00:27
Toslamalar
TOSLAMALAR

Seni näzik ýelleň ellerindäki,
Tamdyralaň tarlaryndan soradym.
Seni beýik daglaň güllerindäki
Ak reňkiniň garlaryndan soradym.

Soradym, bulutlaň hasasy çümen,
Alpyň gerişlerniň sesýetiminden.
Ak deňiziň kenarynda oturan,
Aşyklaň aňladan wesýetimi sen.

Seni deňiz içre galdyrlan galaň,
Diwarynyň keseginden soradym.
„Taryhyň ýüregne aýasyn basan,
Ýazyjylaň eserinden soradym.

Ýalňyzmy men, näme seni agtarýan,
Gezip ýörün, taý tapmadyk düňle deý.
Şahyrlaram jübütlikden hantama,
Gelşiksiz-a, jübüt ölmek dünýede.

Kim aglasyn, gideniňde yzyňda,
Eger söwer ýaryň bolmasa, diri?
Eý, şahyr, bu-da bir seniň taslamaň,
Ahyrsoňy, ahyrsoňy dünýeden,
Taslamasy, toslamasy albaýlap,
Alyp gidýär, alyp gidýär, şahyry.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 13
0
13 NoL   [Mowzuga geç]
*özem girip okaýan bolsa - diýmekçidim

0
12 NoL   [Mowzuga geç]
@Haweran, özem girip okaýan ola gowsy onda. Şol öňki lakamy ekeni onda. Jennet gelnejemiziň jany sag bolsun! Ylhamy joşup dursun, ýene täze-täze goşgularynyň yzy egsilmesin!

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Jennet_guli diyen agzadyr.

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@NoL, ozi bu sayta agza. )

0
9 NoL   [Mowzuga geç]
Jennet daýzaň özüni hem çagyryp bolar bu saýta. Ol hem çeper-edebiýatyň muşdagy.

0
8 Selbii   [Mowzuga geç]
ok okeý uklasym tutsa iki gün ýatyandyryn ýöne biggrin

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jennet dayzañ bir tom goşgusy elde, gunde 5-den 3-den goyayaryn onda. Saytdan çykaymagyn smile

0
6 Selbii   [Mowzuga geç]
Emma goyup gowy etdiñ, hezil edip okadym, goymasañ okamak yadyma düşmezdi spasibo bye

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sögünseñem, gargynsañam, kösenseñem bir goylan zady ikilenç goyamok, gozlap tapyp oka biggrin

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aşakda tegde awtoryñ Oguljennet Bäşimowa diyp yazlan gyzyl hatyñ ustune bassañ hemme goşgusy çykar, okaber onsoñ Jennet dayzañy cool smile

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yok, saytda Bäşimowanyñ bu goşgusy öñ yokdy, bary-yogy 5-10 sany goşgusy bardy.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gelewer şeydip. Sayty halys yetim goyduñ wink

0
1 Selbii   [Mowzuga geç]
Ajaýyp! Öñ şy saydda okadym, gayta goýup gowy edýañ @Has, gözläp tapanyññan täze açsalar okamak ü.n añsat angel2

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: