00:25
Oba gidesim gelýär
OBA GIDESIM GELÝÄR

(Jigim Selbijana)

Meň oba gidesim gelýär.
Güneş çyksa bulutlardan.
Aýakýalaň ylgan ýerlem
Daş ahyry unudardan.

Şähere sapyp bir ýany,
Barýar obam has ulalyp,
Ondaky kel peller indi,
Galdy baglyga duwlanyp.

Tawus guşuň ganaty deý,
Murgabyň suwy owadan.
Gojalaň gürrüňni diňläp,
Süýnüp gaýdýar ol obadan.

Meň oba gidesim gelýär,
Aýlanmaga şol ýerlere.
Gözýaşam bilen reňkläp,
Öwlüýäniň germewlerin.

Jiglermiň murty tabapdyr,
Ýigit çykypdyr ýegenim.
Obaň ýaşulylary bilen
Tirkeşýär indi doganym.

Meň oba gidesim gelýär,
Ýüregim kert-kemer meniň,
Enemleň köçesi meňzeş
Ertekisine enemiň.

Gije çyrlaklaň sesine,
Aýdym ýazasym gelýär meň.
Murgabyň mahmal mukamna
Bile ýuwaşja hiňlenip.

Ejem bilen gelnejemiň,
Gümür-ýamyryny diňläp
Oturmaga tam kölgede,
Meň oba gidesim gelýär.

Guzy-goýunlaň sesine,
Çäksiz simfoniýa diňläp,
Öňküden on esse beter,
Meň oba gidesim gelýär.

Ýürege ýapyşan gussa,
Aýt obam, haçan ýeňlär.
Gaýtaladygymça şo-o-ol söz:
Meň oba gidesim gelýär.

Durmuş haýran galaýmaly,
Gaýtalaýan, sözüm diňläň.
Şeýlebir küýsegler bilen,
Meň oba gidesim gelýär.

Obadan gelen ýegenim,
Gapdalymda goşgy diňläp,
Taşlap, şäherde doganyn,
Oň oba gidesi gelýär.

■ MEN-Ä OBA GITJEK

Men-ä oba gitjek, oglumy alyp,
Gözellige öwrenişsin gözlerim.
Daňdan goňşularyň howzuna baryp,
Suw daşajak, nahallarna mellegiň.

...Ejemden soň... alçalar hem garrapdyr,
Gorlanypdyr, dym-dykyzja gölämiz.
Seýrek gelýän aýal doganlam ýaly,
Üzümleri selçeňläpdir teläriň.

Ýene-de göwrämi ýorunja busup,
Ot  ýygyşyn gaýtalajak enemiň.
Sapagny ötürip bermegem lezzet
Kölegede, gözi uly temenniň.

Erkek doganymyň sözleri ýaly,
Dünýä mähir bilen haçan bakarka?
Abraýy galamdan gözledim ýördüm,
Başga zady dileg etmän Ýokarka...

Menem säher suw sepjek giň gujagna,
Çagalygmy bagra basan howlymyň.
Şükür, hiç sönmedik atam ojagna,
Mähri siňsin, ulalmaka oglumyň.

Men-ä oba gitjek, dynjymy aljak,
Görüp gaýtjak, maňkalyja jiglemmi.
Hemem gyz jigime hünjüjik alyp,
Sag bol aýtjak, hut şol öýde doglanna.

Tämiz saklawersin ejemiň öýün,
Işe gidip gelibersin, gelnejem.
Bäş-on günjük öý işlerni edeýin,
Hyzmatymy görsünler goý, meniňem.

Göçgünli kelleler bir mahal ýaşkak,
Okamaga äkelipdir, paýtagta.
Ýogsa,partygmyzy dakynyp, mäkäm,
Giderdik-le okuwdan soň pagta-da.

Men-ä oba gitjek, kölegeli tam,
Hem ejemiň ýerin tutan gelnimiz,
Bäş köçe aňyrda ýaşaýan atam,
Baý islärdi, paýtagtdan gelmegim.

Maňa azar bermäň, men oba gitjek,
Güňleç  şäher sesden  aljak dynjymy.
Sähralaň şemalna derdimi daňyp,
Şygyr ýazjak, söýgi hakda ünjüli.

Ýol-ýola, il-ile sapanda agşam,
Sygyrlaryň sürä gidip gelşini,
Synlaýyn-la biraz suratkeş ýaly,
Agşamara süri obaň gelşigi.

Goňşy gyzlar gözlerini süzüşip,
Diýýärler ogluma, “görmegeý ýigit”.
Senem ýürek gyssa, gussa ilişip,
Şäheri birsellem taşlap, oba git!

Men-ä oba gitjek, şu gün ýa ertir,
Köp boljak däl, gussalarym çogmasyn.
Arasynda käte baryp gaýdaýyn,
Eziz obam unutmasyn, dogmasyn.

Gündizki otla-da alyp petegi,
Synlap gitjek, sagy-soly,çar ýanym.
Şonda sähraň seçegine çolaşan,
Bedewler synlasyn, oba barýanym.

Ýaşyl baýyrlaram  meniň yzymdan
Galgap galsyn  müň bir reňkli şal ýaly.
Megerem şemallaň  içi gysandyr,
Olaram oňlarlar oba barýanym.

Täsin-le, otlynyň “şuwlap”gitmesi,
Sähraň ruhy kowalasa, yzymdan,
Gül tumarly sähram, närazy bolup,
Öýkeläp galmasyn, şahyr gyzyndan.

Men-ä oba gitjek, gözlem dynç alsyn,
Hem erkek doganym “gel” diýýär “ýygy”.
Goý ýüregim derdin döksün, ynjalsyn,
Men oba gideýin, alyp oglumy.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: