00:01 Tomus günleri | |
TOMUS GÜNLERI Bu günler men daş çykybam ýöremok, Gidibem ýöremok, ýalňyz seýle kän. Indi men düşünýän, kalbyň döremok, Men indi gerek däl, saňa beýle kän. Öýkeläp duramok,ýazmanyň üçin, Aýaklary bala çümen harplary. „Söýýän...“ „Menem söýýän...“ Näçenji gezek Yzgar ýaly ýumşatdy bu kalplary. „Ýol bardyr arada, Bardyr giňişlik, Aglap ýörme gülüm, habar ýok diýip“ Muny maňa çyn ýürekden diýişiň, Dowinçiň eserni ýatlatdy telim. „Kämil ynsanmyşyk biz bu ýerlerde“, Bagtlymyş bizi gözläp tapanlar. Ýöne men seň sadalygyňy çalyşman, Akyldarlaň dünýä belli toparna. Gözleň mawy syýa, Köňle hat ýazar. Syzyp ýörün henizlerem gussaň men. Ýok seň görküňe däl, Duýgularyňa Ýesir düşen uzyn boýly tussag men. Uzyn boýly ýesir moda däl öýdýän, Garaşýan habar ýok, neçüýn şeýlekä? Belki, gysga boýlyň yşgyndasyň sen, Şoň üçin düşünýän, Belki, men indi Saña gerek bolup durman beýle kän. Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Всего комментариев: 0 | |