00:03
"Alyslardan alyslarda galan ýar"
“ALYSLARDAN ALYSLARDA GALAN ÝAR“

Biziň aramyzda menziller ýatyr,
Wagt bize saldy agyr talaň ýar.
Ýöne aramyza adam düşmesin,
Alyslardan alyslarda galan ýar.

Men mejalsyz, habarlarňa garaşýan,
Men bir tukat görnüş, yşga dalaşgär,
Goşgy ýazyp bilýän saňa bagyşlap,
Başga zatlar meniň üçin ýalan, ýar.

Ýyllar saçlaryma ak reňk  çalanda,
Syýam goýalanda gara galamda,
„Bagyşla“ diýmäge geljek bolaňda,
Hiç zat kalba salyp bilmez talaň, ýar.
Seresap bol, zenan göwnü näzikdir,
Bir gün alyslardan gelmeli bolman,
Şol ýerlerde galsaňam bor.
Gynanman.
Alyslardan kän gelesi gelen, ýar
Bolaýmagyň, bolaýmagyň ähtimal.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 16 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: