23:57
O ýer..
O ÝER...

Seniň maňa, meniň saňa garaşan,
Hal-ahwal soraşan,
Bir gün öýkeleşen,
Bir gün ýaraşan,
Yerimiz—o  ýer...

Duşuşsak  duwlady baglañ ýapragy,
Öpdüñ, beýhuş boldy, çygly topragym,
Şatlandy hem asman çaldy depregi,
Toýmuza garaşan ýerimiz— o  ýer...

Göwünden göwrämi sogrup taşlady,
Ýapraklary sowuk “gowrup” başlady,
Biri paşsa, müñ birisi paşmady,
Yhlasy puç bolan serimiz—o ýer...

Gujakladyñ, sowuk howañ içinde,
Ezizledim, daşymdan däl, içimden,
Arzuwy iberip, gazlañ göçünden,
Asmana ugradan demimiz – o  ýer...

Wepa, yşk bolmasa baglanmaz ykbal,
Biz barmasak, seret, baglar haýykýar.
Aýt, gelmeseñ, ýa gelmesem aýyp bor,
Ol bize, ol bize garaşar hökman,

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 16 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: