00:10 Güýz goşgulary | |
■ GÜÝZ Bu neneň sarylyk, nähili matal, Ýaprak nirden tapdy, gopup gaçmany. Bulutlaň astynda çaýkanyp ýatan Baglar edil çirkizilen saç yaly. Söydüm seni sary deňziň damjasy, Sende däli yazyň porhanlygy ýok, Saňa içim dökjek diýen gursagym, İndi seret, pyşyrdap hem bilenok. Sust ümsümlik paýlap ýaganda ýagyş, Çyg çekipdir güýzün altyn ýallary. Ah, kükregi ýanyp duran nätanyş, Gujaklap çykypdyr, ýaşyl baglary. ■ GÜÝZ GOŞGUSY Men giçki güýz hakda köp oýlanýaryn, Şonda duýgularym bolýar elýetmez, Şeýdip derrew gyş temasy başlanyp, Goşgularym çykman galýar, gazetde. Asman saraýyna barýan bulutlar, Azaşýar Ýer-gögüň merdiwanynda, Gussa çümüp sary ýaprak aglaýar, Güýzüň hasrat bürän ýel-dumanynda. Şeýdip, kalba salýar sadaja gussa, Hemem süýji, bir düşnüksiz ykbaly. Güýz güni şeýlebir kalba ýakymly, Meniň çap bolmadyk goşgulam ýaly. ■ GÜÝZ OÝLANMALARY Güýzüň solgun köçesinden, Gunş jyklaýar solak. Şahyr göwnüň şemal ýaly, Güýz yzynda hozanak. Ýagmyr ýagýar, bir zamanlar, Garaşaryn yşga men, Tebigat guýzüniň reňkin, Gabanýarmyş gyşdanam. Her köçede güýzüň reňki, Gujak-gujak gül ýaly, Sarylykdan kamyslyga, Alyp barýar dünýäni. Seýde-seýde orun berip, Bir-birege pasyllar, Misli şahyr ýüregiň deý, Hem dusbi, hem asylly. ■ GÜÝZ HYÝALLARY Dyrnaklary sary bulut, Güýzüň näzik ýary bulut, Salla sary merdiwany, Serhoşlugyň dary bolup... Salla sary merdiwany, Degirip görjek ellerim üstüňdäki hol buluda, gyrasyna, gerim-gerim. Soň dyrmyşjak aňyrlaryk, Güýz ýedi gat sarymyka? Zemi ýaly agyrlygam, Asmana-da baglymyka? Gaýjak depesinde baglaň, Söýýänime syn kylaýyn... Oba, şäher, sary daglaň, Duýaýyn men, meňkiligin. Ylham oglumyz gelipdir, Diýsinler güýz günortany. Barmaklary sary bulut, Meni göge göter hany! ■ GÜÝZ MOTIWLERI Sepeläp dur gözi gök gyz, asman gyz, Künjümi, hünjümi-seniň kürtäňe. Durnalaryň sazlaşygy gaçmandyr, Çekinjeňlik aýrylmandyr, entägem. Döz maňa höwesin, ýalaňaç baglaň, Ýaprak seçişinde arman göreýin. Ýene-de aýlanyp, ýüz ýyldan geljek, Gözleri deňiz deý durnaň bolaýyn. ■ GÜÝZ DUÝGULARY Güýzüň sary joýasynda Duýga suwa düşýärin. Gözýetimem, sesýetimem, Göwnüme bir düýş ýaly. Gussa-da däl, hesret hem däl, Häsiýeti ýok hamana oň. Durna geçse, güýzdügini Duýup gelýär, amana ol. Manymy açyp berip git, Saýylam, saçyň serip git. Seni daşa goýbermerin, Altyn ganatly ýürekden. ■ GÜÝZ GÜNLERI... Kemis –kemis güýz günlerniň kenarna, Erik sary ýaprak dökeninde kän... Owsun atyp duran baglaň ýodasy, Sary ketenisin sökeninde kän... Senem, menem öýkelidik ykbaldan, Sen-ä menden görýäň, a men ýazgytdan. Güýzde telim gelip, giden asmandan Bulutlar ýene-de göge ýazlypdyr. Goýup tämizligiň özüni ýeke, Menem öz ýolumda görmämsoň seni, Men soňsuz aýralyk küýüne baka, Ýekelikde aglap, giden ekenim... Indi näme habar gelýär, dumly-duş, Seniň maňa ýekeligňi ýatladyp... Seni gelniň ugradýarmyş işiňe, Öpüp gözleriňden, gije ýatmadyk. Sen näme hamsygýaň ýitiren söýgim, Birden –birden sojap alýaň demiňi. Goňras baglaň depesinde öýkelän, Çal dumana başyň goýýaň, serilip. Ýene otlar bilen saralýar öýlän, Bedeleriň başy gyzyl çaýylan. Güýz güni meniňem owadan öýmäm, Seň tanaryň ýaly, sähra ýaýylar. Ysyn alyp güýz höwrüniň bir ýerde, Meni ýalňyz goýan ýeriň taýa gel. Eger ysym alyp, başyň sämese, Seni küýsäp kükän demim ýana gel! Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Всего комментариев: 0 | |