniýasy
Eşidilýän deý kenardaky hyşadan.

Kölüň şol köýnegi, ýeňleri ýaşyl,
Diňläp söýgi hakda süýji gepleri.
Ony daň  atanda armana goýup
Uçup gidýär, goşa-goşa kepderi.

İkimiz bu kölüň  sergin kenaryn,
Syrdaş saýyp, pyşyrdaşyp, gülerdik.
Garryja garawul syryp kenary,
Kän geçerdi, biz ondan gizlenerdik.

Ýogsa bize zat diýjegem ýokdy-la,
Açmak islemedik söýgiň seplerin.
Yşgymyzy gursagynda gaýnadyp,
Agşam gaýdyp geldi meýdan kepderi.

Ýagyş ýagdy kölüň atlaz köýnegne,
Uzady asmanyň suwdan ýüpleri.
Kölüň kenarynda kän duýgy galdy,
Bu köl söýgimiziň ýazgy depderi.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 12 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: