22:06
Kalbyñ eýesi
KALBYŇ EÝESI

Edep diňe bir adamyň daşky hereketleriniň sazlaşygyny däl, ol şahsyýetiň kalbynyň tämizligini-de gazanýandyr. Çünki, edep gymmatlygy ýöne bir daşky gömüş bolman, eýsem, içki gözellikleriň jemidir. Türkmeniň gadymyýetden gelýän ruhy kämilligi içki hem daşky gözellikleriň bitewüligini aňlap we ykrar edip bilenliginde görünýär.
Edebiň içki gözellikleriniň hataryna iman edebi girýändir. Ata-babalarymyz akyl-paýhas kämilligine ýetipdirler we adamy içinden terbiýelemeseň, daşky owadanlygyň mazasynyň azdygyna oňat akyl ýetiripdirler. Hereketiň gözellikleri diňe kalbyň gözelliginden gelip çykanda kämillik doly, gutarnykly we bitewi bolýar. Hereket edebi diňe kalbyň edebine daýananda, edeplilik ynamly we kesgitli ruhy gymmatlyga öwrülip bilýär.
Iman edebi – kalbyň edebidir.
Iman türkmeniň ruhy pelsepesiniň gazanan beýik taryhy düşünjesidir. Bu düşünjäniň manysy giňdir we çuňdur, onuň örän köp jähetleri we öwüşginleri bardyr. Çünki, bu baş, merkezi düşünje giňligi taýdan bütin türkmen ruhyýetiniň gabarasyna barabardyr, çägi taýdan milli ruhuň giňişligine deňeçerdir. Iman gymmatlygynda bir damja suwda giden ummanyň häsiýetleriniň jem bolşy kimin, tutuş türkmen ruhunyň özboluşly taraplary durnuk bolandyr. Iman – türkmeniň ähli ruhy-ahlak gymmatlyklara gatnaşygynyň bir sözde ýüze çykmasydyr.
Meseläniň şeýle düýplüligine ünsi çekmek bilen, men bu ýerde esasy iki pursaty nygtamak isleýärin. Birinjiden, iman meselesiniň düýpli, köptaraply we çylşyrymly hakykatdygyndan ötri, ony bir günüňiň çäginde dolulygyna aýdyňlaşdyrmak mümkin hem däl, megerem, beýle wezipäni öňde goýmak maksadalaýyk hem däldir. Şonuň üçinem, bu ýerde sizi gyzyklandyrjak zat imanyň edep jähetleri bolmalydyr. Ikinjiden, türkmen paýhasynyň düýpli gazanan gymmatlygy bolan iman düşünjesine aň etmek isleseň, seniň özüň ruhy gözlegleriň belli bir tejribesini edinen adam bolmalysyň, seniň özüň eýýäm ruhy-akyl kämilliginiň belli bir derejesine ýeten kişi bolmalysyň. Şonuň üçinem, meniň bu ýerde tekrarlajak pikirlerim hem beden, hem akyl, hem ruhy ýaşy belli bir ululyga ýetenlere niýetlenendir.
Iman edebini ele almagyň esasy dört sany şerti bardyr. Bu dördüň birinjisi şahsyýetiň beden ýaşynyň kämilligidir. Beden ýaş kämilligi oglanlyk müçesiniň ortalaryndan – on ýedi-on sekiz ýaşlardan başlanýar.
Dördüň ikinjisi – akyl ýaşynyň kämilligi, takmynan, şol döwür bilen baglanyşyklydyr, çünki şoňa çenli adamyň akyl, pikir ukyplary doly açylyp ugraýar. Akyl içinden açylýar. Şondan beýläk akyl daşyndan açylmak bilendir, ýagny ukyplaryň diňe daşdan gelýän zadyň – tejribäniň hasabyna kämilleşmegidir.
Dördüň üçünjisi – ruhy kämillik daşky dünýä bilen ruhy gymmatlyklar jähetinden baglanyşyga girmekligiň tejribesidir. Munda adam ömrüniň manysyny düzýän düşünjeler barasynda şahsyýet ruhy aňlamalara ulaşýar, kalby ruhy gözlegler arkaly baýlaşýar.
Dördüň dördünjisi – ahlak kämilligi ruhy gymmatlyklaryň şahsyýetiň «menine» siňmegidir, duýgularyň, pikirleriň we ynançlaryň şahsy baýlyga öwrülip, adamyň hereketleriniň olar arkaly şertlendirilmegidir.
Dördüň jem bolan ýerinde, adamyň iman edebine taýýarlyk derejesi ýüze çykýar. Aslynda-da, ulalmak – täze derejelere taýýar bolmakdyr. Ol derejeleriň bolsa soňy ýokdur, şonuň üçinem, kämilligiň çägi ýok diýen pikir hakykatdyr.

* * *
Iman adam şahsyýetiniň ruhy azatlygynyň meselesidir. Iman – barlyga hut özüň bolup, diňe «men» bolup gatnaşmak, ruhy düşünjelere şahsy gatnaşygyňy bildirmekdir. Iman adamyň özüniň ýetmeli ruhy derejesidir, adamyň hut özüniň gazanmaly ruhy gymmatlygydyr. Çünki, adama daşyndan öwredip bolmaýan närseler bardyr. Olaryň nämedigini daşyndan diňe salgy berip bolar, emma olara adamyň diňe özi ýetip biler. Näçe akyl hem pikir emellerini ulananyňda-da, aýdaly, gyzgyn suwuň nämedigini düşündirip bolmaz. Emma, ol öz elini gyzgyn suwa sokanda, diňe şonda ol munuň nämedigine düşünip galar. Iman hem adam şahsyýetine bil baglamakdyr.
Ýaş adamyň özi yşka düşmese, oňa yşkyň nämedigini düşündirip bolmaz. Yşka düşmek bilen ol hut özüniň ruhy tejribesini ediner. Yşka ulaşmak bilen ol hut özi bolup ýaşap görer.
Iman hem yşkdyr. Imanyň şerti yşk, netijesi bolsa ruhy hakydadyr. Diňe şu nukdaýnazardan seredeniňde, imanyň düýp, asyl manysyna pelsepe hakykaty derejesinde doly göz ýetirip bolýar.
Iman aslynda ynanç diýmekdir. Adamy söz bilen daşyndan ynandyrmak çäkli zatdyr. Adam hakykata özi ulaşansoň, özi bolup göz ýetirensoň, diňe şondan soň ynanyp biler. Hakykata göz ýetirmek diýilýäni bolsa, yşka düşmek we yşk ýoluny geçmek hadysasydyr.
Yşk – ruhy-ahlak kämilliginiň hususy ýoludyr. Bu ýoluň tejribesi hakynda gürrüň edip bolar, emma ony bir adamdan başga birine geçirmek asla mümkin däldir. Yşk – ruhy ömürdir. Hiç mahal bir adam başga biriniň deregine ýaşap bilmez, hiç mahal bir adam başga biri bolup ömür sürüp bilmez. Ahyrky netijede imana getirýän yşkyň ruhy ýolyda şonuň ýalydyr. Adama ylym öwredip bolar, emma iman öwredip bolmaz, yşk hem öwredip bolmaz. Biziň geçmişdäki beýik akyldarlarymyz bu inçe hakykata oňat göz ýetiripdirler, munuň özi türkmen ruhunyň ösüşindäki aýratyn möhüm dereje bolupdyr. Çünki, bu hakykat bir zady – adam şahsyýetine ruhy gözlegler meselesinde erkinlik, azatlyk, «menlik» bermegiň zerurdygyny ýüze çykarypdyr. Din ýoluna köpçülik bolup düşülýär, emma iman ýoly ýekelikde geçilmeli. Dini söz we aýry-aýry dessurlar derejesinde tekrar edip bolar, emma iman diňe ýürege we kalba degişli ruhy hadysadyr.
Biziň beýik akyldarlarymyz din bilen imanyň özara baglanyşygyny ykrar edipdirler, emma şol bir wagtda-da bularyň biri-birine meňzeş bir zat däldigini nygtap geçipdirler. Diniň imandan inçe tapawudyny aňlamakdan türkmen ruhunyň ösüşinde täze döwür başlanyp, bu ahyrsoňunda şahsyýetiň ruhy azatlygyna we jemgyýetiň dünýewileşmegine alyp barýar. Şu ýerde iman düşünjesiniň many giňişligi hakynda aýtmak isleýärin. Iman – Hudaýa ynançdyr. Iman – ruhy gymmatlyklara ynançdyr. Olaryn iň ulusy, iň esasysy bolsa, elbetde, Hudaýdyr. Iman ýüregiňde we ýüregiňden Hudaýyň bardygyny ykrar etmekdir. Hudaýa ýöne ýerden akyl ýetirip bolmaýar. Diňe ýüregiňi bermek arkaly Hudaýa akyl ýetirip bolýar diýip, geçmiş akyldarlarymyz öwredipdirler.
Ynanç subutnamadan döremeýär.
Ynanç duýgudan döreýär.
Imanlylyk Allanyň bardygyna we birdigine göz ýetirmek, bütin ruhy tejribäň arkaly şu hakykaty duýmakdyr, syzmakdyr. Akyly öwredip bolar, emma imany öwredip bolmaz. Çünki ol hususy häsiýetli, hususy tebigatly duýgy açyşydyr.

* * *
Duýgy açyşlary yşkyň ýolunda amala aşyrylýar. Biziň milli ruhy mirasymyzda yşk ýolunyň çeper-pelsepe teswirleri oňat beýan edilendir. Beýik-beýik pirleriň, keramatlylaryň ömür teswirlerinde esasy pursat yşk ýoludyr. Bu ýolda olar özlerini dürli ruhy güzaplara we kynçylyklara dözüpdirler. Ol kynçylyklaryň we güzaplaryň ahyrky çözgüdi Alla göz ýetirmek, ýüregiňden Alla iman getirmek hasaplanylypdyr. Baýazit Bistami, Ýunus Emre, Ýusup Balasagunly, Hoja Ahmet Ýasawy, Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Bahaweddin Nagyşbendi, Jelaleddin Rumy, Nesimi, Nowaýy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy – bu yşk sanawyny näçe artdyrsaň artdyrybermelidir. Bu ägirtleriň ruhy gazananlary milletimiziň baky ruhy mirasydyr.
Iman şahsyýetiň ýeke-täkligine, gaýtalanmazlygyna ýol açýar. Emma şahsyýet ýeke ýaşap bilmez. Yşkyň düýp manysy şundan ybaratdyr: yşk şahsyýete ähli ruhy mümkinçiliklerini açmaga pursat berýär. Ruhy mümkinçilikleriň açylmagy üçin daşky barlyga ikiçäklik gatnaşygy zerurdyr. Islendik gömüşdäki, islendik manydaky yşk bolsa, hut şoldur, dünýä ikiçäklik gatnaşygydyr. Ikiçäklik – pynhanlyk, hylwatylykdyr. Munda üçünjä-de, hususyýetden mahrum bolan köpçülige-de orun ýokdur. Beýik sopularyň yşky Allany şahsyýete öwürmek, şol şahsyýete ýüregiňi bermekdir, çünki şahsyýetleriň – iki sany şahsyň ýok ýerinde hiç hili yşk mümkin däldir. Yşk dünýäsi diňe iki sany şahsy – «meni» we «seni» bilýär. Şeýle howaly, belent söýgi duýgulary öten akyldarlarymyzyň mynajatlarynda örän çuňňur beýan edilipdir. Bu mynajatlaryň manysyndan çen tutsaň:
yşk – munuň özi barlyga düşünmegiň, ýaşaýşa göz ýetirmegiň ýörelgesidir;
yşk – munuň özi dirilige göwün bermekdir;
yşk – munuň özi ölümi inkär etmekdir.
Yşkyň netijesi Hak ýadydyr. Bu düşünje wagtlaýynlykdan ýüz dönderip, bakylyga gol ýapmagy aňladýar. Hak ýady haýryň, ýagşylygyň hem-de päkligiň hataryna, gowulygyň sanyna geçmekdir. Hak ýadyna geçen adamyň dünýäsi has gözeldir hem kämildir. Onuň kalbynda we aňynda erbetlige hiç hili orun ýokdur. Hak ýady – bakylyk nukdaýnazarydyr. Şol nazardan bakanyňda, adam ömri manylaşýar, adam maksatly-myratly ýaşaýyş we durmuş ölçeglerini edinýär. Bu ölçegleriň düýp manysy bolsa – ruhy we ruhy gymmatlyklary özge zatlardan belentde goýmakdyr.
Türkmeniň iman düşünjesinde ruhy ösüşiň amalyny görüp bolýar. Iman dini manyda bakylyk dünýäsinde ýaşamaga hukukdyr. Imanyň biziň dünýewileşen aňymyz üçin has gymmatly ruhy-ahlak manysy bolsa – ýüregiň ruhy doklugy we ynsabyň berkligidir. Dünýewileşiş halatynda imanyň täze görnüşleri peýda bolupdyr. Olary:
Hudaýa iman;
Watana iman;
halka iman;
ýaşaýşa iman;
ahlaga iman –
görnüşlerinde tapawutlandyryp bolar. Hudaýa iman – Hudaýyň barlygyna we birligine ynanmakdyr. Bu ynanç adamy bimany, biweç wagtlaýynlykdan halas eder.
Ýalan söz bilen bagta ýeterin öýtmek salgyma kowalaşmakdyr. Hakykat – Allanyň ýalkawydyr!
Gadym zamanlarda bir pähim-parasatly patyşa bar eken, il arasynda at-abraýy hem ýokary eken. Ýöne bu patyşanyň bir ýetmezi bar eken, ol ýetmezi hem perzentsizligi eken.
Patyşa bir gün ogullyk edinmek kararyna gelýär. Şol maksat bilenem ol il arasynda jar çekdiripdir: «Ah-how, halaýyk, ertirki gün eşitdim-eşitmedim diýmäň, anna güni patyşa ogullyk edinmekçi bolýar. Ogullyk on ýaşyndaky oglan bolmaly, patyşa tagty ogullygyna tabşyrmak, özi dynç almak isleýär. Kimde-kim patyşamyza ogullyk bolmak islese, anna güni günortan köşgüň öňündäki meýdança ýygnanmalydyr-how».
Diýlen wagty köşgüň öňündäki meýdança on ýaşlaryndaky oglanlardan dolýar.
Patyşa ogullyk bolmak isleýänleriň her birine özi elin bar goşawuç gülüň tohumyny paýlap çykýar-da, şertini düşündirýär: «Şu tohumlary ekip ýetişdirip, soňra bir desse gül bogup getirmeli. Şol desse gülleriň haýsy birisi patyşa ýarasa, şol desse güli ýetişdiren oglan patyşanyň ogullygy bolýar. Güli ýetişdirmek üçin üç aý möhlet berilýär. Göni üç aýdan soň, şu ýerde duşuşmaly».
Üç aý geçýär. Patyşa köşgüniň öňündäki meýdança çykýar. Görse, meýdança al-elwan gül. Gülüň tohumyny alyp gidenler elleri gül desseli özleriniň bagtly pursatyna garaşyp durlar.
Patyşa elleri gülli oglanlary synlap, ýöräp barýar. Ýöne olaryň biriniň ýanynda-da duranok.
Meýdançanyň aňry çetinde eli gülsüz bir oglan gözýaş döküp dur.
Patyşa, ana, şol oglanyň ýanyna baryp saklanýar:
– Sen näme üçin aglap dursuň? – diýip, patyşa ol oglandan sorapdyr.
Oglan arzy-halyny aýdypdyr:
– Kyblaýy älemim, men siziň beren tohumyňyzy gögertjek bolup gaty yhlas etdim. Her näçe yhlas etsemem, ol tohumlar gögermedi. Men tohumyň gögermändigi, siziň meni ogullyga almajakdygyňyz üçin aglaýaryn.
– Onuň üçin aglama, men seni ogullyga alýaryn. Seniň gülleriň gögermändiginiň sebäbi bar. Men ol tohumlary gögermez ýaly, suwda gaýnatdym. Bu gül getirenler meni aldamak isläpdirler. Bularyň gülleri meniň beren tohumymdan däl-de, başga tohumdan gögeren güller bolmaly – diýip, patyşa başyny aşak salyp, oglany gujaklapdyr. – Sen maňa hakykaty aýtdyň, ýalan sözlemediň. Bilgin, ýalan sözlän däl-de, hakykaty boýun alan bagta ýetýändir.
Türkmen ýaşlary Hudaýa ynanmalydyr. Hudaýdan gorkmalydyr. Hudaýdan gorkmak ejizlik däldir, çünki bu gorkynyň ruhy manysy bar. Ol ten duýgusy däldir. Ol wagtdan ýokarda, tenden, maddadan ýokarda duran Beýik Ruhuň hökmürowanlygyny ykrar etmekdir, oňa öz ruhy ýaşaýşyňda tabyn bolmakdyr.
Watana iman – Watany öz janyňdan ilerde goýmakdyr. Ony özüňden has gymmatly närse hökmünde ykrar etmekdir.
Halka iman – millet, il-gün bähbitleriniň öz hususy bähbitleriňden ileriligini ykrar etmekdir. Biz bolmasagam, il-gün bolardy, il-gün bolmasa welin, bizem bolmazdyk diýen ynanja gulluk etmekdir.
Ýaşaýşa iman – dünýä gözelliginiň ýaşaýyş manysyny ykrar etmekdir. Ýaşaýyş her bir adam üçin ahyrky netijede çäklidir. Emma hut giň çäklilik hem onuň gözelligini we manysyny kesgitleýär.
Ahlaga iman – hut şol çäkli ýaşaýyşda, kesgitli ömürde adamyň anyk ahlak ölçegleri boýunça ýaşamalydygyna ynançdyr. Adamzat jemgyýeti ahlagyň üstünde durandyr. Ahlak – adamlar arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygy ýok bolsa, adam tebigatynyň bozulyp, onuň azýandygyna taryh şaýatlyk edýär. Şonuň üçinem iman – ynanç biziň ýaşaýşymyzyň binýadydyr.
* * *
Mähribanlarym!
Türkmenler köne adatlaryny asyrlarboýy tämizläp, kämilleşdirip gelipdirler, dinler çalşanda hem özleriniň däp-dessurlaryny berjaý edipdirler.
Türkmeniň yslamy parahatçylykly ýol bilen kabul etmeginde, öňki ynançlary, adatlary, däp-dessurlary uly orun eýeläpdir. Özleriniň ozalky ýol-ýörelgeleriniň iň gowy taraplaryny yslam bilen utgaşdyryp biljek ýagdaýynda halk yslamy kabul etjekdigini yslamyň wagyzçylaryna düşündiripdir.
Yslamy ýaýradyjylar türkmenleriň aňyrdan gelýän ynançlarynyň-da, däp-dessurlarynyň-da täze dine zyýanynyň ýokdugyna göz ýetirip, halkyň yslama erkin ýagdaýda girmegini gazanypdyrlar.
Elbetde, diniň halka şular ýaly diplomatik ýollar bilen ornaşdyrylmagynda Gorkut atanyň ornunyň uludygyny göz öňünde tutup, Gorkut ata bizi yslama getiren şahsyýetdir diýýäris. Türkmen taryhynyň ikinji Gorkut ata eýýamy yslam dininiň wagyz edilen eýýamydyr. Gorkut atanyň wagyzy netijesinde üçünji Görogly eýýamynda türkmen halky köpçülikleýin yslamy kabul etmäge başlaýar we yslamyň din gylyjyna öwrülýär.
Yslam arassalygy we niýetiň-päliň düzüwligini, sahawatlylygy ündeýär, hilegärligi, gysyklygy, zalymlygy bolsa ýazgarýar.
Yslam dini ynsanperwer din, ol beýleki dinleri ykrar edýär, olara päsgel bermeýär. Yslam dini ýaýran hemme ýurtlarda-da musulmanlar bilen bilelikde başga dindäki milletler hem ýaşap, öz dinlerini ýöredýärler, olara hiç hili gapma-garşylyk ýok. Gaýtam, bir din beýlekini inkär etjek bolsa, yslam oňa garşy çykýar. Geçmişde käbir dinleriň içinde azlyk halklaryň dininiň kemsidilýän wagty bolupdyr. Ýöne yslam beýle zada ýol bermeýär. Käbir ýolbaşçylar dini perdelenip, agzalalyk döretmäge synanyşýar. Ony hem esaslandyrjak bolýarlar, ýöne onda esas ýok. Esasy bolmadyk zat hem tiz synýar. Häzirki döwürde dünýäde üç müň din-ygtykat bar. Ýöne dünýädäki dürli-dürli din-ygtykatlaryň imany birdir.
Türkmen halky yslam dinine kalby bilen, köňli bilen, ýüregi bilen ynanyp, ony özüniň ozaldan gelýän ynançlary bilen, adaty, däbi-dessury bilen utgaşdyryp ruhuna siňdiripdir.
Türkmen Gurhanyň, hadyslaryň ähli oňatlyklaryny ýörelge edinen halk. O! bir Taňra uýýar. Ol ýeke-täk Allanyň gudratyna ynanýar.
– Kimiň guly bolarsyň?
– Allanyň guly bolaryn!
– Kimiň ymmaty bolarsyň?
– Muhammet ymmaty bolaryn!.. – diýip, türkmen çagasyna-da dil bitip ugrandan şony gaýtaladyp, bu dini nesillerine wagyz edýär.
Diňe oňat zatlar wagyz edilýär.
Wagyz edilýän, ýatda galýan zatlar halkyň ýüregine ornaşýar.
Halkyň ýüregine ornaşýan zatlar şol halkyň ýoluny ýagtyldýar.

* * *
Adama gylyk-häsiýetleri boýunça baha berýärler. Allatagalanyň emri bilen dünýä inýän her bir çaga almaz ýaly päk, almaz ýaly arzyly, almaz ýaly gymmatbaha. Almaz ýaly çaga kemala gelip, kämillige gol berip, kemini dolduryp, artygyny gyrdap, ýonup-ýylmap, göwhere öwrülýär. Göwhere öwrülibem Allanyň dergähine dolanýar.
Gelende ýüz adama şatlyk beren çaga, ýaşap, müňlerçe adama bagt berip, ölümine adamlary gynandyryp, jahandan gaýdýar.
Dünýä gelen her bir adamyň bezegi – gylyk-häsiýetleridir.
Allatagala her bir adama özüne mynasyp görk-görmek, boý-syrat berýär, daş keşbini geýim-gejim bilen bezeýär, emma adamyň iň gymmat, arzyly zady gylyk-häsiýetleri bolýar.
Hanha, bir menzilde ençeme agaç hellewleşip otyr. Olara daşdan garap, haýsynyň saýaly, haýsynyň miweli, haýsynyň uzak ýaşaýan, haýsynyň gysga ýaşaýandygyny, portdugyny, berkdigini bilip oturmaly. Miwesiz daragtlar uly, ýaýbaň, haýbatly bolýar, şahalary al-asmana uzaýar. Miweli daragtlaryň şahalary aşakdyr, ene ýere ýakyndyr.
Adamyň Allatagala tarapdan berlen gözelligi daşynda, özüniň gazanan gözelliginde bolýar.
Her bir adamyň özüne mahsus gylyk-häsiýetleriniň bolşy ýaly, her bir milletiň hem özüne bap gelip duran gylyk-häsiýetleri bar. Biziň halk bolup, bäş müň ýyllap döwran süren milletimiziň müňýyllyklarda kemala gelen onlarça ajaýyp gylyk-häsiýetleri bar.
Obada toý bolýar, sadaka bolýar. Ine, şonda kimiň-kimdigini bilip oturmalydyr. Işjanly, galdaw adam derrew bilini guşap, hyzmata barar. Ine, görseň, ýa mal soýup, ýa gazana ojak gazyp, ýa odun döwüp ýörendir. Ýene biri bardyr, ol dessine beýemçilik edip başlar: ýaş-ýeleňlere görkezme berip, guramaçylyk işlerini gül edip ýörendir. Ýene bir adam bar, ol dessine düşek üstüne geçip, öňüne goýlan çäýnekden çaý içip, adam baryny daşyna jemläp, toýy toýa, ýasy ýasa meňzedip oturandyr.
Türkmen gylyk-häsiýetleri: lebzine ygrarlylyk, sözüniň eýesi bolmak, wepalylyk, garadangaýtmazlyk, merdi-merdanalyk, edermenlik, batyrlyk, geçirimlilik, salyhatlylyk. jomartlyk, kanagatlylyk, sabyr-takatlylyk, ruhubelentlik. dözümsizlik, ugurtapyjylyk...
Biz näme diýip «Gorkut ata» kitabyny, «Görogly» şadessanyny çyn ýürekden söýýäris, çünki biz ol eserlerde ata-babalarymyzyň – hakyky türkmeniň jöwher ýaly ýanyp duran gylyk-häsiýetlerini görýäris, şol gylyk-häsiýetler esasynda özümizi terbiýeleýäris.
Tymsal: Salyr Gazan obasyna ýagy çozanyny düýşünde oraşan görüp, ýalňyz özi meýlisi taşlap gaýdýar. Ol Garaja çopandan duşmanlaryň obasyny, ilini talap gidenini, köp-köp gabahatlyklary edenini bilýär. Duşmanlara garşy söweşde edermenlik görkezen çopan Salyr Gazan bilen duşmanyň üstüne gidermen bolýar. Ol Salyr Gazanyň töwellasyna bakman, söweşde wepat bolan gardaşynyň aryny almaga gitjek.
Emma, Salyr Gazan Garaja çopany ýoldaş edinip bilmeýär, çünki, ol beg. Beg kişi çopan bilen söweşe girip bilmez. Ol aryny ýalňyz özi almaly, ýogsam, ertir erni ýyrtyklaryň biri: «Salyr Gazan ar almaga ýalňyz gitmäge gorkup, çopan-çolugyny ýanyna alypdyr» diýip, tagna edäýmegi mümkin. Şeýlelikde, Salyr Gazan ugurtapyjylyk bilen çopany äpet agaja daňyp:
– Çopan, garnyň gorulmanka, garaňky düşmänkä boşamagyň garnyny edewer – diýip, ýalňyz gidiberýär.
Salyr Gazan birsalymdan yzyna seretse, Garaja çopan gelýär, arkasy äpet agaçly.
– A-haw, çopan, arkaňdaky agaç näme?
– Agam Salyr Gazan duşman bilen tutluşyp ýadar, ot ýakyp, çaý-nahar etmäge gerek bor diýdim-dä...
Görýäňizmi, gadym dünýä mahsus giň gylyk-häsiýet, ugurtapyjy söz uruşmalary...
Türkmene muwapyk pespällilik, kiçigöwünlilik, ruhubelentlik, şahandazlyk, suhanwerlik, gaýratlylyk, ugurtapyjylyk, sabyrlylyk, gerek ýerinde harby hilegärlik, tarhandökerlik, jomartlyk – biziň üçin uly mekdep! «Gorkut ata» kitabynyň gahryman begleri hem, Görogly hem hiç haçan degmedige degmeýär. Üstüne sümüp gelen duşmana garşy hem ilki hoş söz bilen çykýar. Iň soňunda duşmany diňe ýeňmek bilen çäklenmän, duşmandan dost edinýär. Beýle gylyk-häsiýetler pygambere mahsus gylyk-häsiýetler dälmidir?
Kimde-kimiň pikiri aýdyň, maksady belent bolsa, şol adamyň içki dünýäsi gözel, owadan, mähriban bolýar. Içki dünýäsi gözel kişileriň gylyk-häsiýetlerem gözel, saýhally bolýar. Içki dünýäsi, pikir matlaby gözel adamlaryň nazarlary dury, gözleri röwşen, ýüzleri nuranadyr.
Biziň her birimiziň gylyk-häsiýetlerimiz maşgalada, mekdepde, ýaşaýan jemgyýetimizde, tirkeşýän dost-ýarlarymyzyň, okaýan kitaplarymyzyň, dünýägaraýşymyzyň esasynda kemala gelýär. Özüni ýeňip bilýän adamlaryň häsiýeti nusga alarlykly bolýar, diňe öz göwnüne gulluk edip, özüni bilýän adamlaryň häsiýeti şemal ýaly öwsüp durandyr.
Hatda häsiýetsiz adamlar hem bolýar, çünki olar durmuşda omuny tapmadyk, bimaksat adamlar.
Pikiriňiz gözel, maksadyňyz beýik bolsa, gylyk-häsiýetleriňiz hem owadan bolar, ýaşaýşyňyz hem lezzetli!
Gadymy hem dana türkmen halky gapysynda saklaýan haýwanlaryna çenli öz asylly häsiýetlerini geçirip bilýär. Görogly ýassyk ýaly uly kitabyň ahyryna çenli ganatly Gyratyň häsiýetlerini wasp edip, aňyrsyna çykyp bilmeýär. Sebäbi Göroglynyň Gyraty akylly, düşbi, eserdeň. Ol ýüzüne seredenden Göroglynyň näme isleýänini duýýar. Gyrat Görogly bilen ýürekdeş.
«Mal eýesine çekmese, şumluk» diýýändir türkmen.
Eziz türkmenim!
Men seniň türkmeniň gadymdan gelýän beýik gylyk-häsiýetlerini çuň öwrenip, döwrüň belentligine galmagyňy, asyllylyga, ruhanalyga, beýik tutumlara ýaran bolmagyňy isleýärin. Şonuň üçin hem men türkmeniň ata-baba kämil edim-gylymlaryny seniň dykgatyňa ýetirmäge çalyşýaryn we seniň ol häsiýetlere imrinjekdigiňe berk ynanýaryn.

* * *
Adama geçirimliligi boýunça baha bererler. Tebigat adam ogluna ençe gözel-gözel häsiýetleri beripdir. Elbetde, olaryň ählisi gözel, birini ikinji orunda goýup, beýlekisini ýokaryk geçirer ýaly däl. Men agyr geçen çagalygymy, ýaşlygymy, bütin ömrümi akyl eleginden geçiren halatym, geçirimlilik häsiýetimi bijebaş edäýesim gelip dur.
Men bir zady magat bilýärin. Eger kalbyňda jennet bolmasa, sen kalbyňy jennet ýaly gözel edip bilmedik bolsaň, öleniňden soň jennete baryp bilmersiň.
Eger seniň kalbyňda Hudaý ýok bolsa, öleniňden soň hem Hudaýyň huzuryna baryp bilmersiň.
Eger seniň kalbyňda dowzah bar bolsa, jennete eltilmersiň, kalbyňda melgun bar bolsa, Biribary'ň ýanyna eltilmersiň.
Her bir adamyň gursagynda Wyždany bar. Dindarlar oňa iman diýýärler. Adam ogly dünýäde Wyždany bilen ýaşaýar, Wyždanyny alyp hem bakylyga gidýär. Wyždan biziň ýagşy-ýaman işlerimiziň terezisi. Wyždan biziň kalbymyzdaky mähek daş.
Eziz oglum, mähriban gyzym!
Wyždan saňa seniň kimdigiňi, seniň dostuň kimdigini aýdyp berer. Aýalyňy, ogluňy-gyzyňy il-ulsuňy aldap bolar, emma Wyždany aldap bolýan däldir.
Wyždan – Allatagalanyň wekili.
Allany, Allanyň wekilini aldap bolmaýar.
Wyždanyň beýikligi – ol geçirimli. Wyždan geçirýär, düýe ýaly, dag ýaly mähnet etmişiňi dary ýaly edip geçirýär, emma unutmaýar, barysy onuň hakydasynda, ol barysyny ýazýar...
Durmuş ýylsaýyn, asyrsaýyn çylşyrymlaşyp gidip otyr. Dünýä gelen her kim belent mertebä galjak, baý boljak, han boljak, garaz, ýaşaýyş ugrunda göreş barýar. Şol göreşlerde, öňi bilen, kalbyňa ýara salýarlar, içiňden urýarlar, namartlyk edip, alnyňdan çukur gazýarlar. Eger olaryň her birine jogap berjek bolsaň, ömrüňi bolgusyz adamlar bilen göreşip geçirmeli.
Bir içegen kişi arakdan doýup, bir jöhidiň ýakasyndan tutup, idirdedip urşjak bolýarmyş. Akylly jöhit bolsa:
– Men saňa näme etdim, ilki düşünişeli – diýipdir.
– Siz biziň Hudaýymyz Isany haça çüýläpsiňiz?
– Baý-bow, iki müň ýyl mundan ozal edilen etmiş ahyry ol ...
– Men ony düýn eşitdim, aryny hem şu gün senden alýan – diýip, içegen kişi urşanmyş.
Ar aljak bolmak, içiňde kitüw saklamak asylly kişä gelişýän sypat däldir. Özüňe edilen ýamanlygy geçirip bilmek, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir. Geçirimlilik – adam oglunyň iň saý, iň eziz häsiýetleriniň biridir.
...Men gaty ir oýanýaryn. Gijäniň ümüş-tamşyny, ýyldyzlaryň gögüň ýüzünden ýeke-ýeke öçüşini, dünýäniň gylla ýaryny al-elwan nura boýaýan sabany görmegiň özem bir lezzet. Ýaňy ümüş-tamyş bolan çagy daragtlaryň üstündäki guşlaryň müň dürli owaz bilen saýraýşy dünýäniň islendik orkestriniň simfoniýasyndan ajaýyp. Ümüş-tamyşda guşlaryň özleri görünmeýär, ýöne her biri özüne muwapyk owazy bilen, baý-baý, saýramak saýraýar-a.
Olar Allatagalanyň ýene bir bagyş eden owadan sabaly Gününe begenýär.
Heý, şeýdip her bir dogan Güne begenip bilýänimiz barmy? Meger, ýokdur. Ynha, şonuň üçinem, Allatagala guşlara ganat beripdir, bize bolsa bermändir.
Biz her bir dogan Güne guşlar ýaly begenip, lezzet alyp bilmeýäris. Her gün irden täzeden dünýä inen ýaly bolup, ukudan oýanmany köpimiz başarmaýarys. Şeýle adamlar bolýar, oglanjykka biriniň göwnüne degenini hem bagyşlap bilmän ýör. Netijede, ol geçmişdäki köne derdini ýany bilen göterip ýör.
Geçirimli bolmaly, erbetligi gursagyňda göterip ýörmän, unutmaly. Diňe şonda öz kalbyňy özgäniň salan ýarasyndan arassalap bolýar.
Isa pygamber özüni haja çüýletjek bolup gygyryşýan adamlary synlap:
– Eý, Atam Hudaý, sen olaryň günäsini geç! Näme edip ýörenlerine olaryň akyly ýetmeýär ahyry! – diýip, öz duşmanlarynyň günäsini geçmegini haýyş edipdir.
Durmuş bolsa başga sapak berýär: degdimi, ikini istemez ýaly et. Huna – hun, gana – gan.
Adamzat kämil däl, eger ol kämil bolsa, kişiniň kalbyna ýara salmazdy.
Hany, Magtymguly ýaly kämil kişi barmy, penjesine ýumruk ýaly köz alyp: «Eger döze bilseň, kylgyl bu işi» diýip duran.
Kethudalar maslahatynda dyzmaç begleriň biri Togrul bege eşitdirip-eşitdirmän ýakymsyz sözleri aýdypdyr. Togrul beg eşitmezlige salypdyr. Maslahat gutaryp, Togrul beg ýakynlary bilen galanda, olaryň biri:
– Ol köpeý ogly, jylawyny çeýnäp nejisini aýtdy oturdy welin, sen gulak gabartmadyň, Togrul beg – diýipdir.
– Men-de köpeý ogly bolan bolsam, gulak goýardym, merkinem bererdim, ýöne men köpeý ogly däl, seljuk ogly! Onsoňam, her bolgusyz söze gulak goýup ýörjek bolsaň, han bolup bolmaz! Men o mahal Allama, asmana gulak goýup otyrdym... – diýip, Togrul beg jogap beripdir.
Geçirimli adam birbada iki adamy halas edýär: hem özüni, hem bolgusyzlyk küýseýän kämil däl kişini!
Ilki özüňizi bagyşlamagy başaryň! Soňra özgeleri bagyşlamagy başaryň!
Adamyň günäsini geçip bilýän adam_ är kişidir, Allanyň ýalkan kişisidir. Geçirimlilikde täsin bir güýç, ýalkaw bar. Geçirimlilik adama döwletlilik, hormat bolup gaýdyp gelýär. Men geçirimlilik babatda Buddanyň durmuşyndan bir wakany gürrüň bereýin. Garaşman durkaň her hili wakalar bolýar. Garaşman durka Buddanyň ýanyna biri gelýär-de, birden onuň ýüzüne tüýkürýär. Budda ýüzüni süpüripdir-de, garşysynda durana parahat garap:
– Başga-da aýtjak zadyňyz barmy? – diýipdir.
Bu awhalaty gören Buddanyň şägirdi Ananda dergazap bolupdyr:
– Halypam, bu ýelemýüwlediň eden işine çydap bilemok. Muny ýençmäge rugsat ber.
Budda Anandany saklap:
– Bu nätanyş kişi seniň ýanyňa däl-de, meniň ýanyma geldi. Bu bir. Ikinjidenem, bu adama içgin syn et. Onda betbagtlyk bardygyny görýärmiň? Ol öz betbagtlygyny, içiniň ýangynyny nädip ýok etmelidigini bilenok. Ol çykalga, teselli gözleýär. Ol öz içki harasadyny başgaça nädip ýüze çykarjagyny bilenok. Bu adamyň içinde gahar-gazap bar bolsa, meniň içimde söýgi-muhabbet bar. Men hem bu adam ýaly, öz içki ahwalatymy nädip daşary çykarjagymy bilemok. Men bu adamyň kynçylygyny görýärin. Ananda, senem görýänniň? – diýipdir.
Gaharly kişi Budda bilen Anandanyň bolşuna aňk bolupdyr. Eger Budda ar almak üçin topulan bolsa, onda ol geň galmazdy. Eger Ananda halypasynyň mertebesini goramak üçin topulan hem bolsa, ol gaharly kişi geň galmazdy. Şeýle hereket – adaty, garaşylýan hereket. Ýöne birini masgaralandygyň üçin jezalandyrylmazlygyň garaşylmaýan zatdy.
Ol adam Buddanyň giňligine haýran galyp gitdi. Uzak gije Budda hakda oýlandy. Oýlandygyça, öz eden telek işine düşündi. Budda hormaty artdy.
Ol adam şol günüň ertesi daňdan Buddanyň ýanyna gelip, aýagyna ýykyldy. Buddanyň aýagyny ogşady.
Budda Ananda şeýle diýdi:
– Görýärmiň, ýene düýnki ahwalat! Ol meni şeýle bir sylaýar, ýöne ony söz bilen düşündirip bilenok. Şeýle bolansoň, ol meniň aýagyma ýykylýar. Görýänniň, adam şeýle bir biçäre. Ol aýtmak islän zady köp bolanda herekete geçýär. Aýtmak isleýän zadyny dolulygynda, şireliliginde, öwüşginliliginde aýdyp, ýetirip bilmän kösenýär. Dil, köplenç, ejiz gelýär. Onsoň adam has amatly nyşan, alamat agtarýar. Bu adamyň aýagyma ýykylmasy – öz içki ahwalatyny iň amatly, iň täsirli nyşanda, ahwalatda beýan etdigi.
Düýnki adam Budda ýüzlenipdir:
– Eý, beýik halypa! Sen meniň eden etmişimi, samsyklygymy bagyşla. Günämi öt! Men eden etmişime ökünip aňyrsyna çykyp bilemok. Günämi geçmegiň üçin näme etmeli bolsam, men taýýar.
– Ýadyňdan çykar! – diýip, Budda nätanşy köşeşdirmäge çalşypdyr. – Üns berseň, ýüzüne tüýküren adamyň bu gün ýok. Bu gün sen düýnki adam däl. Bu gün sen başga adam. Bu gün menem. başga adam. Bu gün sen başga adama öwrüldiň. Jogabyňy bermek üçin ýüzüne tüýkürere bu gün sen düýnki adam däl-ä!

* * *
Her bir adam ýaşaýşyny gazanjyna hem ruhy derejesine görä guraýar. Her bir jemgyýetiň gurluşam gazanjyna, paýhas kämilligine, ruhy jomartlygyna görä gurulýar.
Adamzat ýaşaýşynyň ösmegine haýyr-sahawat işleri örän uly goldawdyr. Haýyr-sahawat adamzadyň ganynda, ruhunda, tebigatynda bar. Uly dinler döräninden soň, haýyr-sahawat işi kadalaşdyrylypdyr. Her kim öz gazanjyndan hüşür, zekat, pitre bermek ruhy borja öwrülipdir. Her obanyň metjidi, mekdebi geçmişde haýyr-sahawatdan – wakyfdan gelýän girdejileriň hasabyna gurlupdyr. Seljuklar zamanynda türkmen halky ummasyz baýap, haýyr-sahawat işleri görlüp-eşidilmedik derejede ösüpdir. Seljuk şalary, wezirler, gaýry uly wezipede işleýän adamlar, uly baýlar öz gazanjyna uly-uly metjit-medreseler, mekdepler saldyrypdyr. Keselhanalar, galandarlar, derwüşler üçin hanakalar gurdurypdyrlar. Metjitlerde sadaka atylýan sandyklar, şeýle hem sadaka alynýan sandyklar bolupdyr. Baý adamlar baýlygyndan goýup gaýtsalar, garyp-pukaralar gerejigini alypdyrlar.
Her metjidiň özüniň wakyf mülki bolupdyr. Wakyf mülkde daýhanlar gezekleşip işläp, bol hasyl kemala getiripdirler. Ol hasyly tutuşlygyna mollalar alaýmandyr. Ol hasylyň, metjide gelýän haýyr-sahawadyň belli bir bölegi garyp-gasara, dul hatyna, ýetim-ýesirlere berlipdir.
Gadym zaman bir ýaşuly çopana Hydyr ata duşupdyr. Çopan yhlasynyň ýerine düşeni üçin begenjinden gözlerine ýaş aýlapdyr, sebäbi ol otuz-kyrk ýyllap bakýan dowarlaryna çybyk çalmandyr, sesini gataldyp sögmändir, gününe gargamandyr.
Hydyr ata:
– Çopan, yhlasyň ýerine gowuşdy, beýik Allatagala seni ezizledi. Ynha, men, näme dileseň, üç dilegiň biter – diýipdir.
Goja çopan näme dilejegini bilmeýär:
– Hydyr atam, men bir çopan adam, bütin ömrüme buýrulany etdim. Maňa bu dünýäniň zady gerek däl, ynha, ýöne ogullarym bar, aýalym bar, geňeşip göreýin – diýýär.
Çopan öýüne gelip, bolan ahwalaty beýan edýär. Uzyn gije üç ogly, aýaly, gelinleri urýar maslahaty. Her kime bir zat gerek. Ahyry olar:
– Kaka, mal yzynda entäp, çöl-beýewanda ýaşap, mala öwrülip gitdik. Allanyň «Al, gulum!» diýen güni alaly. Her ogluňa şäheriň ortarasyndan şanyň köşgünden zyýada köşk, her ogluňa bir hum tylla dile. Ejem ikiňiz bolsa, näme dileseňiz, özüňiz diläberiň – diýipdirler.
Ertesi çopan malynyň ýanyna gelýär. Hydyr ata oňa duşup:
– Çopan, näme dileseň diläber, men taýyn – diýýär.
Çopan:
– Hydyr atam, maňa Allatagalanyň şu beren rysgal-döwleti aňryýany bilen bolýar! Meniň etjek dilegim ýok – diýipdir.
– Ogullaryň näme?
– Ogullarym näme dilejek bolsa, hanha mal, yzyna düşsün! Eger Allatagala olardan yrza bolsa, özleri saňa duşarlar, şonda näme dileseler diläbersinler!
Her halk öz gylyk-häsiýetine, öz içki dünýäsine mahsus zatlara görä rowaýat, tymsal döredýär. Ol rowaýatlar, tymsallar halkyň ýol görkeziji şamçyragyna öwrülýär.

* * *
Türkmen berk ynanýar:
gülüp, şat bolup, lezzet alýan çagyň ömrüň hasabyndan aýrylýar. Bäş ýyl gülen gülkiň on bäş ýyl ömrüňi uzaldýar.
Gahar atyna atlanan çagyň, ömrüňden kemilýär. Gahar hem özüňe, hem gapdalyňdakylara kest edýär.
Seljuk soltany Mälik şa bir ýola örän dergazap bolýar. Salyhatly, ýagşyzada ýaly soltan, gylyjynyň baljagyna ýapyşyp, ýer kimin titräp, ot kimin parlap barýarmyş. Birden ol köşgi terk edip, ylgap diýen ýaly çykyp gidýär. Beýle pursatda kim soltanyň ýanyna baryp bilýär? Soltan çetki dynç alyş jaýyna baryp, şerap içýärmiş. Şol mahal adamsynyň ahwalatyndan bihabar aýaly soltanyň şerap içýändigini görüp, gyjyt bermäge başlanmyş:
– Ýeri, soltan, günä gazanýarmyň?
– Gursagymda tüweleý deý tutaşan belany ýeňilräk bir günä bilen dep edip bilsem hem är boldugym.
Adam dergazap bolan çagy onuň damaryndaky gyrmyzy gany gyzyl oda öwrülip, beýnisi işlemesini bes edip, ol ynsançylygyň çäginden çykyp, wagşyýana guduzlygyň çägine girýär. Gazap atyna atlanan adamy akyl-huşy terk edýär. Akyl-huşy terk eden adam bolsa ildenem, Hudaýdanam daş düşýär.
Muhammet aleýhyssalam:
– Gahar-gazap adam ogullarynyň ýüregindäki otly kesindi ýalydyr. Eýsem-de, siz adam gaharlanan çagy gözleriniň gyzarýandygyny, gabarylýandygyny göreňzokmy?
Gaharly adam dik duran bolsa otursyn, oturan bolsa, ýassygyna gyşarsyn ýa-da gahar-gazabyny köşeşdirmek üçin Taňra sygynsyn! – diýipdir.
Lukman Hekim:
– Gahar-gazabyny basyp bilmeýän adam kämil adam däldir! – diýipdir.
Adam gaharlanan çagy Hudaýyň gazabyna has golaý barýandyr.
Pygamber:
– Söweş wagtynda deň-duşundan üstün çykýan adam batyr däldir. Gaharlanan çagy gaharyndan rüstem gelip bilýän adam hakyky batyr adamdyr – diýipdir.
Men gaharlanan çagym dessine:
– Gahar-gazaby kim oňarmaýar! Hany, zor bolsaň, şu mahal ýylgyrmany başar – diýip, özümi synaga salýaryn.
Derýalar gazaplansa, hanasyny weýran edýär. Adam gaharlansa, öňi bilen, özüni weýran edýändir.
Gahar-gazap howply beladyr, sebäbi gaharyň golunda ajaldan ýasalan hanjar, ýyldyrymdan ýasalan tüpeň bardyr! Dünýäniň uly-uly uruşlary kimdir biriniň gahary zerarly turmaýarmy? Nuh pygamber gahary zerarly dünýäni suw aldyrmaýarmy?
Adamyň kalbynda ýagşyzadalyk hem wagşyýanalyk bar. Adam gaharlananda wagşyýanalygyň goluna düşüp, adamçylykdan aýrylýar.
Aýdyşlaryna görä, Hoja Ahmet Ýasawy gaharlanan çagynda möňňürip aglarmyş, ondan aglamasynyň hikmetini soranlarynda ol:
– Eý, Allam, gör, men senden näçe daşda ekenim diýip aglaýaryn – diýipdir.
Ýangyn tutaşsa, ony suw bilen öçürýärler. Emma adam gazabyny ýatyrar ýaly jadyly suw ýok. Ony diňe akyl-parasat bilen ýatyrmaly. Gaharlanan adam parasadyndan jyda düşýär, oňa gapdalyndaky adam delalat bermeli. Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol bermeli däl. Uruşjak bolup duran iki adamy aýryşdyryp, ýaraşdyryp goýbermek sogaplaryň iň ulusy.
Soltan Alp Arslan bir gezek gaharlananda, özüne bäs gelip bilmän, birine gamçy çalypdyr. Soňam ol puşeýman edip, wezir-wekillerine:
– Siz näme diýip meni saklamadyňyz? Köşgüň wezir-wekilleri, nedimi soltanyň gazabynyň gyny bolmaly dälmidir? – diýip, olara käýäpdir.
Eziz ýaşlar!
Türkmen: «Gahar – kapyr!» diýýändir. Gahar adamy köp sanly ýaramazlyklaryň üstünden eltýär. Adam öz gaharyna, erkine jylaw salmagy, özüne erk etmegi başarmalydyr. Ata-babalarymyz gaharly wagtyň netijä gelmeli däldigi, hiç iş etmeli däldigi barada ýöne ýerden wesýet galdyrmandyrlar. Giňlik, geçirimlilik, her bir türkmene mahsus bolmalydyr. Gahar bilen aljak galaň, ýetjek menziliň bolmaz. Geçirimlilik, sowukganlylyk, paýhaslylyk adamyň durmuşynyň rowaçlygynyň kepilidir.

* * *
Egsilmez güýç-kuwwat ynançdadyr. Ynam bu dünýäde ýaşap ýören her bir adamyň ýaşaýşynyň, şahsy durmuşynyň mizemez binýadydyr. Biz nämelere örkümizi baglap, halys ýürekden ynanýarys?
Beýik Allatagala;
Mukaddes Watana;
Mähriban halka;
Keremli topraga;
Keramatly atalarymyza, enelerimize;
Röwşen geljege.
Ateistik döwletde ýaşandygymyza garamazdan, türkmen halky dininden, metjit-medresesinden aýra düşse-de, Hudaýyndan aýrylmady. Garaşsyzlygyny ýitirip, baknalyga sezewar bolsa-da, topragyna, ata Watanyna bolan söýgüsinden jyda düşmedi. Erkinligini ýitirse-de, erkini ýitirmedi.
XXI asyr – habarlar, maglumatlar asyry. Adamzat jemgyýeti öz ösüşiniň çür başyna çykdy. Bu gün diňe öz aladasy bilen ýaşaýan adam ýok. Bu gün her bir adam bütin dünýäniň, adamzadyň aladasy bilen ýaşaýar. Bu gün her bir adamyň kellesinde ýüz müň pikir, ýüz müň alada bar. Adatça, her bir adam edähedine görä doga okap, edähedine görä Allatagala derdini aýdyp, delalat etmegini isleýär.
Diňe ýürekden çykan söz ýürege barýar. Eger siz dogany-da ýürekden okaman, edähede görä okaýan bolsaňyz, ol dileg-dogaňyz Allatagala bararmy?
Yslam dini her bir adamyň eginlerinde iki perişdäniň bardygyny, biri sogabyňy, biri günäňi ýazyp oturandygyny aýdýar. Eger günä ýazýan perişdäňiz gije-gündiz ýazyp, sogap ýazýan perişdäňiz bolsa pallap oturan bolsa, dileg-dogaňyzy Allatagala eşideni bilen ynanarmy?
Unutmaň, biz dünýäniň gyzyk işlerine meşgul bolup, haý-höwese berlip, beýik Allatagalany unudanymyz bilen, Allatagala bizi unutmaýar. Sebäbi, Allatagaladan geçirimli hiç hili gudrat ýokdur.
Siz «Görogly» şadessanyny ýadyňyza salyň. Görogly söweşde ýa başga bir ýerde işi oňman, şowsuzlyga uçrap ugrasa, dessine söweşden çykyp gidýändir. Bir çete çekilip, ýuwnup-ardynyp, namaz okap, Hudaýyndan ýagşy dileg edip, ýaňadan söweşe girip, duşmanyndan üstün çykýandyr. Durmuş çylşyrymly, hatda Görogly bolsaň hem senden rüstem geljek şer güýçler bar. Şeýle ýagdaýda diňe özüňe ynanyp, maňlaýyňy diwara urup durman, has beýik Güýje – Hudaýa ynanmaly! Ynanç – Güýç! Ynanç – ýeňip bolmaýan Güýç!
Çagakaň eziz ejeňiň, gerçek kakaňyň söýgüsi seni bagtyýar edýändir.
Ýaşlykda gözleri ýyldyrymly hüýr-melegiň söýgüsi seni bagtyýar edýändir.
Söýgüli işiňe, mähriban halkyňa, Watanyňa bolan söýgi saňa. egsilmez gujur-gaýrat berip, bagtyýar edýändir.
Ýazlaryň gül-pürçük bolup açylan gözelligi, ummanlaryň çaýkanyp ýatyşy, depesi ak garly daglar möçbersiz söýgüsi bilen seni bendiwan edýändir.
Allatagalanyň söýgüsi olaryň ählisini özünde jemleýän älem ýaly bimöçber, älem ýaly owadan, bütin ömrüňe söýgi deňzinde ýaşar ýaly güýç-gaýrat berip bilýän söýgi, diňe Allatagalanyň söýgüsine mynasyp bolmagymyz gerek.

* * *
Iman edebiniň üç sany şerti bardyr. Bularyň birinjisi – akyl şerti, ikinjisi – göwün şerti, üçünjisi bolsa – hereketlilik şertidir.
Akyl ýa-da düşünje şerti imanyň nämedigini akyl derejesinde bilmekdir. Munuň özi türkmen aňyýetiniň asyrlaryň dowamynda iman barasynda toplan pikir-hazynasyna dahylly bolmakdyr. Ata-babalarymyzyň bu meselede eden akyl açyşlary köpdür, pikirler we garaýyşlar çuňdur. Şolaryň esasylaryndan habarly bolmak, olara akyl ýetirmek, manysyna düşünmek zerurdyr. Emma, munuň özi deslapky işdir. Bu orta ýoldur, Adam şahsyýetiniň ruhy kämilligi we ruhy bitewiligi üçin akyl derejesinde saklanman, göwün menziline geçmek gerekdir. Şeýle edilmese, orta ýolda galynsa, ýarty şahsyýetler, bikemal şahsyýetler peýda bolýar. Olaryň sypaty şundan ybaratdyr: iman kemalyna ýetmedik adamyň akyly Hudaýdadyr, ýüregi bolsa maddadyr. Olaryň akyly-ha ruh bilen, ýürekleri bolsa – baýlyk bilen meşguldyr. Ruhy tarapdan alanyňda, munuň özi barypýatan betnyşanlykdyr. Akylyny ruha, ýüregini madda beren kişiniň ömri boş işleýär, ol ömür güllemeýän agajy ýada salar.
Şonuň üçinem, iman edebiniň ikinji – göwün şertini berjaý etmek gerek. Munuň manysy ýüregiňi-de ruha bermekdir. Munuň özi adamyň ruhy yşka düşmegini aňladýar. Iman diňe diliňde däl, ýüregiňde-de orun almalydyr. Eger şeýtmeseň, bütin ruhy iş owadan, emma netijesiz gürlemekden, pikirlenmekden aňry geçmeýär. Göwün şertiniň berjaýynyň netijesinde adam nebisden we şübheden bütinleý el üzýär. Nebis – ten şahsyýetidir. Hakyky adam iman edebini berjaý edip, tenden, maddadan ýokary galyp, ruhy şahsyýet bolup bilýändir. Nebis ynsanyň iň uly ýagysydyr, iň howply duşmanydyr, çünki nebsiň süýji tagamy bardyr. Emma, onuň netijesi welin, juda ajydyr. Nebis adam bolmaly diýip ýaradylany peseldip, haýwan derejesine ýetirýändir. Nebisjeňlik ýa-da betnebislik ten duýgularynyň çäginden ýokary galyp bilmezlikdir. Türkmen aňyýetiniň gazananlaryny umumylaşdyrsaň, nebsiň aşakdaky gömüşlerini tapawutlandyryp bolar:
Baýlyk nebsi.
Jynsy-ten nebsi.
Hereketsizlik nebsi.
Garyn nebsi.
Jan nebsi.
Hökümparazlyk nebsi.
Bularyň bary-da ol ýa beýleki gömüşde, ol ýa-da beýleki derejede haýwanata mahsusdyr. Diýmek, nebis adamy yza çekiji, peseldiji zatdyr. Iman bolsa, onuň tersine, tebigatyň ruhlulykdan mahrum bolan ölçeglerinden azat bolmagyň ýoludyr. Baýlyk nebsi iýmek-içmek küýseginiň dowamydyr. Beýle nebis ähli zatlary, şol sanda adamyň özüni-de baýlyga, pula gurban etmäge eltýär. Ol adam şahsyýetini weýran edýär. Adam – ruhdur, adama diňe adam bolup ýaşamak mümkinçiligi tebigylykdyr. Eger ol mundan ýüz dönderse, nebsiň yzyna düşse, soňy weýranlykdyr. Munuň netijesi harsydünýälikdir.
Jynsy nebis zyna hem şöwketparazlyga alyp barýar. Nebis akyldan mahrumdyr we çäk diýilýän zady bilýän däldir. Zyna söýginiň, maşgalanyň, ahlagyň ýagysy bolup, bu gymmatlyklaryň baryny weýran edýär.
Hereketsizlik nebsi – ýaltalyk hem ukudyr. Adam dünýä ýaşamak üçin gelýär, ýaşamak üçin bolsa işlemek zerurdyr. Uky hem çäkli, dynç hem çäkli bolanda, adam şekilli ýaşamak mümkindir.
Garyn nebsi – iýmekde we içmekde çäksizlikdir. Arak, tirýek, çilim ýaly zatlara maýyl bolmakdyr. Bu nebis hassalyga we ömrüň gysgalygyna alyp barýar.
Jan nebsi – janyňy, öz arrygyňy ähli zatlardan eý görmekdir. Jan nebsi namartlyga, dönüklige we haýynlyga sebäp bolýar.
Hökümparazlyk nebsi – şöhratparazlyk, wezipeparazlyk we özgeleriň üstünden gara güýç arkaly höküm sürmek gömüşinde ýüze çykýar.
Nebisden halas bolmagyň çykalgasy iman ýoluna düşmekdir. Janly adam nebsiň garşysyna göwün goýýandyr. Ömür ýolunda nebse ulaşyp, günä gazanylaýan halatynda hem çykalga bardyr. Ol çykalga – toba etmekdir.
Toba – ruhy şahsyýet hökmünde gaýtadan dogulmakdyr. Şonda adam öz nebis betnyşanlygyndan doly arany açyp, deregine imanly göwün ediner.
Toba – öz-özüňi döretmekdir. Emma, toba örän seýrek hadysadyr. Nebsiň laýyna bir batansoň, ondan çykyp bilýänler juda azdyr. Adama bagt mümkinçiligi üç gezek, iman mümkinçiligi bolsa, bary-ýogy iki gezek berilýär. Şonuň üçinem, imanyňy bir gezek ýitireniňden soň, tapmak juda çetindir.
Men Ýaşulularyň ilkinji maslahatynda bu zatlar hakda giňişleýin aýdypdym. Adamlaryň toba, iman hakdaky düşünjeleriniň düýpli bolmagynda din hadymlaryna uly borç düşýändigini ýene bir ýola nygtamak isleýärin. Hoja Ahmet Ýasawynyň:

Her göreniň Hydyr bil,
Her gijäňi gadyr bil,
Barça oňat, sen ýaman,
Barça bugdaý, sen saman –

diýen sözleriniň aňyrsynda ýatan giň mana düşünmäge ymtylmaly. Türkmeniň imany gursagyndadyr, ruhundadyr.
Ynanjyň gowşamagy jemgyýetiň gowşamagyna getirip biler. Şonuň üçin her bir adamdaky berk ynanç jemgyýetimiziň berkliginiň alamatydyr.
Biz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden dine aýratyn üns berdik. Obalarda, şäherlerde ajaýyp metjitleri gurduk. Gypjakda gurlan metjidiň dünýäde iň uly metjitleriň biridigine guwanýarys. Biz mundan beýlägem metjitleri gurarys, dine uly üns bereris.
Ýöne din döwlet syýasatyna goşulmaly däldir, din işgärleri diňe öz iman wezipelerini ýerine ýetirmelidirler. Din işgärleri özüne ynanylan wezipäni hyýanatçylykly ulanmaly däldirler. Olar döwlet syýasatyna hemaýat bermelidirler.
Zadyňy ýitirip, ýene tapyp bolar. Öwezine zat gazanyp bolar. Pikiri unudyp, soň ýene ýada salyp bolar. Zat hem, akyl hem wagtlaýynlyk ýaşamak serişdesidir. Şonuň üçin olary wagtyň içinde ýene tapsa bolar.
Emma, iman beýle däldir. Iman wagtdan bakylyga geçmegiň serişdesidir. Juda gymmatlygy üçin, ol seýrek berilýändir. Şonuň üçinem, iman edebiniň akyl şertini bitirip, oňa barýan ýoluň salgyny al, göwün şertini bitirip, imanyňy tap, hereket şertini bitirip bolsa – ömrüň ötinçä imanyňy berkit! Şonda bakylyk paýyňy alarsyň.

Ruhnama. II kitapdan.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 11 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: