22:19 Saña menziller | |
SAŇA MENZILLER Ne kyn, ne bir aňsat, ne bir ýönekeý, O diýen çarkandak dälem ahbetin. Ýöne, men barybir geçýän olary, O menzilleň hupbatlary ýakmasa, Neneň, niçik geçeýin men olary, Iň süýji menziller, Saňa menziller... Garaşýaň, Garaşýan, Tapawudy ýok. Ýok bir wagt ülşi, Ýa boş wakalar. Barylýan ýer, şol bir nokatda durýar, Ýene-de birleşýär göwre, köňüller. Çabraýarka yşgyň howry ýürekde, Iň güýçli menziller, saňa menziller... Käte-käte öýke bilen aýrylyp, Bilýäs, posalaryň aýyrmajagyn. Göwne-de degişýäs, Birek-bireksiz Bilýäsem, onça köp oňulmajagyn. Işlisirän bolýas, Wagtymyz ýokmuş, Barmalymyş, öýmüze ýa, okuwa... Barmalymyş, bir ýerlere-dokuza... He-e-eý, dünýe, sen näme bizi aldaýaň?! Barybir oňanok birek-bireksiz, Bu howlukmaç, bu başagaý köňüller, Iň işli menziller, saňa menziller... Ýyl geçer, aý geçer, kim biler asyr... Aglar ýatlamalar, goja seriňde. Soňra tutup, agtyjagyň elinden, Mekdebe geçersiň ýa-da dükana. Gözýaş geler didelerňe duşuşan Ýerleňden geçeňde, ony göreňde. Bu bir durmuş, senden öňem hut şeýle Bolupdyrlar, Geçipdirler, menzilden. Iň öçli menziller, saňa menziller... Bir gün, Ikimize kyn bolar bilýän. Bu menziller geçilesi gelmezler. Ýolumyzda bizi bir mahal bökdän, Ownuk-uşak päsgelçilikler gaçar. Olaň birem gapdalmyza gelmezler. Yşk gider, dünýe deý, biwepa olam. Taşlar bizi. Bizi neneň, ne halda. Agyrdygyn, kyndygyny bilmez-de, Menzillerem başga-başga aşyklar Geçer durar,duşuşarlar dünýede. Öwrüler kalbymda keşbiň heýkele, Hem yssy mähirli, hemem öýkeli. Bulaň baryn, hemmesini bilýän men, Ýöne seň ýanyňa barýan, ýene-de, Keýpine. Heý bizi aýyrjak barmy?! Baharyň başy deý täsin howaly, Söýgümizem,duýgymyzam owadan. Meňzäp dur ol, baky yşgyň owazyn, Çalyp duran ajap ýaňa köňülde. Ýöne bu gün düşünýän men, nädeýin, Bu zatlaryň şeýle boljakdygyna. Ah, şeýle, guwançly, şeýlebir joşly, Hem iki didäni garradyp biljek, Gözýaşly menziller, saňa menziller... Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Всего комментариев: 2 | |||
| |||