22:01
Haliçli Simonlar: Döwlet - Näme üçin ýazýaryn?
DÖWLET

Näme üçin ýazýaryn?

Näme üçin ýazýaryn? Ýazmak üçin hökmany bir sebäp bolmaly. Okamagyň dünýäde zerurdygyna seretmezden okamaýan ülkämde ýazmagyň sebäbini gözleýäris. Ynsan özüne-de sowal berýär: Näme üçin ýazýaryn? Men näme üçin ýazmaly?
Aňsatlyk bilen-ä pikirinem etmäň, her kimiň müň bir zähmet bilen gelip bilmejek menziline geldim. San-sajaksyz birnäçe hadysalaryň içinde boldum, birnäçe işleri ýerine ýetirdim, emma ýerine ýetiren işlerimiň bir böleginiň hötdesinden gelmegi başardym we olaryň hötdesinden gelmäge degişlidigine ynanýaryn. Bu kitap bilenem bir böleginiň hötdesinden gelmäge çalyşarys. Öz sagçy dünýägaraýşymda bitewi bir watan, millet, ülke düşünjelerini gurşap alan ahlak ynançlary bilen kemala geldim. Hasam ýokary dyrmaşmaga çalyşyp ýaşadym. Emma karýeramda başymdan geçiren hadysalardan soňra ýeten ýokary tejribelerimiň bir bölegini derňäp başladym. Başymdan geçenleriň ýekejesi ýa-da birje bölegi ýazmaga bahana bolup biljekdi.
Men näçe ýaşymda? Ýaşy agzamak bilen maksadym näme? Eger wagta seredip kesgitlemeli bolsa, dogluş şahadatnamamda ýazylan ýyla görä 54 ýaşymda. Biologiki taýdan saglygym özümi duýşuma görä 35-40. Duýgy dünýämde başymdan geçiren we gören hadysalarym, olardan alan derslerim, çeken gaýgy-aladalarymy göz öňüne getirenimde bolsa, şol wagt özümi 100-150 ýaşymda ýaly duýýaryn.
Hiç bir polisiýa işgäri meniňki ýaly köpdürli we çylşyrymly hadysalary başdan geçiren däldir. Ýurduň iň günortasyndan iň gündogaryna, ol ýerdenem iň günbataryna çenli her ýerinde dürli wezipelerde işledim. 12-nji sentýabr wakasyndan öň sagçy-çepçi çaknyşyklarynyň ýurdy gapma-garşy söweş ýagdaýyna getiren hadysalaryndan başlap, 1984-nji ýyldan soňra PKK-niň emele getiren Gündogar kast edilşiklerine, 1990-njy ýyllaryň başynda başy Stambuldan başlap gaýtadan möwç uran uly welaýatlarymyzdaky kast edilşiklere, syýasat we terror hadysalaryna çenli bütin ideologiki çaknyşyklaryň derňew işleriniň jümmüşinde ýer aldym.
Uly tutumly eksport ulgamlaryndan, uly bank dolandyryşlaryndan başlap, geçirilýän harytlara el urma hadysalaryndan, halkara narkotiki bandalarynyň derňelişine çenli örän giňişleýin kriminal arenada işledim. Bu gulluk wezipelerimiň içinde köçeden adamam kowaladym, ýurt derejesinde hatda halkara möçberinde polisiýa edaralary we guramalary bilen birlikde hyzmatdaşlyk geçirip, birnäçe meýilnamalaryň taýýarlanmagyna-da gatnaşdym, bilelikde geçirilen operasiýalardan-da çetde galmadym. Etmişli hasap edilen şahslar bilen fiziki we ruhy göreş alyp barmakdan ýaragly çaknyşyga girmäge, iň soňky tehniki enjamlar we ulgamlar bilen olaryň garşysyna çykmaga çenli her ýerde we her dürli operasiýalara gatnaşdym.
Soňra bir pursatda, polisiýa işgäri – döwletiň hukuk goraýjy güýji bolmakdan, ýagny awçylykdan sistemanyň islemeýän, nädogry hasaplaýan ornuna, aw ýagdaýyna düşdüm.
Hut şu zatlar hem özümi hakyky manyda 100-150 ýaşymda ýaly duýmagyma sebäp boldy.
Başymdan geçiren wakalarymdan ýaňa, göýä özümi belent bir depeden öz meýdançamda bütin dünýäni synlap duran ýaly duýýaryn. Özümi her kimiň geçip biljek ýollaryndan bireýýämden bäri geçen ýaly hasaplaýaryn. Şu depäniň arkasynda duranlar az salymdan garşy tarapdan geljeklere duzak gurupdyrlar, ýene-de gan dökerler, biri çykyp bu howpy duýduraýsa... Men “Eý, duzak guranlar! Beýtmäň, duşmanlyk uly hatadyr, bu duzaga özüňiz düşersiňiz!” diýmek isleýärin.
Ýeten sepgidime nädip geldim? Bu adatdan daşary bir ýagdaýdy. Ne gudrat bilen, ne-de zähmet bilen we gaýrat bilen ýetip boljak zat däldi. Munuň üçin ne paýhasly bolmak, ne-de gaýduwsyz bolmak ýeterlikdi. Belki-de mistiki taýdan seredeniňde, göze görünmeýän bir güýç meniň şu derejä gelmegimi isledi.
Bu sepgide gelişim fiziki bir göreş bolsady, çuň jülgelerden geçmek, aşmasy kyn daglardan aşmak, ertekilerdäki aždarhalar bilen garpyşmak, hiç kimiň bilmeýän howp-hatarlarynda boguşmak gerek bolardy. Fiziki howplaryň üstünden geçmek, dawalaşmak kyn ýagdaýlar bolsa-da, hakykat ýüzünde bu päsgelçilikleri ýeňip geçmek mümkin zatdy. Ýöne ynsanyň öz ruhy dünýäsindäki gowgasy, öz içindäki howply ýollary geçmek üçin has-da agyr, has-da aldym-berdimli göreşmek gerek bolardy. Iň esasy zat bolsa, diňe gowga bilen we akyl bilen zehinde we şahsyýetde käbir zatlary aşyp geçmek mümkin bolmaýardy, bu zatlar ýeterlik däldi. Içerde we daşarda millionlarça, milliardlarça tötänlikleriň yz-yza, düzgün-nyzamly, şahsyýetime täsir edip, meni häzirki gelen menzilime iteklemesi zerurdy.
Her näme-de bolsa, her kimiň aňsatlyk bilen gelip bilmejek bu ýerine adatdan daşary bir ýagdaýda gelip düşüpdim. Şonuň üçinem bolup geçen we boljak birnäçe hadysalaryň arka ýüzüni örän az-da bolsa görüp bilýärdim. Diýmek, yzymdan geljeklere diýilmeli söz bardy, sözüm bardy. Başymdan geçenleri, howp-hatarlary, özlerine gurulaýjak duzaklary beýan etmegim we olardan halas bolmagyň ýollaryny, bilýän zatlarymy öwretmegim gerek.
Gulluk wezipäm üçin bar eden işlerimiň dogrulygy baradaky pikirimi aňymdan çykardym. Häzir bir wagtlar bütin gaýratym bilen ýok etmäge çalyşan duşmanlarymyň ýaraga we zorluga ýüz urmadyk halatlaryna başgaça seredýärin. Aslynda olary ýarag we zorluk ulanmaga mejbur eden ýagdaýlaryň hem özümçe dogry hasaplaýan zatlaryň hatyrasyna bolandygyna göz ýetirdim. Bu örän ullakan zat. Hatda, ne daga meňzeýär, ne-de bir depä. Ruhy dünýämde şeýle uly özgerişliklere tap getirip bilmek mümkinmi? Garaňkylykdan ýagtylyga, aýazdan epgege, ynançsyzlykdan ynançlylyga gitmek ýaly bir-birine çarp urýan pursatlardan yzyňa öwrülip, öňden gelýän ýörelgäniň düýpgöter tersine ýöremek şeýle bir kyn... Muny söz düzümleri bilen beýan etmek ýa-da başyňdan geçirmän düşünmäge çalyşmak asla mümkin däl.
Şu ýaşyma çenli gullukda näme işi ýerine ýetirmeli bolsa, şony hem ýerine ýetirmäge çalyşdym. Pul, wezipe, başga bähbitler hiç wagtam gulluk wezipämi ýerine ýetirmäge päsgel berip bilmedi. Meniň üçin ýerine ýetirjek işimiň hökmany ýerine ýetirilmelidigi gymmatlydy. Bar güýç-kuwwatym, akyl-paýhasym bilen ýerine ýetirýän işime ýapyşýardym. Şahsy durmuşym, oturyşyklar, gaýgy-alada, dynç almak diýen ýaly zatlar meniň üçin ýatdy. Säher bilen turanymda işe başlap, ýadamymda ukymy alyp, ýene-de oýanyp işlemäge başlardym. Göýä ylahy söýgä uçran bir derwüşiň Haka aşyk bolup, bir idealyň ugruna “Hüw-Hak!” diýip ýola çykyşy ýalydy meniň işime bolan yhlasym. Şol bir wagtyň özünde maňa her bir işde howp-hatar garaşýardy.
Dünýäde her kesi haýrana goýýan, şanyna şygyrlar ýazylan, her depesi aşyklaryna bir eser bagyşlaýan gözel Stambulda dört ýyllap işledim. Her dürli agzyňy suwardyjy aýşy-eşreti üpjün edip biljek mümkinçiligime we artykmaçlygyma garamazdan bir gezegem Garaşsyzlyk (Istiklal) prospektinde ýa-da Bagdat prospektinde gezelenç etmedim. Bir gezegem kazino gitmedim. Mejbury ýagdaýdaky resmi nahar berişlikleriň daşynda bir gezegem adaty restorana baryp nahar iýip görmedim, bir tanyşymy naharlanmaga alyp giden ýerim ýok. Iş barka, ýurt howp astynda durka arkaýyn naharlanyp bolarmy? Häzirki wagta çenli tutuş 20 gün zähmet rugsadyna çykyp görmedim. Lagere we deňize dynç almak maksady bilen hiç ýere çykmadym. Gitmäge wagt bölesim gelenokdy, gidýänlere bolsa işe sowuk-sala garaýarlar diýip gaharlanýardym. Bu meselede ýatlap geçjek bolsam, naharhanalardan ýa-da restoranlardan aýlap nahar satýanlara nahar sargap getirdýärdim we naharymy dynç alyş otagymda kärdeşlerim bilen birlikde iýýärdim. Kärdeşlerim meni ýanyma gelene nahar iýende gaty gitse “Tostuň neneňsi bolsun?” diýip soraýan, bölümiň çaýçysynyň aýdýan tostundan başga söze wagt tapmaýan biri hökmünde tanaýardy. Şeýle düşünje, ýadawsyzlyk we ynanç nähili emele gelip bilýär? Emma meniň çynlakaý ýagdaýym we hakykatym şudy. Gursagymda joş urýan iş we zähmet çekmek islegi bolsa hut şundan gözbaş alyp gaýdýardy.
Şunça ýadawsyz tagallalar we işler netijesinde gazanan tejribämiň üsti bilen adatdan ukyplar ýüze çykypdy. Hasam gowusyny, hasam ýokary hillisini, hasam täsirlisini etmek gerekdi. Öňki toplanan maglumatlar mundanam oňadynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärdi. Emma men hakykat ýüzünde edýän işlerimizden kanagatlanmaýardym. Sypdyrylan pursatlara, boş geçen wagtlara we garşymyzdaky güýçleriň amala aşyran iň ujypsyzja hadysasyna çenli nähili ýol berendigimize nebsim agyryp, eden işelrimizi ýeterlik hasaplamakdym. Hasam köp işlemeli, hasam güýç-gaýrat görkezmelidik... Herkese ýaraýan, haýran galdyryjy tehniki we elektroniki abzallar döreýärdi. Hasam gowusy, hasam ýokary hillisi diýýärkäk, soňunda edenlerimiziň nämä baryp dirändigini, gymmatyny diňe özümiz duýar ýaly hala gelipdik. Jadyly tehnologiýalar, syrly çözgütler şeýle bir adatdan daşarydy welin, düşündirmek we düşünmek üçin özümizden başga hiç kimi tapmaz ýaly bolupdyk. Bu aslynda gorkunç bir tehnologiýa keramaty ýagdaýyna gelipdi. Jenaýatçyny tapyp orta çykarýan täze meýilnamaly sistemalarymyz örän gymmatlydy. Aslynda bu zatlar ýurdumyz üçin gijä galan enjamlardy we bulara gönükdirilen zähmedimize çäk goýýan hiç bir çäklendirmäni kabul etmeýärdik.
Ahyrsoňunda, aslynda has başynda gözleglerimiz miwe beripdi. Gökdäki dilegimiz ýerde gowuşyp, gudrat hakykat boldy. Beýan edenlerime düşünip biljek, emma meýilnamasyny aňymda gurup goýan sistemamyň işleýşinde maňa gerekli tehnologiýany üpjün edip biljek adamy tapdym. Sistema gurulyp, az sanly personal we ekipaž bilen legal däl güýçleriň garşysyna göreşer ýaly ýagdaýa gelipdik. Hemme zat ylym, akyl we tehnologiýa bilen amala aşýardy. Indi ynanyp bolmajak işleri edip bolýardy. Şol güne çenli edilen işlere baha berilende, amala aşyryp bolmajak işleri durmuşa geçirilendigini göz ýetirip bolýardy.
Legal däl toparlar agentura edaralaryna gaýrada dur diýdirip bilýän gizlin usullar we ýollar ulanýardy. Emma nätseler-de bolmaýardy. Olar ady-öwzary bilinmedik iň gizlin hünärmenlerini ugradýardy. Biz olary gysga wagtyň içinde anyklap täsirsiz ýagdaýa getirýärdik. Hatda ýurt daşynda işleri ýöredýän Baş-Çepçi lideri Dursun Karataş alýan her dürli çärelerine garamazdan iberýän iň gizlin adamlarynyň hiç hili hadysa ýüze çykarmanka ele salynandygyny bilen wagtynda: “Maňlaýyňyza Baş-Çepçi ýazsak, polisiýa sizi şol wagt tapmazdy, siz nädip ele düşýärsiňiz?” diýýärdi. Hakykatdanam şeýledi. Eger maňlaýlaryna gyzyl ýazgy bilen “Baş-Çep terroristi” diýip ýazsalar şeýle çalt tapyp bilmezdik olary. Emma iň gizlin topar agzasy nähli ýeriň aşagyndan hereket etse-de gysga wagtda saklanýardy. Indi bu meýdan her kim ulanar ýaly boş däldi.
Bütin legal däl toparlar bilen ýyllaryň dowamynda göreşdik. Hadysalaryna başlamanka, iň gizlin saklanýan nokatlarynda olary ýeke-ýeke ele saldyk. Bu ýerde esasy zat hadysa döredijileri diňe tehniki sistema we akyl üstünligi bilen ýeňmek däldi. Işiň köküne ýetmek gerekdi. Adamlar näme üçin bu ýola girýär, ömürlerini, barlyklaryny, gelejeklerini näme üçin howpa salýar? Näme etmek isleýärlerdi? Olar däli-telbemi, adamlary şeýle zerurlyga itekleýän sebäpler nämede diýen sowallar ýüze çykyp başlady.
Ýyllar ýyllary kowalady, hadysalar hadysalary... Wagtyň geçmegi bilen jemgyýetçilik durmuşy üçin ýyllar boýy duşman hasaplan toparlaryň we düşünjeleriniň aslynda bitewi bir demokratiýanyň gurbany bolandyklaryny, tersine giden her bir garşylygy ýok etmäge werziş bolan we goraýan bähbitlerimiziň özüniň modern bir jemgyýet üçin iň esasy howpdugyna düşünip galdym. Muňa akyl ýetirmegiň gussasyny çuňňur kalbym bilen duýdum. Bu nukdaýnazardan öňden bäri bähbitlerini goran düşünjelerime garşy durmak söz bilen beýan edip bolmajak bir duýgudy.
Geçen ýyllardaky düşünjäme görä, bütin radikal oppozisiýany ýok etmeli we muny ýerine ýetirip biljek sistemany gurmalydy. Mersinde kärime täze başlan uçurlarym meniň üçin sistemanyň we režimiň garşydaşy bolan, döwlet, goşun we polisiýa barada öz pikirini aýdýan herkes erbet niýetli, dönük we içalydy. Bütin çepçiler rus içalysy we watan dönügidi, olara iň agyr jeza berilmelidi. Emma dünýägaraýşymdaky uly özgerişlikleriň bolup geçen, söz bilen beýan edip bolmajak zatlaryň täsir eden ol çilleli günlerim we az-owlak garşymda dikelen ynsanlar bilen gatnaşygym netijesinde olaryň öz ynançlary üçin jan çekişlerini, şahsy pidakärliklerini görüp demokratik oppozisiýa barada hoşniýetli pikirlenmegi öwrenipdim. Munuň bilen birlikde radikal häsiýetli, eline ýarag alan we zorluk ulanan herkes, her topar derhal ýok edilmeli, öňüni almalydy.
Ahyrsoňunda, togap edip örklenen, emele getirilmegi üçin bar zadymy gaýgyrman jan çeken gymmatlyklarymyň täzeden gözden geçirilmegini, bar bolan nogsanlygyň ýykylyp-ýumrulmagyny isledim. Şeýle derejede uly özgerişlik, şeýle derejede uly yza dönüşlik mümkindimi? Ömrümiziň manysy Watan, Millet, Baýdak, Ýurt, ALLA, Din, Ahlak, Kanunlar däldimi? Bu gymmatlyklar şeýle bir mukaddesdi welin, ugrunda müňlerçe ynsan ölüpdi, gerek bolsa ýene müňlerçesi ölmelidi. Bu mukaddes barlyklar asla ahmal edilmeli däl, hiç kimse bu barlyklary kirletmeli däl, bulara garşy gelenler derbi-dagyn edilmelidi. Bu gün häzirem şu düşünjelere gulluk edýänlerden şol wagt ýekeje hususda tapawutlanýardym. Ýagny men her bir zadyň jikme-jik düşündirilmegini, aç-açanlyk we herkesiň asudalykda ýaşamagynyň gerekdigini öňe sürýärdim. Diýdimzorlukçylaryň edişi ýaly gizlin we ogryn däl. Sagçy düşünje ýurduň bähbitleri, ösüşi we bütin gymmatly barlyklar üçin bardy. Çepçi düşünje bolsa kommunizm, ynançsyzlyk, SSSR diýmegi aňladýardy. Döwlet barada öz pikirini aýdýana garşy durulmaly, ýok edilmelidi. Bülent Ejewit “çepçi – ortanyň çepi” diýip, müňlerçe şehit berilip gurulan bu döwleti nädip tankyt edip bilýärdi? Nädip bolşewikleriň reňkine çalymdaş bir çepçi sosialistik ideýany öňe sürüp bilýärdi? Muňa nädip ýol berilýärdi?
Ýyllaryň soňunda şu netijä geldim: Ynsanlaryň hadysalary kellelerindäki pikirleri, pikirlerini bolsa ynanç we düşünje sistemalary, aýratynam dogmatiki taýdan mukaddes kabul eden we durmuşlarynyň manysy bolan we ugrunda ajaly göz öňüne aldyran ýokary gymmatlyklar kesgitleýän bolsa, bu ýurtda şunça ýaramazlyk dörän bolsa we ençeme ýyllar bäri dowam edip gelýän bolsa, her bir zat dogry ýa-da nädogry bolýan bolsa, munuň sebäbi ownuk-uşak meseleler we şahslaryň ýalňyşlyklary bolup bilmez! Ýalňyşlyk bütin hereketlerimizi gurşap alan, biziň düşünjämizi kemala getiren pikir we düşünje sistemamyzyň çeşmesi bolan dogmatiki ynançlarymyzda we gymmatlyklarymyzdady. Ýagny, biziň belende galdyryp janymyzy pida etdigimiz, barlygymyzyň sebäbi, özümiz bolmagy üpjün eden, bizi başgasyndan tapawutly kylan, bize ruh beren, aýratyn millet bolmagymyzy üpjün eden gymmatlyklarda bärden gaýtmalar, nogsanlyklar bardy. Ýogsam bolmasa, munça ýalňyşlyk, munça bulam-bujarlyk nirden peýda boldy?
Ine, şu iň uly gymmatlyklary tankyt etmek, şunça ýyllap ynandygymyz we bizi biz eden barlyklarda nädogrulyk bar diýmek hiç aňsat däldi. Ruhsuz ynsan bolmak, dwigatelsiz awtoulag bolmak diýen ýaly bir zatdy. Türk milliliginiň, hatda diniň bu ýurtdaky uýgunlanyş biçimi nädogrydy. Bolmanda, döwüre we şertlere uýgun däldi. Ýogsa ýurdumyz şu ýagdaýda bolardymy? Dünýä bilen bäsleşikde şeýle derejede yza galardymy? Terrorçylyk hereketleri 40 ýyldan bäri dowam ederdimi? Şeýle derejedäki bulam-bujarlygyň ýurda ornaşmagy, kimsäniň bulardan biynjalyk bolmazlygy, hatda bolup geçýänleri günde bolup geçäýmeli adaty wakalar ýaly kabul etmekleri mümkindimi?
Başda kän bir duýmasam-da, başymdan geçen her bir hadysadan sapak alyp 32 ýylyň soňunda ýürekden ynandygym, hiç zada tamakin bolman gije-gündiz zähmet çekdigim, barlygymyň sebäbi hökmünde sereden gymmatlyklarymyň, mätäçlik çekenimde meni jogapsyz goýandygyna, hatda bütin kynçylyklarymyň çeşmesi bolandygyna göz ýetirdim.
Ýalňyşlygy seljerip, hakykaty tapmak isledim. Hiç hili sensassiýa döretmezden, nämäniň nädogrudygyna, nämäniň dogrudygyna akyl ýetirmegiň usulyny, muňa düşünmegiň görnüşini hödürlemek isledim.
Otuz iki ýyllyk iş tejribämiň her wakasy, her güni bir kitaba, bir kinofilme esas bolup bilýärkä, bar başymdan geçenlerimi we durmuşymy bir kitaba sygdyrmak mümkin däl. Şol sebäpli hem, orta atan pikirlerimiň subutnamasy, gelen netijelerimiň dogry düşünilmegi we açyk-aýdyň pikirlerimi düşündirip boljak galyplarda hödürlemek maksady bilen diňe özüme täsir eden dünýägaraýşymy özgerden, ýokardaky çarçuwa bilen baglanyşykly meselelerde bolup geçenleri beýan etmekçi we gelen netijelerimiň üstünde aýratynlykda durup geçmekçi.
Категория: Publisistika | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hanefi Awjy | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: