00:41
Biz sataşdyk
BIZ SATAŞDYK

Biz sataşdyk, ýagyş ýagyp başlady.
Gaýalar ýuwuldy, güller görklendi.
Biz sataşdyk, leylisaçlaň telleri,
Akyp ýatan dag suwuna örklendi.

Biz sataşdyk,
Derelerde käkilik
Has dury saýrady, has mest saýrady.
Biz sataşdyk, bu owadan pursata
Günem biraz doňup galdy gaýrada.

Biz söýgiň gujagna gaýyp düşäýen,
Ýakyp barýan bir alawdyk, ataşdyk.
Bahar ýeli gülälegi guçanda,
Biz olary gaýtaladyk, sataşdyk.

Biz sataşdyk,
Dünýäň sallançagynda.
O sallançak öran batly üwreldi.
Birmahalky öykelän päk duýgymyz,
Täzeden dem alyp, ýene direldi.

Kuýaş bilen dag gerşiniň ýylmanak,
Yüzündäki surat ýaly gatyşdyk.
Biz gijeler bir-bireksiz ah çekip,
Şonuň üçin bu säherde sataşdyk.

Biz sataşdyk, ýodalaram birleşdi,
Baýyrlaram goşalandy monjuk deý.
Dünýe näme üçin aşyk sataşsa,
Önküdenem kejeňek sen, dänjik sen.

Biz sataşdyk,
Çünki biz bir ataşdyk.
Çabrap, çawlap ýer yüzünde tutaşdyk.
Hernä duýgylarmyz ýalan däl eken,
Şoñ üçinem biz sataşdyk, sataşdyk.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 14 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: