00:32
Sen saz çaldyñ
SEN SAZ ÇALDYŇ...

Sen saz çaldyň,
Men oturyp agladym.
Bu saz arşyn perisine degişli.
Şol saz bilen gije-gündiz ýaşap men,
Ýyllar geçdi, şol saz bilen “görüşdim”.

Sen saz çaldyň, ikimize bagyşlap,
Ol saz seniň maňa aýdan sözüňdi.
Aramyzda aýralyk däl, adam bar,
Owaz hem kesildi, heň hem üzüldi.

Ol saz yüreklere berdi melhemi
Ol meň yüregimde belent keremdi.
Ýyllar geçdi, duşuşarys öýdüp men,
Ýalňyşdym, tersine kalbym elendi.

Sen saz çaldyň, biz ikimiz hakynda,
Aýralygyň sazy bagrym dilmedi.
Bizi birleşdirýän ýeke-täk asman,
Hiç duşuryp, hiç duşuryp bilmedi.

Sen saz çaldyň, arş tutusyn paralap,
Söküp bolmaz uz-owadan keşde dek,
Görmek üçin daş bolsa-da aralyk,
Bir-birege söygümizi kesmedik.

Sen saz çaldyň... Men oturyp agladym,
Ol saz gurşap aldy, töwerekleri.
İkimiz ýatladyp ulus-illere
Uçduk gitdik jahyllygyň düzünde
Goşalanyp barýan kebelekleri.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: