21:56
Haýwanlar bilen jynsy gatnaşyk etmek
HAÝWANLAR BILEN JYNSY GATNAŞYKDA BOLMAK

Dinimizde haýwanlar bilen jynsy gatnaşykda bolmak, elbetde ylalaşyp bolmajak iň uly haramdyr.
Orta Asyr Ýewropasynda haýwan bilen jynsy gatnaşyk eden aýal we erkek ýanaşan haýwany bilen bilelikde ýakylardy.
Emma her dürli azgynlyklaryň we ahlaksyzlyklaryň giňden ýaýran häzirki döwrümizde haýwanlar bilen jynsy gatnaşyk etmek hem tebigy taýdan oňlanyp, giňden ýaýrap barýar.
Häzirki döwürde bu meselede giňden ýaýraýan bir moda bar. Mysal üçin gurply ýaşaýan mes aýallar eldeki itleri ýa-da pişikleri bilen jynsy gatnaşykda bolýarlar. Munuň üçin bolsa, ýörite it ýa-da idedip pişik saklaýandyklary mälimdir.
Bu zatlaryň hemmesi pis azgynlyklardyr. Bu adam nesliniň geçip barýan her güni dinden uzaklaşmagynyň gutulgysyz erbet netijeleridir.

YSLAM JEZA HUKUGYNDA HAÝWAN BILEN JYNSY GATNAŞYKDA BOLMAGYŇ JEZASY

Pygamberimiz (s.a.w) buýurdy:
“Haýwan bilen ýanaşany öldüriň, haýwany-da ýok ediň”. (Ibni Maje terjimesi we şerhi J. V., s. 172)

■ Haýwan bilen ýanaşykda bolan erkegiň jezasy

Yslam hukukçylary haýwan bilen jynsy gatnaşykda bolan erkege beriljek jezada üç garaýyşy öňe sürýärler.

Birinji garaýyş: Ýokardaky hadysa salgylanyp “öldüriler’ diýipdirler.

Ikinji garaýyş: Mäliki mezhebiniň müjtehidleri zyna jezasynyň berilmeginiň tarapyny tutýarlar. Bu hem maşgalaly üçin rejm, sallah üçin jelde jezasydyr.

Üçünji garaýyş: Etmişliniň agyr tazyr jezasyna höküm edilmelidiginiň tarapyny tutýarlar. Bu düşünjäniň tarapdarlary Hanefilerdir.

Hanefi müjtehidler ölüm jezasynyň diňe haýwan bilen jynsy gatnaşykda bolanlar üçin ýerine ýetirilmeginiň tarapyny tutýarlar.

■ Haýwan bilen jynsy gatnaşyk eden aýalyň jezasy:

Yslam hukukçylarynyň aglabasy haýwan bilen jynsy gatnaşykda bolan aýala tazyr jezasynyň berilmegini dogry hasaplaýarlar. Emma käbir müjtehidler munuň garşysyna erkege beriljek jezanyň aýala-da berilip bilinjegini öňe sürýärler.

■ Ýanaşylan haýwany näme etmeli?

Bu hususda-da Yslam hukukçylarynyň arasynda tapawutly düşünjeler bardyr.
Ymam Şafygynyň düşündirmegine görä, jynsy gatnaşykda ulanylan haýwan öldüriler. Ymam Hanefi hem şol düşünjededir. Hatda öldürilensoň ýakylmagy gerekdir. Çünki haýwana göz düşülip, hadysanyň erbet sebäbi ýada düşüp durmaz ýaly. Şol ymam “öldürilen haýwanyň eti ulanyljak jynsdan bolsa ulanylar we puly günäkärden alynar” diýen düşünjededirler.
Hanefilerden Ymam Ebu Ýusufa görä, haýwanyň eti ulanylmaz. Delili bolsa bu barada Ibni Abbasa soralanda:
“Resulallahdan (s.a.w) bu hususda hiç zat eşitmedim. Emma bu işden soňra men onuň etiniň ulanylmagyny, ylaýta-da ondan peýdalanmagyny hoş görmeýärin” görnüşindäki beýany bardyr.
Bütin bu açyklamalaryň dowamynda Pygamberimiziň şu hadysyny sözlemekde ullakan peýdasy bardyr: “ Hududy (hatany?) öz araňyzda bagyşlaň. Eger bir hadd meniň gulagyma gelse muhakkak wajyp boldy diýmekdir”.
Bu hadysdan düşünilişine görä, munuň ýaly günälerden birine uçran biriniň öz aýbyny açmaly däldir. Ýagny gürrüň berip, erbet görelde bolmaz ýaly etmişini gizlemegi göwnejaý bolardy.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 56 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Abdylla Aýdyn, Salyh Uçan | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: