00:18
Ýodajyk
ÝODAJYK               

Aý astynda ýatan ýalnyz ýodajyk,
Ak gijede süýnüp gidýär, yüp ýaly.
Bir gowy zadyny halaýan onuň,
Öz üstünden yöretmeýär betpäli.

Bilmedim, kimlerin ýodasyka bu,
Ýa-da gamgyn kişi şöwür çekýärmi?
Gök gyrtyjyň aýagymy öl edip,
Gözyaşmyka, gözlerinden dökýäni?

Kän pikir açýaryn, bu ýoda hakda,
Jedelleşip, ýyldyz bary ýylgyrýar.
Birden gussa gaplap alsa kalbymy,
Ýodajygyň  ýürek tary yrgyldar.

Şeýle pikir edip, ädimlerimi
Diňe ýodajyga basasym gelýär.
Ka gijeler ýodajygy ýüp edip,
Özümi şol ýüpden asasym gelýär.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 16 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: