22:09
"Äh-eý..."
„ÄH-EÝ...“

Äh-eý, Hasan, eşidýäňmi, dursana,
Halyny soraly baryp Baratyň.
Ýadyňa düşýärmi, heniz oglankaň,
Halasgäriň çölde ýalňyz halatyň?!

Äh-eý, Hasan, nirä barýaň alňasap,
Maşynyňy saklasana azajyk.
Ýaramandyr, hassahana düşüpdir,
Goňşyň ogly alty ýaşly Agajyk.

Äh-eý, Hasan, bir bäriňe baksana,
Sil gelipdir kendiňize şu gije.
Näme müýnürgeýäň aýgytly pursat,
Gitmelimi, dälmi? Atmaly bije.

Äh-eý, Hasan, wah-eý, Hasan, wah, Hasan,
Gyltym diýip ömrüň ötüp baradyr.
Saňa kazy däl men, dawam ýok, ýöne,
Öň bir dana aýtmyş „...bagtyň garadyr“.

Äh-eý, Hasan, wah-eý, Hasan, wah, Hasan,
Alla bilsin, başda seni kim ýasan?!

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: